بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Akmagyň berýän soragyny ýat tut we akyllydan sora. Akyllynyň beren jogabyny ýat tut we amal et.

Başy » Kitaplar » Danalaryň kitaby » Dokuzynjy bap. Halypalaryň danalygy hakynda.

Kitabyň ýazary şeýle diýýär: «Biz öň halypalardan Abu Bekr Syddygy, Omar ibn Hattaby, Osmany, Alyny, Hasan, Hüseýin, Muawyýa dagylary ýatlap geçdik. Indi bolsa olardan soň höküm süren dana halypalary ýatlap geçeris. Goý, Allatagalla olaryň ählisinden razy bolsun!».
 
* * *
 Emewiler hökümdary Abdylmälik ibn Merwan bir iş bilen Şagbyny Rum hökümdarynyň gaşyna ýollaýar. Şagby Rum hökümdaryndan gereginden hem köp zat talap edýär. Rum Hökümdary Şagbyda:
— Sen emewileriň maşgala agzalaryndanmy? — diýip soraýar.
Ol:
— Ýok — diýip jogap berýär.
Şagby yzyna dolanmakçy bolanda, Rum ýökümdary:
— Biz öz tarapymyzdan seniň hökümdaryň bilmek isleýän zatlarynyň ählisine öz tarapymyzdan kanagatlanarly jogap berdik — diýýär we onuň eline bir haty berip:
— Bu haty hem hökümdaryňyza gowşurgyn — diýip sargaýar.
Şagby yzyna sag-aman dolanyp gelip, Abdylmälige ahli zatlary bolşy ýaly gürrüň berýär we Rum hökümdarynyň hatyny gowşurýar. Abdylmälik haty okap:
— Sen bu hatda näme ýazylandygyny bilýärmidiň? — diýip soraýar.
Şagby:
— Eý möminleriň emiri! Men bu hatda näme ýazylanyny bilemok. Ony maňa Rum hökümdary gaýtjak mahalym iň soňky pursatda gowşurdy — diýýär.
Abdylmälik ondan:
— Bu hatda Rum hökümdary: «Sen ençe-ençe döwletlere halypalyk edip, ibermäge şundan başga adam tapmadyňmy?» diýlip ýazylgy. Ol beýle diýer ýaly sen oňa näme etdiň? — diýip soraýar.
Şagby:
— Eý möminleriň emiri! Meniň artyk diýen sözüm ýa-da biedeplik eden zadym ýok. Emma ol meniň seniň gullugyňda gezip ýörenime gözi gidendir we meni saňa öldürtmek isländir. Eger ol seni tanaýan ýa-da gören bolsa, beýle sözleri ýazmazdy — diýýär.
Abdylmälik bu jogaba hezil edip gülüp, Şagba halat ýapmagy emr edýär.
 
* * *
 Emewiler halypasy Hyşam ibn Abdylmälik ogluna edep-terbiýe berýän mugallymy ýanyna çagyryp:
— Oglum jemagatyň arasynda, mejlisde ýalňyş gürlese, şol ýerde düzediş bermegin we utandyrmagyn. Oglum öz mertebesini saklajak bolup, seniň garşyňa çykar we höjjetligi bilen hakykatdan hem senden üstün çykmaga çalşar. Şeýle ýagdaý ýüze çykanda, jemagat dargap, ýeke galanyňyzda oglumyň ýalňyşyny düzetgin — diýip sargaýar.
 
* * *
Huramat atly bir adam apbasy halypasy Abu Japaryň ýanyna gelip:
— Eý möminleriň emiri! Men kämahal şerap içýärin. Sen Medinedäki dikmäňe içgili mahalymda maňa jeza bermezligi emr etgin — diýýär.
Abu Japar bu sözlere ör-gökden gelip:
— Sen öz aklyňdamy, içgilä jeza bermegi men däl-de, Allatagala buýurdy. Meniň bu meselede saňa edip biljek peýdam ýok — diýýär.
Ol adam gidenden soň, Abu Japar kätibini çagyryp:
— Medinedäki dikmämize ýaz! Eger Hurmady içgili görse  segsen gamçy, ýanyndaka bolsa ýüz gamçy ursun — diýip, hat ýolladýar.
Şondan soň Hurmady içgili görenler onuň ýanyndan  gaçmak bilen bolar ekenler. Hurmat halaýygyň özünden daşlaşýandygyny görüp, şerap içmesini terk edýär.
 
* * *
 Bir gezek apbasy halypasy Mansur şähere aýlanyp ýörkä, bir adamyň örän perişan halda diwara ýaplanyp oturandygyny görýär. Ol adamyň gözi köçede bolsa-da, pikir-hyýaly başga ýerde eken. Mansur nökerleriniň birine ol adamy köşge alyp barmagy emr edýär. Ol adam köşge gelende, Mansur ol adamdan hal-ahwal soraýar. Ol:
— Eý möminleriň emiri! Men söwdagärdim, uzak-uzak ýurtlara gidip, söwda-satyk ederdim. Ummasyz baýlyk jemläp öýlendim. Soňra ýene-de söwda gitdim we yzyma dolanyp gelenimde aýalym biziň öýümizi ogrularyň talandygyny aýtdy. Meniň jemlän baýlygymdan öýde nam-nyşan galmandyr. Meniň gazanan peýdam haý diýmänkä gutardy. Men indi neneň güzeran dolaryn diýip pikir laýyna batyp otyrdym — diýýär.
Mansur ondan:
— Seniň öýleneniňe näçe wagt boldy? — diýip soraýar.
Ol:
— Bir ýyl boldy — diýip jogap berýär.
Mansur:
— Sen öýleneniňde ol gyzmydy? — diýip soraýar.
Ol adam:
— Ýok — diýip jogap berýär.
Mansur:
— Onuň öň çagasy barmydy ýa-da ýok? — diýip soraýar.
Ol adam:
— Ýok — diýýär.
Onda Mansur:
— Aýalyň ýaşmy ýa-da garry? — diýip soraýar.
Ol adam:
— Ýaş — diýip jogap berýär.
Mansur ýanynda duran ajaýyp ysly atyr çüýşesini eline alýar we ony ol adama berip:
— Al, bu atyr gaýgy-gamy aýyrýandyr — diýýär.
Ol adam köşkden çykandan soň, Mansur özüniň janpenalaryny gaşyna çagyryp:
— Şäheriň köçelerine aýlanyň, derwezelerde duruň we ýaňky adamdan başga kimdir birinde şol atyryň ysyny alsaňyz, derhal meniň ýanyma getiriň — diýip, emr edýär.
Mansuryň ýanyndan giden adam öýüne barýar welin, aýaly:
— Bir gowy atyryň ysy bar — diýýär.
Ol adam aýalyna atyr çüýşesini görkezip:
— Möminleriň emiri maňa özüniň çalynýan atyryndan sowgat berdi. Bu ys şol atyryň ysydyr — diýýär.
Adamsy öýden çykandan soň aýaly atyr çüýşesindäki atyrdan bir gaba guýup oýnaşynyň ýanyna rowana bolýar. Ol oýnaşynyň ýanyna baryp oňa:
— Eý ýarym! Sen bu atyrdan çalyn. Bu atryň hoşboý ysy janyňy heýjana getirýär. Ony hut halypanyň özi meniň adamyma sowgat beripdir — diýýär.
Ol aýalyň oýnaşy ýaňky atyrdan çalnyp, şäherde aýlanyp ýörkä, halypanyň nökeriniň biri bu atryň ysyny alandan, şapba ýaňky oglany tutýar we halypanyň ýanyna alyp barýar. Mansur ondan:
— Eý, ýaş ýigit! Sen bu hoşboý ysly ajaýyp atyry nireden aldyň? — diýip soraýar.
Ol ýaş ýigit:
— Men ony bazardan satyn alypdym — diýýär.
Mansur:
— Sen kimden alanyňy meniň nökerlerime görkezip bilermisiň? — diýenden, ol oglanyň sözleri azaşyp, aljyrap başlaýar.
Mansur ony tussag etmegi we müň gamçy urmagy emr edýär. Soňra ol nökerleriniň birini ýanyna çagyryp:
— Ony urmaň-da gokuzyň. Ol biriniň baýlygyny ogurlapdyr, şony tapyp berer ýaly ediň — diýýär.
Mansuryň adamlary ony ýalaňaçlap, gamçylaryny taýýarlandan ol ýaş ýigit ähli ogurlan baýlygyny tapyp bermegi boýun alýar. Mansur söwdagäriň ähli baýlygyny köşge getirdip, onuň özüni hem tapyp getirmegi emr edýär. Ol adam gelende, Mansur oňa ähli zady bolşy ýaly gürrüň berip:
— Men seniň öz baýlygyňy özüňe gaýdyp berjek. Emma meniň bir şertim bar. Ol şertim hem ilki bilen aýalyň talagyny ber — diýýär.
Söwdagär Mansuryň aýdyşy ýaly edýär.
 
* * *
 Bir gezek Abu Japar Ýezit ibn Abu Eset bilen otyrka:
— Eý, Ýezit, sen Abu Müslimiň ölümini neneň görýäň? — diýip soraýar.
Ýezit:
— Eý, möminleriň emiri! Abu Muslimiň ölümi sizi jennete has-da ýakynlaşdyrar. Onuň akan her bir katra gany size sogap bolup geler — diýýär.
Abu Japar dergazap bolup:
— Alla seniň diliňi sogursyn, sen biziň döwletimizi esaslandyrmaga ýardam beren we biziň iň ýakyn dostumyz hakynda nämeler diýip otyrsyň — diýýär.
Ýezit gorkudan ýaňa sandyrap, näme diýip-aýdanyny hem bilmän, Abu Japaryň gaşyndan çykyp gaýdýar. Emma köp wagt geçmänkä, Abu Müslim öldürülýär we Abu Japar ony ýanyna çagyrýar. Ol Ýezide:
— Eý, Ýezit, şol Abu Müslimi öldürjek diýip seniň bilen maslahatlaşanym ýadyňdamy? Sen maňa şonda pula satyn alyp bilmejek maslahaty beripdiň. Şonda meniň gazaba münmegimiň sebäbi hilämiň we pikirimiň paş bolmagyndan gorkupdum — diýýär.
 
* * *
 Apbasy halypasy Mäti halaýygyň arasynda mejlis gurap, gürrüňdeş bolmagy gowy görer eken. Günlerde bir gün Mäti şeýle mejlisleriň birinde otyrka, bir adam onuň ýanyna gelýär we elindäki ýaglyga dolangy zady onuň öňünde goýup:
— Eý möminleriň emiri! Bu ýaglygyň içindäki zat Muhammet alaýhyssalamyň köwşüdir. Men ony saňa sowgat bermek üçin getirdim — diýýär.
Mäti ýaglygy alyp, ony maňlaýyna togap edýär we öňünde goýýar. Soňra ýanyndaky wezirine Muhammet alaýhyssalamyň köwşüni getiren adama on müň dirhem bermegi emr edýär. Ol adam puly alyp gidensoň, Mäti jemagata ýüzlenip:
— Siz mamla, Muhammet alaýhyssalam köwüş geýmegi halamaz eken. Men muny bilýärin, emma men köwşi satyn almadyk bolsam, ol adam jemagatyň arasynda: «Men möminleriň emirine Muhammet alaýhyssalamyň köwşüni sowgat eltdim welin, ol puluny gysganyp kabul etmedi» diýer. Adamlar onuň sözüne ynanarlar. Sebäbi ynsan hemişe ejiziň tarapynda bolýar. Satyn almak bilen biz ol töhmetden we ýalan gybatdan halas bolduk. Pul bilen biz özümiziň abraýymyzy goradyk — diýýär.
 
* * *
 Apbasy halypasy Mugtazyt Billä gije hajat üçin turýar. Bir garaýagyz gul halypany görüp gaçýar. Mugtazyt Billä gula durmagy emr edýär, emma garaýagyz gul durman gözden ýitýär. Mugtazyt Billä gullaryň ýatýan ýerine barýar. Görse, gullar süýji ukuda ýatan ekenler. Mugtazyt Billä gullary oýaryp durman, olaryň ählisiniň ýüregini tutup görýär. Olaryň biriniň ýüregi çalt-çaltdan urýar eken. Mugtazyt Billä gulyň aýagyndan çekip turuzýar we nökerlerini çagyryp, ony tussag etmegi emr edýär.
 
* * *
 Bir gezek halypa Mugtazyt Billä köşgüniň öňündäki bakjada, sekiniň üstünde dynç alyp otyrka, onuň hyzmatkärleriniň biri howsalaly ýagdaýda ylgap gelip:
— Eý, möminleriň emiri! Ýaňy men Dejle derýasynyň kenarynda durkam, bir balykçy derýa tor taşlady. Tora bir agyr zat düşeni maňa dessine mälim boldy. Sebäbi balykçy tory kynlyk bilen çekýärdi. Men bu ýagdaýy görüp, balygyň neneňsi uludygyny görmek isläp, balykçynyň ýanyna bardym. Balykçy tory kenara çykaranda, torda kiçiräjik haltajyk bar eken. Men «Balykçy uly baýlyk tutdy» diýip pikir etdim we onuň haltany açaryna garaşdym. Balykçy tordaky haltany alyp, ony ýaryp, içindäkileri ýere silkdi welin, uly daş we adamyň egin süňkleri ýere düşdi — diýýär.
Mugtazyt hyzmatkäre balykçydan ol haltany we içindäki zatlary getimegi emr edýär. Hyzmatkär ýaňky aýdylanlary Mugtazyt Billä getirip berýär. Halypa ol zatlara göz aýlap hyzmatkärlerine:
— Balykçynyň ýanyna bar-da, şu haltanyň tapylan ýerine ýene-de derýa tor taşlat.
Hyzmatkär halypanyň aýdyşy ýaly edýär. Bu gezek hem edil ýaňky ýaly iki halta çykýar. Hyzmatkär bu haltalary alyp, halypanyň ýanyna gelýär. Halypa haltalaryň içindäki zatlary ýere dökmegi emr edýär. Bu haltalardan hem daş we adam süňkleri çykýar. Mugtazyt Billä:
— Men bu ýerde köşgümde dynç alyp ýatyryn. Kimdir biri bolsa meniň raýatlarymy öldürip, bölekläp derýa taşlaýar — diýip, diýseň gamgyn halda öz otagyna gidýär.
Mugtazyt Billä uzakly gün pikir edip, gamgyn halda duz datman geçirýär. Ertesi irden özüniň ynamdar nökerleriniň birini ýanyna çagyryp, onuň eline derýadan tapylan boş haltalaryň birini berýär we:
— Bagdadyň ähli bazarlaryna, dukanlaryna aýlan we şu haltany tiken tikinçini tap. Ondan şu haltadan kimleriň satyn alandygyny sora we olaryň ählisini yzarlap, haltany näme üçin ulanýandygyny bil — diýip, emr edýär.
Halypanyň nökeri üç günden soň dolanyp gelip:
— Men bütin Bagdady aýlanyp bu haltany tiken tikinçini tapdym we ondan şu haltadan kimiň alandygyny soradym. Ol ýakynda atyr dukanynyň täjiriniň on halta satyn alyp gidendigini aýtdy. Men sorap-idäp ol atyr dukany tapdym we oňa bu haltany görkezdim. Ol menden: «Bu halta size nädip düşüp ýör?» diýip sorady. Men onuň özünden: «Sen tikinçiden alan haltalaryňy näme etdiň?» diýip soradym. Ol: «Men söwda gidenimde şol tikinçiden halta satyn alýaryn. Ynha, bu gezek hem söwda gitmäge hyýallanyp, on halta satyn aldym. Üç gün mundan ozal Haşym dukanyma geldi. Ol haltalary görüp: «Maňa bulardan üçüsini sat» diýdi. Men tikinçiden ýene-de halta satyn alaýaryn diýip, oňa üç haltany satdym. Seniň eliňdäki şol halta şolaryň biri» diýdi. Men ondan: «Haşym diýýäniň neneňsi adam?» diýip soradym. Atyr satyjy: «Men ömrümde Haşym ýaly haramzada, tüýsi bozuk we betpygyl musulmany gören däldirin. Bu töweregiň ähli adamlary ondan bir şer ýeter diýip öler ýaly gorkýarlar. Meniň eşdişime görä, ol iki ýyl mundan ozal pylan aýdymçynyň gyrnagyna aşyk bolupdyr. Ol gyrnagyň husny-jemaly dinaryň nagşy, günüň ilkinji şöhlesi kimindi. Ol içen suwy bokurdagynda görnüp duran perizatdy. Emma aýdymçy ol gyrnagy hiç kime satanokdy. Mundan üç gün öň ol gyrnagy Haşymyň öýüniň ýanynda görüpdirler we şondan soň ony gören ýok. Kimseler: «Ol gyrnak hojaýynyndan gaçyp gidipdir» diýseler, kimseler: «Ol Haşymyň öýünde» diýýärler. Mundan üç gün öň  Haşymyň öýünde aýylganç ses hem eşidilipdir. Emma goňşulary Haşymdan gorkularyna muny hiç kime habar bermändirler diýdi» diýip, ol nöker Mugtazide gürrüň berýär.
Mugtazyt uludan demini alyp:
— Allaha şükür, indi ähli zatlar äşgär boldy — diýýär we Haşymy hem-de gyrnagyň hojaýynyny getirmegi emr edýär.
Olar gelýänçä Mugtazyt Billä haltadan çykan zatlary öz öňüne göýdurýar. Haşym köşge girip, Mugtazyt Billäni we onuň öňündäki zatlary görüp, reňki üýtgeýär, huşy başyndan uçup, özüniň hiç gümansyz heläk boljagyna göz ýetirýär. Mugtazyt Billä ondan gyrnagy näme üçin öldürendigini soraýar. Ol:
— Men ony hile bilen howlyma saldym we oňa el garjak boldum. Emma ol muňa razy bolman, maňa garşylyk görkezdi. Men ol gidip meni masgara ederinden gorkdum we ony öldürip, halta saldym hem-de derýa taşladym — diýip, etmişini boýun alýar.
Mugtazyt Billä aýdymça gynagyň bahasyny döwlet gaznasynyň hasabyna töleýär, Haşymy bolsa zyndana okladýar. Haşym tusagda wagty heläk bolýar.