بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Abdulla bin al-Mubarak rahmetullah aýdypdyr: «Kim her gün 12 rekat sünnet namazyny okaýan bolsa, ol namazyň parzlaryny bitirýändir. Kim her aýda üç gün (13, 14, 15 musulman aý kalendaryna laýyklykda) agyz bekleýän bolsa, ol orazanyň parzyny bitirýändir. Kim her gün Kurandan ýüz aýat okaýan bolsa, Kuran okamaklygyň parzyny bitirýändir. Kim her juma güni bir dirhem (ownuk kümüş teňňe) sadaka berse, ol sadakaň parzyny bitirenýändir».

Başy » Kitaplar » Danalaryň kitaby » Bäşinji bap. Öň ýaşap geçen pygamberleriň danalygy hakynda.

Ybraýym alaýhyssalam ogly Ysmaýylyň öýlenendigini eşidip, ondan habar almagy ýüregine düwüp, ýola çykýar. Ol Ysmaýylyň öýüne gelende gelni onuň öýünden çykyp, Ysmaýylyň öýde ýokdugyny habar berip, gaýynatasyny öýe çagyrmaýar. Ybraýym gelninden ýaşaýyşlary hakynda soranda, ol durmuşdan we adamsyndan nalapdyr. Ybraýym alaýhyssalam gitjek wagty gelnine:
— Adamyň gelse menden salam aýt we kakaň «gapyň» bosagasyny çalyşsyn diýdi diýgin — diýip, öýüne gaýdýar.
Ysmaýyl gelende gelni oňa Ybraýym alaýhyssalamyň sözlerini ýetirýär. Ysmaýyl kakasynyň näme diýmekçi bolandygyna düşünip, gelnini öýüne gaýtarýar we başga bir akylly gyza öýlenýär.
 
* * *
 
Bir ýaş gelin bilen bir aýal çagalaryny alyp, derýanyň kenaryna kir ýuwmaga çykypdyrlar. Olar kir ýuwup oturan mahaly bir ýerden möjek gelip, otlukda ýatan bäbekleriň birini alyp gidiberýär. Aýallar bäbegiň kimiňkidigi hakynda dawa edip başlaýarlar. Olar çagany alyp, Süleýman alaýhyssalamyň ýanyna gelýärler. Süleýman alaýhyssalam hyzmatkärleriniň birine gylyç getirmegi emr edýär. Ýaş gelin Süleýman alaýhyssalamdan:
— Sen näme etmekçi bolýaň? — diýip soranda, Süleýman alaýhyssalam:
— Men çagany ikä bölüp, her haýsyňyza bir bölegini bermekçi — diýýär.
Onda ýaş gelin Süleýman alaýhyssalamyň gylyçly goluna asylyp:
— Degme, balam kimiň ýanynda ýaşasa-da, bu dünýäde diri gezip ýörse bolýar — diýip, aglap başlaýar.
Süleýman alaýhyssalam uly aýalyň biperwaý durandygyny görüp ýaş gelne:
— Çaga seniňki, diňe çaganyň enesi bagryndan önen perzendi üçin göz ýaş döküp aglap biler — diýýär.
 
* * *
Bir adam Süleýman alaýhyssalamyň ýanyna gelip, goňşularyndan biriniň towuklaryny ogurlaýandygyny, emma ogrynyň kimdigini bilip bilmeýändigini aýdýar. Süleýman alaýhyssalam ogryny tapyp, oňa çäre görjekdigini aýdyp, ol adamy köşeşdirip, öýüne gaýtarýar. Soňra Süleýman alaýhyssalam metjide baryp, hutba[1] edende: «Käbir adamlar goňşusynyň towugyny ogurlap, kellesine ýelmeşen ýelegi aýyrman metjide gelýär» diýýär. Şol wagt metjitde oturan adamlaryň biri saçyny kakyşdyrmaga başlaýar. Süleýman alaýhyssalam ol adamy görkezip: «Ony tutuň, ol adam goňşusynyň towugyny ogurlapdyr» diýýär.
 
* * *
Bir gezek Süleýman alaýhyssalam şäherde aýlanyp ýörkä, bir aýalyň ogluna «Eý, Dinsiz» diýip ýüzlenýändigini eşidip, haýran galýar. Ol köşgüne gaýdyp gelenden soň hem ynjalyp bilmän ýaňky aýaly getirmegi emr edýär. Ol aýal gelende Süleýman alaýhyssalam:
— Näme üçin ogluňa Dinsiz diýip at berdiň? — diýip soraýar.
Onda ol aýal:
— Meniň ýan-ýoldaşyň täjirdi. Ol özüniň ýakyn dostuny söwdada şärik edip aldy. Ol soňky gezek söwda gidende keseki ýurtlaryň birinde wepat boldy. Ol söwda gidende men hamyladym. Adamym ölmezinden öň dostuna ogly bolsa adyna Dinsiz goýmagy wesýet edipdir — diýýär.
Süleýman alaýhyssalam köp pikir etmezden wepat bolan söwdagäriň şärigini getirdýär. Ol adam gelenden Süleýman alaýhyssalam oňa dostuny öldürendigini aýdyp ony tussag etdirýär. Ol adam hemme zady boýun alýar. Söwdagäriň aýaly nämäniň-nämedigine düşünmän gözlerini elek-çelek edip durýar. Süleýman alaýhyssalam ol aýala:
― Seniň adamyň ol ady ogluňa dakmak üçin däl-de, dostunyň hyýanatyny aýan etmek üçin aýtdy. Şonuň üçin ogluňa başga at goý — diýip, maslahat berýär.
Süleýman alaýhyssalam tussag edilen täjiriň ähli mal-mülküni wepat bolan täjiriň maşgalasyna berýär.
 
* * *
Bir gezek Iblis[2] (goý, Alla oňa lagnat etsin!) Isa alaýhyssalamyň ýanyna gelip:
— Eý, Isa, Alla näme ýazgydyňa ýazan bolsa şol bolýar gerek — diýýär.
Isa alaýhyssalam:
— Elbetde — diýip jogap berýär.
Onda Iblis oňa:
— Şu dagdan bök, eger Alla ýazgydyňa ölüm ýazmadyk bolsa ölmersiň — diýýär.
Isa alaýhyssalam Iblise:
— Eý, lagnat siňen şeýtan! Allatagala bendelerini synap bilýändir, emma bendesi Allatagalany synap bilýän däldir — diýýär.
 

[1] Hutba — wagyz-nesihat.
[2] Iblis – Şeýtanyň bir ady.