بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Käbir akyldarlar aýdypdyrlar: «Imanyň alamatlary dört zatdyr: 1) takwalyk; 2) sadalyk; 3) şükranalyk; 4) sabyrlylyk».

Başy » Kitaplar » Danalaryň kitaby » Birinji bap. Akylyň mertebesi hakynda.

Günleriň birinde Ibn Apbas Äşäniň (goý, Alla olaryň ikisinden hem razy bolsun!) ýanyna gelip:
— Eý, möminleriň enesi! Bir adam namazda köp sežde edip, rukugy az edýär. Ýene biri rukugda köp durup, seždäni az edýär. Olaryň haýsysy ýagşy adam? — diýip soraýar.
Äşe onuň bu soragyna jogap berip bilmän, Muhammet alaýhyssalamdan soramaly bolýar. Muhammet alaýhyssalam oňa:
— Eý, Äşe olaryň akyllysy ýagşy adamdyr — diýýär.
Onda Äşe:
— Eý, Allanyň resuly! Men olaryň ybadaty hakynda soraýaryn — diýende, Muhammet alaýhyssalam:
— Eý, Äşe! Akylly ynsan ybadatda-da, dünýewi işinde-de pany dünýede we ahyrýetde-de üstünlik gazanar — diýip jogap berýär.
 
* * *
Bir gezek Muhammet alaýhyssalam sahabalary bilen söhbet edip otyrka, olara: «Eý, musulmanlar! Kimdir birini dine çagyranyňyzda ilki bilen onuň akylyna ser salyň» diýýär.
 
* * *
Abu Hureýra Muhammet alaýhyssalamdan şeýle rowaýat edýär: «Bir gün Muhammet alaýhyssalam: «Allatagala ilki bilen galamy, ondan soň syýany ýaradyp: «Ýaz!» diýýär. Galam: «Näme ýazaýyn?!» diýip soraýar. Allatagala: «Öň näme bolanyny we kyýamat gününe çenli näme boljagyny ýaz!» diýýär. Soňra Allatagala Akyly ýaratdy we oňa: «Eý Akyl! Ýagşy gören adamlarymda seni zyýada ederin. Ýaman gören adamymda seni nogsan ederin» diýdi».
* * *
Ibn Apbas Muhammet alaýhyssalamdan şu hadysy rowaýat edýär: Muhammet alaýhyssalamdan şeýle gürrüň berýär: «Allatagala akyly ýaradyp: «Öwrül!» diýdi. Akyl Allanyň diýenini edip öwrüldi. Allatagala Akyla: «Maňa bak!» diýdi. Akyl Allatagala bakdy. Allatagala perişdelere seredip: «Meniň ýaradan zatlarymyň içinde iň haýyrlysy Akyldyr. Onuň bilen rysgal-döwlet gazanyp, şer işlerden goranyp bolýar» diýdi».
* * *
Wahp ibn Munabbih: «Allatagala pygamberlerine ýüzlenip: «Akylly mömin şeýtanyň iň ganym duşmanlarynyň biridir. Şeýtan ýüzlerçe nadanyň boýnuna münüp, jylawlap, islän tarapyna sürüp, islän işini etdirip ýörendir. Ol akylly mömini öz ýoluna salmak üçin näçe jan çekse-de, bar azaby biderek bolup, wagtyny ýitirer» diýýär.
 
* * *
Ýene-de ol: «Şeýtana akylly mömini öz ýoluna salandan beýik-beýik gaýaly daglaryň daşlaryny ýeke-ýekeden daşap, ol dagy başga ýere göçüreni asandyr» diýýär.
 
* * *
Ýene-de Wahp ibn Munabbih: «Eger mömin akylly bolsa şeýtana ony azdyrmak polady egreltmekden, beýik we agyr dagy götermekden hem müşgil bolar. Şeýtan ony azdyrmak üçin dürli pirimdir hilelere baş ursa-da, niýeti başa barmaz. Şeýtanyň ahyry lapy keç bolup: «Onuň öýi köýsün, ne ony mal-dünýä, ne-de aýşy-eşret gyzyklandyrýar. Men ony azdyrmak üçin bar güýç-kuwwatymy sarp edip, wagtymy biderek geçirdim» diýer we nadanlary azdyryp mömini ýoluna salyp bilmedik gaharyny olardan çykarar. Ol nadany eýerläp münüp, islän ugruna sürer, şer işlere baş urduryp, adamlaryň arasynda masgara eder. Şeýtana köňlünden jaý beren adam abraýdan düşüp, il arasynda ýüzigara bolar» diýýär.
 
* * *
Lukman hekim ogluny ýanyna çagyryp: «Eý, oglum! Allanyň kimligini bilgin we gudratyna ýagşy akyl ýetirgin! Akylly adamlar Alla ýakyndyr we onuň penakärligindedir. Şeýtan akylly adamlary azdyryp bilmän, mergiden gaçylşy kimin gaçar. Eý, oglum! Hergiz ýatda saklagyn, Allanyň ynsana peşgeş beren zatlarynyň iň gözeli we ajaýyby akyldyr» diýýär.
 
* * *
Mutryf: «Adama Alla tarapyn berlen imandan soň ýagşy zatlaryň ýene biri akyldyr» diýýär.
 
* * *
Muawyýa ibn Kurra: «Adamlar haja, umra gidip zyýarat edýärler. Namaz okap, oraza tutup, gylyç syryp, Watanyny gorap, haýyr işlere meşgul bolýarlar. Şu zatlaryň ählisine gönükdirýän bolsa akyldyr» diýýär.
 
* * *
Abu Zekeriýa: «Ynsan akylyna daýanyp eden işine görä jennetde lezzet alar» diýýär.
 
* * *
Muawyýa ibn Kurra: «Kyýamat güni ynsanyň günä-sogaby ölçenende, onuň akyly-da göz öňünde tutular» diýýär.