بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Käbir ulamalar aýdypdyr: «Ähli ybadat dört zatda jemlenendir: 1) beren sözüňde durmaklyk; 2) kanunlary goramakda; 3) ýakynlaryňy ýitireniňde sabyr etmekde; 4) bar zadyň bilen kanagat etmekde.

Başy » Kitaplar » AJAÝYPLYKLARYŇ DÜRI درّ العجائب » ALTMYŞ DÖRDÜNJI BAP ÄRINIŇ HAKYNYŇ HATYNYŇ BOÝNUNDA BOLAMAGYNYŇ BEÝANY

Abu Hüreýra (Alla ondan razy bolsun!) Resul alaýhyssalamdan rowaýat etdi.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

Hatyna «munda gel, meniň goýnumda ýatgyl» diýse, ol gelmese, äri gaharlansa, ol gaharlanany sebäpli, ýedi gat asman we ýedi gat ýeriň perişdeleri ol hatyna tä gelýänçä lagnat eder.

Resul alaýhyssalam aýtdy:

Her hatyn ärini razy etse, ol hatynyň behiştde jaýy bolar. Resul alaýhyssalam aýtdy:

Her hatyn gije-gündiz tagat etse, äri ondan razy bolmasa, behişt oňa haramdyr. Men onuň ýaly hatyna şepagat etmerin.

Her hatyn Hudaýtagala asy bolsa we ybadaty bolmasa ärini razy etse, onda oňa dowzah ody haramdyr. Ol behiştde uly mülke eýe bolar.

Ibn Abbas Resul alaýhyssalamdan wesýet etdi.

Bir hatyn geldi we aýtdy:

— Eý Resulalla, äriň hatynynyň boýnunda näçe haky bardyr?

Resul alaýhyssalam aýtdy:

— Her wagt äri söhbet eder bolsa, ol hatyn «nepil orazasynyň» wagty diýip hiç maýyl bolmasa näme etmeli?

Ibn Apbas aýtdy:

— Ärinden soraman hatyn nepil orazasyny tutsa, äriniň söhbetine maýyl bolmasa, hatyn men orazada diýse, şol sebäpli, äriniň köňli azar tapsa, Haktagala ol hatynyň nepil orazasyny kabul etmez.

Resul alaýhyssalamyň wagtlarynda bir hatyn dünýäden ötdi. Enesi we äri bar eken. Enesiniň düýşüne girdi. Enesi görse gyzy başdan-aýagyna köýüpdir. Agzyndan gan akyp dur. Iki goluny otdan ýüp bilen baglapdyrlar. Aýagyna otdan gandal salypdyrlar. Enesi aýtdy:

— Eý gyzym, bu ne haldyr?

Ol hatyn aýtdy:

— Eý ene, başymy köýdürmeginiň sebäbi, bu başymy nämähremden ýaşyrmadym. Ot golumy köýdüreniniň sebäbi ärimden rugsatsyz kişä zat berdim, iki aýagymy otdan bolan zynjyr bilen bende edileni ärimden soraman ol öýden çykdym. Eger hatyn ärinden emirsiz öýden çyksa, oňa äri razy bolmasa, bu hem ol duran hatyn dek bolar. Eý ene, bu iki ýylan göwsümden dişläp azap berýär. Ol ärimden rugsatsyz kişiniň perzendine süýt berenim üçin. Bu meniň agzymdan gan akmagy, men ärime köp ýaman sözler aýdardym. Maňa çäre tapmazdy we hemişe menden närazydy. Eý ene, indi ärimi razy etseň gowy bolar.

Resul Huda aýtdy:

— Haktagalanyň bir ady Rehimdir. Her kim rehim etmese, Allatagala ol bendä rehim etmez.

Olar aýtdy:

— Ýa Resulalla, onuň ýaly bolsa men razy boldum – diýdi.

Resul Huda ol äriň hatynyna köp dileg etdi. Ol gyzyň enesi öýüne geldi. Ol gije gyzyny düýşünde gördi, behiştde şat bolup ýör. Ol hatyn aýtdy:

—    Eý ene, ärim razy bolandan soň Haktagala meni behişde girizdi. Özge günälerimi geçdi. Haktagala saňa we ärime rehmet etgeý.

—    Ämin. Ýa repbil älemin!