بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Utanç donuny geýen adamyň hiç haçan aýby görünmez.

Başy » Kitaplar » Danalaryň kitaby » Altynjy bap. Öň ýaşap geçen ata-babalarymyzyň danalygy hakynda

Lukman hekim gara gul hem bolsa Allatagala oňa danalyk bagyş eýledi. Beni Ysraýyldan bir täjir Lukmany otuz mysgal dirheme satyn alypdy. Lukman hekim hojaýynyna päk ýürekden hyzmat edýärdi. Lukmanyň hojaýyny humar oýnamagy halardy. Günlerde bir gün Lukman hekimiň hojaýyny başga bir täjir bilen humar oýnap otyrka, ol täjir Lukman hekimiň hojaýynyna:
— Humary ýöne oýnamaly, gel, şert goýup oýnaly — diýýär.
Lukman hekimiň hojaýyny:
— Nämä şert edeli? — diýende, ol täjir:
— Seniň öýüň ýanynda derýa akyp ýatyr. Kim ýeňilse, goý, şol derýanyň suwuny içsin — diýýär.
Lukman hekimiň hojaýyny bu şerte razy bolup, humar oýnamaga başlaýar. Ol täjir humar oýnamaga örän ezber bolandygy üçin derrew Lukman hekimiň hojaýynyny utýar we derýanyň suwuny içmegini talap edýär. Lukman hekim hojaýyny bu şerti ýerine ýetirip bilmejegini bilip, oňa derek başga şert goýmagy teklip edýär. Onda ol Lukman hekimiň hojaýynyndan iki gözüni oýmagy we ähli mal-mülküni özüne bermegini soraýar. Lukman hekimiň hojaýyny ol adamdan pikir etmek üçin bir gün puryja alýar. Lukman hekim hojaýynyna nahar getirende onuň halynyň perişan bolup, gaýgy-gama batyp oturandygyny görüp, ondan näme bolýandygyny soraýar. Hojaýyn sesini çykarmaýar. Lukman hekim biraz wagtdan ýene-de gelip hojaýynyň halyny soraýar. Ol ýene-de sesini çykarmaýar. Lukman hekim üçünji gezek hem gelip hojaýynyndan oňa näme bolýandygyny sorap:
— Eý hojaýyn! Saňa näme bolýar?! Belki, meniň kömegim deger — diýenden soň, hojaýyny ol başyndan geçiren wakasyny beýan edýär.
Lukman hekim az-kem oýlanyp:
— Hojaýyn ertir ol täjir gelip haýsy şertini saýlaýarsyň diýende, sen birinji şertini saýla. Ondan: «Derýanyň iki kenarynyň aralygyndaky suwy içeýinmi ýa-da derýanyň suwuny uzynlygyna içeýinmi» diýip soragyn. Ol saňa: «Elbetde iki kenarynyň aralygyndaky suwy iç» diýer. Onda sen: «Beýle bolsa derýanyň uzynlygyna göterip suwy maňa tarap akdyr» diýgin — diýip, maslahat berýär.
Hojaýyn Lukman hekimiň bu maslahatyndan soň özüni rahat duýup, naharyny iýip, arkaýyn ýatypdyr. Ertesi irden humarda utan täjir Lukman hekimiň hojaýynynyň ýanyna gelip:
Lukman hekimiň hojaýyny:
— Men seniň birinji şertiňi ýerine ýetirmekçi. Emma men derýanyň iki kenarynyň aralygyndaky suwy içeýinmi ýa-da uzynlygyndakyny? — diýip soraýar.
Ol täjir:
— Elbetde derýanyň iki kenarynyň arasyndaky suwy içmeli bolarsyň — diýýär.
Onda Lukman hekim hojaýyny derýanyň kenaryna baryp:
— Derýanyň akabasyna baryp, suwy maňa baka akdyr. Men hem derýanyň iki kenaryndan gelýän suwy içeýin — diýýär.
Ol täjir:
— Men neneň edip derýanyň akabasyn saňa tarap akdyraýyn? — diýende, Lukman hekimiň hojaýyny:
— Sen ony gujagyňa alyp göterersiň welin, suw maňa tarap akar gaýdar — diýýär.
Humarda utan täjir piriminiň başa barmandygyny aňyp, öýüne gaýdýar. Lukman hekimiň hojaýyny galan ömründe humar oýnamajakdygyna ant içip, Lukman hekimi gulçulykdan azat edýär.
 
* * *
Lukman hekim ogluna: «Eý oglum! Eger dost tutunmakçy bolsaň, ilki bilen dost tutunmak isleýän adamyň gaharyny getirip görgün. Eger ol gaharyny ýuwdup, şeýtana özüni oýnatmasa, onda wagt ýitirmän ol adamy özüňe dost tutungyn» diýip, wesýet edýär.