بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Meniň size bäş sany weset galdyrasym gelýär. Șolary ýerine ýetiren kişi ýagşyzadalaryň hataryna goşulyp biler. Birinjiden hiç biriňiz Alladan başgadan dileg etmäň, tamakin hem bolmaň! Ikinjiden Alladan çe¬kinmän günä iş etmekden gorkuň! Üçünjiden nämedir bir zat hakynda soralanda, bilmeseňiz, «bilemok» diýmäge utanmaň! Dördünjiden bilmeýän zadyňyzy başga birine öwretjek bolmaň! Bäşinjiden sabyr-takatly boluň! Başsyz göwräniň bolmaýşy ýaly, sabyrsyz-takatsyz hem iman bolmaz. Başsyz göwreden bolsa hiç hili haýyr ýokdur.

Başy » Kitaplar » Danalaryň kitaby » Üçünji bap. Akyl, zehin we parasatlylygyň beýany hakynda.

Zehiniň ýitiligi akylyň, ruhuň kuwwatlylygydyr. Zehiniň ýitiligi garaýyşlaryň giňelmegine mümkinçilik döreder. Pähim we zehin islendik kyn ýagdaýdan tiz baş alyp çykmaga ýardam berer. Ynsan sözlände onuň zehininiň we pähiminiň näderejedigi mälim bolýar. Zehin bilen pähim aýrylmaz baglanyşyklydyr. Dilde pähim diýip gutaran işe aýdylýar. Käbirleri akyly ýaş bilen baglanyşdyrýarlar. Oňa kämillik akyly diýýärler. Akyly ýanyp duran köze deňeýärler. Arap dilinde «zeki» («akyl») sözi köp sözlemlerde artyklyk derejesini aňladýar.
Araplaryň «müşk akylynda» diýmegi müşkiň örän ýagşy ysly bolandygyny aňladýar. «Pylanynyň aty akyllydy» diýende, olar atyň kuwwatlylygyny göz öňünde tutýarlar.
Jelil şeýle diýýär:
Müşkdir anbardyr akyl lezzeti,
Akyl eýeleri ― görmez ezýeti.
 
Akyl ýürekleriň okdyr peýkamy,
Akyl-paýhas zynatlaýar ynsany.
 
* * *
Ynsany kynçylykdan alyp çykjak we bela-beterden başyny gutarjak akyldyr.
 
* * *
Zuheýir: «Akyl ynsanyň ýaşynyň kämilleşmegi bilen gelýär» diýýär we şu aşakdaky beýti aýdýar:
 
Akyl Zyýat bolar edilse yhlas,
Gojalan ynsanda köpelýändir has.
 
Başga bir şahyr:
 
Geýinipdir gymmatbaha lybasy,
Haýran etdi meni müşküniň ysy
 
— diýýär. Şahyr bu ýerde «müşk» diýip onuň aklyny göz öňünde tutýar.