بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Dawut alaýhyssalamyň habarlarynda Allatagalanyň şeýle diýendigi barada aýdylýar: «Eý, Dawut! Nebsiniň arzuwlaryny Meniň söýgümden üstün tutan alyma berjek jezamyň iň kiçisi, Maňa ýalbarmagyň tagamyny oňa haram etmekdir. Eý, Dawut! Dünýäniň söýgüsi bilen özüni mes eden alym barada menden sorama. Onuň ýaly alymlar adamlaryň Maňa bolan söýgüsini kesýärler, bendelerimi ýolumdan azaşdyrýarlar. Meni gözleýän adamy görseň, sen oňa hyzmatkär bol. Men alym diýip ýazgyt eden adamymy, bir azaşan bendämi Maňa gaýtaryp bereni üçin, hiç haçan azaba sezewar etmerin» diýdi.

Başy » Kitaplar » Danalaryň kitaby » On dokuzynjy bap. Akyl-paýhas bilen garşydaşyňy boýun etmek hakynda.

Sagyt ibn Musaýýyp Äşeden: (goý, beýik Alla ondan razy bolsun!)
— Muhammet alaýhyssalam degişýärdimi? — diýip soranda, Äşe oňa:
— Hawa, bir gün meniň ýanyma bir garry aýal geldi. Muhammet alaýhyssalam öýe girip-çykyp ýördi. Ol aýal Muhammet alaýhyssalamada:
— Meniň jennete girmegim üçin Alla dileg et — diýende, Muhammet alaýhyssalam:
— Jennete garry aýallar girmeýärler — diýip, çykyp gitdi.
Ol aýal aglamaga başlady. Muhammet alaýhyssalam ýene-de öýe girende menden:
— Ol näme üçin aglaýar — diýip sorady.
Men oňa:
— Sen oňa garrylar jennete girenok diýdiň ahyryn. Ol hem şonuň üçin aglaýar — diýeninde, Muhammet alaýhyssalam:
— Hawa garrylar jennete girenok, Allatagala olara jennete girende gyzlygyny, juwanlygyny we görk-görmegini gaýdyp berýär — diýipdi. Şeýdip biz onuň degişendigini bilip galdyk — diýýär.
 
* * *
 Ýahýa ibn Eksen örän içigara adamdy. Ol kimdir biri hadys ylmyny gowy bilýär, diýseler oňa Gurhandan sorag bererdi. Eger Gurhandan gowy bilýär diýseler onda fykh ylmyndan sorag bererdi. Onuň maksady alymlary masgaralamakdy. Onuň ýüzünde bir tüý hem bolman, heleý sypat adamdy. Günleriň birinde onuň gatnaşýan mejlisinde horasanly bir alym hem bardy. Ýahýa ibn Eksem ol adamy masgaralamak üçin ondan:
— Sen hadys ylmyndan bilýärmiň? — diýip soraýar.
Horasanly alym:
— Hawa — diýip jogap berýär.
Onda Ýahýa:
— Hany bize bir hadys aýdyp ber — diýýär.
Horasanly alym bu adamyň içigaradygyna göz ýetirip, we onuň şeklini synlap, hunsalary[1] daşlamak hakyndaky hadysy aýdýar. Ýahýa ibn Eksen bu horasanlynyň diliniň duzly we çenden aşa akyllydygyna göz ýetirip sorag bermesini goýýar we oňaýyny tapyp mejlisden çykyp gidýär.
 
* * *
 Isgender Zülkarneýin bir patyşa bilen uzak wagt uruşyp, ony ýeňip bilmän ol patyşanyň raýatlaryna habar ýollaýar. Ol:
— Eger kim-de kim maňa patyşanyň kellesini getirse men oňa mynasyp sowgadyny berip, ony halkyň arasynda beýige galdyrjak — diýýär.
Iki sany dönük ol patyşanyň köşgüne aralaşyp, ony öldürýärler we kellesini Isgendere getirip berýärler. Isgender olara:
— Siziň jezaňyz ölümdir — diýýär.
Olar geň galyp:
— Ol nähili, sen bize «Mynasyp sowgat berip, halkyň arasynda beýige galdyrjak» diýdiň ahyryn — diýenlerinde Isgender:
— Hawa meni bu sözleri diýenim hak. Şonuň üçin dönüge mynasyp sowgat ölümdir. Meniň «halkyň içinde beýge galdyrjak» diýenim bolsa men uly haç ýasadyp, sizi şoňa çüýläp, asyp goýjak — diýýär.
 
* * *
Iki sany Pyrgaunyň adamy bir mömini tutup getirýärler. Pyrgaun öz iki adamyndan:
— Siziň Hudaýyňyz kim? — diýip soraýar.
Ol ikisi:
— Sen biziň Hudaýymyz — diýýärler.
Soňra Pyrgaun mömin kişiden:
— Seniň Hudaýyň kim? — diýip soraýar.
Ol:
— Bu ikisiniň Hudaýy meniň hem Hudaýymdyr — diýýär.
Onda Pyrgaun ol ikisine:
— Siz meniň dinime uýýan adamy ýalandan töhmet bilen maňa öldürtjek bolduňyzmy? — diýip, olary ölüme buýrýar we mömini azat edip goýberýär.
 
* * *
 Bir gezek Abu Bekr Merwezi bir mejlisde otyrka ol ýeriň gapysy kakylýar. Merweziniň ýüzi çytylýar. Sebäbi ol bir ýerde myhmançylykda otyrka özüni soralyp gelse halamazdy. Gapydan giren adam entek gürlemänkä Ibn Ýahýa:
— Bu ýerde Merwezi ýok — diýýär.
Merwezi gülip, ol adamyň habaryny alýar.
 

[1] Hunsa-germofrodit, iki jynsly.