بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Ylym we amal biri-birine baglydyr, göýä ruh bilen bedeniň ýakynlygy ýalydyr. Biri bolmasa, onuň beýlekisinden hem peýdalanyp bolmaýar.

Başy » Kitaplar » Danalaryň kitaby » Ýigrimi dördünji bap. Beýik serkerdeleriň danalygy hakynda.

Isgender Zülkarneýiniň goşunynda Isgender atly ýüzbaşy bardy. Ol her gezek öz esgerleri bilen söweşe çyksa ýeňilip gelerdi. Bu ýagdaýa çydamadyk Isgender Zülkerneýn ýüzbaşyny ýanyna çagyryp:
— Atdaş ýa-ha ýeňiş gazan ýa-da adyňy üýtget — diýýär.
 
* * *
 Bir gezek Isgender Zülkarneýin parslar bilen söweşe çykanda özüniň güýjüniň ejizdigine göz ýetirip, parslara ýüzlenip:
— Eý dostlar! Siziň köpüňize öň hatda aýdyşym ýaly kim meniň bilen bolsa, şol öňki alan baýlygyndan hem köp baýlyk alar — diýýär.
Isgenderiň sözlerini eşiden parslar biri-birine şübheli seredip, olaryň arasynda aljyraňlylyk ýüze çykyp, ýeňlişe sezewar bolýarlar.
 
* * *
 Başga bir gezek ol Dary bilen söweş meýdanyna çykanda:
— Men ähli zatlary siziň aýdyşyňyz ýaly etdim. Indi wada wepaly bolmak siziňki — diýýär.
Dary serkerdeleri dil düwüşip, ony Isgendere bermek isleýändirler öýdüp gaçmaga başlaýar we ýeňlişe sezewar bolýar.
 
* * *
 Bir gezek Isgender Zülkerneýn bir galany gabaýar. Ol gala berk, adamlary bolsa gaýduwsyz batyrdy. Isgender galany diňe hile bilen alyp boljagyna göz ýetirip, birnäçe esgerine täjir lybasyny geýdirip, gymmatbaha zatlar bilen şol gala ugradýar. Olar gala girip, söwda edip, haryt alyp, gije düşende galadakylaryň azyk saklanýan ammaryny otlap, gaçyp gaýdýarlar. Galadakylaryň azygy gutaryp, Isgendere boýun bolýarlar. Şol wakadan soň Isgender ýöriş edip, gabawa salsa, ol ýeri azykdan gysýardy we şeýdip maksadyna ýetýärdi.
* * *
 Bir patyşa duşmanlary bilen söweşde güýjüniň we atlarynyň azlygy sebäpli ýeňiljegine gözi ýetip, leşgergähindäki ähli arpany zäher bilen garyp, suwa gaýnatdyrýar we leşgergähini taşlap gidýär. Duşman leşgergähe gelip, bu arpany öz atlaryna berýär welin olaryň ähli atlary heläk bolýar. Ol patyşa gaýdyp gelip, ulagsyz duşmany derbi dagyn edýär.
 
* * *
 Bir patyşanyň ýurduna duşman ýöriş edýär. Duşman goşunynda piller bardy we patyşanyň esgerlerine pillere garşy göreşmek kyn düşýärdi. Ol patyşanyň esgerleriniň arasynda bir akylly esger bardy. Ol söweş başlandan bir doňuzy gynap öldürýär welin duşmanyň goşunyndaky piller bu sesden gorkup, yzyna gaçyp, goşunyň nyzamyny bozýarlar. Patyşanyň esgerleri aljyraňlylykdan peýdalanyp, olary kül-peýkun edýärler.
 
* * *
 Bir söweşde duşmanlar piliň holtumyna gylyç daňýarlar. Pil holtumyny bulap söweşe girýärdi. Esgerleriň biri pişigi tutup, ony piliň ýüzüne zyňýar. Pil ürküp yzyna gaçýar we öz esgerlerini gyrmaga başlaýar. Şeýdip, duşman ýeňlişe sezewar bolýar.