بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Pygamber alaýhyssalam: «Yslam päklik esasynda bina bolan zatdyr» diýdi

Başy » Kitaplar » Danalaryň kitaby » Dördünji bap. Ynsanda akylyň bardygyna delalat edýän zatlar hakynda.

Akyllynyň akyllydygyny bilmegiň iki ýoly bardyr. Onuň aklyny bedeniniň gurluşyndan we edýän hereketidir gep urşundan bilip bolýar. Akyllylaryň aýtmagyna görä, sagat etli-ganly beden ol ynsanyň akylly we pähimlidigine delalat edýär.
 
* * *
Adamyň boýnunyň ýogynlygy onuň beýnisiniň uludygyna we akylynyň köpdügine delalat edýär.
 
* * *
Eger kimdir biriniň gözleri çalt-çalt iki tarapa oýnap duran bolsa, ol adam baryp ýatan mekirdir ýa-da kezzap ogrudyr.
 
* * *
Eger kimdir biriniň gözi gök bolsa, onda ol adamdan daşda duruň. Beýle ynsanlardan gowulykdan başga zat çykar.
 
* * *
Eger kimdir biriniň gözleri kiçi we içiňden geçip barýan bolsa, onda ol adam mekir we içigaradyr.
 
* * *
Eger kimdir biriniň ýüzi hordan inçe bolsa, onda ol adam töhmetçidir.
 
* * *
Eger kimdir biriniň boýy uzyn bolsa, onda ol adamyň akyly nakysdyr.
 
* * *
Ajlan şeýle wakany gürrüň berýär:
Bir gezek maňa Zyýat:
Men oňa:
— Eý Zyýat men onuň akyllydygyny nädip bileýin?! — diýeninde, ol:
— Katdy-kamaty we gepi-sözi ýerbe-ýer ynsanyň akyly hem ýerindedir — diýdi.
Men Zyýadyň aýdyşy ýaly katdy-kamatly, owadan ýüzli we süýji dilli adamy tapyp getirdim. Zyýat oňa:
Onda ol adam:
— Men peşewimi saklap bilemok. Peşewisini saklap bilmeýän adam maslahat berip bilmez — diýdi.
Zyýat oňa:
— Bar aýakýoluna git we täret alyp meniň ýanyma gel — diýdi.
Ol adam aýakýoluna çykyp, täret alyp, Zyýadyň ýanyna geldi. Zyýat ondan ýene-de maslahat soramakçydygyny aýdanda, ol:
— Men aç, heý aç adamyň hem maslahat berer ýaly pikiri bolarmy? — diýdi.
Zyýat maňa ol adamyň garnyny doýurmagy emr etdi. Men ol adamy doýrup, Zyýadyň ýanyna getirenimde, ol adam Zyýada:
— Indi näme maslahatyň bolsa aýdyber — diýdi.
Zyýat ondan birnäçe zat soranda, ol soraglaryň birnäçesine jogap berse-de, birnäçesini jogapsyz galdyrýardy. Ol adam gidenden soň, men Zyýada şeýle diýdim:
— Sen şeýle sypatly adamlar akylly bolýar diýýärdiň welin, men-ä ýaňky adamda üýtgeşik akyl görmedim.
Onda Zyýat:
— Eý, Ajlan! Biz bir hajatymyzy ýerine ýetirýänçäk, ol iki hajatyny ýerine ýetirdi ahyryn. Şondan soň hem oňa akmak diýip bolarmy!? — diýdi.
 
* * *
Ýusup ibn Hüseýin: «Eger kimdir birinde bäş zat, ýagny adyllyk, pespällik, danalyk, Alla ýeke-täkligine uýmak, perzende ýagşy terbiýe bermek ýaly häsiýetler jemlense, ol adamyň iki dünýäsi hem abat bolar» diýýär.
 
* * *
Ynsanyň akylyny we pähimini bildirýän zat onuň özüni alyp baryşy we edýän gürrüňidir. Adamyň zerur wagty dymmagy, gözüni erbet zatlara seretmekden saklamagy, aýşy-eşrete bolan höwesini basyp-ýatyryp bilmegi, her bir hereketde akybeti hakynda oýlanmagy onuň akyllydygyna delalat edýär.
 
* * *
Akyl lezzeti ― gymmatbaha lybaslar geýip, ajaýyp tagamlary iýmek lezzetinden hem lezzetlidir.
 
* * *
Abu Derda: «Akylly adam gürlände ondan bägüliň hoşboý ysy kimin ys ýaýrar, onuň diliniň süýjüligi bolsa adamlary özüne maýyl eder. Ula sarpa goýup, kiçini hormatlar we onuň ähli amallarynda Allanyň beýikligini görmek bolar. Olar özleriniň daş-töweregine görelde görkezip, ýakyndakylaryň imanyny baýlaşdyrarlar» diýýär.
 
* * *
Muhatap: «Akyl sözi, ýagny gürlemegi azaldar. Eger ynsan köp gürläp başlasa, onuň akyly kemeler» diýýär.
 
* * *
Lukman hekim ogluna: «Eý, oglum! Hergiz adamlaryň ynamyndan gaçmagyn. Ynamdan gaçan we dogry ýoly ýitiren hiç wagt ýagşyzada adamlaryň hatarynda görülmez. Haýyr-yhsan üçin mal-dünýäsini sarp etmegi başaran uly abraý we sogap gazanar. Ol ynsanlar hiç haçan Hakyň we halkyň gözünden düşmez. Özündäki ujypsyzja zady kesekä dözüp bilen şa ol zadyň has köp gaýdyp gelmegini gazanar. Özüňe islemeýän şer işiňi kesekä-de isleme. Sebäbi seniň ýamanlygyňy ol adam bilmese-de, Alla bilýändir. Abraý gazanmagyň örän köp ýoly bardyr. Emma olaryň ählisi hem diňe akyl bilen gazanylýandyr. Şonuň üçin ilki akylyňy kämilleşdir. Akyl kämilleşende abraýyň özi seniň üstüňe döküler» diýýär.
 
* * *
Lukman hekim ogluna: «Eý, oglum! Ähli ýagşy zatlaryň gözbaşy akyldan gaýdar. Meni gulçulykdan azat eden we şu derejä ýetiren akyldyr» diýýär.