بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Iň ýagşy amal adyllykdyr. Ol ähli haýyr işleriň seresidir. Adyllyk edýänem, adyllyk edilýänem ýagşy işiň başyny tutýan adamlardyr. Zulum iň erbet işdir. Ol ýaman işleriň seresidir. Zulum edýänem, zulum etmäge ýardam berýänem ýaman işleriň başyny tutýan adamlardyr.

Başy » Kitaplar » AJAÝYPLYKLARYŇ DÜRI درّ العجائب » ELLI SEKIZINJI BAP SÜÝTHORLARYŇ AZABYNYŇ BEÝANY

Resul alaýhyssalam aýtdy: Men Magraç gijesi asmana çykdym. Asmanda misli gögüň owazy dek bir owaz eşitdim. Men ol ýere garadym. Bir topar adamlaryň garynlaryny misli gümmez dek gördüm. Men soradym:

— Eý gardaşym, Jebraýyl bular kimlerdir?

Ol aýtdy:

— Bular süýthorlardyr.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Her kim süýthor bolsa ahyrýetde ol bendäniň garnyny otdan doldurarlar. Her kim süýthorlukdan mal gazansa, ol bende malyndan sadaka etse kabul bolmaz we onuň sogaby bendä nesip bolmaz.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Süýthorlukdan ýetmiş dürli günä hasyl bolar. Ol günäleriň pesi enesi bilen zyna edeniň günäsiçe bolar. Her şäherde, her kentde, ýa her ilde süýthor bolsa, Allatagala ol şäheri bela-beterlerden aman etmez. Ýagy köp bolar, ýa agramçylyk bolar. Zalym patyşalara musallat eder. Her niçik belalara mübtela (duçar) eder.

Bir gün Mälik ibn Dinar[1] bir syrkawyň halyny soramaga bardy. Ol bimar hem bitakat bolup ýatyrdy.

Mälik Dinar aýtdy:

— Eý bende, niçik bitagatlyk eder sen!

Ol aýtdy:

— Eý Mälik Dinar, aldymda iki dagdan ot bar. Gije-güňdüz ýanyp durar. Men ol oduň hesretinden bitakat bolýaryn.

Mälik ibn Dinar aýtdy:

— Sen süýthorluk edip iki daş saklapsyň.

Ol aýtdy:

— Eý Mälik, hawa men süýthordym. Iki daşym bardy. Biri ýeňil, biri agyr.

Mälik ibn Dinar aýtdy:

— Eý bende, ölmezden öň toba etgil. Ol syrkaw Mälik ibn Dinaryň ýanynda toba etdi. Bir zamandan soň Mälik ibn Dinar sorady:

— Halyň niçik boldy?

Ol bende aýtdy:

— Alhamdulillahy repbil älemin. Ol ýanyp duran iki ot ýok boldy.

Mälik ibn Dinar aýtdy:

— Onuň ýaly bolsa, tobaň kabul bolupdyr.

Ýene Mälik ibn Dinar aýtdy:

— Eý bende, mundan öň hiç bir alyma barmanmydyň?

Ol syrkaw aýtdy:

— Şäher alymsyz bolarmy? Alymlara ýolukmaýan adam bolarmy? Men alyma ýolukdym. Alymlar bilen oturdym. Aş iýdim. Ýoldaş boldum. Her sapar ýolugandan aýrylyşýança, ol gözüme zalymdan ýaman göründi. Indi ýaňy musulman boldum. Mundan öň kapyr ekenim. Men her wagt namaz okap, oraza tutup ýöresem hem musulman däl ekenim – diýip keleme şahadaty aýtdy we jan berdi.

Eý Taňrymyz! Hemmäniň tobasyny kabul et! Ämin!

 

 


[1]Mälik ibn Dinar - basraly alym we derwüş (748-nji ýylda ölen).