بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Iň ýagşy amal adyllykdyr. Ol ähli haýyr işleriň seresidir. Adyllyk edýänem, adyllyk edilýänem ýagşy işiň başyny tutýan adamlardyr. Zulum iň erbet işdir. Ol ýaman işleriň seresidir. Zulum edýänem, zulum etmäge ýardam berýänem ýaman işleriň başyny tutýan adamlardyr.

Başy » Kitaplar » Danalaryň kitaby » Ýigrimi bäşinji bap. Lukmanlaryň danalygy hakynda.

Bir gezek meşhur tebip Abu Bekr Razynyň tanyşlarynyň biri onuň ýanyna gelip, agzyndan gan gelýändigini aýdýar. Abu Bekr Razy onuň agzyna we bokurdagyna seredip, hiç hilli ýara görmän, onuň keselini sypatlaryndan keseliniň nämedigini bilip bilmän:
— Men ömrümde beýle haldaky hassany görmändim — diýýär welin hassanyň haly teňleşip, agyrysy has-da güýçlenýär. Abu Bekr Razy öýüne gaýdyp barýarka hassanyň suw içip, ony gaýtaranda suwda gan bardygy ýadyna düşüp, hassanyň derdiniň aşgazandadygyna göz ýetirýär. Ol ýene-de hassanyň ýanyna gaýdyp gelip:
— Men seni bejereýin. Emma sen hem, seniň hyzmatkärleriň hem meniň aýdanymy etmeli bolarsyňyz — diýýär.
Hassa:
— Näme buýrsaň biz taýýar. Şu dertden dyndarsaň bolýar — diýýär.
Abu Bekr Razy iki legen alyp, olary suw otundan (moh) doldurýar. Ertesi ol ýaňky legenleri alyp, hassanyň öýüne barýar we otlary ýagşy ýenjip, legeni hassanyň öňünde goýýar we:
— Iý — diýýär.
Hassa az-owlak iýip:
— Iýip bilemok, işdäm alanok — diýýär.
Onda Abu Bekr hassanyň iki hyzmatkärine:
— Ony ýagşyja tutuň — diýip, hassanyň agzyny açyp, ýaňky oty zor bilen agzyna dykyp başlaýar.
Ol hassa oty çeýnäp ýuwutmagy buýrýar. Hassa bir legen oty iýenden soň gaýtaryp başlaýar. Abu Bekr Razy hassanyň agzyndan bir tokga gan bölegi çykýança agzyna ot dykmagyny dowam edýär. Ol çykan tokga gany görenden soň:
— Indi ot iýmeseň hem bolar, seniň bar derdiň şu tokga ganda — diýýär.
Hakykatdan hem hassanyň haly gowulaşyp, şondan soň agzyndan gan gelmesi galýar.
 
* * *
 Bagdatda miwe-meýiz satýan bir söwdegär bardy. Günleriň birinde onuň aşgazanynda bir agyry başlaýar. Agyry gün-günden güýçlenip, ony iýip-içmekden kesip, tapdan düşürýär. Bagdatdaky ähli tebipler näme em etseler hem ol hiç hilli şypa tapmaýar. Ol bir ýerde bir lukman ýa-da tebip bar diýseler gidip oňa özüniň keselini aýdýardy. Emma olaryň hiç haýsyndan netije ýokdy. Hassa şypa tapmakdan umydyny üzüp, ýöremekden galyp, düşege baglananda, Bagdada Merwli bir tebip gelýär. Ol bolýan ýerinde hassanyň haly hakyndaky gürrüňi eşdip, öý eýesine:
— Men hem şol hassany göreýin. Belki men ony bejerip bilerin — diýýär.
Öý eýesi:
— Görseň gör welin senden öň hem ony örän köp tebip görüp, derdine em edip bilmediler — diýýär we Merwli tebibi hassanyň öýüne alyp barýar.
Tebip hassany görüp, ony birlaý gözden geçirip:
— Sen maňa hassa bolmazdan öň ýany näme iýeniňi aýt — diýýär.
Hassa:
— Men şu derde ýolukmazymyň iki-üç gün öň ýany malýatagymyň ýanyndaky bakjada oturyp, örän köp nar iýdim — diýýär.
Tebip ondan:
— Sen ony nädip iýdiň — diýip soraýar.
Hassa:
— Men naryň ujuny agzym bilen aýryp taşlap, soň elim bilen açyp iýdim — diýýär.
Tebip oňa:
— Nesip bolsa ertir seniň derdiňe derman edip, seni aýaga galdyraryn — diýýär.
Ol myhman ýeriniň eýesi bilen bazara gidip, semiz güjük satyn alýar we ony öldürip, ondan nahar bişirýär. Ertesi ol hassanyň öýüne barýar we bişiren naharyny onuň öňünde goýup:
— Iý — diýýär.
Hassa nahary iýip bolandan soň tebip:
— Nahardaky etiň nämäniň etidigini bilýäňmi? — diýip soraýar.
Hassa:
— Ýok — diýip jogap beripdir.
Tebip:
— Seniň iýen etiň itiň eti — diýýär.
Hassanyň ýüregi bulanyp, az salymdan gaýtaryp başlaýar. Tebip hassa gaýtarar ýaly onuň öňüne legen goýýar. Şol wagt onuň agzyndan uly gara sakyrtga çykýar. Tebip sakyrtgany alyp öldürýär we hassa:
— Bu sygyr sakyrtgasy seniň iýen naryň ujynda bar eken we şonda seniň içiňe düşüpdir. Ol seniň aşgazanyňa ýapyşyp, ganyňy içip ýaşapdyr. Sakyrtga itiň etini halamaýar we şol sebäpli hem saňa itiň etinden nahar bişirip iýdirdim. Görşüň ýaly meniň pikrim dogry bolup çykdy — diýýär we oňa:
— Indikide agzyňa görmän zat salmagyn — diýip, nesihat edýär.
 
* * *
 Gadym zamanda bir patyşa semräp, onuň derdi köpelýär. Ol näme etjegini bilmän tebiplerini çagyryp, olardan özüniň keselini soraýar. Emma tebipleriň ählisi jemlenip maslahat etselerde, patyşanyň derdini bilip bilmeýärler. Goňşy döwletde ýaşaýan bir tebip hem bu habary eşdip, patyşanyň ýanyna gelýär we ondan derdiniň sypatlaryny soraýar. Patyşa özüniň kynlyk bilen dem alyp, kellesiniň we ýüreginiň agyrýandygyny aýdýar. Onda tebip:
— Eý patyşahym! Men tebipçilikden başga ýyldyzlara seredip, täleýe-de seredýärin. Men bu gije seniň täleýiňe seredeýin we ondan soň derdiňe-derman edeýin — diýýär.
Patyşa bu tebibiň aýdanyny geň görse-de oňa rugsat berýär. Ertesi ol tebip patyşanyň huzuryna gelip:
— Eý patyşahym! Siziň ýene-de bir aý ömrüňiz galypdyr. Derdiňize em etmegiň geregi barmyka?! — diýýär welin, patyşa dergazap bolup, tebibi zyndana oklamagy emr edýär.
Patyşa hiç zat bilen seri bolman, bir jaýa girip, iýmän-içmän ýatyberýär. Şol wakadan ýigrimi dokuz gün geçenden soň patyşa horlanyp, çöpe dönýär. Ol zyndandaky tebibi ýene-de ýanyna çagyryp:
— Eý tebip, heý munuň başga alajy ýokmuka. Sen ýene-de bir täleýime seredip görsene — diýende, ol tebip:
— Eý patyşahym! Men gaýyp zatlary bilmerin-ä. Gaýyp zatlar diňe Alla aýandyr — diýýär.
Patyşa oňa:
— Seniň özüň maňa «Bir aýdan ölersiň» diýdiň ahyryn — diýende, tebip:
— Eý patyşahym! Men siziň kady-kamatyňyzy görenden siziň derdiňiziň asyl sebäbiniň semizlikdigine göz ýetirdim. Semizligi bolsa diňe gaýgy-gam aýyrýar. Meniň şol habary aýtmagymyň sebäbi hem men siziň semizligiňizi aýyrmak isledim. Ynha indi siziň kady-kamatyňyz ýaş ýigidiň kamaty kimin bolup, öňki dertleriňizden nam-nyşan galandäldir — diýýär.
Patyşa tebibe köp halat-serpaý berip, ony ýanynda alyp galýar.
 
* * *
 Müsürde bir tebip bardy. Ol aýda müň dinar gazanyp, öýüniň ýanynda bir jaý gurduryp, onda dälileri saklaýardy we gazanjynyň aglabasyny olara harç edýärdi. Ol dälilere däri-derman edip, olaryň iýip-içgisine seredýärdi. Günleriň birinde Müsür emirleriniň biri onuň gyssagly gelmegini sorap, yzyndan adam ýollaýar. Ol emiriň öýüne gelende şol töwerekdäki başga tebipler hem gelen eken. Jaýyň ortasynda emiriň ogly dem-düýtsüz ýatyrdy. Tebipler oglany görüp, onuň demini, damaryny barlap:
— Ogluň amanadyny tabşyrypdyr, ony jaýlamak bilen boluber — diýýärler.
Onda dälilere seredýän tebip oglany gözden geçirip:
— Gyssanmaň, ol diri ahyryn — diýýär.
Beýleki tebipler onuň üstünden gülüp:
— Sen şöhrat gazanjak bolsaň başga hassa gözle. Bu hassa saňa şöhrat getirmez — diýýärler.
Dälilere seredýän tebip emire bir hyzmatkär bermegi we olary ýeke goýmagy soraýar. Emir onuň aýdyşy ýaly edýär. Tebip dürli otlardan ýasalan dermanyny we ýagy ýagşy garyp, oglany ýalaňaçlap ýanyndaky hyzmatkäre gamçy alyp, ol oglana on gezek güýçli gamçy urmagy buýrýar. Hyzmatkär on gamçy urandan, tebip ýaňky dermanly ýagy onuň bedenine çalýar. Soňra ýene-de hyzmatkäre on gamçy urmagy buýrýar. Bu gezek on gamçydan soň oglan dem alan ýaly bolýar. Tebip ýene-de onuň bedenine ýag çalyp, on gezek gamçy urdurýar. Bu gezek emiriň ogly aýdyň dem alyp, çala hereket edip başlaýar. Tebip ýene on gamçy urduryp, onuň bedenine ýag çalandan soň oglan gürläp başlaýar. Tebip ýene-de on gamçy urdurýar welin oglan ýerinden turýar. Tebip onuň bedenini ýaglap:
— Gerek zadyň barmy? — diýip soraýar.
Oglan:
— Ajygdym, maňa iýer ýaly bir zat beriň — diýýär.
Oglanyň kakasy oglunyň diridigine begenip, şatlygynyň çägi bolmaýar. Beýleki tebipler bu halata haýran galyp:
— Sen bu zatlary nireden bilýärsiň? — diýip soraýarlar.
Onda ol:
— Bir gezek men kerwen bilen bir ýere gidenimde ýoldaşlarymyzyň biri atdan ýykylyp, dem-düýtsiz ýatanda, biziň aramyzdaky bir ýaşuly ony edil ýaňky ýaly edip demine getirdi — diýýär.
 
* * *
 Basrada bir adam istiska[1] keseline duçar bolup, ýaşamakdan umydyny üzýär. Onuň barmadyk tebibi galmaýar. Emma olaryň hiç haýsysy ol adamyň derdine şypa edip bilmeýärler. Ol adam Bagdatda bir meşhur tebibiň bardygyny eşdip, onuň ýanyna gidýär. Ol tebip hassa:
— Sen pylan dermany iç — diýýär.
Hassa oňa:
— Ol dermandan içdim welin nepi degmedi — diýýär.
Tebip oňa:
— Onda biziň saňa haýrymyz degmez — diýip, hassa gaýtmaga rugsat berýär.
Hassa öýüne dolanyp gelip:
— Ölýän bolsam islän zadymdan iýip, doýup öljek — diýýär we hyzmatkärlerine dürli-dümen näz-nygmatlary getirmegi emr edýär.
Günleriň birinde ol öýüniň öňünde otyrka bir adam gaýnadylan çekirtge satyp ýörendigini görüp ony ýanyna çagyrýar we on dirheme on ratl çekirtge satyn alýar. Ol alan çekirtgelerini iýenden soň, üç günläp içi geçýär. Soňra bedeni taplanyp, güýç-kuwwaty gaýdyp gelýär.
Günlerleriň birinde ol adam bazarda aýlanyp ýörkä, oňa tanyş tebipleriň biri duşup, onuň halyny görüp haýran galýar. Tebip ondan:
— Saňa kim em etdi? — diýip soraýar.
Onda ol adam:
— Maňa em eden ýok. Men islän zadymy iýdim, islän zadymy içdim. Emma öňräk gaýnadylan çekirtge iýdim welin halym düýpgöter üýtgedi — diýýär.
Tebip:
— Megerem seniň iýen çekirtgeleriň dermanlyk otly ýerden ot iýen bolmaly. Saňa ol çekirtgeleri kim satdy? — diýip soraýar.
Ol adam:
— Men ony saňa görkezip bilerin. Ol adam hemişe gaýnadylan çekirtge satýar — diýip, çekirtge satýan adamyň ýanyna alyp gidýär.
Tebip çekirtge satýany görenden:
— Sen çekirtgeleriňi kimden satyn alýarsyň? — diýip soraýar.
Onda çekirtge satýan:
— Men olary satyn alamok, men olary özüm awlaýaryn — diýýär.
Tebip ondan:
— Men saňa bir dinar bereýin welin sen maňa çekirtge awlaýan ýeriňi görkez — diýýär.
Çekirtge satýan bir dinar alyp, ony çekirtge awlaýan ýerine alyp gidýär. Onuň getiren ýeri çöl-beýewan bolup, bu ýerde diňe mazaryn atly otdan başga hiç zat ýokdy. Çöl-beýewanyň içinde bir ýaşuly aýlanyp ýördi. Ol adamyň elinde şol otdan bardy. Tebip ondan bu ot hakynda soranda, ol:
— Bu ot istiska keseline emdir. Emma bu dermanlyk ot örän güýçlüdir. Eger ony gaýnadyp içseň içiň geçip başlap, hiç zat ony saklap bilmez. Şol sebäpli ony tebipler em hökmünde ulanmakdan howatyrlanýarlar — diýýär.
Tebip oňa çekirtge iýip, istiska keselinden şypa tapany hakynda aýdanda, ol:
— Megerem çekirtgeleriň bu otdan az mukdarda iýmegi we olaryň gaýnadylmagy, ol adamy halas edendir — diýýär.
 
* * *
 Apbaslylar halypasy Harun Reşip Rukka şäherine baranda uly mejlis gurap, näz-nygmatlardan saçagy doldurýar. Haryn Reşit bu ýere ogullary Muhammet we Mamun bilen gelipdi. Harun Reşidiň bir wepaly hyzmatkäri bardy. Ol ony hemişe ýanynda alyp gezerdi. Mejlisden soň hyzmatkär Harun Reşidiň ýanyna girse, ol dem-düýtsiz ýatyrdy. Hyzmatkär onuň boýnundaky damaryny tutup, ýüregiň çala urýandygyny görüp, derrew Muhammede we Mamuna habar berýär. Olar gelip kakalary ölendir öýüdýär. Hyzmatkär hajm etmegi teklip edýär. Muhammet:
— Ölen adama hajm[2] näme gerek — diýýär.
Onda Mamun:
— Goý, hajm etdirsin, belki haýry deger — diýip, hyzmatkäri hajjamyň yzyndan goýberýär.
Hajjam gelip, Harun Reşidiň ýeňsesinden gan alýar. Ol dem alyp başlaýar. Soňra hajjam onuň maňlaýyndan gan alýar welin ol gözüni açyp hereket edip:
— Men nirede? — diýip soraýar.
Hajjam ýene bir gezek gan alandan soň Harun Reşit:
— Men ajygýan — diýýär.
Oňa iýer ýaly gyzgyn çorba getirip berýärler. Ertesi Harun Reşit hyzmatkärleriniň özüni halas edendigini eşdip, oňa bäş ýüz müň dirhem peşgeş berýär we ony bir gyrnaga öýerip, öý-işik edýär.
 
* * *
 Günleriň birinde bir adam birden dem-düýtsiz ýykylýar. Onuň dogan garyndaşlary ol ölendir öýdüp ony ýuwyp, kepene dolap, jynaza okap durkalar bir adam gelip:
— Siziň bu jynaza okaýan adamyňyz diri. Eger isleseňiz men oňa em edeýin — diýýär.
Olar haýran galyp, ol adama em etmäge rugsat berýärler. Ol adam «ölüni» hammama salyp, onuň bedenine ýag çalmaga başlaýar. Ol bu hereketini bir gije-gündiz dowam edýär. Ertesi tebip ol adamy diri halda hammamdan alyp çykýar. Ol adamyň garyndaşlary «ölüleriniň» direlenine haýran galýarlar. Olar tebipden:
— Sen onuň diridigini nädip bildiň? — diýip soranlarynda, ol:
— Men geçip barýarkam ölüniň aýagyna seretdim. Onuň aýagynyň barmaklary dimdik durdy. Ölüniň barmaklary bolsa ýygrylýar — diýip, jogap berýär.
 
* * *
 Bir adam tebibiň ýanyna gelip, içiniň agyrýandygyndan şikaýat edýär. Tebip ondan:
— Näme iýdiň? — diýip soraýar.
Ol adam:
— Ýanan çörekden başga iýen zadym ýok — diýýär.
Tebip oňa göz derman berýär welin ol adam:
— Meniň gözüm däl-de içim agyrýar ahyryn — diýende, tebip:
— Bu dermany indikide näme iýýäniňi görmek üçin berýärin — diýýär.
 

[1] Istiska-sary suw, wodýanka.
[2] Hajm-hapa gan aldyrmak.