بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Ibn Apbas (goý, Beýik Taňry ondan razy bolsun!): «Adamlara ýagşylyk etmegi öwredýän kişiniň günäsini geçmekligi hemme zat, hat-da suwdaky balyga çenli Allatagaladan sorar» diýdi.

Başy » Kitaplar » Danalaryň kitaby » On bäşinji bap. Arap we ajam alymlarynyň danalygy hakynda.

Bir gezek Nazar ibn Adnanyň ogullary şähere gidýärler. Olar ýolda gidip barýarkalar, Mudyrr ibn Nazar[1]:
— Şu ýoldan bir gözi kör düýe otlap gidipdir» diýýär.
Onda Rabyga ibn Nazar[2]:
— Ol düýäniň bir aýagy hem agsak eken — diýýär.
Iýýad ibn Nazar[3] bolsa:
— Özem, düýäniň guýrugy hem ýok — diýýär.
Enmar ibn Nazar[4] bolsa: «Bu düýe eýesinden gaçyp barýan düýe — diýýär.
Bular ýollaryny dowam etdirýärler. Ýolda olara düýäniň eýesi duşup, düýesi hakynda soraýar. Olar oňa düýäniň sypatlaryny aýdýarlar.
Düýäniň eýesi olardan bu düýäni nirede görendiklerini soraýar. Onda olar: «Biz bu düýäni görmedik» diýýärler. Ýaňky adam olaryň düýäni doly sypatlandyryp, soňundan görmedik diýmeklerini geň görýär we olar bilen dawalaşyp, şähere Afgy Jerheminiň[5] öýüne gidýärler.
Afgy olary diňläp, düýäni nädip beýle sypatlandyryp bilendiklerini soraýar.
Onda Mudyrr:
— Ol düýe otlanda ýoluň diňe bir tarapyndan gidipdir. Şonuň üçin hem men onuň bir gözüniň kördügini bildim — diýýär.
Rabyga:
— Düýäniň basan yzyna seretdim welin, bir yzy çalarak bildirýär. Şondan hem men onuň bir aýagynyň agsakdygyny bildim — diýýär.
Iýýad:
— Ol düýäniň tezegi tokgalygyna ýatyrdy. Eger onuň guýrugy bolan bolsa, onuň tezegi beýle tokga bolmazdy — diýýär.
Enmar bolsa:
— Düýäniň aýaklarynyň arasy açyk we ýanynda adamyň aýagynyň yzy bolman soň, onuň eýesinden gaçandygyny bildim — diýýär.
Onda Afga Jehmi düýäniň eýesine:
— Düýäni başga ýerden gözle — diýýär.
Soňra Afgy olary nahara çagyrýar we saçaga dürli-dümen tagamlary getirip, özi otagdan çykyp, olaryň gürrüňlerini diňleýär.
Mudyrr:
— Ömrümde beýle çakyr içip görmändim. Bolsa-da, bu çakyr gabrystanlykda biten üzümden ýasalandyr — diýýär.
Rabyga:
— Ömrümde beýle çebiş etini iýmändim. Bolsa-da, bu çebiş it emip ulalypdyr — diýýär.
Iýýad bolsa:
— Bizi myhman alyp, beýle hezzet-hormat eden adam ýaly adam görmändim. Bolsa-da, ol kakasynyň ogly däldir — diýýär.
Enmar bolsa:
— Ýagşy gürrüňler etdik welin, bolsa-da, öý eýesi biziň gürrüňlerimizi diňleýär — diýýär.
Öý eýesi öz ýanyndan: «Megerem, bu dünýede şeýtan bar bolsa, bular şeýtandyr» diýýär. Sebäbi olaryň ähli aýdan zatlary dogrudy.
 
* * *
Utby bir agrabydan:
— Düýn bu ýerde nähili howa boldy? — diýip soraýar welin, agraby Utbynyň agzyny eli bilen ýapyp:
— Ýatlama şony, birden eşdip geläýmesin — diýýär.
 
* * *
Bir adam Abu Osman Mazana aýdym aýdyp berýär we aýdymyny boldum edip:
— Neneň gördüň? — diýip soraýar.
Onda Abu Osman Mazany:
— Bu zatlary daşyňa çykaranyň gowy boldy. Eger olar seniň içiňde ýatan bolsa Alla bilsin näme boljagyny — diýýär.
 
* * *
 Bir şahyr çarwa araba gören düýşüni goşgy bilen beýan edýär Ol:
 
Möminleň emiri boldum düýşümde,
Wezir, ulamalar bary daşymda.
 
Haýyr etdim halka paýladym dinar,
Desterhalar ýazdym barça nygmat bar.
 
Soňra ol çarwa arapydan:
— Düýşümiň ýorgudy nämekän? — diýip soraýar.
Onda çarwa arap:
— Düýşüňde etsem-goýsamyň örän gowy welin, seniň düýşüňi ýorup biljek düýş ýorgutçylary möminleriň emiriniň ýanynda-da. Olar seniň düýşüňi ýorandan soň düýşüňdäki desderhanlardaky näz-nygmatlara derek, seniň aşyňy iýäýmesek — diýýär.
 
* * *
 Bir araby bir kowmyň arasyna baryp olaryň atlaryny soraýar. Biri Wasyk (ynamly) diýse, ýene biri Şedid (berk), ýene biri Menig (goragly) diýýär. Onda araby:
— Siziň öýleriňize gulp derkar däl bolsa gerek — diýýär.
 
* * *
 Günleriň birinde emewiler halypasy Hyşam ibn Abdylmälik bir mejlisde:
— Kimde kim maňa paýyş söz aýtman, sögünip bilse ýüz dinar berjek — diýenden bir çarwa arap ýerinden turup:
— Eý çaşy — diýýär.
Hyşam ibn Abdylmälik ýüz dinarly haltajygy oňa okap:
— Öýüň köýsün, şuny alda gümüňi çek — diýýär.
 
* * *
 Abu Uýaýna bir dostunyň öýüne gelýär welin onuň öýündäkiler:
— Ol namaz okaýar — diýýärler.
Ol yzyna dolanyp, birnäçe wagtdan ýene-de dostunyň öýüne barýar welin oňa dostunyň namaz okaýandygyny aýdýarlar. Onda Abu Uýaýna:
— Ol näme ata-babalarynyň jahylyýetde okamadyk namazlarynyň kazasyny alýarmy? — diýýär.
 
* * *
 Bir gezek çarwa arap emewiler halypasy Süleýman ibn Abdylmäligiň ýanyna haýyş bilen gelýär. Olara tagam getirýärler welin çarwa arap diňe halypanyň öňünden alyp iýýär. Bu ýagdaýy görüp duran hajyp çarwa araba:
— Öz öňünden iý — diýýär.
Onda çarwa arap:
— Bereketli ynsandan bereket ýokdurmak isleýän — diýýär.
Süleýman ibn Abdylmälige onuň jogaby ýarap, ol çarwa arabyň hajatyny ýerine etirýär.
 
* * *
 Bir çarwa arap oraza aýynyň iň soňky güni aýa seredip:
— Seniň gelmegiň bilen meniň şeklim seniň şu wagtky şekliňe meňzedi. Emma basym meniň şeklim seniň ertirki şekliňe meňzär — diýýär.
 
* * *
 Apbaslylar halypasy Mäti garryja bir aýaly görüp:
— Sen kimlerden? — diýip soraýar.
Ol aýal:
— Men Hatam Taýyň neslindendirin — diýýär.
Mäti ondan:
— Näme üçin siziň araňyzdan ýene-de Hatam Taý ýaly adam çykanok? Size hem onuň ýaly bolmaga näme päsgel berýär? — diýenden ol aýal:
— Käbir näkes hökümdarlaryň seni wagtynda tagta getirmezligi — diýip, jogap berýär.
Ol aýalyň jogaby Mätä ýarap, oňa köp pul berýär.
 
* * *
 Asmagy bir garryja aýaldan onuň ogly hakynda soraýar. Ol aýal:
— Meniň oglum wepat boldy. Men balamy ýitirenden soň bu pany jahanda durasym gelenok ― diýip, iki beýt aýdýar:
 
Ömür baky däl diýip gorkýardym çenden,
Indi dileýärin wepatym her dem.
 
Ölüm gorkulydy geläýse birden;
Aýralyk beterdir ölüm heserden.
 

[1] Mudyrr ibn Nazar ibn Mugyt ibn Adnan. Ol Hyjazdan bolup, onuň ejesi gara gyrnakdyr. Ilkinji bolup düýäni söz bilen çagyrmany adata girizen adamdyr. Onuň ýakymly sesi bolupdyr.
[2] Rabyga ibn Nazar ibn Mugyt ibn Adnan Mudyrryň enebaşga doganydyr. Onuň nesli Ýemama, Bahreýin we Yrak töwereklerinde ýaşaýandyr. Jahylyýet döwründe Käbä zyýarat edilende dogadyr dilegleri döreden Rabygadyr.
[3] Iýýad ibn Nazar ibn Mugyt ibn Adnan. Ol Mudyrryň kiçi doganydyr. Olaryň kakasam, ejesem birdir. Onuň nesli Pars, Şam we Antakyýa ýaýraýar.
[4] Enmar ibn Nazar ibn Mugyt ibn Adnan Rabyga bilen kakasam, ejesem birdir. Onuň nesli Ýemen, Hyjaz we hatda Andalusa ýaýraýar.
[5] Afgy Jerhemi jahylyýet döwrüniň danasydyr. Ýemeniň we Hyjazyň araplarynyň arasynda dawa-jenjel tursa, oňa gelip çözdürerdiler.