بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Pygamber alaýhyssalam: «Alymlar pygamberleriň mirasdüşerleridir»

Başy » Kitaplar » Danalaryň kitaby » Ýigrimi birinji bap. Hökümdarlardyr beýik şahslary danalygy bilen ýeňmegi başaranlar hakynda.

Amr ibn As esgerleriniň birine:
— Eý it — diýip sögýär welin, ol esger:
— Eý emir! Eger men it bolsam onda sen itleriň emiri we serkerdesi bolmaly bolarsyň — diýýär.
 
* * *
 Günleriň birinde Hajjaj bir adamy ölüme buýrýar we:
— Alladan ant içýän, şu elimdäki çöregi iýip bolup, seniň ölümüňe şaýat bolaryn — diýýär.
Onda ol adam:
— Sen gowusy eliňdäki çöregi maňa ber we meni azat et. Şeýtseň ömür etmedigiňi etdigiň bolar. Sen hem-ä ajy doýurarsyň, hem-de ölüme buýrulanyň günäsini geçersiň — diýýär.
Hajjaj onuň sözüni kabul edip oňa elindäki çöregi berýär we ony azat edip goýberýär.
 
* * *
 Bir adam dostunyň öýüne baranda, ol kişmiş iýip oturan eken. Gelen myhman hem dostunyň ýanynda ornaşyp, kişmişden iýip başlaýar. Öý eýesi kişmişden zat galmajagyna gözi ýetip:
— Pylany, kişmişden köp iýseň aşgazanyň garalýarmyşyn — diýýär.
Onda myhman:
— Arkaýyn bol, garalsa-da adamlar aşgazanymy çöwrüp göresleri ýok — diýýär.