بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

«Ylmy alymlardan üstün bolmak, nadanlary özüňize bakdyrmak we mertebe gazanmak maksady bilen öwrenmäň. Kim beýle etse, ol dowzaha düşer; «Kim özünde bar bolan ylmy gizlese, Allatagala ony otdan bolan jylaw bilen jylawlar»;

Başy » Kitaplar » Danalaryň kitaby » On dördünji bap. Dindarlaryň we zahytlaryň danalygy hakynda.

Ymamlaryň biri hassa bolup birnäçe wagt öýünde ýatýar. Emma ony hiç kim soramaga gelmeýär. Ol aýaga galandan soň ýene-de öňküsi ýaly metjide baryp, jemagata ymam durup namaz okaýar we dileg edende:
— Eý Allam, bu jemagatyň kalbyna hassanyň halyny soramagyň edebini guý — diýip, dileg edýär.