بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Käbir akyldarlar aýdypdyrlar: «Takwalygyň öňünde bäş sany päsgelçilik bar, kim olary geçip bilse takwalyga ýetdigidir: 1) kynçylygy ýeňillikden ileri tutmak; 2) zähmeti dynçlykdan ileri tutmak; 3) kiçelmäni beýgelmekden ileri tutmak; 4) dymmaklygy dilewarlykdan ileri tutmak; 5) ölümi ýaşaýyşdan ileri tutmak».

Başy » Kitaplar » Danalaryň kitaby » Ýigrimi dokuzynjy bap. Zenanlaryň danalygy hakynda.

Omar ibn Hattap (goý, beýik Alla ondan razy bolsun!) örän hyrsyz we haýbatly adamdy. Onuň aýaly bolsa görmegeý aýaldy. Günleriň birinde Omar ibn Hattap aýalynyň ýüzüne seredip:
— Saňa şeýle görk-görmek beren Alla şükürler bolsun! — diýýär.
Omaryň aýaly oňa:
— Biziň ikimiz hem jennete gireris — diýýär.
Omar ondan:
— Sen ony nädip bilýärsiň — diýip soranda, ol:
— Sen meniň görk-görmekli edilip ýaradanyma şükür etdiň. Men bolsa seniň görküňe sabyr etdim. Şükür we sabyr edenler bolsa jennetidirler — diýýär.
 
* * *
 
Bir adamyň örän owadan gyzy bardy. Onuň ýaly owadan gyz ol ýerlerde ýokdy. Ol gyz öz doganoglanyny halaýardy. Ol oglan hem agasynyň gyzyny halaýardy. Günleriň birinde bir baý adam ol gyza sawçylyga gelýär. Gyzyň kakasy beriljek galyňa gyzygyp, ol adamyň sözüni kabul edip, oňa gyzyny bermäge razy bolýar. Gyz özüniň agasynyň oglundan başga berilýanine razy bolman ejesine:
— Eje jan, meni agamyň oglundan özgä bermäň, men diňe ony halaýaryn — diýýär.
Ejesi gyzyna:
— Wah, gyzym, indi meniň edip biljek zadym ýok. Kakaň ol adama razylygyn berdi — diýýär.
Gyzy ejesine:
— Eje, men agamyň oglundan hamyla boldum. Size şu çaka çenli aýtmadym. Meni ol adama berseňiz menem, sizem masgara bolarys — diýýär.
Gyzyň ejesi derrew adamsyny ýanyna çagyryp, ýagdaýy oňa habar berýär. Kakasy gudalaryň ýanyna baryp:
— Meniň size bir habarym bar. Men ýagdaýa görä gyzymy agamyň ogluna çykarmaly boldum — diýip, gudaçylygy ýatyrýar.
Myhmanlar gaýdandan soň kakasy gyzyna:
— Ähli goş-golamyňy alyp, agamyň öýüne göç — diýýär.
Onda gyzy:
— Kaka diňe kapyrlar we hamylalar nikasyz biriniň öýüne göçüp barýandyr. Men bolsa olaryň ikisi hem däl — diýýär.
Kakasy gyzynyň hile gurandygyny bilip, ony agasynyň ogluna nikalap berýär.
 
* * *
Bir gezek Utby bir gyzdan:
— Sen durmuşa çykanmy? — diýip soraýar.
Ol gyz:
— Ýok — diýýär.
Utby ondan:
— Sen maňa durmuşa çykarsyňmy? — diýip soraýar.
Ol gyz:
— Hawa, ýöne meniň bir aýbym bar. Meniň saçym agardy — diýýär.
Utby eden teklibinden ýüz dönderip, ýöräp ugraýar welin gyz ýaglygyny aýryp oňa:
— Men entek ýigrimi-de ýaşamok we meniň saçymda bir ak hem ýok. Emma seniň halamaýan zadyňy men näme üçin halamaly — diýýär.
Utby öz eden işine diýseň utandy.
 
* * *
Bir adam öýlenmek üçin gyza söz aýdýar we:
— Bilgin meni häsiýetim örän erbetdir — diýýär.
Onda ol gyz:
— Wah, men örän ýumşak häsiýetli bolanym üçin özüm ýala durmuşa çyksam çagam lellim bolar diýip gorkup, seniň ýalyny gözläp ýördüm — diýýär.
 
* * *
Şin atly bir akylly ýigit bardy. Ol örän baý maşgalada kemala gelipdi. Ýigit kemala gelip, ene-atasy ony öýermek islänlerinde, ol:
— Men özüm ýaly akylly gyzy tapmaýançam öýlenjek däl — diýip, atyna münüp, gyzyň gözlegine çykýar.
Ol ýigit ýolda gidip barýarka bir ýaşula duşýar we onuň bilen gidiberýär. Az-kem ýöränlerinden soň ýigit ýaşula:
— Sen meni göterjekmi ýa-da men seni götereýinmi? — diýýär.
Ýaşuly gözüni tegeläp:
— Eý akmak, menem atly, senem, bize biri-birimizi götermek nämä gerek — diýýär.
Ýene-de az-kem ýöränlerinden soň ol ýigit ýaşula hasyly orlan meýdany görkezip:
— Bu meýdanyň hasyly iýildimikä ýa-da iýilmedimikä? — diýýär.
Ýaşuly oňa:
— Eý akmak näme göreňokmy? — diýýär.
Az-kem ýöränden soň olar gabrys­tanlygyň deňine ýetýärler. Ol ýigit ýene-de ýaşulydan:
— Bu gabrystandakylaryň ählisi ölümikä ýa-da dirisi hem barmyka? — diýip soraýar.
Onda ýaşuly:
— Alladan ant içýärin, seniň ýaly nadany ömrümde gören däldirin. Heý-de diri adamy hem getirip gabrystana jaýlarmy? — diýýär.
Olar ýaşulynyň obasyna gelende, ýigit kerwensaraýa, ýaşuly bolsa öýüne barýar. Ýaşulynyň owadan, akylly-başly bir gyzy bardy. Ol kakasynyň hüňňürdäp gelýänini görüp, ondan näme bolandygyny soraýar. Kakasy oňa ýolda ýaş ýigidiň nadan soraglary bilen ýüregine düşüp ýadadandygyny aýdýar we bolan wakany gürrüň berýär. Onda ol gyz:
— Eý kaka, sen ol oglanyň aýdanlaryna düşünmänsiň. Onuň: «Men götereýinmi ýa-da sen göterjekmi?» diýdigi «Ýol uzak, gürrüň edeli, ýa-ha sen gürrüňe başla ýa-da men gürrüňe başlaýyn» diýdigidir. Soňra «Bu meýdanyň hasyly iýildimikä ýa-da iýilmedimikä?» diýip soradygy «Bu ýeriň eýesiniň alan hasylyndan zat galdymyka ýada ähli dänesini alan karzyna berdimikä» diýdigidir. Onuň «Bu gabrystandakylaryň ählisi ölümikä ýa-da dirisi hem barmyka?» diýip soradygy «Bu ölenleriň yzynda bala-çagasy galyp olary ýatlaýarmyka» diýdigidir. Kaka sen ol oglany tapyp getir. Biz oňa hezzet-hormat edip, ony myhman alaly — diýýär.
Ýaşuly ol ýigidi tapyp, onuň soraglaryna düşünmän, oňa akmak diýenine ötünç soraýar. Ol ýigit bu ýaşulynyň gyzynyň akyllydygyna göz ýetirip, oňa öýlenýär. Oglanyň ene-atasy gyzyň aklyna göz ýetirip, onuň bu eden işini makullaýarlar.
 
* * *
Abu Hanypa:
— Bir aýal maňa hile gurady. Men ýolda gidip barýarkam ol aýal maňa ýolda ýatan haltajygy yşarat etdi. Men haltajygy ol gaçyrandyr öýdüp haltajygy alyp ol aýala uzatdym. Emma ol haltajygy menden alman: «Ony eýesi gelýänçä gorap sakla» diýip öz ýoluna gidiberdi — diýýär.
 
* * *
Bagdatda örän gysganç bir adam bardy. Ol hatda öz maşgalasynada iýer-içer ýaly zat bermäge dözmeýärdi. Günlerde bir gün aýaly onuň bu edýän işine çydaman:
— Wah, biz-ä hiç, hat-da biziň öýümizdäki syçanlar hem goňşylara gidip iýip, öýe diňe dogduk watanymyz diýip dolanyp gelýärler — diýip nalanýar.