بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Käbir ulamalar aýdypdyr: «Her bir ynsan talaňçylygyň dört görnüşi bilen sataşar: 1) ölüm perişdesi onuň janyny alar; 2) mirasdüşerleri mülküni paýlaşarlar; 3) ýerdäki gurçuk onuň tenini alar; 4) Kyýamat güni garşydaşlary onuň haýyrly amallaryny alarlar».

Başy » Kitaplar » Danalaryň kitaby » Onunjy bap. Wezirleriň danalygy hakynda.

Ýahýa ibn Halyt ibn Barmak: «Hem kitap okap, hem kitap okaýanlaryň sözüne gulak goýmak danalygyň bir sypatydyr» diýýär.
 
* * *
 Ýahýa ibn Halyt ogly Japara: «Eý oglum! Duşmanyňdan edep öwrengin. Erbet, şer işleriň üsti bilen gowy zatlary öwrenip bolar. Erbetligiň we şeriň tersi seni haýyr işlere getirer» diýýär.
 
* * *
 Ýahýa ibn Halyt ogluna: «Eý oglum, hakyňdan artyk zady almagyn. Sebäbi ol seniň kalbyňda gapyl ýatan nebsi oýarar. Nebis bolsa bir oýanandan soňra hergiz gaflat ukusyna gitmez» diýýär.
 
* * *
Bir gezek wezir Fath ibn Hakan Mutewekkiliň sakgalyna bir zadyň ýapyşyp durandygyny görýär, emma ony aýyrmaga ejap edýar. Ol şol töwerekde gezip ýören hyzmatkärleriň birini ýanyna çagyryp, halypa ýüz görülýän aýna getirip bermegi emr edýär. Halypa aýnada ýüzüni görüp, sakgalyna ýapyşan zady aýyrýar.
 
* * *
 Bir patyşanyň ähli döwlet syrlary duşmanlaryna aýan bolar eken we şol sebäpli onuň hiç bir işi başa baranokdy. Bir gün ol öz iň ýakyn nesihatçylarynyň birini gaşyna çagyryp:
— Meniň ähli döwlet syrlarym duşmanlaryma aýan bolýar. Bu habarlary kim hem bolsa meniň töweregimdäki adamlaryň biri ýetirýär. Emma men günäsiz adama jeza bermekden, zulum etmekden gorkup, olaryň hiç birine zat diýip bilemok — diýýär.
Onda patyşanyň ol nesihatçysy:
— Eý, şahy älem! Sen hiç zady alada etmegin, biz onuň bir alajyny ederis — diýýär we ertir patyşanyň mejlisine gatnaşjak her bir adama hat ýollaýar.
Hatda toslanyp ýazylan döwlet tabşyryklary bar eken. Ol bu hatlaryň ählisini patyşa gowşuryp:
— Töweregindäki adamlary çagyryp, ýeke-ýekeden olara şu hatlary ber —diýýär.
Patyşa ol adamyň aýdyşy ýaly edýär we ýumuş tabşyrylýanlara hiç kesiň ýanynda gürlemezligi emr edýär. Iküç gün geçensoň köşge bir habar ýaýraýar. Patyşa şol tabşyryk kime berlen bolsa şol adamy tussag etdirýär we özüniň nesihatçysyna haýyny tapmaga kömek berendigi üçin halat-serpaý edýär.
 
* * *
 Abu Bekr Suly Muktefi Billäniň nesihatçysy eken. Muktefi Billä ondan nesihat sorap, minnetdarlyk bildirende Abu Bekr Suly:
— Eý möminleriň emiri! Siziň parasatyňyzyň ýanynda biziňki ýönekeý, sada pikirdir — diýer eken.
Muňa Muktefi Billä diýseň hoşal bolar eken.