بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Akyldarlardan biri aýdypdyr: «Zuhd (tagatly kanagatlylyk) bäş zatdan ybaratdyr: 1) Allaha bolan hak iman; 2) ýaradylanlardan ýekelikde bolmak; 3) amallarda yhlas; 4) gelen şerlere sabyr ýetmek; 5) bar bolan zadyňa kanagat».

Başy » Kitaplar » AJAÝYPLYKLARYŇ DÜRI درّ العجائب » ALTMYŞ ÜÇÜNJI BAP HALYMLYGYŇ (MYLAÝYMLYGYŇ) BEÝANY

Resul alaýhyssalam aýtdy. Mylaýymlyk imanyň ýarydyr.

Rowaýat etdiler:

Kapyrlardan ýedi kişini Resul alaýhyssalamyň ýanyna getirdiler. Resul alaýhyssalam:

— Her haýsysy iman getirmese, boýnundan uruň – diýip buýurdy.

Ol halda Jeberaýyl alaýhyssalam geldi we:

— Hudaýtagala ol biriniň boýnuna urmasynlar – diýip aýdyp dur – diýdi.

Resul alaýhyssalam:

— Näme üçin? – diýip sorady.

Onda Jebraýyl alaýhyssalam:

— Ol kapyr sahylardandyr – diýdi.

Ondan son ol bendäni öldürmediler. Birnäçe sagatdan soň ol musulman boldy. Her kim mylaýym bolsa, Haktagala ol bendä iki dünýäňiň döwletini berer we iki dünýäniň azabyny ol bendeden alar.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

Mylaýymlyk imanyň ýarydyr. Allanyň welileri (dostlary) ol makama (mertebä) mylaýymlyk bilen ýetdiler. Allanyň welilerinde mylaýymlyk bolmasa, ol Allanyň söýen adamlary bolmaz. Mylaýymlyk diýeni budur:

— Saňa bir mömin gelse, ol mömin bilen habarlaşmakdyr. Habarlaşan wagtyňda ýüzüne gülüp bakmak we hormat etmek gerek. Ol ýolugşan bende isle garyndaş bolsun, isle aşna bolsun, isle bigäne bolsun, isle patyşa, isle gedaý bolsun, isle mysapyr bolsun, hemmesine mylaýym bolmak gerek. Eger kişi käbir bendä mylaýym we käbirine mylaýym bolmasa, ol bendäni «mylaýym» diýip bolmaz.

Resul alaýhyssalam aýtdy. Men jahana patyşa boldum. Bir gün Resul alaýhyssalamyň ýanyna bir kapyr patyşasy geldi. Ol wagt Seýit Älem metjitde oturardy. Kapyr patyşa metjide girdi.

Aýtdy:

— Eý Muhammet, din nämedir?

Resul alaýhyssalam:

— Din diýen zat mylaýymlykdyr – diýdi.

Kapyr patyşa ol wagt ýene-de Resul Hudanyň öň ýanyna geçdi we ýene aýtdy:

— Din nämedir?

Resul Huda aýtdy:

— Din mylaýymlykdyr.

Şol wagt sahabalar aýtdy:

— Eý Resulalla, bu ne hekaýatdyr. Resul Huda:

— Eý, ýaranlar, duruňlar – diýdi.

Ondan soň kapyr Resul Hudanyň bu işlere gaharlanmandygyny gördi. Ol oturan ýerinden turdy. Ol wagt sahabalar aýtdylar:

— Eý Resulalla, hemmämiz turaly.

Resul Huda:

— Eý sahabalar, bir az sabyr ediň, metjidi päk edeliň – diýdi.

Ondan soň ol kapyr Resul Huda garady. Görse ol owwalky dek otyr. Ol wagt kapyryň içine bir şowk düşdi. Özüni Resulallanyň aýagyna taşlady we aýtdy:

— Eý Resulalla, tiziräk aýtgyl, men näme söz bilen musulman bolaryn.

Ol wagt Resul Huda imana girmekligi öwretdi we keleme şahadaty ol kapyra aýtdy. Ol kapyr patyşa keleme şahadaty aýtdy we musulman boldy.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Mylaýymlyk edil günüň sansyz garaňkylygy ýok edişi dek, sansyz günäni ýok eder.

Resul Huda ýene aýtdy:

— Tagatyň ýagşysy mylaýymlykdyr. Hiç bende mylaýym bolmasa, kyýamatda şat bolup Allatagalanyň ýanyna baryp bilmez.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

Halklara mylaýymlyk ediň. Her bir ýamanlykdan soň eden mylaýymlygyň ol eden ýamanlygyňy ýok eder.

Sahabalar aýtdylar:

— Eý Resulalla, pylan hatyn gündiz oraza bilen gije namaz bilen ýörer welin mylaýym däl. Goňşularyna azar berýär. Adamlaryň göwnüni agyrdýar. Ol hatynyň haly niçik bolar? Onda Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Onuň jaýy dowzahdyr.

Resul alaýhyssalam her wagty dileg eder bolsa, mynajat ederdi we aýdardy:

— Eý bar Hudaýa, ymmatyma mylaýymlyk döwletini arzan etgil. Bet gylykly häsiýet bermegil.

Resul alaýhyssalam aýtdy.

Mylaýymlyk möminligiň nyşanydyr. Ýaramaz gylyklylyk mynapyklygyň (erbet adamyň) nyşanydyr. Mylaýym möminleriň hemişe işleri namaz, orazadyr. Erbetleriň işleri iýmek-içmek, we hezzet islemekdir. Möminler mydama pikirde bolar, mynapyklar gysgançlyk bilen uzak umytda bolar. Möminler adamlardan umyt etmezler, mynapyklar halklardan umytda bolarlar. Möminler malyny Hudaýtagalanyň razylygy üçin sarp ederler, mynapyklar dinlerini dünýä sarp ederler we hoşwagt bolarlar. Möminler mylaýymy dost tutarlar, mynapyklar zalymlar, bozuklar we baýlar bilen oturarlar. Ony dost tutarlar. Mylaýym kişiler tagat ederler hem «kabul bolan däldir» diýip gorkarlar. Mynapyklar tagat ederler, elbetde «kabul bolandyr» diýip semrärler.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

Mylaýymlyk möminligiň nyşany bolar. Owwal özi haýaly bolar, sahy bolar. Ýagşylygyň talabynda bolar. Tagaty köp eder, rahaty az eder. Ýagşylygy isleýji bolar. Hemme halda şükür ediji bolar. Belaga sabyr edip, oňa razy bolar. Halklara sögünmez we adamlaryň gybatyny etmez, gahary geliji bolmaz we malyna gysganç bolmaz. Ol özüne köp azap beren bendä hem bet dileg etmez.

Resul alaýhyssalama köp azap berdiler, emma ol mylaýym boldy. Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Her bende mylaýym bolmasa, ol hiç zat bilmez.

— Her bende mylaýym bolsa, uly derejä eýe bolar.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Her bende mylaýym bolsa, ol bende gorkuda bolar. Ol bende puşman, toba, istygpar we aglamak bilen bolar.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Hudaýtagaladan gorkýan bendeden hemme zatlar gorkar. Hudaýtagaladan gorkmaýan bendeler hemme zatlary gorkuzar.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Gözünden bir katra ýaş çykaran bendä her wagt Taňry dowzahy haram eder.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Çybynyň göwresiçe ýaş çykaran bende üçin dowzah ody haramdyr.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

 — Mömin bende pikir edip, öten günälerini ýadyna getirip, bir ýola rastlyk bilen sowukdan demini alsa, Taňry onuň günälerini misli sowuk uran daragtyň ýapragy dek döker.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Mömim bende Hudaýtagaladan gorkup aglasa, ony dowzah ody köýdürmez.

Äşe (Alla ondan razy bolsun!) aýtdy. Resul Hudadan sowal soradym:

Ymmatyňdan kimseler bihasap behişde barar? Olar kimdir?

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Kim öten günälerini ýadyna getirip aglasa, ah ursa, puşman etse, ol bende bihasap behişde barar. Resul alaýhyssalam ýene aýtdy:

— Hiç zat Hudaýtagalanyň ýanynda gözüň ýaşyndan ýagşyrak bolmaz.

Hezreti Omar aýtdy:

Mömin bende ömründe bir mertebe bolsa hem Haktagaladan gorkup bir katra ýaş gözünden çykarsa, özüniň malyny sadaka berenden, ol ýaşyny ýagşy görýärin. Aglamak Haktagalanyň gorkunjyndan özge zat üçin bolsa, ol aglamak bilen ömrüni ötürse hem hemmesi şeýtanydyr. Ol bendäniň ömri müň ýyl bolsa hem beýle aglamakdan hiç peýda ýokdur.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Mylaýymlyk imanyň ýarydyr. Mylaýymlygyň nyşany ol bolar. Ol bende meger mesele üçin söz sözlese we halklara nesihat üçin söz sözlese, dünýä maslahatyndan söz sözlese, sözüni «söz» diýmeris.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Tagatlaryň ýagşysy söz sözlemezlikdir. Her kim bu iki dünýäde söz sözlemese ol bende eziz bolar.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Her kim bir ýere häzir bolsa, ýagşy söz sözlemek gerek. Eger ýagşy söz bilmese ündemezlik gerek. Ündemezlik emr magruf edeniň sogaby bilen barabardyr. Ündemezlik uly tagatdyr. Hiç kim bu tagadyň gadyryny bilip amal etmezler. Eger kişi bir tagata amal etse, iki dünýäniň patyşasy bolar. Adamlar bu tagatdan gapyldyr.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

Bir kişi geldi we aýtdy:

— Eý Resulalla, behişde barar ýaly bir wesýet ediň. Men aýtdym:

— Eý kişi, bilseň, mesele aýtgyl, Gurhan okagyl, eger bilmeseň sözlemegil.

Hezreti Süleýman alaýhyssalamyň wagtynda bir kişi bir toty tutupdyr. Ol toty hemişe sözlärdi. Bir gün bir topar totular geldi we aýtdylar:

— Seniň bu adama duçar bolmagyň köp sözlemegiňdendir. Eger sen «bu beladan halas bolaýyn» diýseň sözlemegil. Ondan soň ol toty sözlemedi. Bir gün eýesi ol totyny Süleýman pygambere alyp geldi we aýtdy:

— Eý Süleýman alaýhyssalam, bu toty hemişe sözlärdi. Näçe wagtdan bäri söz sözlemedi.

Süleýman alaýhyssalam aýtdy:

— Eý toty, sen näme üçin sözlemeýärsiň? Ol totularyň nesihat edenini arz etdi. Ondan soň hezreti Süleýman ol ýigide aýtdy:

— Eý ýigit, bu toty sözden galypdyr. Ol wagtda totynyň eýesi ony azat etdi. Her kim söz sözlemese iki dünýäniň belasyndan aman bolar. Janyň asan çykmaklygy, görüň ýagtylygy, giňligi, sowalyň ýeňilligi we amal depderiniň öň ýanyndan gelmekligi sekiz uçmahyň işiginiň açyklygy sözlemezlikdir

Resul alaýhyssalam aýtdy:

Mylaýym kişiniň dini kämildir.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

Kyýamat güni tereziniň sogap tarapyny daşdan agyr edip boljak zat mylaýymlykdyr.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

Mylaýymlyk günäni ýok eder.

Soltan Weýsel-Karan[1] her ýere barar bolsa, oglanlar onuň aýaklaryna daş bilen urardylar.

Ol aýdardy:

— Eý oglanlar, kiçijik daş bilen uruň, uly daş bilen ursaňyz aýagym synar. Haktagalanyň tagatyndan galaryn – diýerdi.

Şyh Magruf Kerhi (Alla ondan razy bolsun!) bir suw boýunda täret alyp gitdi. Biraz ýöränden son. Ol ýerde Gurhan bilen dony galandygy ýadyna düşdi. Şyh gaýdyp geldi. Eýse bir hatyn Gurhan bilen dony alyp barýar. Ol hatyna aýtdy:

— Ogluň barmy?

Ol:

— Ýok – diýip jogap berdi.

Ýene Şyh aýtdy:

— Äriň barmy?

Ol ýene:

— Ýok – diýdi.

Onda ol:

— Äriň we ogluň bolmasa, Gurhan bilen dony beriň – diýdi. Ol hatyn Gurhan bilen dony Şyhyň mylaýymlygynyň gaýdyp berdi.

Soltan Ybraýym bir gün sährada ýörerdi. Bir kişä ýolukdy.

Ol aýtdy:

— Eý soltan, heý abadan ýer barmy?

Soltan aýtdy:

— Görüstana bargyl.

Ol kişi aýtdy:

— Sen maňa görüstana bargyl diýip aýtdyň – diýip bir daş bilen urdy. Soltanyň başy ýaryldy. Ol daşy bir kişi görip aýtdy:

— Eý biedep, ol Soltan Ybraýymdyr. Onda ol kişi:

— Men bilmedim – diýip uzr etdi.

Soltan Ybraýym aýtdy:

— Men bagyşladym – diýdi we dagystana tarap gitdi.

 


[1]Weýsel-Karan. Onuň doly ady Uweýs ibn Amyr ibn Jeze ibn Mälim Karany. Bu meşhur arap sopusy 658-nji ýylda ölýär.