بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Akmagyň berýän soragyny ýat tut we akyllydan sora. Akyllynyň beren jogabyny ýat tut we amal et.

Başy » Kitaplar » Danalaryň kitaby » On altynjy bap. Akyly bilen hile edip maksadyna ýetenleriň danalygy hakynda.

Musulmanlar bilen pars şasy Ýezdegardiň arasyndaky söweşde Hurmuzan atly pars ýesir düşýär. Ony Omar ibn Hattabyň ýanyna getirenlerinde, ol:
— Şumy siziň patyşaňyz? — diýip soraýar.
Oňa:
— Ol biziň halypamyz — diýýärler.
Ol:
— Näme onuň goragçylary ýa-da janpenalary ýokmy? — diýip soraýar.
Oňa:
— Biziň halypamyzy Alla goraýandyr — diýýärler.
Hurmuzan:
— Men suwsaýan maňa suw beriň — diýýär.
Omar ibn Hattap:
— Oňa suw beriň, ol suwsuzlykdan öläýmesin. Ony musulman gylyjy bilen jeza berip öldürmeli — diýýär.
Hurmyzana bir käse suw getirip berýärler welin Omar oňa:
— Arkaýyn içiber, şu käsedäki suwy içmeýänçäň seni öldürmerin — diýýär.
Hurmuzan käseden bir owurt hem içmän, käsäni zyňyp goýberýär. Omar ony öldürmegi buýrýar welin Hurmuzan oňa:
— Sen maňa aman berdiň ahyryn — diýýär.
Omar:
— Ol nähili aman berdim — diýýär.
Hurmuzan oňa:
— Sen maňa käsedäki suwy içmeýänçäň seni öldürmerin diýdiň. Men hem käsedäki suwy içmedim — diýýär.
Onda Omar:
— Alla seni heläk etsin, özüm duýman oňa aman beripdirin — diýýär we ony azat edýär.
Hurmuzan yslam dinini kabul edip, maşgalasyna sag-aman dolanyp barýar.
 
* * *
 Mugyra ibn Şagba: «Meni beni Harisdan bir oglan aldady welin hiç ýadymdan çykanok. Bir mejlisde men:
— Beni Kagypda bir gyz bar, men şol gyza öýlenmekçi — diýdim welin beni Harisaly bir oglan:
— Eý emir, ol gyz size laýyk däldir. Men ony bir erkegiň ogşap duranyny gördüm — diýdi.
Men ol oglanyň aýdanyna gulak goýup, ol gyzy ýatdan çykardym. Emma uzak wagt geçmän ol oglanyň özi beni Kagply şol gyza öýlendi. Men ol oglany ýanyma çagyryp:
— Sen dälmi maňa «Men ony bir erkegiň ogşap duranyny gördüm» diýen, indi hem ol gyza özüň öýlenipsiň — diýeninde, ol:
— Hawa meniň görenim çyn welin bu waka çaga wagtymyz bolup, ony öz kakasy ogşapdy — diýýär.
 
* * *
 Bi adam bir gyz üçin sawçylyga barýar. Ol adamyň öň hem bir aýaly bardy. Gyzyň garyndaşlary:
— Sen aýalyňy talak etseň biz saňa gyzymyzy bereli — diýýärler.
Ol adam:
— Alladan ant içýärin, eýýäm üç gezek talak etdim — diýýär.
Olar gyzlaryny bu adama durmuşa çykarýarlar. Birnäçe wagt geçenden soň gyzyň garyndaşlary ol adamyň öňki aýalyny talak etmändigini eşdip, onuň ýanyna baryp:
— Bu näme etdigiň. Sen biziň ýanymyzda eýýäm üç gezek talak etdim diýipdiň ahyryn — diýenlerinde, ol:
— Hawa, öň men Pylanynyň gyzy Pylanyny talak etdim ahyryn — diýýär.
Gyzyň garyndaşlary:
— Hawa — diýýärler.
Ol:
— Soňra Pylanynyň gyzy Pylanyny talak etdimmi? — diýýär.
Gyzyň garyndaşlary:
— Hawa — diýýärler.
Onda ol adam:
— Ondan soň Pylanynyň gyzy Pylany meniň aýalymdy ony hem talak etdim. Jemi üç boldymy — diýýär.
Gyzyň garyndaşlary:
— Biz olary göz öňünde tutmandyk — diýip, kazyň ýanyna barýarlar.
Kazy:
— Amallar niýete görädir — diýip, ol adamyňkyny dogry diýip, höküm çykarýar.
 
* * *
 Sind hökümdary Omar ibn Muhammet Türk ýurdyna ýörişe ugraýar. Ol bir obanyň çetinden girýär welin bu ýerde bir gojadan bilen ýaş oglanjykdan başga hiç kim ýokdy. Omar ibn Muhammet olaryň ýanyna baryp:
— Eý garry! Eger ýaşasyň gelse bu ýeriň adamlarynyň nirededigini aýt — diýýär.
Ol goja:
— Wah, men olaryň nirededigini aýtjak welin emma bu oglanjyk meni hökümdara ýamanlasa ol meniň kellämi alar. Siz şu oglany öldürseňiz, men olaryň nirededigini aýdaýyn — diýýär.
Omar ibn Muhammet dessine ol oglanjygyň kellesini alýar. Onda ol goja ajy ýylgyryp:
— Men ol oglan obadaşlarymyň nirededigini aýdar öýdüp, bu hiläni guradym. Eger meniň hem elimde kuwwatym bolsa il deňinde gylyç alyp, seniň bilen söweşerdim — diýýär.
Omar ibn Muhammet ol gojanyň hem kellesini alýar.
 
* * *
 Horasanly bir adam haja gelip, haj parzyny ýerine ýetirenden soň:
— Beni Haşymdan[1] Gurhany ýatdan bilýän barmy? — diýip soraýar.
Oňa diňe bir adamyň bardygyny aýdýarlar. Horasanly ol adamy tapyp oňa halat-serpaý edýär we köp pul peşgeş berip, indiki ýyl gelmegi wada edip, ýurduna dolanýar. Indiki ýyl ýaňky Horasanly ýene-de Mekgä gelip haj edýär we beni Haşymdan Gurhan ýatlanlaryna halat-serpaý we pul berýär. Ol adam üçünji ýyl Mekgä haja gelende beni Haşymyň ählisi Gurhany ýat tutupdylar. Ol adam olaryň ählisine öňküsinden hem zyýat halat- serpaý ýapyp, pul eçilýär. Ol adamdan:
— Sen näme üçin beni Haşyma beýle ýagşylyklar edýärsiň? — diýip soranlarynda, ol:
— Beni Haşymyň ýekeje adamynyň eden ýagşylygyny bütin yslam ymmaty näme etse-de gaýtaryp bilmez — diýýär.
Ol adam tä dünýäden ötýänçä kyrk iki gezek haja gelýär we haýyr-yhsan edýär.
 
* * *
 Bagdatdaky Dejle derýasynyň üstünde köpri bardy. Onuň her tarapynda bir kör oturyp, dilegçilik edýärdiler. Olaryň biri möminleriň emiri Aly ibn Talyby (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) mahabatlap, onuň tarapyny tutýardy. Beýleki kör bolsa emewiler halypasy Muawyýany taryplap, onuň tarapyny tutýardy. Bagdadyň halky ikä bölünip, bir topar Hezreti Alynyň tarapyny tutýan köre pul berse, beýleki tarap Muawyýanyň tarapyny tutýan köre pul baryny berýärdiler. Agşamlyk ol iki kör bir gizlin ýerde duşuşyp, düşen düşewintlerini ikisi deň paýlaşýerdylar. Bagdadyň halky olaryň guran hilesinden gapyl galypdy.
 
* * *
 Aýazly günleriň birinde Abul Hasan Apbas Bagdadyň köprüsinden derýanyň ol tarapyna geçmekçi bolanda tanyşlarynyň biriniň kiçijik gäminiň üstünde oturandygyny görüp:
— Öýüň köýsün, şunuň ýaly aýazly sowuk güni sen ol ýerde näme işläp otyrsyň? — diýip soraýar.
Onda ol tanyşy:
— Menden eli sandyraýan bir tanyşym hat ýazyp ber diýip haýyş etdi. Men öýdeoturan ýerimde onuň adyndan hat ýazjak boldum welin ellerim diýenimi etmedi. Sebäbi men onuň hatyna meňzetmelidim. Şonuň üçin şu ýere gelip gäminiň üstünde şol haty ýazyp otyryn — diýýär.
 
* * *
 Bagdatda bir är-aýal ýaşaýrdy. Olaryň hilegärligi we näkes haramzadadyklary külli Bagdada aýandy. Günleriň birinde är-aýal Bagdatdan çykyp, Humusa ugraýarlar. Olar Humusa Baranda adamsy aýalyna:
— Bu şäher nadanlaryň şäheridir. Alla nesip etse bu ýerden köp baýlyk bilen yzymyza dolanarys. Emma sen ähli zady meniň aýdyşym ýaly etmeli bolarsyň — diýýär.
Ol adamyň aýaly:
— Sen näme diýseň bolmalysy ýaly ederin — diýip, adamsyny ynandyrýar.
Adamsy haltadan täzeje ak ýüpek don, ak ýüpek balak çykaryp geýýär. Soňra kellesine ak selle orap aýalyna:
— Indi meni ýagşy diňle we aýdanlarymy berk belle. Günde 3/1 ratl gaýmak we bir döwüm çörek alyp, olary ýagşy gar we arassa mata dolap, daň agarmanka metjidiň ýanyndaky aýak ýoluna çykylýän ýeriň içinde bir daşjagazyň aňyrsynda görünmez ýaly edip goý. Emma gaýmak bilen çörek owuntugyndan başga zat goşaýmagyn. Özüň hem il içinde görünme. Wagt bolanda men seni özüm taparyn — diýýär.
Aýaly:
— Hemme zady diýişiň ýaly ederin — diýýär.
Ol adam sopy sypatynda Humusyň uly metjidiniň ýanyna baryp, namazlygyny ýazyp oturyberýär. Ol namaz wagty gelende namazyny okap, başga wagty hem tesbih sanap, dileg-doga bilen bolýar. Humusyň halky iki-üç günden, ol adamyň hiç zat iýip-içmän, diňe ybadat bilen meşgul bolup oturandygyny görüp, üns berip başlaýarlar. Adamlar oňa söz gatsalar-da, ol jogap bermeýärdi. Bagdatly adam günde bir gezek aýak ýoluna çykýardy we aýalynyň şol ýerde gizläp goýan tagamyny iýip, oňňut edýärdi. Humuslylar onuň duz datman, suw içmän diňe ybadat bilen meşgul bolup oturandygyny görüp, ony keramatly adam hökmünde sylap başlaýarlar. Adamlar ony togap edip, onuň oturan ýerinden toprak alyp, çagalaryny we hassa ýatanlaryny onuň daşyndan aýlap başlaýarlar. Şeýdip, bir ýyl geçýär. Bir gün ol daň agarmanka aýak ýoluna çykylýan ýere baryp, aýaly bilen duşuşýar we oňa:
— Biziň esasy etmeli işmiziň wagty ýetip geldi. Anna güni juma namazyndan öň metjide bar we meniň boýnumdan asylyp, ýüzüme urup: «Eý Allanyň duşmany, eý pasyk näkes! Meniň oglumy öldürip gaçyp gaýdyp bu ýerde zahytsyrap ýörsüňmi? Men hem senden oglumyň aryny alyp, seni öldürmeýänçäm ynjalmaryn» diýip gygyrybergin. Men adamlara seniň ogluňy öldürendigimi we bu eden işime ökünip, toba etmek üçin bu ýere gelendigimi aýdaryn. Sen: «Goý, men biçäräniň arzyny soltan eşitsin we sen näkesi dara çekdirsin» diý. Olar saňa ýalbararlar, töwella ederler welin dinlemegin. Olar seniň ogluň üçin hun tölemäge taýýardygyny aýdarlar. Ogluň üçin on esse hun tölejekdigini aýdanda, olaryň sözüne gulak goýup, huny almaga razylaşgyn. Huny alanyňdan soň bu ýerden tizden-tiz git. Men seniň yzyňdan bararyn — diýýär.
Är-aýal ähli zatlary maslahatlaşyp, her haýsy öz ugruna gidýär. Anna güni öň şertleşilişi ýaly aýal gelip adamsynyň ýagny ybadathon zahydyň üstüne topulyp, ony urmaga we onuň öwreden sözlerini gygyrmaga başlaýar. Adamlar çar tarapdan ylgaşyp gelip, ol aýaly zahydyň boýnundan aýryp:
— Eý Allanyň duşmany, bu adam diniň diregi, alymlaryň alymy, Allanyň ýerdäki emini, pygamberleriň egindeşi kimin adamdyr — diýýärler.
Zahyt hiç zat gürlemän namaza durýar we namazyny bolup, egnine salam berip, ýerde uzynlygyna ýatyp:
— Eý halaýyk, siz men şu ýere gelenim bäri menden ýekeje söz eşdipmidiňiz — diýip soraýar.
Halkyň arasynda gykylyk gowga başlaýar. Olar perişde pisintli ynsanyň gürlänini biri-birine buşlaýardylar. Olar:
— Ýok, biz senden ýeke söz hem eşitmändik — diýýärler.
Ol:
— Men öň bu ýere gelmezden öň näkesiň hem baryp ýatanydam. Men hakykatdan hem bu aýalyň ogluny öldürdim. Emma soň eden işime ökünip, aňyrsyna çykyp bilmedim. Siziň mübärek şäheriňize gelip, toba etdim, kalbym päklensin diýip oraza tutdum. Gije-gündiz Alladan tobamy kabul etmegini diläp, ybadata berildim. Men tobamyň kabul bolmazlygyndan gorkup, Alladan meni bu aýala duşurmagyny we onuň meni öldürmegini diledim. Alla bihasap şükür, ol meniň dileglerimi kabul edip, meni bu biçäre aýala duşurdy. Indi onuň meni öldürmegine päsgel bermäň — diýýär.
Halkyň arasyndaky gowga öňküden hem köpelip, agy sesleri asmana galýar. Olaryň aksakallary aýala ýalbaryp, töwella edip, ondan bu zahyt abydyň günäsini geçmegini soraýarlar. Emma ol aýal öz diýenini tuutup, soltana arz edip, bu näkesi dara çekdirjegini aýdýar. Onda aksakallar jemagata ýüzlenip:
— Eý halaýyk, bu zahyt kişiniň okan namazlary, doga-dilegleri bilen şäherimiz bereket, näsaglarymyz şypa tapdy. Geliň biz öz alymymyzy bu aýaldan halas edeliň — diýip, ol aýala ogly üçin hun tölemegi teklip edýärler.
Ol aýal:
— Meniň oglumyň ýekeje tar saçy müň huna deňdi — diýýär.
Adamlar ähli baýlygyny orta goýup, ýüz müň dirhem jemläp, ol aýala berýärler. Emma ol aýal:
— Oglumy bu ganhor nähili edip öldüren bolsa, men hem ony şol hili edip öldürmeýänçäm ynjalmaryn ― diýýär.
Adamlar şol ýerde uly mata ýazyp, erkekler egnindäki gymmatbaha lybaslaryny, ellerindäki ýüzüklerini, aýallar ýüzükdir gulakhalkalaryny we boýnundaky monjuklaryny orta oklaýarlar. Zatlardan ýaňa bir depe emele gelýär. Ol aýal şondan soň ogly üçin hun almaga razy bolýar. Humusyň adamlary jemlän baýlyklaryny iki düýä ýäkläp, ol aýaly Bagdada ugradýarlar. Şol wakadan iki-üç gün geçenden soň ol zahyt kişi hem gürüm-jürüm bolýar. Humuslylar köp wagt geçenden soň özleriniň aldanandygyny bilip galýarlar.
 
* * *
 Bir adam sapara gitmezinden öň aýaly bilen sögüşýär. Ol sapara gidip, ol ýerde söwda edip, üç ýüz dirhem gazanýar we gowy bir maýa satyn alýar. Ol ýolda gelýärkä aýalynyň ony ugradyşy ýadyna düşüp, oňa söwdada eden gazanjyndan hiç zat düşmez ýaly maýany bir dirheme satmagy kasam edýär. Ol ýurduna dolanyp baranda aýaly ony mähir-muhabbet bilen garşy alýar. Ol aýalyň adamsy eden işine ökünip, eden antyny aýalyna aýdýar. Ol aýal daşa çykyp gidip, bir pişik getirýär we ony torba salyp, düýäniň boýnundan asyp:
— Bazara baranyňda «Düýäniň bahasy bir dirhem, pişigiň bahasy üç ýüz  dirhem» diý we olary aýry-aýrylykda satmajak dygyňy aýt — diýip öwredýär.
Adamsy aýalynyň diýişi ýaly edýär. Bir çarwa arap düýäni synlap:
— Boýnundaky pişik bolmasa bu maýanyň maýa kemi ýok — diýýär we üç ýüz bir dirhem berip, olary satyn alyp gidýär.
 
* * *
 Bir gezek Dahhak ibn Muzahym bir nasrana:
— Sen näme üçin yslam dinini kabul edeňok? — diýende, ol:
— Men şerap içýän ahyryn — diýýär.
Dahhak oňa:
— Sen biziň dinimizi kabul et-de arkaýyn içiber — diýýär.
Nasrany onuň diýeni bilen bolup, yslam dinini kabul edýär. Onda Dahhal oňa:
— Indi sen musulman bolduň. Biz kim arak-şerap içse gamçy urýarys, Dinden dönenleri bolsa öldürýäris — diýýär.
 
* * *
 Bir adam özüniň gyrnagy bilen gizlin ýerde aýşy-eşretde bolýar we soňra suwa düşünmekçi bolup aýalyna:
— Şu gün gije Bibi Merýemiň Isa bolandan soň suwa düşünen gijesi. Kim şu gije suwa düşünse sogap bolýar — diýip, özi suwa düşünýär we maşgalasynyň ählisiniň suwa düşünmegini talap edýär.
 

[1] Muhammet alaýhyssalamyň tiresi.