بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Meniň size bäş sany weset galdyrasym gelýär. Șolary ýerine ýetiren kişi ýagşyzadalaryň hataryna goşulyp biler. Birinjiden hiç biriňiz Alladan başgadan dileg etmäň, tamakin hem bolmaň! Ikinjiden Alladan çe¬kinmän günä iş etmekden gorkuň! Üçünjiden nämedir bir zat hakynda soralanda, bilmeseňiz, «bilemok» diýmäge utanmaň! Dördünjiden bilmeýän zadyňyzy başga birine öwretjek bolmaň! Bäşinjiden sabyr-takatly boluň! Başsyz göwräniň bolmaýşy ýaly, sabyrsyz-takatsyz hem iman bolmaz. Başsyz göwreden bolsa hiç hili haýyr ýokdur.

Başy » Kitaplar » Danalaryň kitaby » On üçünji bap. Uly alymdyr fakyhlaryň danalygy hakynda.

Günleriň birinde Şagby hammama girýär welin Dawut Azadynyň ýalaňaç durandygyny görüp, dessine elleri bilen gözlerini ýapýar. Dawut Azady hiç zat bolmadyk ýaly:
— Eý Abu Amr, sen haçan kör bolduň? — diýip degişýär.
Onda Şagby:
— Seniň utanç ýerleriň äşgär bolan halaty — diýip jogap berýär.
 
* * *
 Bir gezek bir adam Agmaşyň ýanyna gelip:
— Men öňürräk bir adam hakynda erbet zatlar diýdim welin gürrüňdeş bolan adamlarym ol adama meniň diýen sözlerimi ýetiripdirler. Men ondan baryp ötünç soraýsammykam? — diýýär.
Onda Agmaş:
— Sen ondan ötünç sorap oturma-da oňa duşanyňda: «Meniň name aýdyp näme aýtmadygyma Alla şaýatdyr» diýäý — diýip, nesihat berýär.
 
* * *
 Bir gezek Abu Hanypa Mekkä gidip barýarka bir ýere baryp ýoldaşlary bilen düşleýärler. Abu Hanypanyň ýoldaşlary eti çişe düzüp bişirip, ony sirkä ýatyrmak isleýärler. Emma olaryň ýanynda hiç hilli oýuk gap ýok eken. Abu Hanypa ýeri gazyp, saçagy şol oýuk ýere ýazýar we şeýdip eti sirkä ýatyryp iýýärler. Olar Abu Hanypanyň bu oýlap tapyşy üçin minnetdarlyk bildirýärler. Onda Abu Hanypa:
— Siziň naharyňyz bolmasa men hiç zat oýlap tapmazdym. Bu yrsgaly bize ýollan Alla şükürler bolsun! — diýýär.
 
* * *
 Bir gün ogrular bir adamyň öýüne girip onuň öýüni öý eýesi barka talaýarlar we: «Eger bir ýerde size ogry diýsem, aýalym üç gezek talak» diýip öý eýesine ant içdirýärler. Öýi talanan adam ertesi irden bazara barsa, ogrular arkaýynlyk bilen onuň öý-goşlaryny bazarda satyp otyrdylar. Ol näme etjegini bilmän, Abu Hanypanyň ýanyna barýar we ondan maslahat soraýar. Abu Hanypa ony diňläp:
— Sen hiç zady gaýgy etme. Men senden alnan zatlary gaýdyp alyp bererin — diýýär we metjidiň ymamyny, müezzinini hem-de şäher häkimi ýanyna çagyryp:
— Şu adamyň zatlarynyň ýene-de özüne gaýdyp barmagyny isleseňiz, bazarda söwda edip oturan şübheli adamlary bir ýere ýygnalyň. Olary ýeke-ýekeden adamlaryň öýünden geçirip: «Şu seniň zadyňy ogurladymy?» diýip soralyň. Eger ogrulamadyk bolsa onda ol adam: «Ýok» diýip jogap bersin. Eger onuň zadyny şol adam ogurlan bolsa dymsyn — diýýär.
Şeýdip, Abu Hanypa we onuň ýaranlary ol adamyň antyny bozmak ähli öý goşlaryny ogrulardan yzyna alýarlar.
 
* * *
 Abu Apbas Tusy Abu Hanypany halamaýardy. Olar mejlislerde bile bolsalar Tusy ony duzlama-ga çalyşýardy. Günleriň birinde Apbaslylar halypasy Abu Japar Mansur alymlar üçin mejlis gurap, oňa Abu Apbas Tusyny hem Abu Hanypany hem çagyrýar. Abu Hanypa mejlise gelende Abu Apbas Tusy eýýam ol ýerdedi. Ol halypanyň göwnünden turjak bolup, Abu Hanypa:
— Eý Abu Hanypa, möminleriň emiri jeza berilýän bir adamyň kellesini almak isleýär — diýýär.
Abu Hanypa ondan:
— Jeza berilýän adam hak eden işi üçin jeza berilýärmi ýa-da nähak? — diýip soraýar.
Abu Apbas:
— Elbetde hak eden işi üçin jeza berilýär — diýýär.
Onda Abu Hanypa:
— Ol adama hakyky eden işine görä jeza berilýän bolsa sen näme üçin oňa garşy bolýarsyň? — diýýär.
Abu Apbas Tusy näme diýjegini bilman dymmaly bolýar.
 
* * *
 Halypa Abu Japar Mansuryň hajyby Rabyga Abu Hanypany halamaýardy. Bir mejlisde Rabyga Mansura:
— Eý möminleriň emiri, Abu Hanypa siziň ataňyz Abdylla ibn Apbasyň aýdanlaryna garşy çykýar. Ol: «Bir gezek kasam edenden soň ony üýtgedip bolmaýar» diýýär — diýip, Mansura aýdanda Abu Hanypa:
— Eý möminleriň emiri Rabyga siziň esgerleriňiz size wepalylykda ant içip, soňra antyndan dänip bilýär diýjek bolýar — diýenden, Rabyganyň ýüzi ak-tam bolup, girere deşik tapmaýar. Abu Japar Mansur gülüp hezil edinip:
— Abu Hanypa bilen işiňiz bolmasyn. Ol özüniň diýjek sözüni biler — diýýär.
Abu Hanypa Mejlisden çykandan soň Rabyga oňa:
— Sen meniň ganymy dökmek islediňmi? — diýende, Abu Hanypa:
— Ýok, sen meniň ganymy dökmek islediň. Men seniň we özümiň başymy ölümden gutardym — diýýär.
 
* * *
 Abu Hanypanyň egindeşleriniň biri öýlenmekçi bolup bir öýe sawçylyga barýar welin ol gyzyň maşgalasy:
— Seniň üçin söz aýtmaga goý bize sawçylyga Abu Hanypa gelsin — diýýärler.
Abu Hanypa egindeşiniň eliniň ýuwkadygyny bilenden soň oňa:
— Balagyň üstünden eliň bilen ujydyňy tut — diýýär.
Ol Abu Hanypanyň aýdyşy ýaly edýär. Abu Hanypa şondan soň sawçylyga gidýär. Gyzyň maşgalasy Abu Hanypadan:
— Heý ol ýigidiň biziň gyzymyzy ekläp biler ýaly zady barmy? — diýip soranlarynda, ol:
— Hawa, men onuň elinde gymmaty on müň dirheme degýän zadyň bardygyny gördüm — diýýär.
 
* * *
 Bir adam Abu Hanypanyň ýanyna gelip:
— Men bir ýerde pulumy gizläp goýdum we men indi hem ol ýeriň niredigini ýatdan çykardym — diýýär.
Abu Hanypa oňa:
—Ýassy namazyňy ertir namazy golaýlanda oka şonda puluňy goýan eriň ýadyňa düşer — diýýär.
Ertesi ol adam gelip, puluny tapandygyny aýdýar. Abu Hanypa:
— Men şeýle boljagyny bilýärdim. Sebäbi Şeýtan saňa namaz okatmajak, seni güýmejek bolup her hilli ýagdaýlary ýadyňa salýandyr — diýýär.
 
* * *
 Bir gezek Harun Peşit Abu Ýusupdan:
— Faluzaj süýjümidir ýa-da lewzinj? — diýip soraýar.
Onda Abu Ýusup:
— Eý Möminleriň emiri, men ýok zatlara höküm çykaryp bilmerin-ä — diýýär.
Harun Reşit hyzmatkärlerine olaryň her haýsysyndan bir jam getirmegi emr edýär. Abu Ýusup iki tabakdan hem gezekli gezegine iýip başlaýar. Tabaklar ýarym bolanda Harun Reşit ýene-de soragyny gaýtalaýar. Onda Abu Ýusup:
— Bularyň ikisiniňde delili güýçli welin men haýsysyna höküm çykarjagymy bilemok — diýýär.
 
* * *
Bir gezek Şapyga kesel ýatyrka Rabyg ony soramaga gelýär. Ol Şapyga:
— Eý Abu Abdylla, goý, Alla seniň ejizligiňe kuwwat bersin — diýýär.
Şapygy oňa:
— Eý Abu Muhammet, Alla meniň ejizligime kuwwat berse, kesel menden rüstem çykar, men heläk bolaryn ahyryn — diýýär.
Raby şapyga:
— Men diňe haýyr bolmagyny isledim — diýýär.
Onda Şapygy:
— Eger Alla kuwwat berip, aýaga galsam şonda göz ýetirip seniň maňa haýyr isläniňi — diýýär.
 
* * *
 Bir adam Şapygynyň ýanyna gelip:
— Men bir miwäni elime alyp: «Şu miwäni iýsemem, iýmän taşlasamam aýalym üç gezek talak» diýip ant içdim. Indi hem näme etjegimi bilemok — diýende, Şapygy oňa:
— Sen ol miwäň ýarysyny iý, ýarysyny bolsa iýmän taşla — diýýär.
 
* * *
 Bir adam Şapygydan:
— Eý Abu Abdylla, eger meniň lybasymy bir nejasat degse, men ony ýuwmak üçin derýa suwa girenimde kybla bakaýynmy ýa-da başga tarapa? — diýip soraýar.
Onda Şapygy:
— Sen gowusy lybasyňa we ondaky nejasata bak — diýýär.