بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Muhammed bin Ahmed rahmetullah Gudraty güýçli Beýik Allahyň Kuranynyň «Al-Imran» süresiniň, «Ol çenini bilýän jenap, dana pygamber, takwalaryňda biri bolar» diýen 39-njy aýatyny tefsirläp, aýdypdyr: «Beýik Allah Ýahýany (a.s) jenap diýip atlandyrdy, ýogsam ol Onuň bendesidi, sebäbi Ýahýa (a.s.) dört sany zatdan üstün çykýardy: 1) öz şöwketinden; 2) şeýtandan; 3) öz dilinden; 4) gaharyndan».

Başy » Kitaplar » Danalaryň kitaby » Ýedinji bap. Muhammet alaýhyssalamyň danalygy hakynda.

Muhammet alaýhyssalam özüniň akyly we zehini bilen iň soňky pygamber iberilip, süýji dili we pähim-paýhasy bilen köp ynsanlary ýaragsyz öz tarapyna çekmegi başardy. Musulmanlar Bedr söweşine çykanlarynda, olara Muhammet alaýhyssalamyň özi serkerdelik etdi. Musulmanlar Mekgeden gelen iki kuraýyşlyny ýesir tutdylar. Olaryň biri Akaba ibn Muytyň hyzmatkäridi. Musulmanlar olary sorag edip gördüler welin kuraýyşlaryň biriniň gürlemäge mejaly ýokdy. Onsoň olar ikinji kuraýyşly, ýagny Akaba ibn Muytynyň hyzmatkärini sorag edip, ondan kuraýyşlylaryň sanyny soradylar. Ol her gezek: «Alladan ant içýärin, olaryň sany örän köp» diýip gaýtalap durupdyr. Musulmanlar ony ursalar-da şol bir diýenini gaýtalap durupdyr. Musulmanlar näme etjeklerini bilmänden soň, bu barada Muhammet alaýhyssalama baryp habar edipdirler. Muhammet alaýhyssalam ol hyzmatkäriň ýanyna baryp:
— Kuraýyşlylaryň sany näçe — diýip soranda, ol ýene-de:
— Alladan ant içýärin, olaryň sany örän köp — diýip, ýene öňki diýenini gaýtalaýar.
Onda Muhammet alaýhyssalam:
— Günde näçe mal öldürýärler — diýip soraýar.
Hyzmatkär:
— Her gün on sany uly mal öldürýärler — diýýär.
 Muhammet alaýhyssalam:
— Her uly mal ýüz adama huruş bolýan bolsa, onda kuraýyşlylaryň sany müň adam bolmaly— diýýär.
Hakykatdan hem olaryň sany müň adamdy.
 
* * *
Bir adam Muhammet alaýhyssalamyň ýanyna gelip:
— Eý, Resulalla! Meniň bir goňşym bar welin ondan ýaňa maňa gün ýok. Günüň güni maňa azar berip, rahat ýaşamaga goýanok — diýýär.
Onda Muhammet alaýhyssalam:
— Indi goňşyň azar berse öýündäki goş-golamyňy köçä çykaryp, bu ýerden göçmekçidigiňi aýt — diýýär.
Ol adam öýüne barýar welin, goňşysy ýene-de azar berip başlaýar. Muhammet alaýhyssalama şikaýat eden adam ähli öý goşlaryny köçä çykaryp geçip barýanlara göçmekçidigini aýdýar. Oňa ezýet beren adam özüniň abraýdan düşjekdigine göz ýetirip, ylgap köçä çykýar we goňşusyna galan ömründe gaty-gaýrym söz aýtmajakdygyna kasam edýär. Ol goňşusynyň haýyş etmegi bilen öýüne girýär we galan ömründe ol goňşusyndan ezýet görmeýär.
 
* * *
Iki adam Hüzeýfanyň (goý, Alla ondan razy bolsun!) ýanyna gelip:
— Eý Hüzeýfa! Biziň saňa gözümiz gidýär. Saňa Muhammet alaýhyssalamy görüp, onuň bilen gürrüňdeş bolup, bile mejlislerde ýoldaş bolmak miýesser etdi — diýdiler.
Onda Huzeýfa:
— Alladan ant içýärin, meniň siziň imanyňyza gözüm gidişi kimin hiç zada-da gözüm gidenok. Sebäbi siz Muhammet alaýhyssalamy görmän, onuň dinine iman getirdiňiz. Eger siz ony görüp, gürrüňdeş bolup, iman getiren bolsaňyz, onda siziň imanyňyz pygamberleriň imanyna deň bolardy — diýýär.
 
* * *
Huzeýfa:
— Hendek söweşinde Abu Sufýanyň baştutanlygyndaky kuraýyşlylar al-Ursa diýen ýere gelip çadyr dikindiler. Musulmanlar hem olardan daş bolmadyk ýerde çadyr dikipdiler. Şol gije ýagyş ýagyp örän sowukdy we tümlüge bürenipdi. Muhammet alaýhyssalam biziň ählimizi bir ýere jemläp: «Kimde kim duşmanyň goşunynyň arasyna gidip, olaryň hal-ýagdaýyny bilip gelse jaýy jennet bolar» diýdi. Emma hiç kim ýerinden gozganmady. Muhammet alaýhyssalam: «Kimde kim duşmanyň goşunynyň kuwwatyny bilip gelse Allatagala ony jennetde Ybraýym alaýhyssalamyň ýoldaşy eder» diýdi. Ýene-de hiç kim ýerinden gozganmady. Onda Muhammet alaýhyssalam: «Kimde kim duşmanyň arasyna gidip, olaryň ýagdaýyny bilip gelse Allatagala jennetde ony meniň ýoldaşym eder» diýdi. Alladan ant içýärin ýene-d bizden gozganan bolmady. Abu Bekr Syddyk Muhammet alaýhyssalama:
— Eý, Resulalla, ol ýere Huzeýfany ýollaly. Bu işi oňarjak diňe şoldyr — diýdi.
Muhammet alaýhyssalam maňa:
Muhammet alaýhyssalam maňa:
— Eý Huzeýfa men seni duşmanlaryň içine goýbersem neneň görýäň — diýende, men:
Muhammet alaýhyssalam:
— Sen hiç haçan ýesir düşmersiň — diýdi.
Men:
— Eý Allanyň resuly men seniň emriňe taýýardyryn — diýdim.
Onda Muhammet alaýhyssalam:
— Sen kuraýyşlylaryň arka tarapyndan baryp, olaryň arasyna goşul we içiňden: «Eý kuraýyşlylar, sizde ne serkerde ne-de baş bar. Siz bu ýerde ýeňiş gazanmakçy bolarsyňyz, emma öz niýetiňiz öz başyňyzdan iner» diýip gaýtalaber — diýdi.
Men gijäniň tümlüginde kuraýyşlylaryň arka tarapyna geçip, olaryň arasyna goşuldym we Muhammet alaýhyssalam öwreden sözlerini gaýtalamaga başladym. Köp wagt geçmän Abu Sufýan çadyryndan çykyp biziň oduň başyna geldi. Ol Lat we Uzza mynajat edip:
— Her kim ýanyndaka esewan etsin. Meniň göwnüme biziň aramyzda olardan biri bar ýaly — diýdi.
Meniň ýanymdaky maňa seredenden men onuň elinden tutup:
— Sen kim — diýip soradym.
Ol:
— Men pylanyň ogly pylan — diýip, elini çekip alyp öz işi bilen boluberdi.
Daň atandan kuraýyşlylar Allatagalanyň olaryň kalbyna dowul salmagy bilen goş-golamlarynam doly ýygnaman, yzlaryna dolanmak bilen boldylar. Abu Sufýan düýesine münüp, olardan has öňe saýlanypdy. Men ol ýerde ýeke galanymdan soň özümiňkileriň arasyna bardym we bolup geçen wakalary Muhammet alaýhyssalama gürrüň berenimde, ol gülüp:
— Eý Huzeýfa, bu mujyzalaryň başlangyjydyr — diýdi.