بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Pygamber alaýhyssalam: «Allatagala alymlara ylym berende ony adamlara düşündirmekligi we gizlemezligi olardan ähtnama alyp berýär» diýdi.

Başy » Kitaplar » Danalaryň kitaby » On ikinji bap. Kazylaryň danalygy hakynda.

Bir gezek kazy Ibn Nesewiniň ýanyna iki adamy getirýärler. Olar biri-birine:
— Sen ogry-da sen ogry — boluşýardylar. Ibn Nesewi olary ýanynda oturdyp, hyzmatkärine içmek üçin jamda suw getirmegi buýrýar. Ol jamdaky suwy çala içip, bilkastlaýyn jamy elinden gaçyryp döwýär. Töhmet atylýanlaryň biri tisginip, böküp düşýär. Onda Ibn Nesewi tisgineni azat edip, beýlekä: «Sen ogra» diýýär. Olary getiren nökerler:
— Siz olaryň haýsysynyň ogrudygyny nädip bildiňiz? — diýip soranlarynda, ol:
— Ogry ogrulyga girende birden şol öýde syçanyň ýörän sesini eşitse-de sesini çykarman doňup durýar — diýýär.
 
* * *
 Iki adamy bäş ýüz dinar ogurlamakda aýyplap kazynyň ýanyna getirýärler. Kazy töhmet atylýanlara:
— Men siziň haýsy biriňiziň ogrydygyny bilemok. Emma meniň jadyly haltajygym bar. Şol halta garaňky jaýda ogry adam elini soksa, halta «sen ogry» diýip gygyrýar — diýip, ol iki adamy garaňky jaýda halta elini sokdurýar.
Emma haltadan ses-seda çykmaýar. Soň kazy ol ikisini ýagtylyga çykarýar. Haltanyň içinde kömür gyryndysy bardy. Ogrulykda aýyplanýanlaryň biriniň eli gap-garady, beýlekiň eli bolsa arassady. Kazy eli arassany ogrulykda aýyplap, oňa bäş ýüz dinary gaýdyp bermegi buýrýar we oňa gamçy urmagy emr edýär.
 
* * *
 Bir aýal Ibn Nesewiniň ýanyna gelip aglaýar we näme aýtjagyny bilmän aljyrap durýar. Ibn Nesewi ony köşeşdirip:
— Eý doganym, näme arzyň bolsa çekinme-de aýdyber — diýýär.
Ol aýal:
— Meniň adamym we iki sany gyzym bar. Gyzlarymyň biri on iki beýlekisi on dört ýaşynda. Ýaňy ýakynda adamym ýaş gyza öýlenip, ol öýe gelmesini goýdy. Men owarram welin gyzjagazlarym her gezek «kakam gelenokmy?» diýende ýüregim para-para bolýar — diýip, başyna düşen halaty gürrüň berýär. Ibn Nesewi ol aýaldan:
— Sen kimiň gyzy we adamyň ady näme? Ol näme kär edýär? — diýip soraýar.
Ol aýal:
— Men Pylanyň gyzy. Adamym çörek bişirip satýar we oňa Pylan ibn Pylan diýýärler — diýenden soň kazy Ibn Nesewi:
— Sen arkaýyn gyzjagazlaryň arasyna bar. Nesip bolsa äriň seniň ýanyňa barar ýaly ederin — diýýär.
Şol gün kazy adamlarynyň birini iberip ol aýalyň adamsyny ýanyna çagyrdýar. Çörekçi ýüzi ak-tam bolup, kazynyň ýanyna ylgap gelýär. Kazy oňa:
— Hiç gorkuly zat ýok. Men seni bir maslahat üçin çagyrdym. Ýöne ýör ilki bir mal ýataga aýlanyp geleli — diýýär.
Kazy mal ýataga iki sany daňylgy duran sygyryň ýanyna barýar we eline bir gujak ot alyp:
— Bä bu oty bularyň haýsy birine bersemkäm! — diýip oýlanansyraýar.
Onda çörekçi:
— Eý adalat sütüni, siz bu oty maňa beriň. Men olaryň ikisine deň bölüp bereýin — diýýär welin kazy oty ýere bulap urup:
— Şu aýdýanlaryňy öýüňde etseň bolanokmy? — Allatagala dört aýala çenli almaga rugsat berýär, emma olary deň saklamagy emr edýär. Aýalyňa hakyny, gyzjagazlaryňa bolsa ata mähriňi we edep terbiýe ber — diýýär. Çörekçi hata iş edendigini boýun alyp, kazydan ötünç soraýar we onuň elini öpüp, öýüne dolanyp barýar. Şol günüň ertesi çörekçiniň aýaly eli saçakly kazynyň ýanyna gelýär. Ol saçakdan çörek alyp kazynyň öýüne goýýar we:
— Eý kazy aga, şu çöregi gyzjagazlarym siziň üçin bişirdi. Bu çörek olaryň mährine ýugrulandyr. Kakalary dolanyp gelenine olar iki bolup bilenoklar — diýip, kaza minnetdarlyk aýdyp öýüne dolanýar.
 
* * *
Bir ýaş ýigit kazy Şerihiň ýanyna gelip:
— Meniň aslym Damaskdan. Men öz kowmumdan bir gyza öýlendim — diýýär.
Onda kazy Şerih:
— Berekella, Alla size köp-köp ogul-gyz bersin we yrsgalyňyzy zyýada etsin — diýýär we ol ýigitden:
— Seni meniň ýanyma näme getirdi? — diýip soraýar.
Şamly ýigit:
— Men öz aýalym bilen başga ýere göçmek isleýärin. Emma aýalymyň dogan-garyndaşlary bu işimize garşy sen maňa bu meseläni çözüp ber — diýýär.
Onda kazy:
— Sen bu meseläni özüň çözüpsiň. Aýal seniňki, çen nirede bolsaň ol hem şol ýerde bolmalydyr. Oňa garşy bolmaga hiç kesiň haky ýokdur — diýýär.
 
* * *
 Bir gezek Iýas ibn Muawyýanyň ýanyna üç aýal gelip, öz meselelerini aýdyp onuň çözgüdini eşdip, çykup gidensoňlar Iýas ibn Muawyýa: «Ýaňkylaryň biri dul, biri gyz, ýene biri bolsa çaga emdirýän ýaş gelin — diýýär.
Ondan:
— Sen ony nädip bildiň? — diýip soranlarynda, ol:
— Olaryň biri zol-zol mämelerini elledi durdy. Onuň ýaş çagasy bolup, megerem emdirmeli wagty bolandyr. Ikinjisi gapydan girenden ýere seredip girdi we tä gitýänçä ýerden gözüni aýyrmady. Ynha ol gyz bolmaly. Olaryň üçünjisi girenden saga-sola seredip, tä gitýänçä gözüni gözümden aýyrmady. Ol bolsa dul bolmaly — diýip jogap berýär.
 
* * *
 Günleriň birinde Iýas ibn Muawyýa jemagat bilen durka bir ýeri görkezip:
— Şu ýeriň aşagynda bir jandara bar — diýýär.
Ol ýerdäki adamlaryň biri Iýas ibn Muawyýanyň görkezen ýerini gazýar welin ol ýerde ýylan bar eken. Adamlar ondan:
— Sen ol ýerde ýylanyň bardygyny nädip bildiň? — diýenlerinde, ol:
— Men ol ýere seredenimde bu ýeriň çägesiniň çala gozganýandygyny we onuň aşagyndaky jandaryň dem alýandygyna göz ýetirdim — diýip jogap berýär.
 
* * *
 Bir gezek Iýas ibn Muawyýa jemagat bilen bir öýüň deňinden geçip barýarka itiň sesini eşidip:
— Ol it suwsapdyr — diýýär.
Ol adamlar howla girip hakykatdan hem itiň suwsap, iki ýana urunýandygyny gördüler we ite suw berdiler. Adamlar Muawyýadan:
— Sen ol itiň suwsandygyny nädip bildiň? — diýip soranlarynda, ol:
— Itiň gyryljak sesi kä bu ýerden kä ol ýerden eşdilýärdi. Men onuň sesinden suwsandygyny aňdym — diýýär.
 
* * *
 Iýas ibn Muawyýa bir gezek adamlar bilen howlusynda mejlis gurap otyrka itleriň sesini eşdip:
— Bu ýeriň itleri keseki bir ite topulýarlar — diýýär.
Adamlar ondan:
— Sen bu oturan ýeriňden ony nädip bildiň? — diýiýp soranlarynda, ol:
— Itleriň toparynyň sesi haýbatlydyr. Emma bir sesi welin naýynjardyr — diýýär.
 
* * *
 Bir adam sapara gitmezinden öň bir haltajyga müň dinar salyp, agzyny tikýär we şaýatlar bilen kazynyň ýanynda haltanyň agzyny möhürläp, dostuna goýup, ýola çykýar. Öýünde amanat pul goýulan adam dosty uzak wagt geçip, sapardan gelmänden soň ol ölendir öýdüp, haltanyň möhrüni bozman onuň aşagynyň tikinini söküp, haltadaky dinarlary alýar we deregine müň dirhem goýup ýene-de haltany tikýär. Ýene birnäçe ýyl geçýär welin amanadyň eýesi dolanyp gelýär. Öý eýesi şaýatlary çagyryp haltajygy eýesine gowşurýar. Pulyny alan adam öýüne baryp, haltajygy açyp görse, içinde dinara derek dirhem bardy. Ol dessine dostunyňka baryp, öz goýan puluny talap edýär. Emma ol haltajygy ellemändigini aýdýar. Olar dawa bilen kazynyň ýanyna barýarlar. Kazy olaryň dawasyny diňläp sapara gidene:
— Seniň sapara gideniňe näçe ýyl boldy? — diýip soraýar.
Ol:
— On bäş ýyl — diýip jogap berýär.
Onda kazy haltnyň içinden çykan dirhemleri synlap, amanat goýanyň ýoldaşyna:
— Sen onuň hakyky puluny gaýdyp bermeli bolarsyň — diýýär.
Amanat pul gaýulan adam:
— Ol nähilli puly gaýdyp bermeli?! Men bu haltany ellemesem näme. Ol manady menden alanda haltanyň möhri ýerindedi ahyryn — diýýär.
Kazy oňa:
— Sen puly çalyşanyňa şek-şübhe ýok. Sebäbi ol adamyň sapara gidenine on bäş ýyl bolupdyr. Emma haltanyň içindäki dirhemleriň zikkelenenine üç ýyl bolupdyr. Diýmek senden başga hiç kim puly çalyşyp bilmez. Derrew puly gaýdyp ber — diýýär. Öýünde amanat pul goýulan adam eden işini boýun alyp, dostuna puluny gaýdyp berýär we bu ýerden göçüp gidýär.
 
* * *
 Mekkäniň kazysy bir aýala öýlenýär. Ol aýal öň hem dört gezek äre baryp, her gezek adamsy ýogalýardy. Günleriň birinde kazy hasa bolup, ölüm halynda düşekde ýatyrka aýaly onuň başujyna geçip:
— Sen meni kime goýup gitjek — diýip, aglap başlaýar.
Kazy çala gözüni açyp:
— Altynjy nadana — diýip jogap berýär.
 
* * *
 Bir adam kazynyň ýanyna gelip:
— Eý adyllyk sütüni, günde şeýtan maňa: «Aýalyňy talak et» diýip waswas edýär. Men näme edeýin? — diýip soraýar.
Kazy ol adamyň ýüzüne siňe seredip:
— Sen düýn meniň ýanyma aýalyňy getirip, talak etmediňmi näme? — diýýär welin ol adam ör-gökden gelip:
— A-how men seniň ýanyňa diňe şu gün gelip durşum. Onsoň hem men Alladan ant içýän aýalymy talak edemok, etjek hem däl — diýýär.
Onda kazy:
— Bolýar onda indiki gezek şeýtan waswas edende edil şu maňa ant içişiň ýaly şoňa-da iç. Şonda şeýtan golaýyňa gelmez — diýýär.
 
* * *
 Günleriň birinde Şamyň kazysynyň aýaly adamsynyň ýanyna baryp:
— Men özüme gyrnak almakçy — diýýär.
Kazy oňa:
— Alsaň alaý men razy — diýip, rugsat berýär.
Aýaly gyrnaklaryň içinde iň owadanyny saýlap, adamsynyň ýanyna barýar we:
— Şuny satyn alsam neneň görýäň? — diýip soraýar.
Kazy gyrnagy görenden oňa göwni gidýär we aýalyna:
— Meniň sandygymdan pul alyp onuň hakyny töläý — diýýär.
Emma aýaly:
— Ýok men ony öz puluma aljak. Men saňa iki ýüz dinar bereýin welin gyrnagyň eýesi bilen ähtnamany meniň adymdan ýaz — diýip, adamsyna iki ýüz dinar berip, öz işleri bilen çykyp gidýär.
Kazy aýalynyň puluny ýygşyryp goýup, gyrnagyň bahasyny töleýär we ähtnamany öz adandan ýazýar. Gyrnak nämäniň nämedigini bilýär we kazy bilen islän wagty aýşy-eşretde bolýar. Günleriň birinde kazynyň aýaly öýüne gelse kazy gyrnagy bilen düşekde ýatyrdy. Bu halaty gören aýal kaza:
— Eý diniň goragçysy, Alladan gorkaňokmy? Bu nä boluş? — diýip, bogazyna sygdygyndan gygyryp başlaýar.
Kazy aýalyna:
— Öz gyrnagyň bilen aýşy-eşretde bolmak zyna däl-de nygmatdyr — diýýär we ähtnamany çykaryp görkezýär.
Aýaly özüne hile guralandygyny bilip, iki ýüz dinaryny yzyna alýar we ärinden gyrnagy satmagyny talap edýär. Kazy ol gyrnagy satmaga mejbur bolýar.
 
* * *
 Iki sany adam kazynyň ýanyna bir goçy iýdip gelip, her haýsy bu goçuň özüniňkidigini aýdyp dawa edýärler. Şeýle dawalardan bez bolan kazy olardan:
— Men siziň dawaňyzy çöp döwen ýaly edeýin. Siz meniň çykarjak hökmüme razy bolarmysyňyz? — diýip soraýar.
Olar:
— Hawa-da hawa — diýişýärler.
Onda kazy:
— Ant içiň — diýýär.
Olar:
—Biz seniň hökümüňe garşy çykmajakdygymyza ant içýäris — diýýärler.
Kazy goçuň şahyndan tutup, ony öz aglyndaky goýunlaryň arasyna goşup goýberýär. Dawagärler sesini çykarman öýli-öýüne dolanýarlar.