بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Rebbiňi görmek üçin göz däl-de, imana ýugrulan ýüregiň, sagat düşünjäň we dury akylyň bolmalydyr.

Başy » Kitaplar » Danalaryň kitaby » On birinji bap. Soltanlar, emirdir hajyplar we goragçylaryň danalygy hakynda.

Bir horasanly haja rowana bolup, Bagdada gelip ýetýär. Onuň ýanynda bahasy müň dinarlyk dür monjuk halkasy bardy. Horasanly adam bu gymmatbaha halkany ýanynda göterip ýörmezlik üçin ony bu ýerlerde ynamdar adam hasap edilýän atyr dukanynyň satyjysynda goýup, özi ýoluny dowam etdirýär. Ol adam haj parzyny ýerine ýetirip, atyr satýan dukança sowgat alyp, yzyna — Bagdada dolanyp gelýär. Ol atyrçy dostuna getiren sowgadyny uzadanda:
— Bu näme? Sen kim? Menden näme isleýärsiň? — diýip soraýar.
Ol adam ör-gökden gelip:
— Ol nähili men kim?! Men haja gidenimde sende gymmatbaha halkamy goýup gidipdim. Ynha, indi men geldim we senden amanady almak isleýärin — diýýär.
Atyrçy söwdagär bokurdagyna sygdygyndan gygyryp:
— A-how halaýyk! Bu keseki ýurtly maňa töhmet atýar — diýýär.
Bu ýere üýşen mähelle:
— Sen söwdagäre töhmet atma. Ol bu töwerekde ynamly adam hökmünde tanalýar — diýip, ony kowup goýberýärler.
Bu wakanyň şaýady bolan bir adam:
— Sen Azudeddöwläniň ýanyna bar, megerem onuň saňa kömegi ýeter — diýip, maslahat berýär.
Horasanly hajy Azudeddöwläniň öýüniň ýanyna baryp, oňa garaşyp oturyberýär. Azudeddöwläniň oňa gözi düşenden bu adamyň özünden haraý isleýändigini bilip, onuň ýanyna barýar we hal-ahwal soraşýar. Horasanly hajy özüniň Horasandan gelip, düşen ýagdaýyny birin-birin gürrüň berýär. Onda Azudeddöwle:
— Sen ertir ol atyrçy söwdagäriň dukanynyň ýanyna bar-da, kowsa-da, turma-da otur. Men ol ýerden geçenimde seniň ýanyňa gelip, näme diýsem-de sesiňi çykarmagyn. Men gidenimden soňra atyrçy senden alan zadyny gaýtaryp berer — diýýär.
Ertesi horasanly hajy atyrçy söwdagäriň dukanyň ýanyna baryp oturyberýär. Dukanyň eýesi horasanly haja sögse-de, ursa-da, ol ýerinden gozganmaýar. Gün öýleden agandan soň Azudeddöwle esgerleri bilen dukanyň ýanyna gelýär. Ol horasanly hajyny görenden atyndan böküp düşip, oňa salam berýär. Emma horasanly hajydan ses-seda çykmaýar. Azudeddowle horasanly hajynyň daşynda kökenek bolup:
— Eý dostum, biziň ýurtlara gelipsiň öýe barsaň bolmaýarmy? Biz hem saňa hyzmat etsek, seniň hajatyňy bitirsek — diýýär.
Soňra dukança seredip, ýene-de horasanla:
— Isleseň dostuňy hem alyp bar. Siziň hajatyňyzy bitirmek biziň borjumyzdyr — diýýär.
Atyrçy söwdagär Azudeddöwle, onuň kökenek boluşyna we onuň nökerlerine seredip, gorkudan ýaňa zähresi ýarylara gelýär. Ol gözlerini elek-çelek edip, olaryň tiziräk giderini isleýär. Azudeddöwle özüniň piriminiň başa barandygyny bilip, ýola rowanan bolýar. Azudeddöwle giden dessine, atyrçy söwdagär horasanly hajydan:
— Seniň halkaň nähillidi? — diýip soraýar.
Horasanly hajy halkasynyň sypatlaryny beýan edýär welin atyrçy:
— Huşum gursyn, men ony bir ýerde goýup, soň ýatdan çykarandyryn — diýýär we derrew halkany alyp gelýär.
Soňra ol öz ýanyndan: «Ýaňy Azudeddöwle horasanla meni hem onyň bilen alyp gel. Dostuň hem hajatyny bitireýin diýdi welin megerem ol meniň dükanymdan lomaý söwda etjekdir» diýip içini gepledýär we horasanly bilen Azudeddöwläniňkä myhmançylyga gidýär. Azudeddöwle horasanly hajynyň halkasyny alandygyny görýär we hajyplaryny çagyrýar. Ol atyrçy söwdägäri öz dukanynyň gapysyndan jeza hökmünde bir gije asyp goýmagy emr edýär. Ol horasanly hajyny myhman alyp, saňra öz ýurdyna ugradyp goýberýär.
 
* * *
 Bir gezek täjirleriň biri Azudeddöwläniň ýanyna gelip, ýolda daglyk ýerde bir kürt taýpasynyň bardygyny we olaryň kerwene dökülip, talaň edýändiklerini habar berýär. Olaryň daga siňip gidýänligi sebäpli hiç jeza berip bolmaýandygyny ýaňzydýar.
Azudeddöwle bir täjiri ýanyna çagyryp, köp pul berýär, iki uly sandygy halwadan dolduryp, kerwen bilen söwda ugradýar. Sandykdaky halwalar zäherli eken. Kerwen kürtleriň talaň meýdanyna gelýär. Adatdaky ýaly kürtler dagdan inip, kerweni talap, ýaňky iki sandyk halwany hem ýanlaryna alyp, ýene-de daga siňýärler. Kürtler oljalary ýeke-ýekeden görüp,  sandyklary açýarlar. Sandyklar halwadan doly eken. Halwanyň hoşbaý ysyndan durar ýaly däldi. Kürtler üýşip halwa iýýärler we ertire çykman ählisi heläk bolýar. Şondan soň bu ýerlerden kerwenler parahat, talaňsyz geçmäge başlaýar.
 
* * *
 Horasanly bir täjir haja gidip barýarka ýanyndaky müň dinaryny haj wagty ogurlatmakdan gorkup, çölüň içinde bir agajyň düýbüne gömüp, ol ýeri ýagşy ýat bekläp, daş-töwerekde hiç kimiň ýokdugyna göz ýetirip, ýoluny dowam etdirýär. Horasanly haç parzyny ýerine ýetirip, yzyna dolanyp gelýär. Ol pul gömen ýerini tapýar we agajyň aşagyny gazýar. Emma agajyň aşagynda pul ýokmuş. Ol adam uly-ili bilen nalamaga başlaýar. Odun çöplemäge çykanlaryň biri onuň sesine gelip:
— Eý, keseki ýurtly, saňa näme boldy? Näme üçin aglaýarsyň? — diýip soraýar.
Horasanly:
— Men haja gidip barýarkam hajda pulumy ogurlatmakdan gorkup, şu agajyň aşagyna müň dinar gömüpdim. Hajdan gaýdyp gelip, bu ýeri gazyp görsem, pulumdan nan-nyşan ýok — diýýär.
Onda odunçylaryň biri:
— Sen Azudeddöwläniň ýanyna bar. Ol örän dana adamdyr, onuň özi bir alajyny eder — diýýär.
Horasanly:
— Ol näme gaýyp zatlary hem bilýänmidir? — diýip soraýar.
Ol adam:
— Ol gaýyp zatlary bilmez, emma saňa kömegi ýeter. Sen bu meseläni şoňa aýt — diýýär.
Horasanly sorap-idäp Azudeddöwläni tapýar we özüniň başyndan geçirenlerini gürrüň berýär. Azudeddöwle az-kem pikir edip, tebipleri ýanyna çagyrýar we:
— Heý sizden kimdir biriňiz degna keseli bilen keselläne em etdiňizmi? — diýip soraýar.
Onda tebipleriň biri:
— Men em etdim, ol adam siziň ýakyn adamlaryňyzyň biriniň garyndaşy — diýýär.
Azudeddöwle:
— Ol adama kim diýýärler, sen ony tanaýarmysyň? — diýip, tebipden soraýar.
Tebip:
— Hawa, oňa Ferraş diýýärler — diýip jogap berýär.
Azudeddöwle derrew Ferraşy getirdip:
— Sen şu ýyl degna keseli bilen kesellediňmi? — diýip soraýar.
Ol:
— Hawa — diýip jogap berýär.
Onda Azudeddöwle:
— Sen degna keseline em edilýän agajyň köklerini nireden alanyňy görkezip bilersiňmi? — diýende, ol adam:
— Elbetde görkezip bilerin — diýýär.
Azudeddöwle horasanlyny we birnäçe nökerlerini Ferrraşyň ýanyna goşup goýberýär. Ferraş horasanlynyň pul gömen agajynyň ýanyna baryp, Azudeddöwläniň nökerlerine:
— Ine, şu agajyň kökünden aldym — diýýär.
Onda horasanly:
— Men pulumy şu agajyň aşagynda gömüpdüm — diýýär.
Olar yzyna dolanyp gelip, wakany Azudeddöwlä gürrüň berýärler. Azudeddöwle Ferraşa:
— Puly eýesine gaýdyp ber, ýogsa zyndana taşlanarsyň — diýýär.
Ferraş eden işini boýun alyp, derrew öýünden horasanlyň puluny getirýär we eýesine gowşurýar. Horasanly Azudeddöwleden hoşal bolup ýurduna dolanýar.
 
* * *
 Günleriň birinde şahyr Salany Azudeddowläniň ýanyna salama barýar we oňa bagyşlan öwgi goşgusyny okaýar. Azudeddowle oňa halat serpaý-ýapýar. Onda şahyr Salamy: «Onuň haýyrlygy biziň haýrymyz» diýip, bir beýt aýdýar. Azudeddowle oňa:
— Ol näme seniň kakaňmy? — diýýär.
Şahyr Salamy onuň sözlerini haýran galyp, näme diýjegini bilmän, çykyp gidýär. Ol göni öz halypasynyň ýanyna gelip, wakany gürrüň berýär. Halypasy:
— Seniň öýüň köýsün. Bu beýt goşgy Abu Nuwasyň iti sypatlandyryp ýazan goşgusyndan ahyry — diýýär we Abu Nuwasyň goşgusyny getirýär:
 
«Itiň işi müşgil gorar öýümiz,
Onuň hatyrlygy biziň haýrymyz» .
 
Şahyr Salamy utançdan ýaňa näderini bilmeýär. Ol derhal Azudeddowläniň ýanyna barýar. Azudeddowle şahyr Salamyny görüp:
— Eý-ho, Salamy, saňa näme bolýar? Seniň halyň perişanla? — diýýär.
Onda Salamy:
— Abu Nuwasyň diwanyny okadym — diýýär.
Azudeddowle nämäniň nämedigine düşünip:
— Onuň üçin perişan bolma, ynsan ýalňyşýandyr, bilmedigini assa-ýuwaş öwrenýändir. Saňa gorkar ýaly hiç zat ýok — diýýär.
Salamy tagzym edip, ýer ogşaýar we Azudeddowleden diýseň hoşal bolup öýüne gaýdýar.
 
* * *
 Günleriň birinde Soltan Jelaluddöwle adatyna görä awa-şikara çykýar. Ýol ugrunda bir biçäre adam aglap otaran eken. Soltan Jelaluddwle ol adamy görüp, atyndan düşüp, onuň ýanyna barýar we:
— Eý biçäre bende, saňa näme bolýar, ne üçin ajy gözýaş döküp aglaýarsyň? — diýip soraýar.
Onda ol biçäre bende:
— Men ýaňy bazardan hojaýynymyň sargan garpyzlaryny alyp gelýärkäm üç sany adam çykyp, garpyzlary menden zor bilen aldylar. Indi men hojaýynyma näme diýjegimi bilmeýärin — diýip, ýene aglamaga başlaýar.
Soltan Jelaluddöwle ondan:
— Sen olary tanaýarsyňmy? — diýip soranda, ol:
— Ýok, emma olar şol tarapdaky gyzyl çadyrly leşgergähe gitdiler — diýýär.
Soltan ol adama:
— Sen hiç zady gaýgy etmegin. Olar şu günüň ahyryna çenli garpyzlaryňy gaýtaryp bererler — diýýär we aw-şikar bilen hoşy bolman, atynyň başyny yza dolaýar.
Ol özüniň emirleriniň birini ýanyna çagyryp:
— Esgerleriň çadyrlarynynda garpyz ýokmuka? Örän garpyz iýesim gelýär — diýýär.
Emir az salymdan dolanyp gelýär. Soltan begenjiräp:
— Bu garpyzy kimden tapdyňyz? — diýip soraýar.
Onda emir:
— Pylan hajypdan — diýip jogap berýär.
Soltan:
— Ol hajyby meniň gaşyma çagyryň — diýip, emr edýär.
Nökerler derrew ol hajyby soltanyň gaşyna getirýärler. Soltan hajypdan:
— Garpyzy nireden aldyň? — diýip soraýar.
Hajyp:
— Ýaňy üç sany esgerim garpyz getiripdir welin, şol garpyzlaryň birini maňa berdiler — diýip jogap berýär.
Soltan Jelaluddöwle:
— Derhal şol esgerleriňi alyp gelgin — diýip, emr edýär.
Ol esgerler hajyp soltanyň ýanyna gidenden nämäniň nämedigine göz ýetirip, leşgergähden ökje göterýärler. Hajyp garpyz getiren esgerlerini tapman, soltanyň ýanyna dolanyp gelýär. Soltan garpyzy alnan biçäräni getirdip, oňa garpyzy görkezip:
— Şumy senden alnan garpyz? — diýip soraýar.
Ol biçäre:
— Hawa — diýip jogap berýär.
Onda soltan Jelaluddöwle hajyby görkezip:
— Garpyzy senden zor bilen alanlar ynha şu hajybyň esgerleri. Ol esgerler bu wagt ýok. Emma men saňa garpyzyňa öwezine şu hajyby gul edip berýärin. Eger ol saňa boýun egmese, onuň kellesini alaryn — diýýär.
Ol adam hajybyň elinden tutup, çadyrdan çykýar. Hajyp ol adama üç ýüz dinar berip, özüni satyn alýar. Ol adam ýene-de soltanyň ýanyna baryp:
— Eý soltanym! Men siziň bagyş eden guluňyzy üç ýüz dinara satdym — diýýär.
Soltan oňa:
— Sen öz söwdaňdan razy dälmi? — diýip soraýar.
Ol:
— Men razy — diýip jogap berýär.
Onda Soltan:
— Puluňy ýagşy gysymla-da, sag-aman öýüňe bar — diýip, ýola salýar.
 
* * *
 Bir gezek soltan Jelaluddöwläniň ýanyna bir türkmen gelýär. Ol ar-namysdan ýaňa sandyr-sandyr edýär eken. Türkmen soltana garap:
— Eý soltan, seniň ýakyn adamlaryň biri meniň gyzymy alyp gaçdy. Men ony öldürip, ar-namysymy dikeltjek — diýýär.
Soltan Jelaluddöwle oňa:
— Gyzyň alyp gaçan bolsa, ol oňa galyň bermeli bolar. Şonuň bilen hem iş biter — diýýär.
Emma ol türkmen gyzyny alyp gaçany öldürjek diýip öz diýenini tutýar. Soltan Jelaluddöwle gylyjyny alyp türkmene berýär we:
— Gylyjy gyna sok we gyny içinden kes — diýýär.
Türkmen gylyjy birnäçe gezek gyna sokýar. Emma gyny kesip bilmeýär. Ol soltana:
— Eý soltanym, heý-de gylyç gynyny kesermi? — diýýär.
Onda soltan:
— Gördüňmi, gylyjyň gynyny kesmeýşi ýaly ol gyz seniň gyzyňdyr, onuň adamsy seniň giýewiňdir. Eger öldürmek isleseň gyzyň başy boş galmaz ýaly ikisini hem öldür — diýýär.
Soňra türkmeniň gyzyny alyp gaçan ýigidi gaşyna getirdip, onuň bilen ýaraşdyrýar we hazynadan gyzyň galňyny töleýär.
 
* * *
 Günleriň birinde apbaslylar halypasy Mamun Abdylla ibn Tahyrdan:
— Saňa meniň mejlisimde bolmak göwnüňe ýaraýarmy ýa-da öýüňde? — dýip soraýar.
Abdylla ibn Tahyr:
— Eý möminleriň emiri! Siz adylsyňyz, emma onda-da meniň bir çemçe ganymy geçseňiz bu soragyňyza jogap bererdim — diýýär.
Mamun:
— Saňa rugsatdyr, menden ezýet görmersiň — diýýär.
Onda Abdylla ibn Tahyr:
— Eý möminleriň emiri! Men öýümde mälikdirin, seniň mejlisiňde bolsa memlukdyryn — diýip jogap berýär.
Mamun gözi ýaşarýança gülüp, Abdylla ibn Tahyra halat-serpaý ýapýar.
 
* * *
Bir gün Müsür soltany Ahmet ibn Tulun köşgüniň öňündäki bakjada öýle naharyny iýip otyrka, köçeden egin-eşigi sal-sal bir adamyň geçip barýandygyny görýär. Ol çöregiň üstüne towugyň bir bölegini, başga-da birnäçe zat goýup, hyzmatkärleriniň birine ol adama eltip bermegi emr edýär. Az-salymdan hyzmatkär gelip:
— Ol adam dok eken, iberlen tagamlara elini hem uzatmady — diýýär.
Ahmet ibn Tulun derhal ol adamy gaşyna getirmegi emr edýär. Ol adam gelenden:
— Ýanyňdaky haty ber, menden saňa zowal ýetmez — diýýär.
Ol adam ýanyndan hat çykaryp, Ahmet ibn Tuluna berýär. Bu hatda ol mysapyryň obasyndaky adamlaryň soltanyň naýybyndan görýän zulumlary hakynda ýazylypdy. Ahmet ibn Tulun emirleriniň birini ýaňky adamyň ýanyna goşup, onuň obasyna ugradýar we naýyba jeza berip, olaryň özünden birini naýyp saýlamagy emr edýär. Olar gidenden soň, Ahmet ibn Tulunyň ýanyndakylar:
— Eý soltanym, siziň jadydan, bilgiçlikden başyňyz çykýanmydyr? — diýip soraýarlar.
Onda Ahmet ibn Tulun:
— Men onuň perişan halyny görüp, oňa dürli-dümen nazy-nygmat ýolladym. Emma ol bu tagamlara elini hem uzatmady, şonda men onuň bir habar bilen gelendigini aňdym — diýýär.
 
* * *
 Günleriň birinde Ahmet ibn Tulun köşgüň depesinden köçä seredip durka, iki sany hammalyň sandyrap, gara dere batyp, bir sandygy göterip barýandyklaryny görýär. Hammallar zol-zol eýläk-beýläk seredýär ekenler. Ahmet ibn Tulun emirlerine:
— Eger ol iki hammalyň ýüki agyr bolup sandyraýan, gara dere batýan bolsalar, onda olaryň boýny egilip, bili bükülerdi. Bu ýerde näme-de bolsa başga gep bar — diýip, ol hammallary sandygy bilen getirmegi emr edýär.
Nökerler derrew hammallary getirýärler. Ahmet ibn Tulun sandygy açmagy emr edenden, hammallar aglaşyp, günälerini geçmegini soraýarlar. Sandygy açsalar içinde parçalanan zenanyň jesedi bar eken. Hammallaryň biri:
— Eý soltanym, bize ynanaýyň. Bu sandygy bize pylan kerwensaraýda ýaşaýan dört adam berip, şäheriň daşyna taşlamagy buýurdy. Olar bize örän köp pul tölänsoňlar biz garşy çykyp durmadyk — diýýär.
Ahmet ibn Tulun hammalyň her birine ýüz gamçy urdurýar. Kerwensaraýdaky dört adamy bolsa dara çekdirýär.
 
* * *
 Ahmet ibn Tulun Gurhan karylary, ymamlary we müezzinleri[1] diýseň gowy görer eken, olara ýardam berer eken.
Günleriň birinde ol ertir namazyndan ir turup, köşgüniň penjiresinden seredip, azan sesine garaşýar. Şol gün hem metjitde täze bir müezzin azan aýdýar. Ol müezziniň sesi diýseň ýakymsyz we zorrukdy. Ahmet ibn Tulun namaz okamaga metjide barýar. Namaz okalyp bolansoň ýaňky müezzin Ahmet ibn Tulunyň ýanyna gelip:
— Eý soltanym! Siz dindarlara, raýatlaryňyza ýardam edýäňiz, meniň hem aýalym gitdi, indi maňa öýlenmäge kömek edäýseňiz — diýýär.
Ahmet ibn Tulun:
— Aýalyň bilen näçe ýyl ýaşaşdyň? — diýip soraýar.
Müezzin:
— Ýedi ýyl — diýip jogap berýär.
Onda Ahmet ibn Tulun:
— Aperin ol aýala! Seniň sesiňe biz bir gün çydamyzok welin, ol ýedi ýyllap bu ejri çekipdir — diýýär.
 
* * *
 Bir gezek soltanyň diwanbaşysy özüniň kätipleriniň biriniň diwanyň syrlaryny paş edýändigini bilip, ony zyndana okladýar. Soňra başga bir kätibine bu habary soltana aýan etmek üçin hat taýýarlamagy buýurýar. Kätip diwanbaşydan:
— Hatda näme diýip ýazaýyn — diýip soraýar.
Diwanbaşy owadan sözler bilen:
— «Gijäniň tümlüginde, zülmat tününde ýagtylygy görmedi» diýip ýaz — diýýär.
Onda kätip:
— Men bir söz bilen «kör eken» diýip ýazaýaýyn — diýýär.
 

[1] Müezzin —azançy