بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Eý, oglym, akmak bilen dostlaşmakdan gaça dur. Saňa peýda berjek bolsa, zyýany ýeter. Gysganç bilen dost bolmakdan saklan. Oňa mätäç bolan wagtyň seniň kömegiňe ylgamaz. Erbet kişi bilen hem dost bolmakdan saklan. Ol seni az baha satar gider. Ýalançy bilen hem dost bolma. Sebäbi, ol salgyma meňzär, daşdakyny ýakyn görkezer, ýakyndakyny daş görkezer.

Başy » Hekaýatlar » Adyllyk barada hekaýatlar

Şeýle hadys bardyr: kyýamat güni bolanda – «Ämennä we saddaknä[1] –hez­reti Allatagalanyň gaşynda hiç bir kişi oňa adyl patyşadan ýakynrak bolmaz we hiç bir kişi hem zalym patyşadan daşrak bol­maz.

 

Adyllykda iki peýda bardyr we zulumda iki zyýan bardyr. Adyllykdaky iki peý­danyň birisi budur: Ýurt abat bolup, raýat abadançylykda bolar. Ýene birisi şudur: Adyl patyşaha Haktagala nazar salar. Zulum­daky iki zyýanyň birisi şudur: Ýurt weýran bolup, raýat harap bolar. Ýene birisi şudur: Zalym patyşa dowzah oduna giriftar bolup, kebap bolar.

Älemiň biwepalygy we ömrüň bibakylygy ylymdarlara (akyldarlara) mälimdir we äşgärdir. Onuň üçin akyldarlar oňa köňül bermän eziz ömrüniň hasylyny we ajap wagtlaryny hezreti älemiň Terbiýeçisiniň muhabbetine sarp edýärler. Onsoň belent mertebelere we derejelere mynasyp bolup, wysal tagtynda kämil jemalyň görnüşi bilen başy belent bolýarlar. Soň ýatlarlary ýaly, her kişi öz halyna muwapyk we öz mejalyna laýyk bu älemde bir nyşana goýup barýandyrlar.

 

Hekaýat

 

Gürrüňçiler şeýle hekaýat aýdýarlar:

Bir gün bir ýylan gelip, hezreti Murtuza Alynyň gulagyna birnäçe söz aýtdy we gitdi. Eshaplar:

– Bu ýylan size ne söz diýdi - diýip soradylar. Hezreti Murtuza Aly aýt­dy:

– Bu ýylan bizden üç sany söz sorady. Ol «Biz jyn taýpasyndan bolarys. Eger bu üç söze jogap aýdyp bilseň, biz iman getireris» diýdi. Ilki «Ýerde şondan köp zat bolmadyk iň köpräk zat näme?!». Soňra – «Asmanda şondan köp zat bolmadyk iň köpräk zat näme?!». Ýene-de – «Ahyretde şondan köp zat bolmadyk iň köp­räk zat näme?!» diýip sorady. Men «Dün­ýä­de gaflatdan köpräk zat ýokdur, asmanda perişdeleriň tesbyhyndan köpräk zat ýokdur, ahyretde bolsa, puşmandan başga köpräk zat ýokdur» diýip jogap berdim. Ol ýylan bu jogaby eşidenden, yslamy kabul etdi.

Hekaýat

Gürrüňçiler şeýle hekaýat aýdýarlar:

Isgender Zülkarneýin bir welaýata ýeteninde:

– Bu welaýatyň häkimini alyp geliň. Bu welaýaty oňa berip, ony terbiýeläýin - diý­di. Ol welaýatyň halaýygy:

- Bu welaýatyň bir şazadasy bardyr. Em­ma ol bir perişan diwanadyr. Ol görüs­tanyň arasynda mekan tutup ýörendir. Halk bilen asla gatnaşygy ýokdur - diýip aýt­dy­lar.

Şonda Isgender aýtdy:

- Şol diwanyny meniň ýanyma alyp geliň!

Baryp diwanany çagyrdylar. Şonda diwana aýtdy:

Ol diwananyň sözüni gelip, Isgendere aýt­dylar.

Şonda Isgender:

– Sözläre goýman, baryp alyp geliň - diýip aýtdy. Bu gezek baran­larynda ol diwana iki sany öli kişiniň iki süňküni eline alyp, Isgenderiň  gaşy­na geldi we Isgendere salam berdi. Soň ol ölüleriň süňklerini Isgenderiň gaşynda go­ýup:

- Bu süňkleriň birisi patyşanyň süňkü­dir, beýlekisi bolsa, gedaýyň süňküdir. Bu­lary parhlandyr. Bu süňkleriň haýsysy pa­ty­şanyň süňküdir we haýsysy gedaýyň süň­küdir - diýdi.

Isgender aýtdy:

- Eý, biakyl! Sen niçik bu sözleri aýdýarsyň. Bu çüýrän süňkleri haýsy kişi parhlandyryp biler?!

Şonda ol diwana:

- Ölenden soňra şa bilen gedanyň hiç bir  parhy ýokmuşyn. Bes, patyşalykdan myrat (isleg) nedir?! Patyşalykdan näme peýda bar?!

Isgender aýtdy:

- Saňa diwana diýýärler. Sen hut akyl kişi eken sen. Gel, bu ýurduň patyşalygyny kabul et. Saňa uly terbiýet edeýin.

Diwana:

- Meniň elimden patyşalyk gelmez - diýdi.

Isgender ýene-de tagalla baryny etdi. On­soň diwana:

- Köp yhlaslar edýärsiň. Maňa dört sa­ny zat bergil. Onsoň men patyşalygy kabul edeýin - diýdi. Isgender:

- Ol dört zady aýtgyl. Derrew olary saňa bereýin - diýdi. Diwana aýtdy:

- Onuň biri şudur. Maňa bir dirilik bergil. Ýöne soňunda ölüm bolmasyn. Ýene-de biri maňa ýigitlik bergil. Ýöne soňunda garrylyk bolmasyn. Ýene-de biri maňa baý­lyk bergil, ýöne soňunda pakyrlyk bolma­syn. Ýene-de biri bolsa, maňa şadymanlyk bergil, ýöne soňunda gam bolmasyn.

Muny eşiden Isgender aýtdy:

- Eý, diwana! Bu dört närsäni men berip bilmeýärin. Ony Haktagalanyň özi berer. Bulary ondan dilegil.

Diwana aýtdy:

- Eger Haktagala berýän bolsa, sen näme diýip, ara girip ýörsüň?» Meni Haktagala bilen goý. Sen aradan aýrylgyl.

Ondan soň Isgender jogap tapmady.

Hekaýat

Gürrüňçiler şeýle hekaýat aýdýarlar:

Bir jemagat halaýyk bir gämä münüp, derýa (deňze) giripdiler. Birden garşydan bir ýel peýda boldy we ol gämini derýa gark etdi. Bir kişi bir tagta ýapyşyp, bir gyra çykdy we gark bolmakdan halas boldy. Ondan soň ol kişi «Özümi bir abadanlyga (ýaşaýyş bar ýere) ýeti­reýin» diýip, hereket edip barýardy. Birden uzakdan bir şäheriň garasy göründi Ol şä­her tarapa ýüzlendi. Şonda görse, ol şäher­de bar bolan halaýygyň barçasy özüne garşy çykyp geldiler.  Ol kişini eltip, hammama girizdiler. Patyşalyk lybaslar geýdirip, ata mündürip, sag-solundan begler we döwlet sütünleri görnüş etdiler. Soň ony eltip, tagzym we hormat bilen tagtyň üstünde oturtdylar.

  Şeýlelikde, patyşalyk lybaslar geýdi­rip, patyşalyk nygmatlar  getirip, saçak­lar ýazdylar. Ondan soň begler we döwlet emel­darlary haremhana tarapa yşarat et­di­ler. Ol kişi tagtdan düşüp, haremhana ýüz­lendi. Ony sahypjemal (görkli) gyzlar gar­şy­lap, hormat we tagzym bilen eltip, ony güneş deýin gül ýüzli näzeniniň gaşynda oturtdylar. Ol näzenin hem kämil ynsanlyk hulky we mylaýymlyk bilen goşulyşdy.

Gepiň keltesi, ol bu gije şol harem­ha­nada boldy. Ertesi diwanhana çykdy. Emir­ler we döwlet sütünleri dessur bilen görnüşe gelip, hyzmatkärlik edeplerini berjaý et­di­ler. Bu gün ýene bir haremhana yşarat et­diler. Bu haremhana girenden öňki sahyp­jemal gyzlardan ýagşyrak, gözelräk we owa­dan­rak gyzlar garşy gelip, hezzet we hormat bilen ýene bir gül ýüzlüniň gaşyna eltip oturtdylar.

Bu gije hem bu haremhanada rahatlyk we aýşy-eşret bilen dynç almaga meşgul bol­dy. Gepiň keltesi daňdan ýene-de dessur bilen diwana çykdy. Ýene-de şol kada we kanun bi­len emirler we döwlet sütünleri hyzmat­kär­lik ýörelgelerini berjaý edip, ýene bir ha­rem­hana yşarat etdiler. Onda hem ýüz dürli gözellik we zynat bilen bezelen gül keşpli we anbar saçly gözeller garşylap, eltip bir gül ýüzlüniň gaşynda oturtdylar. Onda hem ar­kaýynlyk bilen dynç alyp, aýşy-eşreti berjaý etdi. Gepiň keltesi, ondan soň ony dördünji haremhana tarap yşarat etdiler. Baryp görse, bir hüýr keşpli, perişde suratly, gözel, bagtyýar tä­leýli, başy dik näzenin gözellik tagtynda näzli serwi dek bolup oturan eken. Onuň bi­len garyşyp, gujagyna dolanda, onuň söh­beti oňa örän hoş geldi. Onsoň ondan söz sorap aýtdy:

- Eý, göwün awlaýjy eziz ýar! Eý, taýsyz näzenin! Men bir pakyr kişidim. Öz hajatym üçin bir jemagat halaýyk bilen bir gämä münüp, sapar etmegi ygtyýar edipdim. Birden garşydaş ýeller [öwsüp] gämini gark etdi. Ol jemagat halkyň barçasy heläk boldular. Men salamat gutulyp, bu diýara düşdüm. Eýse bu hili döwlet maňa miýesser boldy. Munuň  niçik ýagdaýdygyny hiç bil­mez men. Bu müşgil işi maňa çözüp bergil.

Ol  periýüz şeýle jogap berdi:

- Bu halaýygyň dessury şudur. Her ýylda seniň ýaly bir garyp we ýat kişini patyşa edýärler. Şol taryhy (senäni) ýazyp goýýarlar. Bir ýyl tamam bolanda, ol kişini gämä salýarlar. Bir ada bar. Ol kişini gämi bilen eltip, şol adada goýýarlar. Ýene-de gelip, şäherde bolan barça halaýyk şäherden çykýarlar. Ýene-de gözläp, her ýerde seniň ýaly bir garyby tapsalar getirerler. Ony hem ýene bir ýyla çenli patyşa ederler. Bularyň dessury her ýylda şeýledir.

Ondan soň ol kişi:

- Şu bir ýylda patyşa göteren şol kişisiniň aýdan her bir hökümini ýerine ýetirýärlermi ýa-da ýok?! - diýip sorady. Ol gül ýüzli peri aýtdy:

- Ol patyşanyň aýdan her bir hökümine tabyn bolup, ony kabul edýärler.

Bu sözi eşidenden soň daňdan diwanhana çykdy. Onsoň emirleri we döwlet sütün­leri­ni  çagyryp:

- Ol ýerde, ýagny her ýylda patyşalary eltip taşlaýan şol adaňyzda bir şäher bina eder men. Maslahat nedir?! - diýip, sala saldy.

Emirler:

- Höküm we ýarlyk siziňkidir. Herne höküm etseňiz biz taýýar - diýdiler. Ol pa­tyşa höküm edip, ymaratçylar we ussalar iberip, ol adada bir gowy şäher bina et­dirdi. Şeýle bir yhlaslylyk we janyp­keşlik görkezdiler welin, alty aýda ol şäheriň galasy, bazarlary we öýleri tamam taýýar boldy. Ondan soň derrew genji-hazynalary we ha­remhanadakylary yzly-yzyna ol şähere iber­di. Özi hem «Haçan ýyl tamam bolup, bu halk meni ol ada eltip taşlarkalar» diýip,  üç aýa çenli garaşyp otyrdy. Gepiň keltesi, ýyl tamam boldy. Eýse ol halaýyk öz des­surlary bilen ol kişini gämä mündürip, eltip şol ada taşladylar. Ol adam baryp bir göwün awlaýjy şähere baryp düşdi. Barça halaýyk garşy gelip, ýüz şowk we zowk bilen aýş-u parahat tagtynyň üstünde oturt­dylar. Ol entek dirikä şol gül ýüzli peri jemallylar bilen ömür ötürýärdi.

Allatagalanyň çyn bendeleriniň ýörel­gesi şudur. Çünki, olar bu dünýäniň biba­kadygyny we biwepadygyny ýagşy bilýärler. Şonuň üçin ýagşy amallar edip, özlerinden öň şol mynasyp amallaryny ol äleme iber­ýärler. Ol amallar olardan öň baryp, olar üçin behiştde menzil we mekan serenjam edip, häzirläp goýýarlar. Şeýle-de ol myna­syp amallaryň bulardan öň baryp, köňli di­län menzilini we mekanyny häzirläp goýýan­dy­gy ol adamlara mälimdir. Şonuň üçin olar «Ol menzilimize baryp şatlyk we şadyýanlyk bilen bolmagymyza haçan wagt ýeter» diýip, köňülleri hatyrjem bolup, intizarda ýörerler. Ylahy Hudaýtagala ähli mömin - musulmana ol sagadaty (bagtyýarlygy) nesip etsin. Kabul et eý, älemleriň Eýesi.

Hekaýat

Nowşirwan Adyl adalaty ýaýmak maslahaty üçin hekimleri bilen beglerini jem edip:

- Raýatlar bilen neneňsi gatnaşyk etsek döwletimize mynasyp bolar - diýip sorady. Begler:

- Eger uly patyşa bolaýyn diýseň nökere doly üns ber. Leşgeriňi kuwwatlandyryp, duşman saňa, üstün bolmaz ýaly raýatdan puly köp alyp nökeriňe bergil - diýip, jogap berdiler.

Buzurgmehr:

- Eý, begler! Sizler galat ýola düşüpsiňiz. Raýata zulum edip, zat alsaňyz, onuň bilen nöker köp bolmaz. Sebäbi bir ýyl zulum edersiňiz ýa iki ýyl zulum edersiňiz. Ondan soň raýat ýurtdan gider. Welaýat ekin-dikinsiz galar. Onsoň size kim zat berer we kimden zat alarsyňyz?!

Hekimler bilen begleriň arasynda dawa peýda boldy. Şonda hekim aýtdy:

- Eý, Nowşirwan begleriňe höküm etgil. Goý, şikara çykyp, aw awlap, saňa tutan awlaryny getirsinler. Şeýle hem maňa-da höküm etgil. Men hem aw awlap getireýin. Ondan soň seredip görüň. Olar köp aw getirerlermikän ýa-da men.

Nowşirwan:

- Baryň, aw awlaň. Eliňize her näme düşse getiriň - diýip, höküm etdi. Begler topar-topar bolup atlandylar. Olar bir günde köp aw awlap getirdiler. Ertesi ýene-de atlan­dy­lar. Emma düýnki gün hüjüm edendikleri sebäbinden awlar ürküp gidipdiler. Şonuň üçin bu gün hiç aw awlap bilmediler we näumyt bolup geldiler. Dana hekim bolsa, baryp duzak gurdy. Her günde şol bir des­sur­da aw getirýärdi. Hiç kemelmeýärdi. On­dan soň hekim aýtdy:

- Eger adyllyk etseň şu däne we duzak dek elmydama saňa pul geler durar we hazyna doly bolar. Eger şu begler ýaly zulum etseň, bir günde tamam ili ürküzersiň. Onsoň hiç zat tapmarsyň.

Hekaýat

Hezreti Murtuza Alyda (Allatagala ony sahawatlandyrsyn) «Bu dünýäni göreýin. Ol ne dürli görnüşdekä» diýen alada peýda bol­dy. Ol bu pikirdedi. Birden uzakdan bir aýal göründi. Ol nepis lybaslar geýip, sahypje­mallyk (gözellik) şiwesi (näzirgemesi) bilen mahbuplarça jilweler kakýardy. Ol hezreti Murtuza Ala yşarat etdi. Hezreti Murtuza Aly ol tarapa ýüzlenenden, ol aýal hem aňyrrak gitdi. Hez­reti Murtuza Aly hernäçe ol tarapa ýörese, ol has aňyrrak gidýärdi. Örän gaty hereket edip, ahyrynda yzyndan ýetdi. Eýse ol aýal ýüzüni açdy. Hezreti Murtuza Aly görse, ol bet gepli, betşekil, betnazar, porsy agyz, gara ýüzli bir kempir eken. Şeýle-de bir eli hyna bilen reňklenen we bir eli doly gan eken. Murtuza Aly sorady:

- Sen ne dürli zat sen?! Daşdan şeýle  bir owadan, görkli we göwün awlaýjy görün­diň. Ýakyn geleniňde welin, munuň ýaly bet­haýbat we garaýüzli şeýle bir kabyh (erbet-hapa) görünýärsiň?!

Ol aýal aýtdy:

- Eý, emir! Dünýä diýýänleri mendirin. Uzakdan iliň gözüne şunuň ýaly ýagşy görün­ýärin. Ýakyn gelip, meni görenler we meni dilänler (höwes edýänler) puşmanda bolarlar.

Murtuza Aly sorady:

- Bir eliňde gan, beýleki eliňde hyna[2] bar. Ol näme üçin beýle?!

Ol aýal aýtdy:

- Günde bir elim bilen müň ýerde toý we baýramçylyk düşegini salýaryn. Beýleki bir elim bilen müň kişiniň ganyny dök­ýärin.

Hekaýat

Şeýle hekaýat edýärler:

 Isgender Zülkar­neýn bir welaýata ýetdi. Görse süri-süri go­ýun­lar gezip ýör, çopany ýok. Süri-süri düýeler gezip ýör, sarwany ýok. Süri-süri ýylkylar ge­zip ýör, ýylkyçysy ýok. Barça goýunlar, düýe­ler we ýylkylar biri-birlerinden kem ýa-da zyýat bolman barabardylar. Şeýle-de bagla­ryn­da miweler ýetişip bişipdir. Emma, bag­bany ýok. Isgenderiň leşgerinden bu maldyr miwelerden alyp iýen her bir kişi derrew hassa boldy. Isgender bu haly görenden:

– Hiç kimse bu mal we miwelere zyýan ýetirmesin – diýip, höküm etdi. Soň:

– Baryp görgül. Bu we­laýatyň içinde hal (ýagdaý) neneňsikä –  diýip, bir kişini bu welaýata iberdi. Ol kişi bar­dy. Görse, bazary bezegli we düzüw eken. Dü­kan­lar her hili zatlardan doly eken. Emma, satyjylar we dükançylar ýok eken. Köp he­reket edip, bir kişi tapdy we ondan sorady:

- Bu şäheriň bazar halaýygy nirede­dir­ler?!

Ol kişi:

- Bu halaýyklaryň barçasy ybadathana gi­rip, Taňrytagala ybadatyna meşguldyrlar - diýdi.

Ol kişi bu kişiniň öňünden ýöräp, yba­dathana eltdi. Şonda Isgenderiň gelendigi­ni ol halka bildirdiler. Ol halaýyk derrew ol ybadathanadan çykyp, patyşalarynyň yz­laryna eýerip, peşgeşler alyp, Isgende­riň öňünden çykdylar. Şonda Isgender olar­dan sorady:

- Bu niçik ajap we geň ýagdaýdyr. Siziň baýlyklaryňyza we emläkleriňize gözegçi­lik edýän hiç kim ýokdur. Barça mallaryňyz deň. Olar biri-birinden zyýada ýa-da kem däldir. Siziň mallaryňyzdan alan her bir kişi derrew hassa boldy. Bu ýagdaýy maňa beýan ediň.

Ol halkyň patyşasy aýtdy:

- Biziň aramyzda her bir kişi müflis (garyp) bolsa, barymyz ýygylyp, ol kişini mal we jemgyýetde özümiz bilen barabar edýä­ris. Şol sebäpli biziň aramyzda ogry we talaňçy bolmaýar. Onsoň herne bar bolan malymyzy Allatagala tabşyrandyrys.  Biz onuň bendeligine meşguldyrys. Ol jähtden biziň malymyzy Allatagala gorap saklaýar. Hiç kişi biziň malymyzdan alyp bilmez. Eger alsa hem hassa bolar.

Isgender aýtdy:

- Meniň bu jahany eýelemegimiň myrady seni görmegim eken. Gel indi, meniň bilen bile bolgul. Bu älemiň ýarysyny saňa bere­ýin.

Onda ol patyşa:

- Meniň sabyr we çydamym mundan artyk ýurdy dolandyrmaga takat edip bilmez. Eger mundan artyk döwlete häkim bolsam, belki, gözegçilik edip bilmerin we Taňrytaga­la­nyň gaşynda asy (günäkär) bolar men. Maňa mundan artyk teklip etmegil - diýdi.

Isgender hem onuň günäsini ötdi.

Hekaýat

Şeýle hekaýat edýärler:

Soltan Sanjaryň atasy Soltan Mälik­ şa-dy. Onuň atasy Alp Arslandy. Soltan Mälik şa Yspyhan welaýatyna seýil etmäge çykypdy. Bir ýerde düşläp, gije ol ýerde ornaşanda soltanyň gullary bir garry aýalyň sygryny öldürip iýipdirler. Daňdan ol aýal «Sygryňy soltanyň gullary iýipdir» diýip, habar eşitdi. Onsoň eline hasasyny alyp, Zenderut diýen bir köprini tutup durdy. Soltanyň güzeri şol ýerden geçýärdi. Soltan ol köpriniň üstüne gelende, ol aýal perýat edip aýtdy:

- Eý, Alp Arslanyň ogly! Bu gün bu köpriniň üstünde meniň dadymy ber­gil. Bolmasa taňla Syrat köprüsiniň üstünde seni tutaryn.

Soltan atynyň jylawuny çekip:

- Aýt, näme dadyň bar?! - diýdi.

Ol aýal:

- Meniň bir sygrym bardy. Gün-güze­ra­nymy şol sygryň arkasyndan geçirýärdim. Ony bu gije seniň gullaryň öldürip iýip­dirler. Şol gullaryňdan meniň dadymy alyp bergil - diýdi.

Soltan aýtdy:

- Bir sygryňa on sygyr bereýin. Razy bol.

Ol aýal aýtdy:

- Ýok, meniň dadymy gullaryňdan alyp ber­gil.

Soltan aýtdy:

- Ýigrimi sygyr bereýin.

Aýal kabul etmedi. Gepiň keltesi, soltan segsen sygra çenli bardy. Ol aýal kabul et­me­di. Ondan soň soltan ol köpriniň üstünde atyndan düşüp oturdy we «Şol gullary ta­pyp getiriň» - diýip höküm etdi. Tapyp ge­tirdiler. Jellada buýruk berdi. Jellatlar olary para-para etdiler we her parasyny bir derwezeden asdylar. Ol aýala hem segsen sygyr berip, hoşal etdiler.

Elkyssa, soltanyň şu görnüşli adyllyk we ada­lat bilen ol aýala mähremlik edenine bir­näçe wagt geçenden soň, oňa takdyry  asmany we Taňrytagalanyň kazasy (ýazgydy) ýetişdi. Sol­tan Mälik şa pany jahandan baky äleme göç etdi. Ol aýal soltan Mälik şanyň wepat bo­landygynyň habaryny eşidende, gije turup başyny ýalaňaçlap, ak saçyny ýaýdy. Perýat we pyganlar edip «Eý, bar Hudaýa! Soltan Mälik şa maňa adyllyk edipdi. Oňa rehmet etgil» diýip, nalyş etdi. Aýdyşlaryna gö­rä, şol gije Yspyhan şäheriniň tamamy  halky düýş görüpdirler. Görseler, soltan Mälik şa behişdiň içinde seýil edip ýören eken. Ondan soradylar:

- Behişde girer ýaly näme iş etdiň?!

Soltan aýtdy:

- Bir garry aýala adyllyk edipdim. Şo­nuň üçin Hudaýtagala meni bu döwlete ýetirdi we başymy belent etdi.

Hekaýat

Soltan Mahmyt Gaznalynyň gaşyna bir derwüş gelip adalat etmegini isläp aýtdy:

- Eý, soltan! Birnäçe betkär bozuklar gije ýarym bolanda meniň öýüme gelýärler. Meniň bir aýalym bar, olar onuň bilen bozuk işler edýärler. Maňa jebri-jepa berýär­ler. Olardan gorkunjymdan asla dem urup bilmeýärin. Eger demimi çykarsam, meni öldürerler.

Soltan aýtdy:

- Her haçan olar gelseler, sen derrew özüňi meniň ýanyma ýetirip, meni habardar et. Onsoň seniň dadyňy olardan alaýyn.

Ol derwüş bu söz bilen umytly bolup, öýüne bardy. Üç günden soň gijäniň ýary, ol bozuklar ýene onuň öýüne geldiler. Ol derwüş derrew özüni soltanyň gaşyna ýetirip:

- Ol betbagtlar ýene geldiler - diýdi.

Soltan derrew şemleri yşyklandyryp atlandy. Ol derwüşiň öýüniň degresini gabap, ol bozuklary tutdular. Soltan:

- Şemleri öçüriň we bozuklary öldüriň - diýip höküm etdi. Şemleri öçürip, bo­zuklary öldürdiler. Ondan soň:

- Ýene şemleri ýakyň - diýip buýurdy. Soň soltan:

- Ölüleriň kellelerini getiriň - diýdi. Getirdiler. Görüp, Allatagala sejde etdi.

Ondan soň soltan aýtdy:

- Eý derwüş! Heý bir tagamyň barmy?! Men aç.

Derwüş derrew nan bilen sirke alyp getirdi we aýtdy:

- Eý patyşa! Mende bar bolan zat şu­dur.

Soltan ol nan bilen sirkeden örän köp iýdi.

Derwüş sorady:

- Eý, din soltany! Bu gelşiňden mende iki iş müşgil boldy. Ony maňa çözüp bergil. Olaryň biri şudur. Ýagny bu betbagtlary öldüreniňde şemleri öçürtdiň. Öldüreniňden soň ýene ýakdyrdyň. Ikinjisi  bolsa şudur, ýagny derwüşleriň tagamyndan örän köp iýdiň?! Sebäbi näme?!

Soltan aýtdy:

- Arzyňy maňa aýdan şol gijäň öz-özüm oý edip «Meniň zamanymda munuň ýaly ýaman işi hiç kim edip bilmez. Diňe maňa ynanyp (arkalanyp), munuň ýaly işi oglum edip biler» diýip, pikir etdim. Ol eger meniň oglum bolsa, oňa gözüm düşende, ata-da ogla bolan mähir herekete gelip, ony öldürip bil­mez­dim. Şemi şonuň üçin öçürtdim. Öldü­re­nim­den soň şemi ýakdyrdym. Görsem oglum däl eken. Şonuň üçin Taňrytagala sejde edip şükür etdim. Seniň bu sözüňi (habary) aýdan wagtyňa üç gün boldy. Men üç günden bäri tagam iýen däldirin. Şonuň üçin nany köp iýdim.

Hekaýat

Sü­leý­man alaýhyssalamyň ýanyna bir peşe-çybyn gelip, ýelden şikaýat edip:

- Ýel sebäpli bu älemde bir pursat parahatlyk we rahatlyk bilen uçup bilmeýäris. Şonuň üçin kynçylykda galyp, örän teşwüşde we närahatlykdadyrys. Ýel seniň permanyňdadyr. Höküm etgil. Goý, bize päsgel bermesin - diýýär.

Süleýman alaýhyssalam aýtdy:

- Sen öz sözüňi arz etdiň. Indi ýeli çagyralyň. Göreliň, onuň sözi neneňsikä?

Ýeli çagyrdylar. Ýel gelenden çybyn ýok boldy. Hernäçe gözleseler-de tapylmady. Sü­leý­man alaýhyssalam aýtdy:

- Adalat kadasy şudur. Häkim arz edýäniň arzyny ýalňyzlykda soramaly däldir, hata bolar. Ikisi hem bile bolmasa arz soralmaz. Eger ikisi hem bar bolsa, şol wagt soramak gerek. Olar her sözi bar bolsa, barabar aýdarlar. Şonda häkim olaryň sözüni bilip (diňläp), dadyna ýeter.

Hekaýat

Gürrüňçiler ýene-de şeýle diýýärler:

Kyýamat güni hezreti Allatagala tobany bir surat [keşp] bilen ýaratjakdyr. Ol suratdan [keşpden] şeýle bir ýagşy yslar geler welin, her kişiniň burnuna onuň ysy girse, burny (beýnisi) atyrlanyp, şatlyk we begenç bilen magşarda ýörer. Käbirleri olardan:

- Sen, ne dürli zat sen! Seniň ysyňdan käbirleri joşgun tapýarlar, biz tapmaýarys - diýip sorarlar. Onda ol surat:

- Maňa toba diýerler. Ol dünýäde meni bir zamanda ýüz gezek agzyňyza alýardyňyz. Emma hiç perwaý etmeýärdiňiz. Şonuň üçin menden peýda görmeýärsiňiz - diýip jogap berer.

Hekaýat

Gürrüňçiler şeýle hekaýat edýärlerler:

- Bir sälih derwüşe tarykat babynda bir müşgillik düşdi. Ony bir muktyda (yzyna eýerdýän pir) çözüp biljekdi. Ol wagtlarda onuň ýaly kişi ýokdy. Ol derwüşiň müşgili çözül­me­di. Garaşýardy we haýrandady. Bir gije «Py­lan patyşanyň işiginde bir ýasawul bardyr. Seniň müşgiliňi ol çözer» diýlen düýş gördi. Oýandy.

Eýse pikir edip:

- Bu düýşüm şeýtanydyr. Onuň ýanyna barar ýaly ýasawulyň tarykat babyndan ni­çiksi habary bolsun-diýdi. Soň ýene-de ukla­dy. Ýene-de şol wakany gördi. Ýene-de öz-özi pikir edip:

- Meniň bu düýşim şeýtanydyr-diýdi we ýaňadan uklady. Eýse ýene şol wakany gördi. Ondan soň turup, säher bolandan ol patyşa­nyň dergähine bardy. Uzakdan ol ýasawuly gördi. Ol eline taýak alyp, başyna uly selle orap, hajyplar şekilinde haýbat bilen du­ran eken. Geň galyp:

- Bu görnüşdäki kişiniň tarykat ýörel­gesinden ne habary bolsun ‑ diýip, yzyna gaýtdy. Eýse ol ýasawul ony çagyryp:

- Seniň boýnuňdaky damarlaryň ne bela gaty eken. Saňa şunça yşarat etdiler, sen as­la habarly bolmadyň. Seniň ol müşgil işiňi men çözerin - diýdi.

Elkyssa, ol derwüşde bolan her bir müş­gili edil isleýşi  dek çözüp berdi.

Ondan soň ol derwüş:

- Ol Ýaradan Hudaýyň haky we hormaty üçin aýtgyl. Sen bu mertebäni nireden ha­syl etdiň?! - diýip sorady.

Ol ýasawul aýtdy:

- Her säher ýerimden turanymda «Bu patyşanyň işi­ginde bar  bolan ýa-da ýüze çykan şerigata gar­şy gelýän her bir işleri aradan aýy­ryp, pakyr we misginiň sözüni arz edeýin» diýip niýet edýärin. Egerde şerigata bap gel­meýän işleri we zulumlary dep edip bilsem, öýe şadyýan bolup barýaryn. Bolmasa olaryň pikir we endişesinde tä şol iş­leri ahyryna ýetirýänçäm aram (karar) tapma­ýaryn. Bu niýetiň mende bar bolany üçin Hez­reti Haktagala maňa bu mertebäni beripdir, ýagny tä gündogardan günbatara çenli barça älemiň ahwaly maňa mälimdir.

Hekaýat

Bir şäher gözegçisi bardy. Hemişe paty­şanyň işiginde durup, ejiz galan garyp [biçäreleriň] sözlerini patyşa baryp aýdyp, olaryň hajatlaryny ýerine ýetirerdi. Şol jähtden her gün Hydyr alaýhyssalam gelip, ol gözegçi (sakçy) bilen söhbet tutýardy. Bir gün ol sakçy pikir edip öz-özüne:

- Hydyr dek uly kişi meniň bilen söh­bet tutup durka patyşanyň işigine barma­gyň maňa näme zerurlygy bar ‑ diýip, Hydyr bilen söhbet tutmak üçin bir ýerde köşe tut­dy. Ondan soň Hydyr alaýhyssalam asla onuň gaşyna gelmedi. Ol sakçy alty  aýa çen­li intizarlyk çekdi. Emma Hydyr alaýhys­salam gelmedi. Ondan soň pikir edip öz-özüne:

- Hydyr alaýhyssalam meniň gaşyma gelmedi. Gel, indi baryp, ýene-de patyşanyň hyzmatynda öňki işime meşgul bolaýyn - diýip, patyşanyň işigine geldi we ýene-de öňki işine meşgul boldy. Hydyr alaýhys­salam ýene onuň gaşyna geldi. Şonda sakçy aýtdy:

- Eý Hydyr alaýhyssalam! Men seniň söhbetiň üçin patyşanyň hyzmatyny terk edip, «Ra­hatlykda seniň bilen söhbet tutaýyn» diýip köşe tutdym, [ýagny bir künjegi ygtyýar etdim]. Sen meniň ýanyma asla gel­mediň.

Hydyr alaýhyssalam aýtdy:

- Sen ejiz galan  garyp-biçäreleriň ha­jatlaryny bitirýärdiň we köňüllerini şat edýärdiň. Men şonuň üçin seniň bilen gat­naşardym, söhbet tutardym. Indi sen olary goýduň, men hem seni goýdum.

Hekaýat

Harun ar-Reşit halypanyň üç sany ni­kaly aýaly we bir gyrnagy bardy. Bir mahal halypanyň agzynda bir kesel peýda boldy. Ondan porsy ys gelýärdi. Aýallary göwnüne degmejek bolup, hiç zat diýme­ýär­diler. Ol bir gije gyrnagynyň ýanyna gel­di. Eýse gyrnagy aýtdy:

- Eý, halypa! Seniň agzyňda bir kesel peýda bolupdyr. Erbet ys gelýär. Halypa gaharlanyp:

- Onuň ýaly bolsa, ony maňa aýallarym aýtmazmydy?! - diýdi.

Gyrnagy aýtdy:

- Eý halypa! Olar seniň göwnüňe degme­jek bolýarlar. Men dogrymy aýdýaryn. Sen tebibi çagyrgyl we soragyl. Eger meniň sö­züm galat bolsa, meni öldürgil.

Halypa daňdan, irden tebibe kişi ibe­rip, çagyryp getirdip, agzyny görkezdi. Eý­se tebip:

- Eý halypa! Seniň agzyňda bir kesel peýda bolupdyr. Eger maňa rugsat berseň, üç günde agzyňdan müşk ysy geler ýaly alaç edeýin - diýdi.

Halypa derrew:

- Şeýle et - diýdi.

Tebip bejermäge meşgul boldy. Üç günden soň ol kesel dep boldy. Ondan soň halypa ol gyrnagyna uly terbiýet-hormat edip:

- Rehmet saňa! Sen meniň aýbymy aýtdyň we men oňa alaç etdirdim. Eger aýtmasaňdyň (aýtmadyk bolsadyň), men aýply we keselli bolardym. Meniň döw­letimiň ýagşylyk isleýjisi sen ekeniň - diýdi. Ol üç aýalyna bolsa talak berdi.



[1]Oňa (kyýamat gününe) «Ynandyk we tas­sykladyk».

[2]Birnäçe halklarda, şol sanda käbir türkmen taýpalarynyň arasynda hem toýlarda, esasan hem gelin alma toýlarynda ellerine hyna çalmak däbi bar. Bu ýerde şol göz öňünde tutulýar.