بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Sufýan as-Sauri rahmetullah aýdypdyr: «Garyp adamlar bäş zady, baý adamlar-da bäş zady saýlapdyr. Garyplar saýlapdyr: 1) ruhyň dynçlygyny; 2) kalbyň azatlygyny; 3) Allaha ybadaty; 4) hasabyň ýeňilligini; 5) beýik derejäni. Baýlar saýladylar: 1) ruhy muşakgatlygy; 2) kalbyň işini; 3) bu dünýä ybadaty; 4) hasabyň agyrlygyny; 5) pes derejäni».

Başy » Kitaplar » Danalaryň kitaby » Ýigrimi altynjy bap. Mugthorlaryň danalygy hakynda.

Kufada Tufaýl atly bir adam bardy. Ol çagyrylmadyk toýlaryna, oturşyklaryna baryp, mugt iýip-içip gaýdar eken. Şol sebäpli araplar mugthorlara Tufaýly diýerdiler.
 
* * *
 Başga bir kyssada bolsa Hilal taýpasynda Tufaýl ibn Bilal atly bir adam bar eken. Ol hem çagyrylmadyk ýerine myhmançylyga baryp, iýip-içip garnyny doýurar eken. Şondan soň araplar ähli mugthorlara Tufaýly diýýär ekenler.
 
* * *
 Bir Abu Şuaýb atly bir adam Muhammet alaýhyssalamy myhmançylyga çagyrýar. Ol öýündäkilere iň ýagşy tagamlary taýýarlamagy buýrýar. Muhammet alaýhyssalam çagyrlan ýerine gidip barýarka, bir adam onuň yzyna düşüp gidýär. Muhammet alaýhyssalam barmaly ýerine baranda Abu Şuaýba:
— Şu adam meniň yzyma düşüp geldi welin oňa girmäge rugsat ber — diýýär.
Onda Abu Şuaýb:
— Siziň yzyňyza eýeren adamlara biziň törümizde ýer bardyr — diýip, ol mugthory hem myhman alýar.
 
* * *
Bir mugthor bir köp çagaly bir adamyň öýüne barýar. Ol adam mugthora:
— Alladan gork, meniň öýümde näme işläp otyrsyň — diýýär.
Onda mugthor:
— Wah, men seniň öýüňe bir topar adamyň girýanini görüp toý bardyr öýtdüm. Men nädip bileýin olaryň ählisiniň seniň çagalaryňdygyny — diýýär welin, öý eýesi gülüp goýberip, mugthory saçak başyna çagyrýar.
 
* * *
Bir mugthor bir ýerde toý bardygyny eşdip, toý ýerine barýar. Ol bu toýa barmak üçin bahana gözläp, öýlenýän oglanyň agasynyň başga ýerdedigini bilýär we derrew bir boş kagyzy epläp, onuň daşyna «Agasyndan öýlenýän oglana» diýip ýazyp, hatyň daşyna möhür basyp, toýa gidýär. Ol haty öý eýesine berip, saçak başyna geçýär. Toý ýeriniň eýeleri:
— Bu nähilli hat, daşynda ne at bar ne-de salgy. Hatyň içinde-de hiç zat ýazylmandyr — diýenlerinde, mugthor:
— Siziň agaňyz açlygy sebäpli nahara gyssanyp, hatda hiç zat ýazmady — diýýär.
Toý eýeleri onuň mugthordugyna göz ýetirip, ugurtapyjylygy üçin oňa hezzet-hormat edýärler.
 
* * *
Bir mugthor toý ýerine girmek üçin bir dukana baryp, ýüzügini dükança girew goýup, deregine ýigrimi sany käse alyp, toý ýerine barýar. Ol toý ýeriniň gapysyny kakýar. Derwezeban ondan:
— Sen kim? — diýip soraýar.
Mugthor oňa:
— Tizden tiz derwezäni aç. Meni käse satyn almak üçin ýollapdyrlar — diýýär.
Derwezeban onuň elindäki käseleri görüp, onuň sözüne ynanýar we ony howla goýberýär. Mugthor toý saçagynyň başyna geçip, iýip-içip garnyny doýrandan soň bir çüňkde goýan käselerini alyp, çykyp gidýär. Onuň ýene-de getiren käselerini yzyna alyp barýandygyna derwezeban geň galyp seredende mugthor:
— Meniň satyn alan käselerim olaryň göwnüne ýaramady welin indi yzyna eltip bermeli boldum — diýýär.
Ol käseleri dukana tabşyryp, ýüzügini yzyna alýar.
 
* * *
Mansur ibn Jahmmniň bir goňşusy bardy. Ol ýigit görk-görmekli, katdy-kamatly we owadan lybaslydy. Emma onuň bir aýby bardy. Ol Mansur nirä gitse onuň yzyndan galmazdy. Günleriň birinde Basranyň häkimi Mansury myhmançylyga çagyrýr. Mansur goňşusyndan şunç gaçjak bolsa-da, ol Mansuryň yzyndan galmaýar. Şeýdip Mansur goňşusyny yzyna tirkäp, Basranyň häkiminiň öýüne barýar. Saçak başyna geçilende, Mansuryň goňşusy görk-görmekli, zynatly bolany üçin oňa Mansurdan hem zyýat hyzmat edýärdiler. Mansur mejlisde otyrka oturanlara ýüzlenip, özüniň yzyna düşüp geleniň mugthordygyny bildirmek üçin:
— Muhammet alaýhyssalam: «Kimde kim çagyrylmadyk ýerine myhmançylyga baryp, olaryň tagamyndan iýse, onda ol adam ogurlyk eden ýaly bolar» diýip hadys aýdypdy — diýýär.
Onda Mansuryň goňşusy bu sözleriň özüne kakdyrylýandygy bilip:
— Eý myhman, sen bu hadysy ýerliksiz we gelşiksiz ulandyň. Indi öý eýesinden başga bu ýere ýygnananlaryň ählisi seniň bu aýdan hadysyň özi üçin aýdylandyr öýder. Onsoň hem seniň aýdan hadysyň gowşak hadys. Biziň eşdişimize görä Muhammet alaýhyssalam: «Iki adama taýýarlanan tagam dört adama, dört adama taýýarlanan tagam sekiz adama bolar» diýipdi. Bu hadys ynamly hadyslaryň içinde getirilýär. Diýmek Muhammet alaýhyssalam iki hili geplemez. Şol sebäpli seniň getiren hadysyň toslama hadys bolmaly — diýýär.
Ol ýerdäki jemagat Mansuryň goňşusyny goldaýarlar. Olar bu ýerden çykanlarynda Mansur we onuň goňşusy aýry-aýry çykyp gaýdýarlar. Ýolda ol Mansura:
 
Utandyň ýörmediň men bile,
Mejlisde gürleme geleni dile.
 
Şol wakadan soň Mansuryň goňşusyny uly alym hökmünde mejlislere çagyrylyp başlaýar.
 
* * *
Bir muguthor ölüm ýassygynda ýatyrka öz ogluna nesihat berýär. Ol:
— Eý oglum! Eger toýlara barsaň, ne ýigit tarapyň ne-de gyz tarapyň garyndaşlarynyň gözüne seretmegin. Goý, olar seni görende her haýsy özüniňkidir öýtsün. Biriniň arkasyna bukulman, özüňi arkaýyn, rahat duýgyn — diýýär we oňa nesihatyny goşgy bilen beýan edýär.
Ol şeýle diýýär:
 
Aýal – erkeginden girgin, çekinmän,
Saçakdaky nahar derdiňe derman.
 
Pikir edip aşpez öýtsünler seni,
Gorkman ele algyn ol mejimäni.
 
Utanjy haýany aýyrgyn serden,
Tufaýlynyň ýüzi bolar demirden.
 
Töwerek daşyňa aýlama gözi,
Oýlanyp oklagyn mejlisde sözi.
 
Öýleneni gutla dogany kimin,
Sözüňe aglasyn asmanu-zemin.
 
Tagam gelse orta ýolbarslar bolgun,
Iki adam kimin paýyňy algyn.
 
Garnyň doýsa çykyp gaýtgyn ol erden,
Çeniňi bil, masgara bolma birden.
 
* * *
Bir mugthor bir adama saparda ýoldaş bolýar olar bir ýerde düşlänlerinde, ol adam mugthora:
— Gel nahar bişireli — diýýär.
Mugthor oňa:
— Alladam ant içýän, men nahar bişirip bilemok — diýýär.
Ol adam mugthora:
— Onda ojak gazyp, ot ýak — diýýär.
Mugthor ýene-de:
— Men ojak gazyp görmedim we otdan öler ýaly gorkýaryn — diýýär.
Ol adam ojak gazyp, ot ýakyp, nahar bişirýar we saçagy ýazyp oňa:
— Gel nahar iýeli — diýýär welin mugthor derrew ýerinden galyp:
— Bu gün köp gezek seniň garşyňa çykdym. Indi saňa garşy çykmagada utanýan — diýip, saçagyň başyna geçýär.
 
* * *
Jahyz: Abu Sagyt Tufaýla:
— Dört dördüň näçe bolýar? — diýýär welin, ol:
— On alty çörek — diýip jogap berýär.
 
* * *
Bir mugthor biriniň gapysyny kakýar. Öý eýesi:
— Kim? — diýip soranda, ol:
— Seni çakylykçy goýberdip azara goýmaýan adam — diýip jogap berýär.
 
* * *
Mugthorlaryň bir topary bir adamyň öýüne barýarlar öý eýesi:
— Siz kim? Näme üçin geldiňiz? — diýip soraýar.
Onda olaryň biri:
— Eger sen bizi öýüňe çagyrmadyk bolsaň, biziň näme işimiz bar seniň öýüňde — diýip, öýkelän bolýar.
Ol eýesi huşsuzrak bolany üçin olary öýüne salyp, hezzet-hormat edýär.