بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Ylym we amal biri-birine baglydyr, göýä ruh bilen bedeniň ýakynlygy ýalydyr. Biri bolmasa, onuň beýlekisinden hem peýdalanyp bolmaýar.

Başy » Kitaplar » Danalaryň kitaby » Ýigrimi sekizinji bap. Çagalaryň danalygy hakynda.

Bir gezek Omar ibn Hattap şähere aýlanyp ýörkä, oýnap ýören çagalar ony görüp gaçýarlar. Emma bir oglanjyk ýerinden hem butnamaýar. Omar ibn Hattap onuň ýanyna gelip:
— Sen näme üçin ýoldaşlaryň gaçanda gaçmadyň? — diýip soraýar.
Onda ol oglanjyk:
— Eý möminleriň emiri, meniň sizden gaçar ýaly siziň öňüňizde hiç hilli ýazgym ýok. Eger ýol bereýin diýsem onda bu ýol ikimize-de darlyk etmez — diýýär.
 
* * *
Abu Muhammet Termizi apbaslylar halypasy Mamunyň ýaş wagty mugallymydy. Bir gezek Termizi oňa edep bermek üçin urýar welin Mamun berlen jezadan ýaňa gözünden boýur-boýur ýaş dökýär. Termizi oňa elýaglygyny berip, gözýaşyny süpürmegi buýrýar. Mamun gözýaşyny süpürýär welin edil şol wagt onuň kakasy Harun Reşidiň weziri Japar ibn Ýahýa olaryň otagyna girýär Termizi Mamunuň wezire öz üstünden şikaýat eder öýdýär. Emma Mamun gülüp, kitabyny okap oturýar. Japar ibn Ýaýa çykyp gidenden soň Termizi ondan:
— Eý emir, sen meniň üstümden şikaýat edip bilýärdiň welin näme üçin arz etmediň? — diýip soraýar.
Onda Mamun:
— Eý Abu Muhammet, ol-ha Japar ibn Ýahýa eken. Eger Harun Reşit gelse-de men şikaýat etmen. Maňa sizden edep-terbiýe öwren diýdiler we şol sebäpli siz meni günde ýüz gezek ursaň hem men arz etmen — diýýär.
 
* * *
Bir gezek Mamun aýaly Umm Musa gaharlanyp ondan bolan ogly Übeýdyllanyň salamyny sowuk-sala alýar. Ubeýdylla oňa:
— Eý möminleriň emiri, sen agaň gyzyna, meniň ejeme gaharlanýan bolsaň hem bu ýerde meniň ýazygym näme? Sen näme diýjek bolsaň onuň özüne diý. Allatagala-da biriniň günäsi üçin başga birine jeza berenok — diýýär.
Onda Mamun:
— Eý Übeýdylla, dogry aýdýaň. Meniň gözümi açyp, dogry ýola salmak üçin ogluma akyl bereniň üçin Allam saňa şükürler bolsun — diýýär we şol wakadan soň ol Übeýdyllanyň ejesi bilen ýaraşýar.
 
* * *
Bir adam öz dostunyň öýüne myhmançylyga barýar. Öýde dosty bolmandan soň ol onuň gapyda oýnap ýören ogluny boýnuna mündürip aýlanmaga başlaýar. Şol wagt öý eýesi bir ýerden çykyp, myhmanyň boýnundaky ogluna:
— Sen näme meniň eşegimi rugsatsyz münüp ýörsüň? — diýip soraýar.
Onda oglanjyk:
— Kaka, ol boşap gezip ýören eken welin men gaçyp gitmesin diýip münäýdim — diýýär.
 
* * *
Bir gezek halypa Mugtasym weziri Hakanyň öýüne barýar. Gapyny Hakanyň ogly açýar. Mugtasym ondan:
— Möminleriň emiriniň öýi gowumy ýa-da kakaň öýi? — diýip soraýar.
Onda Hakanyň ogly:
— Eger möminleriň emiri biziň öýümizde bolan bolsa onda kakamyň öýi — diýip jogap berýär.
 
* * *
Iýas ibn Muawyýa ýaş wagty bir ýaşuly adam bilen dawagär bolup, kazynyň ýanyna barýar. Iýas ibn Muawyýa oňa:
— Eý kazy aga, bu adam meniň hakymy iýdi. Sen bu adamdan meniň hakymy alyp ber — diýýär.
Kazy oňa:
— Alladan utan, bu adamyň ýaşyny syla — diýýär.
Iýas ibn Muawyýa oňa:
— Kazy aga, hakykat menden, ondan hat-da senden hem beýikdir. Seniň borjuň hakykaty äşgär etmek dälmidir?! — diýýär.
Kazy oňa:
— Küpur gürleme, sesiňi kes — diýýär.
Iýas ibn Muawyýa:
— Eger men sesimi kessem meniň arzymy kim aýtsyn — diýende, kazy:
— Bu oglanjyk diňe nähak, nädogry zatlary aýdýar. Onuň agzyndan dogry söz çykanok, çykmazam ― diýýär.
Onda Iýas ibn Muawyýa:
— Lä ilähä illalla, wahdahu lä şärik lähy (Alladan başga Hudaý we oňa şärik ýokdur) — diýýär.
Bu sözleri eşden ýaşuly Iýas ibn Muawyýanyň hakyny berýär. Habar halypa baryp ýetende ol kazyny wezipesinden aýryp, Iýasy kazy wezipesine belleýär.
 
* * *
Bir topar adam nahar iýip başlaýar welin olaryň arasyndaky ýaş oglan aglap başlaýar. Olar:
— Nämä aglaýarsyň — diýip soranlarynda, ol:
— Nahar gyzgyn — diýýär.
Onda olar:
— Heý onuň üçin hem aglarlarmy. Nahar gyzgyn bolsa sowaýança garaşaýarlar — diýýärler.
Onda ol oglanjyk:
— Wah, men garaşaryn welin siz garaşaňzok ahyryn — diýýär.
 
* * *
Harun Reşit köçede oýnap ýören dört ýaşly bir oglanjykdan:
— Sen menden näme sowgat isleýäň — diýip soranda, ol oglanjyk:
— Seniň gowy garaýşyňy — diýip jogap beripdir.