بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Hakykat ýoluny tutýan adamyň soňy, ahyreti gowudyr. Erbetlik, ýalňyşlyk ýoluny tutýan adam misli mergi keseli bilen keselän ýalydyr. Oňa şypa tapmak ýokdur

Başy » Kitaplar » Danalaryň kitaby » Ikinji bap. Akyl zynaty we onuň ýerleşýän ýeri hakynda.

Muhasyby: «Akyl nurdyr» diýse, başga bir topar: «Ol hakykaty aýan edýän güýçdir» diýdi. Ýene bir topar: «Akyl zerur bolan guraldyr. Akylyň kömegi bilen ol etmeli we etmesiz zatlary aýyl-saýyl edýändir» diýýär. Onda ýene bir topar: «Akyl bedendäki gymmatbaha göwherdir we ynsan keşbiniň aýnasydyr» diýýär. Azaby bolsa: «Akyl ynsana doglanda berlip, tejribe üsti bilen onuň üsti ýetirilýändir» diýýär.
 
* * *
Bilgin, akyl esasan dört zat üçin ynsana Alla tarapyn peşgeş edildi. Birinjiden, ynsan akyly bilen beýleki janly-jandarlardan tapawutlandyryldy. Ikinjiden, ol aklyna daýanyp, halal işleri edip, haram zatlardan saklanmalydyr. Üçünjiden, ynsan tejribesiniň üsti bilen aklyny zyýada edip, durmuşdaky säwliklerden aýlanyp geçmegi başarmagydyr. Dördünjiden, akyl aýşy-eşretiň we gyssanmaçlygyň ganym duşmanydyr. Aklyna daýanan ynsan masgaraçylykdan sap bolar. Akyldan ýüz öwren nadan, masgara bolup, il içinde abraýdan düşer.
 
* * *
Saglabyň aýtmagyna görä, «akyl» sözi «saklanmak», «durmak» ýaly manyny berýär. Arap dilinde «akalat naka» «Düýe ýöretmekden saklandy» diýlip terjime edilýär. Akyl ynsany pyssy-pyjurlyk etmekden saklaýar.
 
* * *
Rady ibn Zyýat akyl beýnide ýerleşýär diýse, Abu Hanypa we onuň ýaranlary akyl kalpda ýerleşýär diýýärler.
 
* * *
Şapygy hem akyl kalpda ýerleşýär diýýär we sözüni Allanyň kitaby Gurhanyň aýatlary bilen delillendirýär. Gurhanda: «Eger olaryň kalby bolsa, onda olar akyl ýetirerdiler» diýilýär.
Şeýlelikde akyl kalpda ýa-da beýnide ýerleşse-de, akyl ynsany haýwandan tapawutlandyrýan esasy häsiýetdir.