Başy » Kitaplar » AJAÝYPLYKLARYŇ DÜRI درّ العجائب » AJAÝYPLYKLARYŇ DÜRI
Emma bilgil, eý, bendeleriň bagtlylary, bu kitap ygtybarly hadyslardan we sahabalaryň rowaýatlaryndan jem edilendir. Bu kitap ýoldan azanlara we bozuklara ýol görkezme bolsun, gapyllary hem habarsyzlary ondan oýandyrsyn we mömim bendeler ony dost tutsunlar diýlip ýazyldy.
Bu kitap altmyş ýedi bapdan ybarat bolup, oňa «Dürrül-ajaýyp» («A�aýyplyklaryň düri»)diýip at goýdular. Her kim bu kitaby okasa, ýa eşitse we ondaky zatlara şonuň ýaly edip halynyň ýetdigiçe amal etse, Hudaýtagala ondan razy bolar. Ol bende gör we dowzah azabyndan, Müňkür-Nekiriň sowalyndan we kyýamat gününiň gorkunçlygyndan sagat we aman bolar, bende Syrat köprüsinden ýyldyrym dek öter, dowzah azabyndan aman bolup, behişt jaýynda sag-salamat ýatar, «Näme üçin we näme sebäpden?» diýip bolmaýan Hudaýyň didaryny görmeklige miýesser bolup, Hudaýyň Resulynyň şepagaty oňa nesip eder. Her kişi muňa şek we şübhe getirse, kapyr bolar we dünýä hem ahyrýet belasyna duçar bolar (Hudaý ondan bizi aman saklasyn!).
Bu kitabyň baplary şulardyr:
Birinji bap: Dünýäni dost tutmaklygyň azabynyň beýany. Ikinji bap: Terkidünýäligiň we takwalygyň (dünýä höwes bildirmezligiň) beýany. Üçünji bap: Haktagalany ýatlamagyň beýany. Dördünji bap: Päk niýetiň beýany. Bäşinji bap: Ylym we ulamalaryň artykmaçlyklarynyň beýany. Altynjy bap: Bismillahi-r-rahmany-rahymyň sogaplarynyň beýany. Ýedinji bap: Ölümiň öň ýanyndaky janhowlunyň beýany. Sekizinji bap: Azabyň we jezanyň beýany. Dokuzynjy bap: Dowzahyň azaplarynyň beýany. Onunjy bap: Behiştleriň sogaplarynyň beýany. On birinji bap: Toba etmekligiň sogaplarynyň beýany. On ikinji bap: Ýagşy işleri ündemekligiň we ýaman işlerden saklanmagyň beýany. On üçünji bap: Ata-ene we perzent haklarynyň beýany. On dördünji bap: Dogan-garyndaş bilen gatnaşygyň beýany. On bäşinji bap: Şeraphoryň azabynyň we jezasynyň beýany. On altynjy bap: Gybat etmekligiň jezasynyň beýany. On ýedinji bap: Şugulçylyk etmegiň jezasynyň beýany. On sekizinji bap: Göz günäsiniň we gulak günäsiniň beýany. On dokuzynjy bap: Ulumsylygyň azabynyň we jezasynyň beýany. Ýigriminji bap: Goňşy hakynyň beýany. Ýigrimi birinji bap: Jynaza namazynyň sogaplarynyň beýany. Ýigrimi ikinji bap: Göripleriň jezasynyň beýany. Ýigrimi üçünji bap: Gahary ýuwutmagyň sogaplarynyň beýany. Ýigrimi dördünji bap: Hudaýtagalanyň rehmetinden umyt etmekligiň beýany. Ýigrimi bäşinji bap: Zyna etmekligiň jezasynyň beýany. Ýigrimi altynjy bap: Beçebazlygyň jezasynyň beýany. Ýigrimi ýedinji bap: Hatynlaryň teletinbazlyk etmeginiň jezasynyň beýany. Ýigrimi sekizinji bap: Pakyrlygyň (garyplygyň) beýany. Ýigrimi dokuzynjy bap: Şükür etmekligiň we sabyr etmekligiň beýany. Otuzynjy bap: Ýas tutmaklygyň beýany. Otuz birinji bap: Täretiň beýany. Otuz ikinji bap: Miswaky ulanmagyň sogaplarynyň beýany. Otuz üçünji bap: Azanyň sogaplarynyň beýany. Otuz dördünji bap: Juma namazynyň sogaplarynyň beýany. Otuz bäşinji bap: Jemagat bilen okalýan namazyň artykmaçlygynyň beýany. Otuz altynjy bap: Metjide yzzat we hormat etmekligiň beýany. Otuz ýedinji bap: Nepil namazynyň1 sogaplarynyň beýany. Otuz sekizinji bap: Bäş wagt namazyň sogaplarynyň beýany. Otuz dokuzynjy bap: Günä geçmekligi Taňrydan soramaklygyň sogaplarynyň beýany. Kyrkynjy bap: «Lä-ilähä illalla» diýip aýtmaklygyň sogaplarynyň beýany. Kyrk birinji bap: Salawatyň[1]sogaplarynyň beýany. Kyrk ikinji bap: Dileg etmekligiň sogaplarynyň beýany. Kyrk üçünji bap: Gurhan okamagyň sogaplarynyň beýany. Kyrk dördünji bap: Öýle namazynyň sogaplarynyň beýany. Kyrk bäşinji bap: Sadakanyň sogaplarynyň beýany. Kyrk altynjy bap: Gysgançlaryň azaplarynyň we sahylaryň sogaplarynyň beýany. Kyrk ýedinji bap: Halyflara[2]ýagşylyk etmekligiň sogaplarynyň beýany. Kyrk sekizinji bap: Parz we nepil orazalarynyň sogaplarynyň beýany. Kyrk dokuzynjy bap: Haç etmekligiň beýany. Ellinji bap: Mübärek wagtlaryň sogaplarynyň beýany. Elli birinji bap: Ýylyň başynda we soňunda namaz okamagyň we oraza tutmagynyň artykmaçlygynyň beýany. Elli ikinji bap: Aşyr aýynyň sogaplarynyň beýany. Elli üçünji bap: Rejep aýynyň sogaplarynyň beýany. Elli dördünji bap: Meret aýynyň sogaplarynyň beýany. Elli bäşinji bap: Oraza aýynyň sogaplarynyň beýany. Elli altynjy bap: Baýram aýynyň sogaplarynyň beýany. Elli ýedinji bap: Gurban aýynyň sogaplarynyň beýany. Elli sekizinji bap: Süýthorlaryň azabynyň beýany. Elli dokuzynjy bap: Zalymlaryň jezasynyň beýany. Altmyşynjy bap: Birehimlik edenleriň jezasynyň beýany. Altmyş birinji bap: Beýik sahabalaryň beýany. Altmyş ikinji bap: Nygmata şükür etmegiň beýany. Altmyş üçünji bap: Halymlygyň (mylaýymlygyň) beýany. Altmyş dördünji bap: Äriniň hakynyň hatynyň boýnunda bolmagynyň beýany. Altmyş bäşinji bap: Hatynyň hakynyň äriniň boýnunda bolmagynyň beýany. Altmyş altynjy bap: Iki ýagyny ýaraşdyrmagyň sogaplarynyň beýany. Altmyş ýedinji bap: Hudaýa bil baglamaklygyň beýany.
1Nepil - parz edilmedik we sogap üçin meýletin okalýan namaz.
[1]Salawat - Pygamber alaýhyssalama alkyş aýtmaklyk.
[2]Halyflar-ýagny yslam halyflygynyň hökümdarlary.