بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Eý, oglym, akmak bilen dostlaşmakdan gaça dur. Saňa peýda berjek bolsa, zyýany ýeter. Gysganç bilen dost bolmakdan saklan. Oňa mätäç bolan wagtyň seniň kömegiňe ylgamaz. Erbet kişi bilen hem dost bolmakdan saklan. Ol seni az baha satar gider. Ýalançy bilen hem dost bolma. Sebäbi, ol salgyma meňzär, daşdakyny ýakyn görkezer, ýakyndakyny daş görkezer.

Başy » Kitaplar » AJAÝYPLYKLARYŇ DÜRI درّ العجائب » KYRK ALTYNJY BAP GYSGANÇLARYŇ AZAPLARYNYŇ WE SAHYLARYŇ SOGAPLlARYNYŇ BEÝANY

Ibn Apbas aýtdy:

Bir gün men Resul alaýhyssalamyň ýanyna bardym. Bir kişi gelip aýtdy:

— Günäni köp etdim.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Näme günä etdiň?

Ol aýtdy:

— Malym köpdi, derwüşler zat dilese bermedim, ýüz dönderdim.

Resul alaýhyssalam bu sözi eşitdi. Eýse gahary geldi, aýtdy:

— Eý bozuk, bu gün menden daş bolgul. Nägäh Haktagala saňa ot iberip, meni hem köýdürmesin.

Ol ýene aýtdy:

— Eger sen müň ýyl ömrüňi namaz oraza bilen ötürseň, sahylyk etmeseň, jaýyň dowzah bolar. Çünki bahyllar bilen kapyrlar bir taýpadandyr. Kapyrlyk dowzahdandyr, sahylyk imandandyr. Imanly behişde barar.

Ýene Resul Huda aýtdy:

— Bahyllar Haktagaladan daşdyr. Haktagala hem bu hili adamlardan daşdyr. Olar ýaly adamlar dowzaha ýakyndyr. Sahylar Hudaýtagala hem, behişde hem, adamlara hem ýakyndyr. Olar dowzahdan daşdyr. Kyýamat güni sahy bozuklaryň orny Taňrynyň ýanynda bahyl ybadathonlardan ýokarydyr.

Bir gün bir sahaba öldi. Onuň jynazasyna Pygamber alaýhyssalam geldi. Mirasdüşeri ýüz tylla alyp gelip, Pygamber alaýhyssalamyň öňünde goýdy we aýtdy:

— Eý Resulalla, bu ýüz tylla atamyň sadakasy – diýdi. Seýit Älem mübärek gollary bilen ony görkezip aýtdy:

— Eý ýaranlar, mirasdüşeri ýüz tylla berenden özi dirilikde bir tylla bereni ýagşyrakdyr.

Rowaýat etdiler:

Ezraýyl Dawut alaýhyssalamyň gaşynda oturypdyr. Bir ýigit gelipdir we Dawut alaýhyssalamyň öýüne düşlemekçi bolupdyr. Ezraýyl aýdypdyr:

— Eý Dawut, Haktagala maňa:

— Bu ýigidiň janyny ýedi gün tamam bolandan soň almagy buýurdy – diýipdir. Ýedi gün tamam bolandan soň, ol ýigit Dawut alaýhyssalamyň ýanyna gelipdir. Dawut alaýhyssalam aýdypdyr:

— Ýa men galat eşidipdirin, ýa-da Ezraýylyň «edi gün» diýeni «edi aý» diýeni bolar – diýip pikir edip otyrypdyryn.

Ölüm perişdesi ýene gelipdir.

Dawut alaýhyssalam aýdypdyr:

— Eý ölüm perişdesi! Sen:

— Ol ýigidi ýedi güňde gabyz ederin – diýmediňmi? Ölüm perişdesi aýtdy:

— Eý Dawut, ol ýigit seniň ýanyňdan gideninden soň bir derwüşe sadaka berdi. Ol derwüş ol ýigide: «Ömrüň uzak bolsun» diýip, dileg etdi. Ýedi günlük ömrüni Haktagala ýetmiş ýyla ýetirdi.

Rowaýat etdiler:

Arapda bir Abdylmälik atly adam bardy. Atasy dünýäden ötdi. Ondan elli müň tylla miras galdy. Ol elli müň tyllany Huda üçin sadaka etdi. Adamlar aýtdy:

— Eý Abdylmälik, näme üçin munuň ýaly etdiň?

Ol är:

— Dünýäni ahyrýete satdym – diýdi. Onuň özi örän orazadardy. Eger agzaçar wagty tagam tapsa iýerdi. Eger tagam tapmasa, oraza tutardy. Bir wagt üç günden birini aç oturanmyş. Bir gün bir adam Abdylmäligiň öýüne habar almak üçin geldi. Abdylmälik hatynyna aýtdy:

— Eý hatyn, hiç zadyň ýokmy, öýe myhman geldi? – diýdi. Hatyny aýtdy:

— Bir kişä ýeterlik tagamym bar.

Abdylmälik aýtdy:

— Oglanlary alyp geliň we ýatyryň, ondan soň myhmana tagam beriň. Oglanlaryň gözi tagama düşse aglaşarlar. Ol myhman bihözir bolar.

Ondan soň olar oglanlaryny ýatyrdylar we myhmana tagam goýdular.

Myhman aýtdy:

— Eý gardaş, bizi tagam iýsin diýseň, biziň bilen tagam iýgil.

Abdylmälik aýtdy:

— Ýagşy bolar.

Myhman tagama meşgul bolup gol uzatdy. Eýse, Abdylmälik çyranyň peltesini aljak bolup çyrany öçürdi.

Abdylmälik aýtdy:

— Eý myhman, indi çyrasyz tagama meşgul boluň. Myhman razy boldy. Abdylmälik «myhman bilsin» diýip goluny tagama uzatdy. Emma elini gury aldy. Ikilenji sapar hem tä myhman tagamy iýip bolýança şeýle etdi. Eýse daň atdy. Olar Resul alaýhyssalamyň metjitlerine bardylar.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Ýa Abdylmälik, bu gije seniň işiňe perişdeler geň galypdyrlar. Haktagalanyň enaýaty saňa boldy. Perzentleriňe hem Haktagala kän nygmat berdi – diýdi.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Bendeçilik derejesine sadakadan ýetişersiňiz.

Söwban (Alla ondan razy bolsun!) aýtdy.

Sadakanyň ýagşyragy maşgalaňa mähribanlyk etmekdir.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Her kimiň gyzy üç bolsa, olara terbiýe berse behişt ol bendädir. Haktagala oňa rehmet eder.

Enes bin Mälik aýtdy. Resul alaýhyssalam aýdypdyr:

— Men bendäniň bagtly boljakdygyna iki zat üçin karz etse kepildirin. Owwal, maşgalasy üçin karz etse. Ikinji, sadaka bermek üçin karz etse. Eger ol karzyny dünýäde berip bilmese ahyrýetde hasabyny özüm bererin.