بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Sufýan as-Sauri rahmetullah aýdypdyr: «Șu wagt, bäş sany häsiýete eýe bolan adam baýlyk toplar: 1) uly arzuwlara eýe bolan; 2) uly islegleri bolan; 3) örän husyt bolan; 4) takwalygy az bolan; 5) ahyriýeti ýatdan çykaran».

Başy » Kitaplar » Danalaryň kitaby » On ýedinji bap. Hiläniň tersine boluşy hakynda.

Bir ýaş oglan kürtleriň eline ýesir düşýär. Kürtler onuň dogan-garyndaşlaryna ogullarynyň tölegini töläp alyp gidip biljekdiklerini habar berýärler. Oglanyň garyndaşlary ony satyn almaga gelenlerinde, ol oglan garyndaşlaryna:
— Siz bulara hiç zat tölemän maňa ertir dört dirhem tirýek getiriň. Men ony içenimden soň bular meni ölendir öýdüp size gowşurarlar. Siz meni bu ýerden alyp gidip, gyzgyn hammama salyň we men özüme geler ýaly meni uruň — diýip öwredýär.
Garyndaşlary onuň diýişi ýaly edýärler. Kürtler oglany garyndaşlaryna dem-düýtsiz halda gowşurýarlar. Olar derrew oglany alyp, hammama girip, ony urmaga başlaýarlar. Emma oglandan ses-üýn ýokdy. Olar bir günläp uranlaryndan we hammamdan derek bolmandan soň tebip çagyrýarlar. Tebip gelip ol oglany görüp:
— Ol näçe mukdarda tirýek içdi — diýip soraýar.
Oglanyň doganlary:
— Dört dirhem — diýip jogap berýärler.
Onda tebip:
— Öň tiryekdan habary bar adam dört dannyk ýa-da bir dirhem içende, ony hammamda açyp bolýar. Dört dirhem içen adam jähennemde açylaýmasa bu dünýädeh-ä açylmaz — diýýär.
Oglanyň dogan-garyndaşy onda-da ýene-de birnäçe gün ony hammamda saklaýarlar. Haçanda ol porsap we üýtgäp başlandan soň ony kepene dolap jaýlaýarlar. Ol oglanyň hilesi öz başyna gelýär.
 
* * *
 Bagdatda bir alym adam bardy. Emma onuň haty örän biderekdi. Her mejlisde oňa başga alymlar we egindeşleri:
— Sen hatyňy gowula. Bu dünýäde seniňkiden biderek hatly ýok bolsa gerek — diýip, onuň üstünden gülerdiler.
Günleriň birinde ol adam bazara aýlanyp ýörkä, hat satýan adamyň öňünde bir haty görüp, ony derrew satyn alýar. Ol indiki mejlise baranda egindeşlerine:
— Siz maňa «Seniňkiden erbet hatly adam ýokdur» diýýärdiňiz. Men bu gün bazardan bir hat satyn aldym welin meniň hatym ony ýazan hatynyň ýanynda sünnälenip salynan nagyş kimin — diýýär.
Olar onuň sözüne ynanman, ondan haty görkezmegini talap edýärler. Ol adam haty çykaryp, egindeşlerine berýär. Olar haty okap, hatyň aşagyna seretseler hatda erbet hatly egindeşleriniň ady bardy. Bu hat onuň ýaş wagty ýazyp beren hatydy. Ol adam egindeşleriniň ýanynda utanjyndan ýaňa ýüzi nar ýaly gyzarýar.
 
* * *
 Bir gezek Azudeddowle kazy Abu Bekr Bakylanyny hat bilen Rum hökümdarynyň ýanyna iberýär. Rum hökümdary öz raýatlaryny kabul edende, raýatlar gapydan egilip girip, ýeri ogşaýardylar. Ol Azudeddowläniň ilçisiniň öz ýanyna egilip girmegini isläp, hökümdaryň hyzmatyna girilýän gapynyň boýuny kiçeltmegi emr edýär. Abu Bekr Bakylany bu ýagdaýy uzakdan görenden özünden näme islenýändigini bilip, gapa gelende yzyna öwrülip, başyny çala egip götdinjekläp gapydan girýär we Rum hökümdarynyň ýanyna barýança şeýle halda ýöreýär. Rum hökümdary onuň akylly we hilegär adamdygyna göz ýetirip, onuň habaryny alyp, derrew ýurduna ugradýar.