بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

«Ymmatymdan kim kyrk hadysy adamlaryň aňyna ýetirse, Allatagala ony kyýamat güni fakyh alym ýaly garşylar»

Başy » Kitaplar » Danalaryň kitaby » Ýigriminji bap. Dawagärleri dymmak bilen ýeňmegi başaranlar hakynda.

Bir gezek Merwan Hebeş ibn Dejlä:
— Men seni akmak diýip güman edýärin — diýende, ol:
— Güman etmek imandan aýyrar — diýýär.
 
* * *
 Huwaýtyb ibn Abdyluzza bir ýüz ýigrimi ýaşady. Ol ömrüniň altmyş ýylyny Jahylyýetde we galan altmyşyny bolsa yslamda geçirdi. Emewilerden bolan Merwan ibn Hekem Medine şäherine häkim bolanda Huwaýtyb ibn Abdyluzza onuň ýanyna barýar. Merwan onuň bilen gürleşip:
— Eý ýaşuly, sen yslam dinini giç kabul edipsiňle? —diýende, Huwaýtyb ibn Abdyluzza:
— Wah, men yslam dinini has öň kabul etjekdim welin Seniň kakaň maňa: «Sen ata-babaň dinini terk edip, Muhammediň yzyna eýerjekmi?» diýip garşy boldy — diýýär.
Merwan näme diýjegini bilmän, bu hakynda söz açanyna ökünýär.
 
* * *
 Bir adam syr saklap bilmeýän eken. Adamlar ony syr saklap bilmeýänlikde aýyplanlarynda, ol:
— Eger meniň syr saklap bilmeýändigimi bilip hem maňa ýene-de syrly gürrüň aýdýan bolsaňyz günä mendemi ýa-da sizde? — diýýär.
 
* * *
 Bir Hyjazly adam öwünip:
— Ylym bizden çykdy — diýende, başga biri oňa:
— Hawa, indi ol siziň ýanyňyza dolanyp barasy hem gelenok — diýýär.
 
* * *
Harun atly bir ýahudy adam yslam dini kabul edip, Gurhany ýatlap, haýyr-yhsan bilen meşgul bolýar. Soňra ol nahu ylmyny öwrenip, alymlyk derejesine ýetýär.
Günleriň birinde ol bir mejlisde başga bir alym bilen ylmy jedele girip, ony ýeňýär, welin ol alym söz tapman:
— Sen öň ýahudydyň emma soň yslamy kabul etdiň — diýýär.
Onda Harun oňa:
— Näme, telek iş edipdirinmi? — diýýär welin ol adam sesini çykarmaýar.
 
 
* * *
 Bir ýahudy Hezreti Ala:
— Siz pygamberiňizi jaýlap jaýlamankaňyz «Men emirde men emir» boluşdyňyz — diýýär.
Onda Hezreti Aly:
— Wah, biziňki hiçle. Sizi Musa alaýhyssalam derýadan geçirip, aýagyňyzyň suwy guramanka «Bize Hudaýyňy görkez» diýip dawa edip başladyňyz ahyryn — diýýär.
 
* * *
 Bir ajam bir gözi kör araby görüp:
— Eý Allam, Deçjal eýýäm çykaýdymyka? — diýende, ol arap:
— Ol çyksa-da, siz tarapdan çykmalydy — diýýär.
 
* * *
 Abu Bekr ibn Nafyg şaýylaryň köp üýşýän bazaryndan geçip barýarka bir zenan ony görüp:
— Eý Abu Bekr — diýýär welin ol dessine:
— Äşe, men seniň hyzmatyňa taýýar — diýýär.
Ol zenan:
— Meniň adym Äşe däl ahyryn — diýende, Abu Bekr:
— Bilýarin, emma meniň hem ýeke özüm başymdan jyda bolasym gelenok — diýýär.