بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Abdulla bin Amr bin al-As (ikisindenem Allah razy bolsun) aýdypdyr: «Kimde-kim şu bäş zada ýapyşsa, şu dünýede-de, ahyriýetde-de bagtly bolar: 1) Kim «Lä ilähe illälahu, Muhammedresullah» kelemesini köp gaýtalap gezse (Allahdan başga hudaý ýokdur, Muhammet onuň ilçisidir); 2) kim kynçylyga düşende: «Hakykatdan-da, biz Allahdan geldik we Allaha gaýdyp bararys. Diňe Gudraty güýçli Beýik Allah güýç-kuwwat eýesidir» diýip gezse; 3) kime nygmat berilen bolsa, ol hem: «Älemleriň Rebbine hamdlar bolsun» diýip berlen nygamatyň şükürini ýetirse; 4) kim her bir işe başlanynda «Bismillähir-rohmanir-rohim» diýse; 5) kim günä edip, «Men Beýik Allahdan bagyşlanmagymy diläp, toba edýärin» - diýýän bolsa».

Başy » Kitaplar » Danalaryň kitaby » Ýigrimi ýedinji bap. Ogrularyň danalygy hakynda.

Birnäçe ogry bir humarbazyň öýüne ogurlyga girýärler. Olar bu ýerden aljak zatlaryny bir düwünçege düwüp gitjek bolup durkalar, olaryň üstüne öý eýesi bilen hyzmatkär gelýär. Ogrularyň biri bogazyna sygdygyndan:
— Musilmanlar kömege ýetiň ... — diýip, gygyrmaga başlaýar.
Humarbazyň goňşy-golamy bu sesi eşdip, ylgaşyp gelýärler. Ol ogry ýene-de:
— Eý jemagat, bu adam biziň dostumyzy humar oýnap utup, onuň bar baýlygyny elinden alypdyr. Biz onuň alan zatlaryny humar oýnap utup aldyk welin ol bu zatlary yzyna bermän, bizi öldürmek isleýär — diýýär.
Ol humarbaz hakykatdan hem humar oýnap, adamlary çürkäp ýören adamdy. Humarbaz goňşularyna:
— Bular meniň öýüme ogurlyga girdiler — diýip nalasa-da, oňa hiç kim ynanmaýar.
Olar ogrulara düwünçegini berip, olary çykaryp goýberýärler. Humarbaza bolsa lagnat okaýarlar.
 
* * *
Bagdatly bir adamyň dukany bardy. Ol keseki ýurtlara gidip söwda edýärdi. Bir gezek ol Basra baryp, söwda etmek üçin haryt alyp, yzyna dolananda bir Basraly oňa ýoldaş bolýar. Olar Bagdada gelenden soň hem Basraly onuň ýanyna gelip, ownuk zatlary alyp söwda edýärdi. Bagdatly onuň berýän pullaryny dukanda duran sandygyna oklaýardy. Günleriň birinde Basraly dukançydan:
— Men Basradaky dukanyma gulp satyn aljak. Seniň gulp ýasaýan tanyşyň barmy? — diýip soraýar.
Bagdatly dukançy oňa öz tanyş ussasyny salgy berýär. Basraly bir gün onuň dukanyna gelip, özüniň işlerini bolup, Basra gidip barýandygyny aýdyp, hoşlaşyp çykyp gidýär. Bagdatly ertesi dukana gelip, sandygyny açyp görse, onuň içindäki müň dirhemli haltajygy ýokdy. Ol özi ýok wagty dukanda oturýan hyzmatkärini çagyryp:
— Sen men ýok wagtym heý bir ýere çykdyňmy? — diýip soraýar.
Ol:
— Men diňe namaz wagtlary metjide gitdim — diýýär.
Dukançy ondan:
— Sen dukany gulpladyňmy? — diýip soraýar.
Ol:
— Hawa — diýip jogap berýär.
Dukançy az-kem oýlanyp, gulp ýasaýan tanyşynyň ýanyna gidýär. Ol ussa öz gulpyny oňa görkezip:
— Şuňa meňzeş gulp ýasadan barmy? — diýip soraýar.
Ol:
— Hawa, seniň bir tanyşyň gelip, maňa, edil seniňki ýaly gulp ýasap bermegimi talap etdi — diýýär.
Dukançy ondan:
— Onuň sypatlary şeýledimi? — diýip, basraly ýoldaşynyň sypatlaryny aýdýar Ussa:
— Hawa — diýip jogap berýär.
Dukançy derrew ýol şaýyny tutup, dukanyň gulpynynyň açaryny ýanyna alyp, Basra gidýär. Ol Basra aýlanyp, onuň müň dirhemini ogurlan ýoldaşynyň öýüni gulpundan tanap tapýar. Ol Basraly öýünde ýok wagty öz açary bilen onuň gulpuny açýar we öýe girip, çüňkde duran sandygy görýär. Ol sandygy açyp görse, içi puldan doludy. Bagdatly özüniň haltajygyny tanap, ony açyp, içindäki puly sanap görýär welin dogry müň dirhem bolup çykýar. Ol özüniň pully haltajygyny alyp, öýi gulplap, Bagdada dolanýar.
 
* * *
Iki sany adam bir eşegi ogurlap, ony satmak isleýärler. Olaryň biri eşegi alyp bazara gidýär. Beýleki ogry bolsa öýde galýar. Ogry bazarda eşegi satmaga baryp oturandan, balyk satyp ýören bir adam gelip:
— Eşegi näçe bahalaýaň? Onuň üsti rahatmy? — diýip soraýar.
Ol adam:
— Özüň barlap göräý — diýýär.
Balyk satýan balykly tabatyny ogrynyň eline tutduryp, eşegi münýär. Ol eýläk-beýläk geçip, birden adamlaryň içine siňip gidýär. Ogry näçe gözlese-de balykçydan hem, eşekden hem derek bolmaýar. Ol tabakdaky balygy alyp, öýüne dolanýar. Ogrynyň şärigi ondan:
— Ýeri halyň niçik, eşegi näçä satdyň? — diýip soraýar.
Bazara giden ogry:
— Balyk bilen tabagy hasap etmeseň alan ýerimize berdim — diýýär.
 
* * *
Bir ogry bir öýe girýär welin bu öýde ogrulara hiç zat ýokdy. Ol jaýyň diwaryna:
— Men siz baýandan soň ýene-de geläýerin — diýip, ýazyp çykyp gidýär.
 
 
* * *
Basrada zahyt abyt bir aýal ýaşaýardy. Ol ýylyň köp bölegini agzyny bekläp geçirýärdi. Onuň ýekeje ogly bardy. Onuň ejesi şeýle ybadathon aýal bolsa-da, ogly şerap içip, humar oýnaýardy. Ol aýalyň ogly gündizine dukanda söwda edip, gazanan puluny ejesine getirip bererdi. Soňra şerap içilýän ýere gidip, şerap içip humar oýnardy. Ogrularyň biri bu oglanyň adatyna belet bolup, onuň puluny ogurlamagyň kül-külüne düşýär.
Günleriň birinde ol oglan söwdadan düşen pullaryny bir haltajyga salyp, öýüne gaýdýar. Onuň puluny almagy ýüregine düwen ogry hem garaba-gara onuň yzyna düşüp baryberýär. Oglan öýüne girende ogry hem oňa bildirmän öýe girýär. Oglan pully haltajygy ejesine berip, öz şerap içýän ülpetleriniň ýanyna çykyp gidýär. Ejesi pulny haltany demir gapyly otagyna oklap, gapyny gulplaýar we özi agzyny açyp, agşam namazyny okaýar. Ogry puly almak üçin ol aýalyň ýataryna garaşýar. Aýal ýassy namazyny okap, ýerine geçip ýatýar. Gijäniň ýary geçende ogry indi puly almagyň wagty gelendir öýdüp ýaňy bir gizlin ýerinden çykanda, ol aýal oýanyp, Gurhan okamak üçin täret almaga daş çykýar. Ogry öýüň içine göz aýlap, bir ak mata tapýar we ony oranyp oturýar. Ol aýal gaýdyp gelende ogry sesini üýtgedip:
— Eý ybadathon zenan, men Älemi Ýaradan Allanyň resuly Jebraýyl. Men ogluňy pasyk, günä işlerden ýüz dönderip, Allanyň ýoluna dolanmagy üçin oňa wagyz-nesihat etmäge geldim — diýýär.
Ol aýal:
— Eý Jebraýyl, meniň oglum günäkär bolsa-da, ony meniň elimden almagyn. Ol meniň üçin bu zeminde ýeke-täk diregimdir — diýýär.
Ogry:
— Eý ybadathon zenan, men onuň janyny almak üçin gelmedim — diýýär.
Ol aýal:
— Onda näme üçin geldiň? — diýip soraýar.
Ogry oňa:
— Men onuň pully haltasyny alyp, ony gorkuzmaga geldim. Eger ol toba edip dogry ýola düşse, men oňa ýene-de pully haltasyny gaýdyp berjek — diýýär.
Zahyt aýal öň hem özüne Jebraýyl diýenine ogrydyr öýdüp durdy welin onuň bu sözlerinden soň oňa bu adamyň ogrydygy has-da aýan bolýar. Ol özüniň pikrini ogra bildirmän, demir gapyny açyp oňa:
— Al oglum dogry ýola düşse bolýar — diýýär.
Ogry otaga girip, pully haltajygy alýança, ol aýal demir gapyny ýapyp, daşyndan gapyny soky bilen gulplaýar. Ogry otagdan çykmak üçin penjiräniň we dereçäniň ýokdugyny görüp, ol aýala hile gumak üçin:
— Eý aýal, gapyny aç men ogluňa wagyz-nesihat etjek — diýýär.
Ol aýal:
— Eger men gapyny açsam seniň nuruňdan meniň gözlerim kör bolar öýdüp gorkýan — diýýär.
Ogry ol aýala:
— Men seniň gözleriň kör bolmaz ýaly nurumy öçürip çykaýaryn — diýýär.
Onda ol aýal:
— Sen meniň gözlerimi howp astynda goýma-da, üçekden ýa-da diwary böwsüp çykaý. Perişdeler üçin bu zeýilli işler müşgil däldir — diýýär.
Ogry özüniň hilesiniň başa barmajagyny bilip, ol aýala ýalbaryp başlaýar. Emma ol aýal ony diňlemän daňdan ogly gelenden soň oňa bolan wakany aýdýar. Ony derrew gidip şurtany[1] getirýär we ogryny oňa tabşyrýar.
 

[1] Şurta – polisiýa