بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Kimdir birine zulum-sütem ederin diýip wada etme. Beýle etmek uly günäleriň biridir. Sebäbi sen eden wadaňda durmasaň kezzap bolarsyň. Eger wadaňy berjaý kylsaň günäkär bolup, Allanyň gazabyna duçar bolarsyň.

Başy » Kitaplar » Danalaryň kitaby » Ýigrimi ikinji bap. Halkyň arasynda meşhurlyk gazanan şahslaryň danalygy hakynda

 
Bir gezek Harun Reşit Ýahýa Merwezi bilen tagam iýip otyrka, Harun Reşit hyzmatkärine pars dilinde ýüzlenýär. Ýahýa Merwezi oňa:
— Eý möminleriň emiri, eger menden gizlin bir zat aýtmak isläp parsça gürlän bolsaň, onda men parsça hem bilýärin — diýýär.
Onda Harun Reşit ýylgyryp:
— Biziň senden gizlin zadymyz bolmaz — diýip, hyzmatkäre arap dilinde Ýahýa Merwezä halat-serpaý getirmegi emr edýär.
 
* * *
 Bir gezek Mälik ibn Enes metjide girip, namaz okap duran adamyň yzyna uýýar. Ol adam bir süre okajak bolup, ýadyna düşmän zol-zol:
— Auzibillähimineş şeýtan rejim — diýip gaýtalaýar.
Onda Mälik oňa:
— Seniň okap bilmeýäniňe şeýtanyň näme dahyly bar — diýýär.
 
* * *
Bir adam uzak wagt görüşmedik dostunyň öýüne myhmançylyga barýar. Olar irden agşama çenli gürleşip otursalar hem öý eýesi hiç hilli nahar getirmän, eline sazyny alyp myhmandan:
— Haýsy sazy eşitmek isleýärsiň? — diýip soraýar.
Onda myhman:
— Gazan bilen kepgiriň sazyny — diýip jogap berýär.
 
* * *
 Bir adam beýleki birinden:
— Göze näme bilen em edip bolar? — diýip soranda, ol:
— Gurhan we enäniň dilegi bilen — diýýär.
Olaryň gürrüňini diňläp duran bir tebip:
— Anzarudy hem ýaňkylaryň ýanyndan goýmawerin — diýýär.
 
* * *
 Bir adam öýüniň ýanynda otyrka, ýoldan geçip barýan adamlaryň biri kerwensaraýyň salgysyny soraýar. Ýolagçynyň şekli bir bedroý we durşuna tüý basypdy. Ol adam ýolagçydan:
— Sen nireden geldiň? — diýip soraýar.
Ýolagçy:
— Basradan — diýýär.
Onda ol adam:
— Öňler maýmynlar diňe Ýemende köp bolýardy welin indi Basrada-da köpelipdir öýdýärin — diýýär.
 
* * *
 Bagdatdaky derýanyň köprüsinde bir dilegçi otyr eken. Geçip barýanlaryň biri oňa sähel pul berip:
— Şu wagta çenli näme baýlyk gazandyň? — diýip soraýar.
Onuň soragyna gahary gelen dilegçi:
— Seniň hunyňy tölemäge-hä ýetýär — diýýär.
 
* * *
 Bagdatda Abul Ajap lakamly bir adam bardy. Ol adam göz baglamagyň ussadydy.
Günleriň birinde ol halypa Muktadyr Billäniň ýanyna baranda halypanyň hyzmatkärleriniň biri ölen bilbili öňünde goýup, aglap otyrdy. Abul Ajap onuň ýanyna baryp:
— Sen näme üçin aglaýarsyň? — diýip soraýar.
Onda ol hyzmatkär:
— Halypanyň gowy görýän bilbilleriniň biri öldi welin indi ol bilse meni hem öldürer — diýýär.
Abul Ajap oňa:
— Sen hiç zady gaýgy etme, men bu bilbili direlderin — diýip, öli bilbili sag eliniň ýeňine salýar we birnäçe wagtdan ony sol eliniň ýeňinden direldip çykarýar.
Bu habar bada-bat köşge ýaýraýar. Muktadyr Billä Abul Ajaby ýanyna çagyryp:
— Ähli zady bolşy-bolşy ýaly gürrüň bermeseň kelläňi aldyraryn — diýýär.
Onda Abul Ajap:
— Men siziň ýanyňyza öňüräk geldim. Köşge girip barýarkam hyzmatkäriň aglap oturanyny görüp, onuň arka tarapyndan bardym. Hyzmatkäriň öňünde siziň bilbilleriňiziň biri ýatyrdy. Men nämäniň nämedigine göz ýetirip, bilbiliň sypatlaryny ýagşy ýat bekläp, derrew bazara gitdim we edil şonuň ýaly bilbil satyn alyp geldim. Hyzmatkär meniň birinji gezek gelenimi görmändi. Men öli bilbili sag elimiň ýeňine salyp, bazardan alan bilbilimi sol ýeňimden çykardym. Men sizi aldamak islemän, hyzmatkäri köşeşdirmek isledim — diýýär.
Muktadyr Billä onuň ugurtapyjylygy üçin halat-serpaý ýapýar.
 
* * *
 Apbaslylar halypasy Mamun bir şahyry öwüp:
— Sen şygyr äleminiň bossanysyň — diýende, ol şahyr:
— Eý möminleriň emiri siz şol bossandaky gül-gülzary suwa ýakýan egsilmez datly çeşmesiňiz — diýýär.
Mamuna onuň jogaby ýarap, şahyra halat-serpaý ýapýar.
 
* * *
 Kufanyň adamlary Mamunyň ýanyna gelip, özlerine bellenen dikmäniň zulum edýändigini aýdyp arz-şikaýat edýärler. Mamun olara:
— Kufadaky dikmäm ýaly adyl adam ýok — diýende, Kufalylaryň biri:
— Eý möminleriň emiri, siziň aýdýanyňyz dogry, emma ýurduň ähli ýeri ol keremli ynsanyň adamlçygyndan we adyllygyndan nesibesini alsalar has gowy bolar — diýýär.
Mamun ol adamyň aýdanyna gülüp goýberýär we şol wagtyň özünde Kufadaky dikmesini wezipesinden boşadýar.
 
* * *
 Bir kör adam öýlenýär welin aýaly oňa:
— Wah, sen meniň owadan husny jemalymy, pamyk ýaly ak bedenimi görüp bilýän bolsaň, sen özüňe nähili bagtyň miýesser edenini bilerdiň — diýende, onuň adamsy:
— Wah, sen özüňi sypatlandyryşyň ýaly bolýan bolsaň gözlüler seni maňa ýetirmezdiler-le — diýýär.
 
* * *
 Bir gezek Mezit atly bir aşpez et gowrup durka ýoldaşlarynyň biri gelip bir bölek eti alyp iýip:
— Azrak duz atmaly — diýýär.
Az salymdan ýene biri gazandan bir bölek eti alyp iýip:
— Azrak sirke goşmaly — diýýär.
Olaryň üçünji ýoldaşy gelip ol hem bir bölek eti iýip:
— Az-kem burç goşmaly — diýýär.
Mezidiň dostlarynyň bolşuna gahary gelip, ol hem gazandan bir bölek et alyp iýip:
— Gazana et atmaly — diýýär.
 
* * *
 Bir adam başga birinden:
—Adyň näme? ― diýip soranda, ol:
— Fyrat[1] ibn Bahr[2] ibn Faýýad[3] ― diýip jogap berýär.
Onda onuň adyny soran:
— Size myhmançylyga gelýänler gämide gelmeseler megerem gark bolarlar — diýýär.
 
* * *
Bir adam metjide namaz okamaga girende ogrular onuň köwşüni ogurlap, soňra metjidiň ýanyndaky kenisa oklap gidýärler. Köwşüň eýesi namazyny okap bolup, daş çykyp köwşüni tapman, aýakýalaňaç gidip barýarka kenisäniň agzynda duran köwşüni görüp,
— Uly il yslam dinini kabul edýärkäler, sen ýahudylygy kabul edýärmiň? — diýýär.
 

[1] Fyrat – Ýefrat derýasy.
[2] Bahr – deňiz.
[3] Faýýad – joşgun.