بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Adam Allanyň şekiliniň nähilidigini biljek bolman, onuň bardygyna, ýeke-täkdigine ynanmalydyr we oňa ybadat etmelidir.

Başy » Kitaplar » Danalaryň kitaby » On sekizinji bap. Başyna apat inende danalygy bilen halas bolanlar hakynda.

Bir musulman alym ýahudylaryň eline ýesir düşýär. Ol adam ýahudylaryň ýagdaýyna belet bolany üçin zyndanda otyrka bir kagyza Gurhandan bir süre ýazyp, ony boýnundan asyp, üstünden egin-eşigini geýýär. Ertesi ol adamy dar agajynyň aşagyna eltip, eline Töwrady tutduryp:
— Sen şu kitaba ynanýarsyňmy? — diýip soranlarynda, ol bir elini eşiginiň aşagyndaky Gurhan süresi ýazylan kagyzyň üstünde, tutup, beýleki eline Töwrady alyp:
— Men şu kitaba ynandym we iman getirdim — diýýär.
Ýahudylar ony azat edýärler. Ol adam ýahudylaryň arasynda birnäçe wagt bolup, soňra pursdyny tapyp, musulmanlaryň arasyna sag-aman dolanyp barýar.
 
* * *
 Emewiler halypasy Abdylmälik ibn Merwan özüne garşy çykan adamlardan ýesir düşenleriň biriniň kellesini almaga emir edýär. Onda ol adam:
— Eý möminleriň emiri! Men beýle jeza mynasyp däldirin. Men olaryň arasynda saňa garşy çykanymda kalbymda duşmançylyk saklaman, seniň mübärek ýüzüňi görmäge çykdym. Onsoň hem men seniň ýanyňdaky ýüz müň esgeriňden haýyrlydyryn. Sebäbi men duşman içinde bolsam-da, sen başyň aman bolmagyny ýanymdakylaryň bolsa ýeňilmegini diläp, gezdim — diýýär.
Abdylmälik onuň sözlerine gülüp, ony azat edip goýberýär.
 
* * *
 Beni Nowfyldan bir adam öňki aýalynyň üstüne ýene-de bir ýaş gyza öýlenýär. Ol adamyň baýry aýaly garaýagyzdy, ýaş aýaly bolsa akýagyzdy. Baýry aýaly adamsyna:
— Sen men garaýagyz we garry bolanym üçin akýagyz we ýaş aýala öýlendiň — diýende, ol adam:
— Ýok, men öýlensem-de barybir kalbym seni küýseýär. Sebäbi meniň ýaşlygym seniň bilen geçdi — diýýär.
Soňra bolsa aýalyna bir dinar berip:
— Ynha şu dinary ýygnap goý. Bu dinar meniň ilkinji gazanç eden dinarym bolany üçin men ony seniň saklamagyňy isleýärin — diýýär.
Ol adamyň baýry aýaly köşeşip, adamsyny we günüsini ertir agşam naharyna çagyrýar. Ol adam kiçi aýalynyň ýanyna baryp, oňa bir dinar berýär we:
— Bu dinary gözüň göreji kimin goragyn. Sebäbi ol meniň ilkinji gazanjym we ähli baýlygymyň gönezligidir — diýýär.
Soňra bu hakynda baýry aýalyň ýanynda dil ýarmazlygy tabşyrýar we ertir agşam baýry aýalynyň olary myhmançylyga çagyrandygyny aýdýar. Ol adam dostlarynyň birini hem bu agşamlyk naharyna çagyryp oňa:
— Nahar wagty sen menden aýallarymyň haýsysyny söýýändigimi soragyn — diýýär.
Olar ertesi agşamlyk nahar iýip otyrkalar, öňki şertleşilişi ýaly ol adam öý eýesinden:
— Eý, dostum! Sen bagtly adam ekeniň. Iki aýalyň iki ýerden seni mähir-muhabbet bilen gurşap alýar. Sen bularyň haýsysyny has gowy görýärsiň? — diýeninde, öý eýesi:
— Seniň öýüň köýsün, olaryň ýanynda bu soragy soramak gelşiksiz dälmidir. Onsoň hem men bir zat diýsem sen ertir bu habary hemmelere buşlarsyň — diýýär.
Öý eýesiniň dosty ol näme diýse-de şol gepiň şu ýerde galjagyna ant içýär. Onda ol adam:
— Olaryň haýsysy meniň ilkinji gazanan dinarymy saklaýan bolsa şol hem maňa has ýakyndyr. Alladan ant içýärin, mundan artyk zady menden sorama — diýýär.
Aýallaryň ikisi hem adamsynyň jogabyndan şat bolup, her haýsy özüni onuň söýgüli aýly saýýar.
 
* * *
 Hajjaj ibn Ýusup keşbini üýtgedip, halkyň arasyna çykmagy gowy görerdi. Günleriň birinde adatyna eýerip, keşbini üýtgedip şähere çykýar we öňünden çykan birinden:
— Hajjajdan näme habar bar? — diýip soraýar.
Ol adam:
— Hajjaja Allanyň lagnaty insin. Onuň ýaly zalam taryhda bolan dälidir — diýýär.
Hajjaj ol adamdan:
— Meni tanaýaňmy? — diýip soraýar.
Ol adam:
— Ýok — diýende, Hajjaj:
— Men Hajjajda — diýýär.
Onda ol adam:
— Sen meniň tanaýaňmy?» diýip soraýar.
Hajjaj:
— Ýok — diýip jogap berýär.
Onda ol adam:
— Maňa Mutallyp däli diýýärler. Men her aýda üç gün däliräp, näme aýdyp, näme diýenimi bilemok. Şu gün şol keselimiň birinji güni — diýýär.
Hajjaj gülüp, ýoluny dowam etdirýär.
 
* * *
 Günleriň birinde Hajjaj oba aýlanmaga çykanda esgerlerinden daşlaşyp, bir çarwa araba duşýar. Ol çarwa arapdan:
— Eý araplaryň ýüzüniň tuwagy, bu ýerleriň häkimi Hajjaj nähili adam? — diýip soraýar.
Çarwa arap oňa:
— Hajjaj zalym we näkesiň hem baryp ýatanydyr — diýýär.
Hajjaj oňa:
— Siz onuň üstünden halypa Abdylmälige arz-şikaýat etseňiz bolmaýarmy? — diýende, çarwa arap:
— Wah, Abdylmälik ondan beter zalym we näkes ahyryn — diýýär.
Oňa çenli Hajjajyň esgerleri gelip ýetýärler. Hajjaj olara çarwa araby ata mündürmegi emr edýär. Çarwa araby ata mündürenlerinden soň ol golaýyndaky esgerden:
— Ol adam kim? — diýip soraýar.
Esger:
— Sen näme ony tanaňokmy? Ol Hajjaj ahyryn — diýenden çarwa arap atdan böküp düşip:
— Eý Hajjaj, ýaňky aramyzdaky syrly gürrüň şu ýerde galsyn — diýýär.
Hajjaj gülüp, ony bu ýerde galdyryp, ýoluny dowam edýär.