بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

«Kyýamat güni alymlaryň ýazan syýasy şehitleriň gany bilen deň ölçeler»

Başy » Kitaplar » Danalaryň kitaby » Sekizinji bap. Muhammet alaýhyssalamyň egindeşleriniň danalygy hakynda.­

Abu Bekr Syddyk söwdagär we köp ýurtlara syýahat edendigi sebäpli ähli ýollara beletdi. Muhammet alaýhyssalam Mekgeden Medinä hijret edende, Abu Bekr Syddygy ýanyna alypdy. Abu Bekr Syddyk Muhammet alaýhyssalamy düýä mündürip, özi pyýada düýäni idip, gidip barýarka, onuň öňünden çykan tanyşlary:
— Eý Abu Bekr düýäniň üstündäki kim? — diýip soranlarynda, ol:
— Bu adam meniň ýol görkezijim — diýip jogap berer eken.
 
* * *
Omar ibn Hattap nirädir bir ýere sapara gitse dost-ýarlaryna sowgat alyp geler eken. Ol bu gezek sapardan gelende dostlaryna don getirýär. Öýüne gelende sowgat üçin getiren donlaryny açyp görende, donlaryň birinde ýyrtyk bardygyny bilýar. Ol: «Eger men bu dony birine sowgat bersem öýkelär. Men muny näme etsemkäm?» diýip pikir edýär. Soňra ol aýyply dony bir ýanynda goýup, galan donlary bolsa öňünde goýýar. Şol wagt onuň ýanyna Zübeýr ibn Awwam gelýär. Omar ibn Hattabyň gylyk-häsiýetine belet bolan Zübeýr onuň öňünde duran donuň sowgat bermek üçin niýetlenendigine göz ýetirýär. Ol Omaryň sag gapdalynda bir donuň aýratyn durandygyny görüp:
Omar oňa:
— Bu dony sen halamarsyň. Gowusy sen, ynha, şu donlaryň birini saýlagyn — diýip, öňünde duran donlary yşarat edýar.
Emma Zübeýr gapdalda duran don has gowudyr öýdüp, ýene-de şol dony bermegini soraýar. Omar:
— Alladan ant içýärin, bu don seniň göwnüňe ýaramaz — diýýär.
Zübeý ýene-de şol donuň özüne berilmegini soraýar. Omar oňa:
— Sen bu dony almaga razy bolmarsyň — diýende, Zübeýr:
— Alladan ant içýärin, men şu dony almaga razy — diýýär.
Omar gapdalda duran dony Zübeýre berýar. Zübeýr dony alyp, onda aýyp bardygyny görýär we dony yzyna gaýtaryp, başgasyny almak isleýär. Omar oňa:
— Men senden dony yzyna alsam, sen içen antyň üçin jeza[1] çekmeli bolarsyň — diýýär.
Zübeýr ýyrtyk dony almaga razy bolýar.
 
* * *
Omar ibn Hattap degişmegi gowy görer eken. Günleriň bir güni Omar adamlary daşyna üýşürip otyrka, köçeden bir nätanyş adamyň geçip barýandygyny görüp ýanyndakylara:
— Bu adam meniň düýşüme girip: «Sen halypa bolarsyň» diýipdi — diýip, gürrüň berýär.
Omar ibn Hattabyň ýanyndaky adamlar ol nätanyşy ýanlaryna çagyryp:
— Sen öňdengörüjilik bilen onuň halypa boljagyny aýdypmydyň? — diýip soranlarynda, ol adam gaýşarylyp:
—Elbetde — diýip jogap berýär.
 
* * *
Omar ibn Hattap örän akylly we ýerlikli sözlemäni başarýan adam eken. Bir gezek ol gijäniň tümlüginde şähere aýlanmaga çykanda, bir depäniň üstünde birnäçe adamyň ot ýakyp, oduň daşyna üýşüp oturandygyny görüp: «Eý, ýagtylygyň daşyna ýygnananlar» diýip ýüzlenýär[2].
 
* * *
Bir adam Hezreti Alynyň ýanyna gelip:
— Men seniň pikir edişiňden beýikdirin. Ikimiziň derejämiz hergiz deň bolup bilmez — diýýär.
Hezreti Aly:
— Bu sözleri Allatagala aýtsa dogry bolardy. Ynsanlardan bu sözleri diňe akyly ýerinde bolmadyk adam aýdyp biler — diýýär.
 
* * *
 Iki sany adam bir gelniň ýanyna gelip, oňa ýüz dinar goýýarlar we: «Diňe biziň ikimiz gelsek pullary bergin» diýip, sargap sapara gidýärler. Birnäçe wagt geçensoň olaryň biri gelniň ýanyna gelip:
— Meniň dostum saparda amanadyny tabşyrdy. Indi sen puly maňa ber — diýýär.
Onda ol gelin:
— Siz «Biz diňe ikimiz gelende puly ber. Ýeke-ýekeden gelsek berme» diýdiňiz ahyryn, men nädip size puly bereýin — diýýär.
Ol adam sesinde baryny edip gygyryp, şerraýlyk edip, ol gelniň goňşy-golamyny üýşürýär we özüniň bu gelinde goýan puluny alyp bilmeýändigini aýdýar. Olaryň barysy ol gelne bu mysapyryň pulyny bermegini töwella edýärler. Gelin olaryň sözüne gulak asyp, ol adamyň puluny berýär. Iküç gün geçenden soň pul alyp gideniň dosty gelip, ol gelinden ýüz dinary soraýar. Gelin oňa:
— Dostuň gelip seniň wepat bolandygyňy aýtdy we puly alyp gitdi — diýýär.
Onda ol adam hem uly sesi bilen gygyryp, şerraýlyk edip geline:
— Biz «Ýeke-ýekeden gelsek puly bermeli däl» diýip şert edipdik ahyry. Sen näme üçin puly onuň ýeke özi gelende berdiň — diýýär.
Bularyň dawasy ula gidip, olar Hezreti Alynyň ýanyna barýarlar. Hezreti Aly olary ýagşy diňläp, ol adamyň mekirlik edýändigine göz ýetirýär we ol adamdan:
— Siz puly diňe ikiňiz gelende bermeli diýip şert etdipmidiňiz? — diýip sorýar.
Ol adam:
— Hawa — diýip jogap berýär.
Onda Hezreti Aly:
— Onda sen näme üçin ýeke özüň geldiň. Bar, git-de ýoldaşyňy tapyp gel, şonda hem puluňyzy alarsyňyz — diýýär.
Ol adam özleriniň mekirliginiň paşmajagyny bilip, bu ýerden gitmek bilen bolýar.
 
* * *
Bir adam Hezreti Alynyň ýanyna gelip:
— Eý, Hezreti Aly! Men nadanlyk edip: «Eger men aýalym bilen oraza aýynda gündiz aýşy-eşretde bolmasam üç gezek talak» diýip kasam etdim. Indi bolsa aýalymy talak edesim gelenok. Heý, munuň alajy bolarmykan? — diýip soraýar.
Onda Hezreti Aly:
— Aýalyňy alda sapar et we şol ýerde onuň bilen gündiz aýşy-eşretde bol — diýýär[3].
 
* * *
Bir adam Hezreti Alynyň ogly Hüseýini kazynyň ýanyna eltip, bu adamyň maňa bergisi bar diýip arz edýär. Hüseýin ol adama:
― Men senden hiç wagt pul alamok, emma eger sen Alladan ant içseň men seniň diýýän puluňy tölemäge taýýar — diýýär.
Onda ol adam:
— Üç gezek Alladan ant içýän — diýip, ýerinden turýar welin kellesini tutup ýykylýar.
Kazy onuň ýanyna baranda, ol adam dem-düýtsiz ýatanmyş. Hüseýin bu ahwaly görüp:
— Eý, Allam, seniň adyllygyňa müňlerçe öwgüler bolsun — diýip, çykyp gidýär.
 
* * *
Birnäçe adam Apbasdan:
— Sen ulymy ýa-da Muhammet? — diýip soranlarynda, ol:
— Muhammet menden uly, emma men ondan öň doglupdym — diýip, jogap berer eken.
 
* * *
 Bir gezek Muhammet alaýhyssalam sahabalar bilen otyrka, ýel ysyny alyp:
— Kim ýel goýberen bolsa täret alsyn — diýýär.
Ýel goýberen adam utanjyna ýerinden turmaýar. Muhammet alaýhyssalam:
— Kim ýel goýberen bolsa täret alsyn. Allatagala hak iş etmekden utanýanlary halaýan däldir — diýipdi.
Ýene-de hiç kim ýerinden turmaýar. Şol wagt Apbas[4]:
— Eý Resulalla! Geliň hemmämiz täret alalyň — diýýär.
Şeýdip, Apbas ýel goýbereni utançly ýagdaýa düşmekden halas edýär.
 
* * *
 Muhammet alaýhyssalam bir musulmana yslam dinine şyltak atýan bir ýehudyny öldürmegi emir edýär. Ol adam Muhammet alaýhyssalamdan:
— Ýehudy ezýet bermese meniň gaharym gelmez we men ony öldürip bilmerin — diýende, Muhammmet alaýhyssalam oňa:
— Uruş hiledir, islän zadyňy edip bilersiň — diýýär.
 
* * *
 Muhammet alaýhyssalamyň wepat bolmazynyň öňsyrasy, Abu Bekr Şama söwda-satyga gidende, ýany bilen Nuaýmany we Süweýbit Ibn Harmalany alypdyr. Abu Bekr bir obanyň deňine baranda, ol ikisine: «Maňa garaşyň, men basym gelerin» diýip, oba gidýär. Süweýbit ýanyna azyk-owkat almandygy sebäpli Nuaýmandan iýip-içer ýaly zat soraýar. Emma Nuaýman oňa hiç zat bermeýär. Onda Süweýbit şol obanyň golaýynda ýaşaýan kowmyň arasyna giýär we olardan:
— Meniň bir gulum bar, şony on dirheme aljak barmy? — diýip soraýar.
Olar Süweýbitden:
— Guluň kemisi ýa aýyby barmy? — diýip soranlarynda, ol:
— Hawa, ol gul bolsa-da: «Men azat adam» diýip köp gaýtalaýar — diýýär.
Olar Süweýbite on dirhem berýärler. Süweýbit yzyna dolanyp, Nuaýmany bu kowmyň ýanyna getirip:
— Ine ol — diýýär.
Süweýbit Nuaýmany olaryň ýanynda goýup, yzyna gaýdýar. Olar Nuaýmany eline-aýagyna ýüp daňyp ugraýarlar welin, ol:
— Men azat adam, siz näme üçin meniň el-aýagymy daňýarsyňyz? — diýip, gygyrmaga başlaýar.
Emma ol adamlar:
— Ýaňkynyň aýdany dogry eken. Ol örän dogruçyl adam eken — diýip, her haýsy bir ýana dargap gidýärler.
Süweýbit Nuaýmany satan puluna garnyny doýrup, goşlaryň ýanynda Abu Bekre garaşyp ýatyberýär. Abu Bekr işlerini bitirip, gaýdyp gelende Nuaýman ýok eken. Ol Süweýbitden Nuaýmany soraýar. Süweýbit bolup geçen wakany gürrüň berip, Abu Bekre ol taýpanyň ýaşaýan ýerini salgy berýär. Abu Bekr ol kowmuň ýanyna gidip, olara on dirhem berip, Nuaýmany alyp gaýdýar. Olar yzlaryna dolanyp gelenlerinde bolan wakany Muhammet alaýhyssalama gürrüň berenlerinde, ol hezil edip gülýär.
 
* * *
 Bir gezek Abdylla ibn Rawwaha aýaly bilen düşekde ýatyrka oýanyp, otagyndan çykýär we gyrnagyna duşýar. Aýaly hem oýanýar we otagyndan çykýar. Görse, adamsy gyrnagyň üstünde ýatyr eken. Abdylla ibn Rawwaha gyrnagy bilen oýnaşyp ýatandygy üçin aýalynyň gelendigini hem görmeýär. Aýaly aşhana gidip, eline pyçak alyp gelýär. Abdylla ibn Rawwaha gyrnagy bilen keýpi-sapadan soňra otagdan çykanda, aýalynyň eli pyçakly durandygyny görýär. Ol aýalyndan:
— Eýgilikmi, bu ýerde neçün pyçakly dursuň? — diýip soranda, aýaly:
— Eýgilik, emma men seni ýaňky gören halymda tapan bolsadym, onda seniň üçin eýgilik bolmazdy — diýýär.
Abdylla ibn Rawwaha:
— Eý hemram! Sen meni neneň halda görenmişiň? — diýip soraýar.
Aýaly:
— Men seni gyrnagyň üstünde gördüm — diýýär.
Abdylla ibn Rawwaha:
— Eger men gyrnagyň üstüne münen bolsam jünp[5] bolardym, Muhammet alaýhyssalamyň aýdyşy ýaly, Gurhan okap bilmezdim — diýýär.
Onda aýaly:
— Hany onuň ýaly bolsa bir aýat oka ― diýýär.
Ol adam:
 
Allanyň Resuly bize getirdi ol kitaby,
Biziň üçin nurly daň atan dek boldy.
 
Sogap işi salgy berip, atardy dogry ýola,
Ýüreklerde aýdan sözi söýgi oduny ýakdy.
 
Jüp bolan ynsana düşekden turup,
Kapyr bolsa-da, suwa düşünmek gerek.[6]
 
Abdylla ibn Rawwahanyň aýaly bu sözleri eşidip:
— Megerem gözlerim meni aldandyr. Sen meniň günämi geç — diýýär.
Abdylla ibn Rawwaha bu wakany Muhammet alaýhyssalama aýdanda, ol hezil edip gülüpdir.
 
* * *
 Bir adam Muawyýanyň köşgüniň derwezesine gelip, onuň hajybyna:
— Sen bar-da Muawyýa kakaň we ejeň tarapdan iň ýakyn garyndaşyň geldi diýip habar et — diýýär.
Hajyp Muawyýanyň ýanyna baryp, ol adamyň sözlerini ýetirende, Muawyýa:
— Eý, Allam, meniň beýle garyndaşym kimkä? — diýip, hajyba ol adamy köşge getirmegi emr edýär.
Ol adamy derrew Muawyýanyň gaşyna alyp gelýärler. Muawyýa ol adamdan:
— Sen meniň ejem we kakam tarapdan ýakyn garyndaşym diýipsiň welin seniň eneň-ataň kimlerden? — diýip soraýar.
Ol adam:
— Meniň enem-atam Adam ata bilen How ene — diýip jogap berýär.
Muawyýa ýanynda duran hyzmatkärine:
— Oňa bir dirhem berip ugradyň — diýýär.
Onda ol adam:
— Sen indi iň ýakyn garyndaşyňa bir dirhem berýärmisiň? — diýende, Muawyýa:
— Eger men Adam atadan we How eneden gaýdýan garyndaşlarymyň ählisine pul paýlasam, onda saňa bir dirhem hem ýetmezdi — diýýär.
 
* * *
 Omar ibn Hattap Mugyra ibn Şagbyny Bahreýne häkim belleýär. Emma köp wagt geçmänkä, halaýygyň ondan nägiledigi sebäpli Omar Mugyrany yzyna çagyrýar. Bahreýnliler Omaryň Mugyrany yzyna Bahreýne häkim ederinden gorkup, maslahat edýärler. Olaryň serdary: «Maňa örän köp mukdarda pul jemläň» diýipdi. Bahreýnliler serdaryna on müň dirhem ýygnap berýärler. Bahreýnlileriň serdary Omar ibn Hattabyň gaşyna baryp:
— Eý, möminleriň emiri! Ol bu puly meniň öýümde goýdy — diýýär.
Omar ibn Hattap Mugyrany ýanyna çagyryp:
— Sen hakynda şeýle gürrüň bar, şol dogrumy? — diýip soraýar.
Mugyra özüne töhmet atylýanyna göz ýetirip, bahreýinlileriň hilesine hile bilen jogap bermek üçin:
— Ýalan, men onuň öýünde iki ýüz müň dirhem goýupdym — diýýär.
Omar:
— Munça puly jemlemäge seni näme mejbur etdi — diýip soraýar.
Mugyra:
— Maşgalam we mätäjlik — diýip jogap berýär.
Omar az-kem böwrüni diňläp, Bahreýnli serdara Mugyranyň galan puluny hem getirip bermegi emr edýär.
 
* * *
 Bir gezek Mugyra ibn Şagby bir gyzyň öýüne sawçy ýollaýar. Şol gyza başga bir ýaş ýigit hem sawçy ýollan eken. Gyz bu ikisiniň haýsy birini saýlajagyny bilmän, olar bilen gürrüňdeş bolmagy ýüregine düwýär. Mugyra bilen ol ýaş ýigit gyzyň ýanyna barýarlar.
Mugyra ibn Şagby ol ýigidiň husny jemalyny, owadan ýüzüni we katdy-kamatyny görüp, ol gyzda tamasyny üzýär. Ol ýaş oglana bakyp:
— Eý, ýaş ýigit! Alla saňa husny jemal eçilipdir. Şol jemalyňa laýyk sende başga nämäň bar? — diýip soraýar.
Ol oglan arkan gaýşarylyp:
— Elbetde, mende ýene-de birnäçe ýagşy häsiýetler jemlenendir — diýýär we dessine dymýar.
Mugyra ondan:
— Eý ýigit! Seniň hasap bilen araň niçik, maşgalaňy neneň eklemekçi? — diýip soraýar.
Onda ol:
— Men günde pylança bugdaý dänesini üwäp, un edýärin. Biz şonuň bilen oňňut ederis — diýýär we Mugyradan:
— Agam seniň özüň neneň gün-güzeran dolaýarsyň? — diýip soraýar.
Onda Mugyra:
— Meniň uly horjunym bar we ony jaýymyň bir künjegine taşlap goýýan. Meniň ýanyma salama gelýänler hormat hökmünde şol horjuna pul oklap gidýärler. Men her gün şol puldan haýyr-yhsan üçin harç etsem-de, horjuny boşadyp bilemok — diýýär.
Bularyň gürrüňüni diňläp oturan gyz:
— Men her bir dänesini hasaplap oturan ýigide baranymdan, bu garra baranym ýagşydyr — diýip, Mugaranyň sözüni kabul edip, oňa durmuşa çykýar.
 
* * *
 Amr ibn As Kaýsaryýany eýeländen soň, Gazza tarap gidýär. Gazzanyň etegine baryp düşleýär. Gazzanyň hökümdary Amr ibn Asyň ýanyna ilçi iberip, onuň adamlaryndan kimdir biriniň gelmegini soraýar. Amr ibn As az-kem pikir edip, «Özüm gideýin, ol meni tanamaýar ahyry» diýýär we Gazzanyň hökümdarynyň ýanyna özi barýar. Gazanyň hökümdary Amr ibn Asy myhman alyp, onuň bilen gürrüňdeş bolýar. Hökümdaryň oňa diýseň göwni ýetýär. Ol:
— Aýtsana, eý ýigit, egindeşleriň hem seniň ýalymy? — diýip soraýar.
Onda Amr bilen As:
— Sen menden ýaranlarym hakda sorama. Sebäbi dostlarym bu ýerde maňa nämäniň garaşýandygyny we seniň maňa näme etjegiňi bilmeseler meni bu ýere ýollamazdylar — diýýär.
Bu jogap hökmdara ýarap, Amr ibn Asa halat-serpaý ýapmagy emr edýär we ony ugradýar. Soňra Gazza hökümdary ýanyna bir nökerini çagyryp:
— Derwezebana aýt, goý, ol bu adamy öldürsin we elindäki ähli zadyny alsyn — diýýär.
Ýaňky nöker derwezä tarap ýetip barýarka, Amr ibn Asyň duşundan geçýär we ony tanaýar. Ol:
— Eý Amr! Sen bu şähere giripsiň, indi çykmagyň hem bir alajyny et — diýýär we hökümdaryň niýetini äşgär edýär.
Amr ibn As dessine yzyna dolanýar we hökümdaryň ýanyna baryp:
— Eý, hökümdar! Men gidip barýarkam ýapan haladyňyzyň maňa deň bolmaýandygyna göz ýetirdim. Şonuň üçin siz bu halady mätäç kişilerden kimdir birine beriň. Şeýtseňiz, siz bir adamyň göwnüni tapmaga derek on sogap gazanarsyňyz — diýýär.
Hökümdar onuň bu sözüni makul tapýar we halady bir mätäje berjekdigini aýdýar. Amr ibn As gidende, ol ýene-de bir nöker ýollap, derwezebana ony aman goýbermegi emr edýär. Amr ibn As ol ýerden daşlaşandan soň, yzyna seredip:
— Galan ömrümde bu işi gaýtalamaryn — diýip, ant içýär.
 

[1] Keffarat – ant içen adam sözünde durmasa ýa-ha iki aý agyz beklemeli ýa-ha 60 ajy doýurmaly ýa-da bir guly azat etmeli bolýar.
[2] Arap dilinde oda «nar» diýilýär we onuň ikinji manysy dowzahdyr. Şol sebäpli Omar olara nar sözüni ulanmaýar.
[3] Sapara gidilende Oraza aýy bolsa-da agzyňy açmaga rugsat berilýär.
[4] Muhammet alaýhyssalamyň kakasynyň dogany.
[5] Aýalyň bilen aýşy-eşretde bolandan soň suwa düşünmegiň hökman bolmagy.
[6] Ol adam bu ýerde Gurhan okaman öz goşgusyny okaýar.