بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Ali (r.a.) aýdypdyr: «Dört sany zat az mukdarda-da köp görüner: 1) agyry; 2) garyplyk; 3) ot; 4) duşmançylyk».

Başy » Kitaplar » Danalaryň kitaby » Ýigrimi üçünji bap. Danalaryň bäsleşigi hakynda.

Bir adam artykmaç puluny öýünde saklamakdan gorkup, altynlaryny bir huma salayp, çöle çykýar. Ol oňaýly ýer tapyp altynly humy çuň çukura gömýär. Edil humuň üstüne ýigrimi dinar salynan haltajygy gömüp, öýüne gaýdýar. Birnäçe wagtdan ol adama altyn gerek bolup, şol öňki ýere barýar. Ol hum gömen ýerini gazýar welin ýigrimi dinarly haltany tapmaýar. Soňra ýene-de çuňrak gazyp, altynly humy tapýar. Ol Alla şükür aýdyp, öýüne gaýdýar. Ol adam öň puly gömende onuň bu ýere bir zat gizländigini biri göräýse ýigrimi dinary alyp, humy gözlemezligi üçin şeýle edipdi.
 
* * *
 Bir ýahudy hammama girmek isleýär we ýanyndaky pulunyň ogurlanmagyndan gorkup, puluny hammamyň bir çüňkünde gömýar. Ýahudy hammamdan çykyp puluny gömen ýerini gazyp görýär welin puly ol ýerde ýokdy. Ol bu bolup geçen wakany aýalyndan bäşga hiç kime aýtmaýar. Günleriň birinde bir nätanyş adam ondan:
— Halyň niçik, kalbyň rahatlyk tapdymy? — diýip soraýar.
Ýahudy derrew onuň ýakasyndan tutup, puluny talap edýär. Ol adam ýahudynyň puluny alandygyny boýun alyp:
— Sen puly meniň alanymy nädip bildiň? — diýip soraýar.
Onda ýahudy:
— Men pulumy ýitirenimi hiç kime aýtmandym. Sen bolsa menden «Halyň niçik, kalbyň rahatlyk tapdymy?» diýip soradyň. Seniň soragyň puly seniň alandygyňy äşgär etdi — diýýär.
 
* * *
 Bir adam gije öýüne gaýdyp gelýärkä bir kör adamyň bir eli küýzeli, beýleki elinde çyraly gidip barýandygyny görüp, bu halata geň galyp, ol körüň yzyna düşüberýär. Kör ýalňyşman göni derýa baryp, küýzesini suwdan dolduryp, yzyna dolanýar. Ol adam köre:
— Eý dostum! Seniň gözüň görmeýändigi sebäpli saňa gije bilen gündiziň tapawudy ýok. Şonuň üçin saňa çyra nä derkaryňa gerek — diýende, ol kör:
— Maňa çyra seniň ýaly kalby körleriň küýzämi döwmezligi üçin gerek — diýýär.