بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Günä işi höwes bilen etmek iki günädir.

Başy » Kitaplar » Danalaryň kitaby » Otuzynjy bap. Haýwanlaryň danalygy hakynda.

Muhammet alaýhyssalam şeýle diýýär: «Siňegiň bir ganatynda zäher, beýleki ganatynda bolsa ondan şypa bardyr. Eger siňek käsä gaçsa, onda ony tutuş käsä batyryp, ondan soň käsedäkini içiň» diýýär.
 
* * *
Bir adam gämide şerap satýardy. Ol özüniň şerabyny köpeltjek bolup, deňiz suwy bilen garýardy. Ol adamyň eldeki maýmyny bardy. Günleriň birinde maýmyn eýesiniň sandygyny açyp, ondan dinarly haltajygy alýar we onuň agzyny açyp, içindäki pullary deňize oklaýar.
 
* * *
Bir adam gabrystanlygyň ýanyndan geçip barýarka, beýik gümmezli mazaryň ýüzüne «Bu ýerde it jaýlanan, eger kim ol itiň hekaýatyny biljek bolsa pylan ýere barsyn» diýip ýazylypdy. Ol adam bu waka bilen gyzyklanyp ol oba baryp, sorap başlaýar welin obadakylar oňa ýaşy ýüzden geçen bir ýaşulyny salgy berýärler. Ýaşuly oňa:
— Men ýaş wagtym patyşanyň hyzmatynda bolup, onuň ýanynda gezdim. Patyşa örän adyl, geçirimli we sahy adamdy. Onuň bir wepaly iti bardy. Patyşa nirä gitse, itini ýanyndan goýmazdy. Patyşa awa-şikara çykmagy gowy görerdi. Günleriň birinde patyşa awa gitjek bolanda iti çyňsap, onuň bilen gitmedi. Patyşa iti ýaramandyr öýdüp, ony goýup gitdi. Ol awa gitmezinden öň aşpezine süýtlaş taýýarlamagy emr etdi. Aşpez patyşanyň geler wagtyna süýtli aş bişirip, emma gazanyň gapagyny ýapmagy ýatdan çykarýar. Şol wagt bir erden uly ýylan çykyp, süýtlaşly gazana gaçýar we gazanyň düýbüne çümüp görünmeýär. It bu zatlary görüp ýatyrdy. Patyşa awdan dolanyp gelenden aşpeze özüne we kiçijik ogluna süýtlaş guýup gelmegi buýrdy. Aşpez gazanyň düýbündäki ýylany görmän, iki tabaga süýtli aş guýup gelýär. Patyşa elini nahara uzadandan, it üýrüp başlaýar. Patyşa itiň bolşuna haýran galyp, ýene-de elini tabaga uzatdy welin it ýene-de üýrip başlady. Patyşanyň ogly hem nahardan iýjek bolup, tabaga elini uzadandan, it ylgap gelip, tabagy kakyp dökdi we tabakdan döklen nahardan iýip, dem-düýtsiz ýykylyp öldi. Patyşa nämäniň nämedigine düşünmän janpenalaryna gazany barlamagy emr etdi. Patyşanyň janpenalary gazany barlap, içinde ýylan bardygyny gördiler. Patyşa aşpezi zyndana oklap, itine bolsa uly gümmezli mazar bina etdirip, hormat bilen kepenläp jaýlady — diýýär.
 
* * *
Bir adam Bagdada baryp, bir baý adamyň öýüne myhman bolýar. Bagdatly adamyň öýünüň töründe, düşegiň üstünde it ýatyrdy. Öý eýesi nahar alynanda ilki iti naharlap, ondan soň özi saçak başyna geçýär. Myhman öý eýesinden:
— Menden aýyp görmäň, seniň bu ite hormat goýmagyň sebäbi näme? — diýip soraýar.
Onda öý eýesi:
— Myhman, men seniň bu soragyňa garaşyp oturdym. Men görşüň ýaly gurply ýaşap, söwda-satyga gidýärdim. Meniň bir şärigim bardy. Günleriň birinde men ýaňky şärigim bilen ýol-şaýymyzy tutup, keseki ýurda söwda-satyga ugradyk. Bu gezek meniň ýanyma alan pulum we harytlarym öňkäden has köpdi. Men öýden çykanymda ynha bu itim hem meniň yzyma düşüp gidiberdi. Biz öýden çykyp ýarym gün ýöränimizden soň düşledik. Men ýadaw bolandygym sebäpli irkilipdirin. Biraz wagtdan oýansam şärigim meniň ellerimi daňypdyr. Ol meni şol ýerdäki guýa taşlap, özi meniň ähli baýlygyma eýe bolup, ýoluny dowam etdirdi. Meniň bagtyma guýynyň suwy dyzdan geçmeýän eken. Meniň yzyma düşüp gaýdan it guýynyň agzyndan seredip, gözüne ýaş aýlap durdy. Birden ol ýitip gitdi-de bir günden gaýdyp geldi. Onuň agzynda bir çörek bardy. Ol çöregi maňa oklap, özi ýene ýitip gitdi. Men elimiň daňysyny çözüp çöregi suwa basyp iýdim. Ertesi itim ýene-de bir çörek getirip maňa oklap, ýene gitdi. Men it indi gelmez öýtdüm. Emma ol üçünji gün agzyna çörek alyp ýene-de geldi. Men çöregi suwa basyp iýip başladym welin guýynyň agzyndan biriniň seredip durandygyny duýdym. Ýokaryma seredip görsem guýynyň agzyndan oglum seredip, aglap durdy. Ol ýüp saplap, meni guýudan çykardy. Men oglumdan: «Sen meni nädip tapdyň?» diýip soranymda, ol: «Biziň itimiz günde öýe gelip, naýynjar çyňsap guýrugyny bulap durýardy. Biz ol ajygandyr öýdüp, oňa çörek oklaýardyk. Ol çöregi agzyna alyp, bir tarapa gidýärdi. It ertesi we üçünji gün hem bu hereketini gaýtalanda, men bu ýerde bir zadyň bardygyny bilip, onuň yzyna düşüp, nirä gidýändigini bilmek üçin garabe-gara geldim. Ol ynha şu guýynyň ýanyna gelip, agzyndaky çöregi oklady. Men guýynyň içine seretsem sen oturan ekeniň» diýdi. Şeýdip, men öýe gaýdyp gelip, maşgalama gowuşdym we şärigim söwda-sagtykdan dolanyp gelende, bar ýitiren baýlygymy ondan alyp, ol ganymy kaza tabşyrdym. Şol wakadan bäri men şeýdip itime hormat goýýan. Ol meniň halas bolmagyma sezewar boldy — diýýär.
 
* * *
Harys atly bir adamyň wepaly iti bardy. Bir gezek Harys bir ýere gidende, aýaly oýnaşyny getirip, onuň bilen aýşy-eşretde bolýar. Bu wakany gören it, olaryň ikisini hem çeýnäp öldürýär. Harys gaýdyp gelende, öýündäki halaty görüp nämäniň nämedigine düşünýär we şeýle diýýär:
 
Itde bardyr wepa, aýal biwepa,
Biwepa öýlenseň görjegiň jepa.
 
Ar-namysa goýdy meni aýalym,
Itim halas etdi namysym-arym.
 
* * *
Basraly bir adam Bagdada gidende iti onuň yzyna düşüp gidiberýär. Ýolda basrala garakçylar duşup, ony urup, ähli zatlaryny alýarlar we ony çukura dikligine gömýärler. Garakçylar gidenden it eýesiniň kellesini gazyp açýar we oňa dem almaga mümkinçilik döredýär. It üýrüp, geçip barýan kerweniň ünsini çekýär. Kerwendäkiler itiň duran ýerine gelip, ol adamy gazyp çykarýarlar. Basraly adam şol wakadan soň itini ýanyndan goýmaýar.
 
* * *
Bir adam baga girip ýatýar welin itiniň üýrýän sesine oýanýar. Ol iti ýatyrmandygy üçin oňa daş zyňyp kowýar we ýene-de ýatýar. Emma it ýene-de üýrüp başlaýar. Itiň eýesi itine gahary gelip, ony urmak üçin turanda özüne garşy ýetip gelýän ýylany görýär. Ol ýylany öldürip, itiniň özüni halas etmek üçin üýrendigine göz ýetirýär.
 
* * *
Ibn Dalw atly bir örän salyh we zahyt adam bardy. Ol näçe arman işlese-de garyp ýaşaýardy. Günlerde bir gün ol gije namaz okap, gün-güzeranyny nähili dolajagy hakynda pikir edip otyrka, syçanyň hininden bir syçan çykýar we aýasynda bir zat oýnap başlaýar. Ibn Dalw syçanyň aýasyndaka siňe seredip, ol zadyň dinardygyna göz ýetirýär. Soňra ikinji syçan çykyp, ol hem aýasynda dinar getirýär. Ibn Dalw ýene-de namaza durýar we namazlykdan ertir namazyny okandan soň düşýär. Ol syçanlaryň çykan hininiň agzynda otuz dinaryň we ýyrtyk haltajygyň ýatandygyny görýär. Ibn Dalw Alla şükür edýar we onuň garyplykdan dynmagyna syçanlaryň sebäpkärdigine göz ýetirýär.
 
* * *
Araplar: «Möjek ýaly hüşgär haýwan ýokdyr. Ol ýatanda-da hüşgärligi elden bermezlik üçin bir gözüni açyp ýatýar» diýýärler.
 
* * *
Bir gezek garlawaç Süleýman alaýhysalama:
— Eý Allanyň pygamberi, men seni pylan gün myhman aljak — diýýär.
Süleýman alaýhysalam garlawaçdan:
— Diňe menimi? — diýip soranda, garlawaç:
— Ähli esgerleriňi hem alyp gel — diýýär.
Bellenilen gün gelende Süleýman alaýhysalam esgerlerini alyp, garlawaçyňka gidýär. Garlawaç Süleýman alaýhysalamy we onuň esgerlerini deňiziň kenaryna eltýär. Ol uçup ýören çekirtgäni tutup, ony deňize oklaýar we Süleýman alaýhysalama:
— Eý Allanyň pygamberi, et az bolanda kanagatly bolup, çorbadan içibermeli — diýýär.
Süleýman alaýhysalam we onuň ýanyndakylar garlawajyň edenine gülüp, hezil edýärler.
 
* * *
It adamlar bilen ýaşamaga endik eden haýwandyr. Eger öý eýesi öýüni taşlap başga ýere göçse, it bu ýerde galman, eýesi bilen göçer.
 
* * *
Garlawaçlar bir apatyň gopjagyny öňünden duýýarlar. Olar pesläp uçup, ganatlaryny adatdakysyndan tiz hereketlendirýärler. Eger garlawaçlar bir garlawaç ýaly deň jürküldeseler onda şol töwerelde ýylan bardyr.
 
* * *
Tilki haýwanlaryň iň mekiridir. Ol özüniň awyny awlamak üçin hat-da ölen bolup ýatýar. Aw gelip tilkiniň gözüni çokmak islände, tilki ony awlaýar.
 
* * *
Ýylan aw awlamak üçin günüň yssysynda ýarym gün dim-dik bolup durýar. Uçup ýören guş yssy çägä gonmajak bolup, agaçdyr öýdüp ýylanyň kellesine gonýar we oňa lukma bolýar.
 
* * *
Ýylanyň jadylaýjy häsiýeti bardyr. Ol haýsydyr bir haýwanyň gözüne seretse, ol haýwan ýylan ony gelip tutýança gozganman dyrýar. Ýylan hatda sygyry gelip emse-de, sygyr ýylan süýt emip gidýänçä sesini hem çykarmaýar, ýerinden hem bytnamaýar.