بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Hökümdarlaryň iň ýagşysy alymlar bilen mejlis guraýany we alymlaryň pikrine eýerýänidir.

Başy » Kitaplar » PARASATLY SÖZLER

ABU NASR MUHAMMET
IBN MUHAMMET FARABY

 
 
PARASATLY SÖZLER
 
BEÝIK ALLANYŇ ADY BILEN
 
Men ýunan akyldary Eflatunyň dana ki­taplaryny okap görüp, olary terjime edip, olardan täsirlenip, dini ynanjyma daýa­nyp, taze bir eser döredip, akyl eýelerine ýetirmegi ýüregime düwdüm. Bu kitap köplere öwüt-ündew bolar.
 
* * *
 
Şer, erbet işleri edýän adamlar bilen ýoldaş bolmaň, olardan dost tutunmaň. Şeýle ýoldaş ýa-da dost tutunan ynsan salamatly­gy­ny we rahatlygyny ýitirer.
 
* * *
 
Eger döwleti dolandyranyňda akyldarlara ýüz berip, olar bilen maslahatlaşsaň, ähli aýşy-eşret we lezzet saňa gulluk eder. Ylym eýelerinden ýüz öwürseň bolsa, döwlet – aýşy-eşrete we pyssy-pyjurlyga gulluk eder.
 
* * *
 
Zürýatlaryňyzy öz ýaşan döwrüňizde alan terbiýäňiz boýunça terbiýelejek bolmaň, se­bä­bi olar başga döwürde ýaşaýandyrlar.
 
* * *
 
Hiç haçan işiň tiz wagtda ýerine ýetiril­megini talap etmäň, onuň gowy ýerine ýetiril­megini talap ediň. Sebäbi adamlar senden ol işiň näçe wagtda ýerine ýetirilendigini däl-de, nähili ýerine ýetirilendigini talap ederler.
 
* * *
 
Uly işleri etmäge çalyşýan kiçi adamy ýazgarmaň.
 
* * *
 
Eger ynsan erbet gylyk-häsiýetlere endik eden bolsa, onda bu gylyk-häsiýet onuň öm­rüniň ahyryna çenli ýaran bolar.
 
* * *
 
Eger ynsan köp, biderek we manysyz gür­läni üçin pul tölemeli bolsa, onda ol beýle gürrüňlerden daşda durardy.
 
* * *
 
Eger sen ylma hyzmat edýän bolsaň, onda hiç haçan bu edýän işiňe ökünme. Sebäbi ga­lan adamlar saňa hyzmat ederler.
 
* * *
 
Ynsanyň ylym bilen gazanan gazanjy aýdymçynyň aýdym aýdyp ýa-da tansçynyň tans edip gazanan gazanjyndan köp esse lez­zetlidir.
 
* * *
 
Haýyr-yhsanly iş etmäge çalyşýan adam – dost tutunar. Şer, erbet işleri etmäge çalyşýan adam – duşman tutunar.
 
* * *
 
Ylym ýagşy adama-da, ýaman adama-da ber­lip biler. Emma akyldarlyk, danalyk diňe Allanyň söýen ynsanlaryna berilýändir.
 
* * *
 
Eger kimdir biri seniň ondan garaşmaýan hereketiňi etse, onda ol adam babatyndaky garaýşyňa täzeden ser sal.
 
* * *
 
Ähli adamda zehin hem bolýar, erbet gylyk-häsiýete ymtylyş hem bolýar. Emma olaryň özleri olardan haýsy hem bolsa birini saý­laýarlar.
 
* * *
 
Erbet gylyk-häsiýetli ynsanlar edil si­ňe­giň ýagşy zatlary terk edip, zibile go­nuşy kimin, adamlaryň içinden erbet iş­lere ýykgyn edýän adamlary gözläp tapýarlar we şolardan dost tutunýarlar.
 
* * *
 
Eger hökümdar raýatlaryna deň göz bilen seretmän zulum etse, onda onuň tebigatyn­daky haýyr bilen şeriň deňölçegliligi ýiter.
 
* * *
 
Eger kimdir birine ynanyp, ony dost tu­tunsaň, onda onuň dostunyň dostuny hem dost tutun! Emma onuň özüniň we dostunyň duş­manyny duşman tutunma! Sebäbi beýle etmek gula ýaraşar. Akylly adamyň hojaýyny bol­maz, emma öz pikiri bolmalydyr.
 
* * *
 
Durmuşda çekip bolmajak keşik ýokdur.
 
* * *
 
Eger kimdir birini öwseň, çendan aşa öwme, sebäbi ol saňa ýokardan sereder we seni pes adam hasap eder.
 
* * *
 
Bir işiň başyna barmazdan öň akyl bilen aýşy-eşretiň tapawudy hakynda ýagşy pikir et! Akyl ynsany haýyr işlere gönük­direr. Aýşy-eşretiň soňy bolsa pyssy-pyjurlykdyr we masgaraçylykdyr.
 
* * *
 
Alymdan nadanlyga garaşmaýşyň ýaly, na­dandan hem haýyr işe garaşma!
 
* * *
 
Eger kimdir biri garaşylmadyk baýlyga eýe bolsa, onda onuň adamlaryň arasynda özü­ni alyp barşy düýbünden üýtgär.
 
* * *
 
Eger seniň ýagşy gylyk-häsiýetli dostuň bar bolsa, ondan görelde al we onuň nesi­hatyna eýer.
 
* * *
 
Ähli işiňde ýagşy pikir et we sabyrly bol! Alňasan adamyň özi üçin niýetlenilen bagtyň duşundan geçip gitmegi mümkin.
 
* * *
 
Akylly adam hassa bolup ajy derman içende saglygyň näderejede lezzetlidigine göz ýetirer.
 
* * *
 
Iki sany ýagşy gylyk-häsiýetli adam Du­şuşanda özleri duýmasalar-da, olaryň ara­syn­da dostluk peýda bolar.
 
* * *
 
Aýşy-eşrete bolan höwes, pyssy-py­jur­lyga bolan höwese elter. Gazaplanmak we ga­har­jaňlyk dawa-jenjele we masgaraçylyga elter. Ylma bolan höwes bolsa ýokary derejä, mertebä we abraýa elter. Şeýdip, adamlaryň arasynda üç sany gatlak emele geler. Ylym­ly adamlaryň ylmyndan alýan lezzeti we gazanan abraýy müdimilikdir. Bular ýokary gatlakdaky adamlardyr. Aýşy-eşretden alyn­ýan lezzet göz-açyp ýumasy salym dowam edýändir. Bular orta gatlaga degişli adam­lar­dyr. Emma adamlaryň arasynda dawa-şer gözläp, urşup masgara bolýan adamlar biab­raýdyr we şermendedir. Olar adamlaryň iň aşaky gatlagyna degişlidir.    
 
* * *
 
Hökümdar raýatlaryna deň göz bilen sere­dip, olaryň hal-ahwalyndan habar almaly. Ol gahar-gazaba münen wagty hiç hili netije we karar çykarmaly däldir. Sebäbi şeýle wagt onuň akylyny we kalbyny şeýtan eýeleýändir.
 
* * *
 
Hökümdar ähli döwlet işlerini ylymly we akylly adamlar bilen maslahatlaşsa, ra­ýat­lary ondan razy bolarlar.
 
* * *
 
Hökümdar eden ähdini ýadyndan çykarmaly däldir. Sebäbi hökümdar beren wadasyny ýadyn­dan çykaran halatynda adamlar «ol äh­dinden dändi» diýip, pikir ederler.
 
* * *
 
Öwülýän adam öwýäniň sözlerine köp gulak goýmaly däldir. Sebäbi onuň ýalan sözleri­niň aňyrsynda nähilidir bir gizlin syr we maksat ýatandyr. Öwülýän adam hüşgärligini elden bermän, netijä gelmezden öň ýagşy pi­kir etmelidir.
 
* * *
 
Eger hökümdar ölüme buýrulan adamyň gü­näsini geçip, oňa ömür bagyş etse, bu eden işine ökünmeli däldir. Sebäbi günäsi geçi­len adam ömri ötýänçä özüniň pes, onuň günä­sini geçen adamyň bolsa beýik adamdygyna göz ýetirer we bu onuň üçin ölümden-de agyr jeza bolar.
 
* * *
 
Eger sen ynsana ýagşylyk etseň, ýagşy­ly­gyň gaýdyp geler we uly abraýa eýe bolarsyň. Eger sen kimdir birine ýamanlyk etseň, sa­ňa-da ýamanlyk ederler we sen adamlaryň ara­synda biabraý bolarsyň.
 
* * *
 
Hökümdaryň abraýy we şan-şöhrat gazan­magy özüne baglydyr. Eger ol halkyň halyn­dan habar alyp, olara adyl göz bilen sere­dip, müşgil işlerini ýeňletse, onda ol ab­raýa eýe bolar. Eger ol köp gürläp, az işlese, halkyň halyndan habar alman nogsanlyklara ýol berse, onda ol abraýdan gaçar we tagtyny saklamak üçin esgerleriň gylyjyna daýanyp, serkerdeleriň guluna öwrülmeli bolar.
 
* * *
 
Döwletiň gülläp ösmegi, ähli işleriň ka­daly alnyp barylmagy gönüden-göni höküm­dara baglydyr. Döwlet işgärleriniň we raýat­laryň dogry ýoldan ýöremegi hem hökümdara baglydyr. Sebäbi olar hökümdardan görelde alýandyrlar.
 
* * *
 
Içigara, bahyl adamlar ejiz adamlardyr. Olaryň içigaralygyna şonuň ýaly jogap bermeli däldir. Onda sen hem şolaryň hata­ryna goşularsyň. Olaryň ötünji ýürekden çykýan gury owaz ýa-da köne kitabyň saralan sahypalaryna ýazylan öçügsi hat ýalydyr. Olary bu keselden diňe Alla halas edip bi­ler.
 
* * *
 
Baýlyk toplamak örän hupbatly işdir. Ony sowmak bolsa has kyn meseledir. Sebäbi baýlyk jemlemegiň we ony sowmagyň ýollary aýry-aýrydyr.
 
* * *
 
Pul soralanda bermedik adamlaryň ähli­sine «gysganç» diýip bolmaz. Megerem, ol pul soraýan adamyň gözlerinde özüniň bu pu­ly gazanmak üçin çeken kynçylyklaryny we onuň aňsatlyk bilen sarp edilişini gören bolsa gerek.
 
* * *
 
Bilim bilen ylmyň arasynda uly tapawut bardyr. Bilim bu öň bilýän zadyňy ýaňadan ýadyňa salmakdyr. Ylym bolsa öň bilmeýän zadyňy öwrenip, ömürlik ýadyňda saklap, soň­ra geljekki nesle öwretmekdir.
 
* * *
 
Hiç kimiň ýanynda baýlygyň bilen öwün­me! Sebäbi öwünjeňligiň peýdadan köp zyýan getirmegi ahmal.
 
* * *
 
Ylymly adam ylmyny dana pikirlerden ugur alyp ulansa, örän köp baýlyk gazanar.
 
* * *
 
Ylmyň bolsa hökümdara hyzmat et! Eger ondan ýüz tapmasaň, onda ylmyňy baý täji­re sat! Täjirden sen baýlyk gazanarsyň. Em­ma hökümdaryň ýanynda bolsaň, at-abraý we şan-şöhrat gazanarsyň. Beýle abraýy hiç bir mal-dünýä berip hem gazanyp bilmersiň.
 
* * *
 
Eger seniň paýyňa hökümdara hyzmat et­mek düşen bolsa, onda durmuşyň ähli kyn­çylyklaryna taýýar bol! Sebäbi seniň ýeriň arzyly ýerdir. Ol ýeri eýelemek üçin duş­man­laryň hiç zatdan gaýtmazlar.
 
* * *
 
Hökümdar we onuň wezipeli adamlary aý­şy-eşretden we dürli lezzetlerden daşda bolmalydyr. Sebäbi olar aýşy-eşrete we lezzetlere gümra bolsalar, raýatlaryň müşgil işlerinden habar alman, olaryň başyndan inen kynçylyklary duýman, gapyl galarlar. Müňlerçe ynsanyň ykbaly olaryň ellerin­dedir.
 
* * *
 
Hökümdar aýşy-eşrete berlende, onuň keýpine şärik bolma! Sebäbi ol şol wagt seni özi bilen deň gören hem bolsa, akylyna aýlanandan soň, has pes görmegi ýa-da ýig­ren­megi ahmal.
 
* * *
 
Tagta münmän, «men hökümdar» diýme. Se­bä­bi duşmanlaryň alyndan we hilesinden ýaňa, ol tagta ýetmezligiň mümkin.
 
* * *
 
Eger duşmanyňa erbetlik isleseň, ondaky bar häsiýetler bilen oňa jogap ber. Şeýle etseň ol özüniň häsiýetleriniň nähilidigine göz ýetirer we öz-özüni seniň ony ýigre­nişiňden hem beter ýigrener.
 
* * *
 
Eger sen hökümdar bolmak isleseň, onda ilki bilen ýagşy pikir et. Sebäbi müňlerçe adamyň ykbaly seniň eliňde bolmalydyr. Sen Allanyň ýerdäki emini bolmalysyň. Her bir raýatyň kynçylygy we müşgil işi se­niň kynçylygyň we müşgilligiňdir. Em­ma sen bu wezipeden boýun gaçyran ýagdaýyňda tag­ta zalym adamyň geçjekdigini bilseň, onda pursady elen bermän, haýal-ýagallyk et­män tagta geç we raýatlaryň arasynda adyl höküm sür.
 
* * *
 
Hökümdar eden haýyr işleri üçin raýat­laryndan öwgi we şükür aýtmaklaryny tama etmeli däldir. Hökümdar raýatlary üçin er­kek adamyň maşgalada maşgalabaşy bolşy kimindir. Ol raýatlarynyň penakäridir. Pe­nakäriň pena isleýänlerden nämedir bir zada mätäç bolmagy utançdyr.
 
* * *
 
Hökümdar ýurda kynçylyk inende ejiz­lemeli däldir. Ejizlemek we haýbatdan jyda düşmek onuň duşmanlaryna güýç-kuwwat be­rer we raýatlaryny ruhdan düşürer. Ruhdan düşen halkyň peşeçe güýji bolmaz.
 
* * *
 
Üç zatda, ýagny tupanda galan gämide, söweş meýdanynda we hökümdaryň mejlisinde gys­sanmaçlyk uly zyýan ýetirip biler.
 
* * *
 
Aýşy-eşrete, lezzete höwes edýän guly satyn alma. Sebäbi onuň esasy hojaýyny aýşy-eşret we lezzet bolar. Ol özüniň hö­wesini kanagatlandyrmak üçin saňa ýalan sözlär we dürli hili hilelere ýüz urar. Ol özüniň gul, seniň bolsa hojaýyn edip ýara­dylanyňa gynanyp, seni ýigrener. Beýle guly terbiýelemek we dogry ýola salmak örän kyn bolar.
 
* * *
 
Günäkär bolup kimdir birinden ötünç sorap, özüňden göwnüň hoş bolup begeneniň­den, eden işiňe gynanyp, ökünip aglanyň ýagşydyr.
 
* * *
 
Gahar-gazap edil erbet gylykly adamyň saňa ýoldaş bolup, seniň işleriňde ýardam berip, ahyrynda seni özüne kem-kemden ta­byn edip, ýaran tutunyşy kimin, özüne ta­byn eder. Gahar-gazaby özüne ýaran tutunan adam akyldan we ylymdan daşlaşar.
 
* * *
 
Adamlar üç tüýsli, ýagny haýyr-yhsan edýän, şer işler bilen meşgul bolýan we ikiýüzli bolýarlar. Haýyrly adamlar diňe haýyr-yhsan işler bilen meşgul bolup, seniň ol hakynda ýalan gürrüňler edendigiňi bilse-de, seni ýagşylykda ýatlar we agzyndan hiç hili paýyş söz çykmaz. Erbet gylykly adam şer işler bilen meşgul bolup, adam­lara diňe ýamanlyk eder. Ol adamlaryň aý­byny gözläp, kä halatda töhmet atmakdan hem gaýtmaz. Ikiýüzli adam saňa hiç zat diýme­zem, saňa garşy iş hem etmez. Ol seniň bi­len dost bolşy ýaly, seniň duşmanyňy hem dost tutunar. Emma seniň halyň teňleşen­digini gören güni senden doly ýüz öwrer.
 
* * *
 
Eger sen nämedir bir zady ýerine ýetirmek isläp, onuň hötdesinden gelip bilmeseň we kimdir birinden ýardam soramaly bolsaň, onda mert, özüňden ruhy we maddy taýdan beýik adamdan kömek sora! Ol saňa ýardam edip, hiç haçan eden ýardamy hakynda dil ýar­maz we senden hiç zada garaşmaz. Emma sen namarda ýa-da özüňden pes adama ýüz tutsaň, onda ol saňa ýardam berer we ähli üýş­me­leň­lerde eden kömegini ýatlar hem-de seniň oňa doly boýun bolup, sadyk gul kimin, onuň diýeninden çykmazlygyňy islär.   
 
* * *
 
Tertip-düzgün we nyzam döwletiň sütü­ni­dir. Şol gowşak bolan halatynda döwlet gow­şak bolar.
 
* * *
 
Döwletiň kanunlaryna ähli raýatlar boýun bolmalydyrlar. Olar kanuna gulluk etmeli­dir­ler. Eger kanun adama gulluk etse, onda ol döwlet dargamak bilen bolar.
 
* * *
 
Ýagşy gylyk-häsiýetli adam haýyr iş edende, ol bu eden işinden ömrüniň ahyry­na çenli lezzet alar. Emma pasyk adam şer iş edende, ol şol wagt bu eden işinden lezzet alsa-da, soňra utanmaly we ökünmeli bolar.
 
* * *
 
Hökümdar özüniň döwlet işgärleriniň şah­sy işleri bilen içgin gyzyklanyp, olaryň maşgala ýagdaýyna goşulmaly däldir. Emma ol özüne ýakyn adamlary gözden-de salmaly däldir. Sebäbi olaryň dil birik­di­rip, hökümdara garşy çykmaklary-da müm­kin.
 
* * *
 
Döwlet ýolbaşçysy hiç haçan öz eden iş­lerinden göwnühoş bolup, raýatlarynyň müş­gilliklerinden gapyl galmaly däldir.
 
* * *
 
Bir gezek ýalan sözlän adam ömrüniň ahy­ryna çenli kezzaplygy kesp ediner we ony özüne ýaran tutunar.
 
* * *
 
Käbir nadanlar kimdir biriniň üstüne töhmet atyp, eden töhmetini «nesihat» di­ýip, düşündirmek isleýärler. Emma ol beýle däldir. Nesihat dost kalbyndan syzylyp çy­kyp, nesihat edýän adam ýüregi bilen nesi­hat edilýäniň dogry ýola düşmegini islär. Em­ma özüniň töhmetini «nesihat» diýip, at­landyrýan adamyň käbir aýdýan sözleri dogry bolsa-da, ol adamy dogry ýola salmak üçin däl-de, köteklemek, ýazgarmak we masgara etmek üçin aýdylan sözlerdir.  
 
* * *
 
Samsyk, nadan adam eşidenine ynanyp, ga­har-gazaba jylawyny berýändir we oňa ta­byn bolýandyr. Akylly, ylymly adam eşi­de­nini ölçerip-döküp, diňe şondan soň he­re­kete girýändir. Emma akylly adam nähili hereket etse-de, gahar-gazaba özüni aldyryp, şer işlere baş goşýan däldir.
 
* * *
 
Keseliniň näderejededigini we onuň se­bäbini bilmän, ölüm hakynda gürrüň edýän hassa nadanyň baryp ýatanydyr.
 
* * *
 
Zäherlenen adamynyň gözüniň açyklygy ony dirä we gulaklarynyň gapylyp, hereket­den galmagy ölä meňzeder.
 
* * *
 
Ýaşlygynda aýşy-eşrete we gahar-gazaba tabyn bolup, olara hyzmat eden ynsan, gar­ry­lyk çagynda eden işleriniň ejirini çeker. Ýaşlygynda alan lezzeti agyry we has­salyk görnüşde onuň bedenine gaýdyp geler.
Ýaşlygynda dana pikirlere we akyla hyz­mat eden adam garran çagynda eden işleri­niň hözirini görer. Ol özüniň akylyna eýerip, şer işlerden daşda durandygyna, adam­lara başardygyndan haýyr-yhsan eden­digine guwanyp rahat ýaşar we durmuşdan lezzet alar.
 
* * *
 
Ýagşy işler bilen meşgul bolup, aýşy-eşretden, gahar-gazapdan daşda durup, ýüre­gini gara pikirlerden päk saklan adamyň ömri gysga-da bolsa, ol hakyndaky ýagşy ýat­lamalar müdimidir. Haýyr-yhsan edip ýaşan adamlar gabrynda rahat ýatarlar we olaryň ruhlary ähli ejirlerden azat bolar.
 
* * *
 
Ynsan ruhdan we bedenden durýandyr. Adam­lar biri-biri bilen gürleşende, pikir alşanda olaryň bu işini ruhlary ýerine ýetirýändir. Adam zähmet çekende, ony beden ýerine ýetirýändir. Emma olaryň ikisi hem amanatdyr. Wagty gelende olaryň ikisi-de, Allanyň gaşyna gaýdyp barýandyr.
 
* * *
 
Eger kimdir biri gören zadyny başgaça suratlandyryp, şol suratlandyran zadyna özi sähelçejik ynansa, ol adam kezzaplyga ta­rap ilkinji ädimini äder we oňa ýüregin­den ýer berer.
 
* * *
 
Ýaman adam bilen ýoldaş bolma! Sen ony ýagşy ýola salmankaň, özüň ýoluňy urduryp, onuň pasyk ýoluna düşmegiň mümkin.
 
* * *
 
Güýjüňden artyk, hötdesinden gelip bil­mejek işiňe ýapyşma! Güýjüň asgyn gelje­gine göz ýetirip, emma tamakinçilige ýüz urup, kişi ýerine göz gyzdyrma. Kimdir bi­rini ýeriňe şärik edenden, az ýeriňde ýeke höküm süreniň ýagşydyr.
 
* * *

Ýeňiş gazanmak üçin diňe bir güýç-kuwwat ýeterlik däldir. Güýç-kuwwatyňa akyl-paýhas ýaran bolsa, gysga wagtda we ýitgisiz ýeňiş gazanyp bolar.  
 
* * *
 
Hiç bir zat bölekleýin subut edilýän däl­dir. Sebäbi kiçijik bölejikler hem tutuş­luga eltýändir.
 
* * *
 
Akylly adam diňe özüniň akylynyň bar­dygyna we akyla nädip ýetendigine doly göz ýetirende, akyldan ýokarda nämeleriň bardy­gy­na göz ýetirer.
 
* * *
 
Ynsanyň tebigaty we onuň nebsi elmy­dama biri-biri bilen göreşde bolýar. Ola­ryň haýsy hem bolsa biri beýlekiden üstün çyksa, ynsanyň adatylygy ýitýär. Ol iki­siniň deňagramlylygyny saklamak akyla baglydyr. Nebis çyranyň peltesi kimindir. Tebigat bolsa otdur. Pelte oda ýakynlaşanda, peltäniň ýanyşy kimin, nebis adamyň tebi­gatyndan üstün çyksa, tebigat açgözlüge öwrüler.
 
* * *
 
Wagty sarpaly tutup, ýerine ýetirmeli işi­ňe gereginden artyk wagt sarp etme. Her zady öz wagtynda ýerine ýetirmek dogruçyllygyň alamatydyr. Ýaşlygyndan şeýle gylyk-hä­siýete endik eden adam, «nämedir bir zada ýetişmedim» diýip, ökünmeli bolmaz we ýalan sözden daşda bolar.
 
* * *
 
Azat adamyň esasy häsiýetleriniň biri sa­byr-takatlylyk bolmalydyr. Bu häsiýet oňa özünden ýokardakylaryň igenjini, özünden aşakdakylaryň hetden aşmalaryny çekmäge we durmuşda gabat gelýän dürli kynçy­lyk­lary ýeňmäge ýardam berer.
 
* * *
 
Ynsanyň näderejede ýagşy adamdygyny, onuň adamlar bilen edýän gatnaşygyndan gör­mek bolar. Eger kimdir biri ýagşy gy­lyk-häsiýeti bilen özüni adamlara gowy gör­kezip bilse, onda adamlar oňa «patyşa hä­siýetli» diýerler. Eger ol hökümdarlygy mak­sat edinse, adamlar ony şol derejä ýetirer­ler. Eger hökümdar adyl höküm sürmän, raýat­laryna zulum etse, raýatlary ony tagtyndan agdaryp bilerler. Hökümdar raýatlaryň pe­nakäri, raýatlar bolsa hökümdaryň daýanjy bolmalydyrlar.
 
* * *
 
Pes gylyk-häsiýetli erbet adamlar köpçü­lige goşulyp bilmezler. Sebäbi köpçüligiň olara bolan ýigrenji, olary köpçülikden daş­da saklar. Köpçülik ýagşy gylyk-häsiýet­li adamynyň özlerinden nämedir bir zady gizlin saklaýandygyny bilenlerinde, ondan daşlaşarlar we ony ikiýüzli adam hasaplap, pesleriň hataryna goşarlar.
 
* * *
 
Wagyz-nesihaty diňlemän, halkyň urp-ada­tyndan, özüňe ýakyn we akylly adamlardan daşlaşmak iň uly ýalňyşlyklaryň biridir.
 
* * *
 
Akylly adam özüniň güýjünden artyk ga­zanja kowalaşmaly däldir we kimdir birine hyzmat etse-de, öz häsiýetine meňzeş adama hyzmat etmelidir.
 
* * *
 
Hökümdar özüniň ýakyn adamlaryny nä de­rejede gowy görse-de, seresaplylygy elden bermeli däldir. Hökümdaryň gyrnaklary, aşpezi we köşkden daşlaşdyrylan adamlar hemişe onuň göz astynda bolmalydyrlar.
 
* * *
 
Aşa şatlanmak hem uly aýplary açýandyr. Şatlanan adam özüni ýitirip, köp gürleýär we aýtmasyz zatlary hem aýdýar. Şonuň üçin şatlygyňy hem diňe dostuň ýa-da örän ynam­ly adam bilen bölüş.
 
* * *
 
At-abraý gazanmak üçin ylym ýoluna düşen adam, söwdasy oňan söwdagär ýalydyr. Gazanç et­mek üçin ylym öwrenen adamyň geljegi onuň ykbalyna baglydyr. Eger ykbal oňa gülüp baksa, ol baý adamlaryň biri bolar. Eger ykbal ondan ýüz öwürse, ol ýoluny ýitiren sergezdan bolar.
 
* * *
 
Döwrüň üýtgäp duran wagty öňe ýa-da yza düşjek bolman, aralykda bolmaga çalyş. Se­­bäbi hökümdarlyga öňdäkilerden biriniň ýa-da yzdakylardan biriniň gelmegi ahmal­dyr.
 
* * *
 
Ýagşy gylyk-häsiýetli, dinli we ahlakly adam hiç haçan utançly bolmaz. Bu üç zadyň eýesi bolan ynsan özüne özi höküm eder.
 
* * *
 
Kimdir birine baha bermekçi bo­la­ny­ňyzda, onuň aslyna we ýaşan döwrüne seredip baha bermän, onuň özüni synlap, pikir edip we ýagşy ölçerip-döküp baha beriň.
 
* * *
 
Diňe bahyl, gysganç adam dört zatdan, ýag­ny bergisini bermezlikden, işsiz geçen gün­den, agzalalykdan we ýurtdaky gopan pit­neden lezzet alyp biler.
 
* * *
 
Ata-babalarynyň gazanan at-abraýyna gu­wanyp, olara meňzemäge çalşan ynsan adam­la­ryň arasynda üstünlik gazanar we ata-ba­balarynyň gazanan abraýyny has-da zyýada eder. Ata-babalarynyň at-abraýyna daýanyp, emma olaryň ýoluny tutmadyk ynsan köpçü­ligiň gözünden düşer we ata-babalaryna-da ysnat getirer.
 
* * *
 
  Özüňden erjel, nebisjeň we hilegär adam bilen ýoldaş bolma. Sen hemişe onuň köle­gesinde bolarsyň.
 
* * *
 
Eger sen kimdir biriniň senden güýç­lü­digine göz ýetirseň, onuň bilen ýagşy gatna­şyk­da bol we özüňiň asgyndygyňy boýun alyp, oňa baş egmäni başar.
 
* * *
 
Bagtyň çüwüp, hökümdara hyzmat etmeli bol­saň, ak ýürekden wepalylyk bilen hyzmat et! Sebäbi hökümdarlaryň iň ýigrenýän zady biwepalyk we dönüklikdir. Eger sen özüňden pes adama hyzmat etmeli bolsaň, onda saňa diňe sabyr-takatlylyk ýaran bolup biler we ol häsiýet seni sussypeslikden halas eder.
 
* * *
 
Arzuwdyr hyýal hem güýçli adamlara la­ýyk­dyr.
 
* * *
 
Ýagşy bilen ýamanyň tapawudyny bil­me­dik, öwgi bilen sögünjiň tapawudyny hem bil­mez.
 
* * *
 
Hökümdar ýurdy adyllyk we ýumşak häsiýetlilik bilen dolandyrmalydyr, jenaýat­kär­lere-de gyýa göz bilen seredip, zulum etmeli däldir. Sebäbi olar hem ýurduň raýatlarydyr we öz wagtynda höküm çykarylyp, eden günä­leri üçin jeza çekendirler.
 
* * *
 
Ýaşuly adamlaryň nesihatyny diňlemeli­diginiň esasy sebäbi, olar senden öň bu ýol­lary geçip, onuň belentli-pesli ýerlerine be­letdirler. Olaryň bu ýaşda aýşy-eşretden daşlaşmagy dogry oýlanmaga ýardam berýär. Olar özleriniň geçen ýoluna ser salyp, uzak oýlanýarlar. Emma bu ýoly täzeden geçmäge olara rugsat berilmez. Şonuň üçin hem olar ýaşlara wagyz-nesihat edýärler. Şeýle eden ýaşulular adamlaryň arasynda at-abraýa eýe bol­ýarlar.
 
* * *
 
Ynsan ýaşamak üçin iýip-içmelidir. Em­ma köpler iýip-içmek üçin ýaşaýandyrlar.
 
* * *
 
Eger baýlyk jemleseň, bu baýlygy ga­zan­ýan wagtyň ony sowýan wagtyňdan uzak bolsun. Eger sen ylym öwrenseň, onda ony öwrenýän wagtyňdan başgalara öwredýän wagtyň uzak bolsun.
 
* * *
 
 Ogry hiç haçan baýlyga we ylma eýe bolmaz. Sebäbi bu iki zada uzak wagt azap çekilmegi bilen ýetilýändir. Ogry bolsa taýýar zada eýe bolýandyr.
 
* * *
 
Eger-de ylym öwrenýäne ylym hiç bir kynçylyksyz, ýeňillik bilen gelse, ol ylym çägä ýazylan hat kimin derrew gider. Kyn­çylyk bilen ýetilen, öwrenilen ylym bolsa daşa salnan nagyş kimindir. Ylma kyn­çy­lyk bilen ýetilende, alymyň zehini açylýar we ylym hakyndaky düşünjesi, oý-pikiri zyýada bolýar.
 
* * *
 
Nadanlygyň nämedigine göz ýetiren adama alym diýmek bolar.
 
* * *
 
Kömege mätäç bolanyňda garrylara mas­la­hat sal. «Olar güýçsüz» diýip ruhdan düşme. Gar­rylar güýçsüz hem bolsa durmuş tej­ri­beleri bardyr. Köp ýerde maksada güýç ýa-da pul bilen ýetilmän, garrylaryň dana pikiri bilen hem ýetmek bolar.
 
* * *
 
Kimdir birine maslahat salmakçy bolsaň, ilki bilen iň ýakyn adamyňa ýüz tut! Has go­wusy ömrüni dogry ýaşan garry ýaşula mas­lahat sal! Eger ol ýaşuly seniň kakaň bolsa, onda has-da gowy bolar. Sebäbi hiç bir ene-ata öz bagryndan önen perzendine ýamanlyk islemez.
 
* * *
 
Pikir et! Elbetde, aýşy-eşret lezzet­li­dir, özüne çekijidir. Emma dynç, rahat ýaşa­mak, adamlara haýyr-yhsan etmek ondan-da lezzetlidir.
 
* * *
 
Raýatlaryna sylag-serpaý etmäni başarýan hökümdar sahydyr. Mynasyp adamlary hor­mat­lamak we sylag-serpaý ýapmak hökümdaryň boýnundaky borçdur. Hökümdaryň sylag-ser­paý etmegi raýatlara ýagşy görelde bolar we ýurtda ylmyň ösmegine ýardam eder.
 
* * *
 
Hökümdar hemişe raýatlaryna adyl sere­dip, rehim-şepagatly bolmalydyr. Raýatlar bolsa öz gezeginde hökümdara boýun bolup, döwletiň ähli kada-kanunyny doly berjaý etmelidirler.
 
* * *
 
Senden haraý we penakärlik tama edip, ýanyňa gelen adamdan ýüz öwürme, oňa ýardam et we dogry ýola düşýänçä hemaýatkär bol!
 
* * *
 
Ýamana ýanaşma, onuň bilen ýoldaş bolmak hem onuň edýän şer işlerine şärik bol­makdyr. Sen ony haýyr-yhsana çagyrmazdan ozal, ol seni şer iş etmäge mejbur eder.
 
* * *
 
Sabyr-takatly bolmak gyssanmaç ýagdaýda bir netijä gelip, soňra masgara bolmakdan halas eder. Hökümdara hyzmat edýän adamlar sabyr-takatly bolan ýagdaýynda başlary aman bolar.
 
* * *
 
Özüni elde saklap bilen adam başgalara hökümdar bolup, olary boýun edip biler.
 
* * *
 
Durmuşda her hili ýagdaýa duşulýar. Onda akyllynyň nadana, güýçliniň güýçsüze we sahy garybyň gysganç baýa mätäç hem-de boýun bolmagy iň erbet ýagdaýlaryň biridir.
 
* * *
 
Tebip hassanyň keselini anyklap, onuň sebäbini bilip, däri-derman edýändir. Emma ähli derdiň dermany ol derdi bereniň elin­dedir. Tebip bolsa diňe araçy we sebäp­kärdir.
 
* * *
 
Hökümdar ýakyn adamlarynyň edýän iş­lerine göz ýumup, görmediksirän ýagdaýynda, hiledir mekirlikden el çekende, olaryň ha­kyky sypatyna göz ýetirer. Emma beýle ýagdaý uzaga çekse, tagt howp astynda galar.
 
* * *
 
Nadany göreniňde alymyň nä derejede beýik ynsandygyna göz ýetirersiň. Enäniň garnyndaky çaga hem nadandan haýyrlydyr. Nadanyň esasy häsiýetleriniň biri keçjal­lykdyr. Nadana maslahat berlende, ol keç­jallyk eder, onuň maslahatyna eýermez we kyn ýoly saýlap alar.
 
* * *
 
Kimdir birine garaşylmaýan ýerden ýarda­myň gelmegi we garaşmaýan adamyňdan ýaman­lygyň çykmagy, ynsanyň ejiz edip ýarady­landygynyň alamatydyr.
 
* * *
 
Seniň duşman hasap edýän adamyň saňa kyn ýagdaýyňda nesihat etse, ol saňa duşman däl-de dostdur. Sebäbi nesihat bermek dostuň edýän işidir.
 
* * *
 
Bedeni kuwwatly adam güýçli däl-de, akylly, ylymly adam güýçlüdir.
 
* * *
 
Hökümdar bir deňizdir, onuň emeldarlary we ýakyn adamlary bolsa derýadyr. Derýa özü­niň suwuny eltip deňze guýýandyr. Diýmek, derýanyň suwy süýji bolsa, deňiz hem süýji bolar. Eger derýanyň suwy duzly bolsa, deňiz hem duzly bolar.
 
* * *
 
Serkerdeler we ýurduň edermen adamlary ýurdy duşmandan gorasalar-da, hökümdary ün­jä goýýandyrlar. Sebäbi olar dil birik­dirseler, hökümdaryň olara garşy goýara hiç hili güýji ýokdur. Serkerdeler pitne turu­zanda, ýurtda aljyraňňylyk döreýär. Şonuň üçin hökümdar olary gözden salmaly däldir. Sylag-serpaý edip, olary özüne ýaran tutun­malydyr. Tebibiň hassanyň derdine em edip, keseli bejerişi kimin, hökümdar hem ýurtda gopjak pitnedir agzalalygyň öňüni almagy başarmalydyr.
 
* * *
 
Akyl bilen aýşy-eşrediň tapawudy – akyl wagty saňa tabyn eder, aýşy-eşret bolsa seni wagta tabyn eder.
 
* * *
 
Tamakinçilige ýüreginden ýer beren yn­san, öz el-aýagyna gulçulyk gandalyny salar.
 
* * *
 
Nebsine «haý» diýip bilmeýän adam azat däldir. Ol nebsiň guludyr. Kanagatlylyk we sabyr-takatlylyk azatlygyň esasy sütüni­dir. Nebis adamy masgaraçylyga eltse, ka­nagatlylyk oňa diňe abraý getirer.   
 
* * *
 
Haýyr-yhsan eden adamyň ýüzi utançly bolmaz. Ynsanyň ähli edýän işleri ilki bilen onuň pikirinde döreýändir. Eger onuň kellesinde şer iş etmek pikiri döräp, bu pikiri amala aşmasa, ýüreginde gaýgy-gam we gorky dörär. Eger-de amala aşsa, onda kimdir biri bu pikiriň pidasy bolar. Eger onuň kellesinde ýagşy iş etmek pikiri döräp, bu pikiri başa barmasa-da, özünden göwni hoş bolar we şatlanar. Eger-de bu pikiri başa barsa, ol uzak wagtlap eden işinden lezzet alar.
 
* * *
 
Üç zat, ýagny, ýumşak häsiýetlilik, söýgi we azatlyk ynsana berlen esasy zynatlar­dan­dyr.
 
* * *
 
Sahy adamyň minnet bilen beren zadyny alanyňdan, gysganç baýdan diläp alan zadyň has gowudyr.
 
* * *
 
Bergiňi berip bilmek hem sahylygyň bir görnüşidir.
 
* * *
 
Ynsan özüniň edýän işleriniň dogrudy­gyna doly göz ýetirmelidir we nebsini jy­lawlamany başarmalydyr.
 
* * *
 
Haýyr-yhsan iş eden, ylmyny ösdüren we adyl höküm süren patyşa ölýän däldir. Ol müdimidir. Şeýle hökümdar panydan baka göçenden soň hem onuň eden işleri ýagşy­lykda ýatlanar. Onuň ady asyrlardan asyr­lara geçip, taryhda öçmejek yz galdyrar. Ol özünden soňky nesle görelde bolar.
 
* * *
 
Her bir işiň gadyryny bilgin we sarpa goýgun, şonda seniň hem gadyryň bilner we saňa-da sarpa goýlar.
 
* * *
 
Her zadyň ýagşy tarapy bolşy ýaly, ýaman tarapy hem bardyr. Emma sen onuň ýagşy tarapyndan bar. Ýaman tarapyny görmedik­sire. Şeýle etseň, sen ony özüňe boýun edip bilersiň.
 
* * *
 
Köp adamlar özleriniň käbir gylyk-hä­siýetini ýaşyryn saklamak isleýändirler. Emma olar gyssanmaç hala düşenlerinde ýa-da şerap içenlerinde bu gylyk-häsiýetleri du­ry çeşmäniň düýbünde ýatan daş kimin äşgär bolýandyr.
 
* * *
 
Akylly adam özüne dost tutunmalydyr we çaganyň ýaşlygyndan terbiýelenişi kimin ýa-da ýaňy düýp tutan nahalyň idedilişi ki­min, ony diňe ýagşy işlere gönükdür­me­li­dir. Ýaşlygynda ýagşy terbiýe alan çaga ene-atasyna hormat goýar, ýaşlygynda idegi gowy bolan nahal soňra süýji miwe berer.
 
* * *
 
Nähilidir bir aýp iş etmekçi bolsaň, ilki bilen özüňden utan. Sebäbi sen etjek işiňi başgalardan gizlin ýagdaýda edip bi­lersiň. Emma özüňden gaçyp gitjek ýeriň ýokdur.
 
* * *
 
Kimdir biriniň içki pikirini bilmäge synanyşma, sebäbi ony bilen ýagdaýyňda gaý­gy-gama batyp, ruhdan düşmegiň ahmal.
 
* * *
 
Aýşy-eşretiň lezzetini akyldan ýokary tutma! Sebäbi aýşy-eşretiň getirjek bela-beterinden seni ýene-de gorajak akyldyr.
 
* * *
 
Ýüregiňde gorky dörese-de, ony hiç haçan daş-töweregiňdäkilere bildirme! Ynsanyň ejizländigini görende onuň ýakyn adamlary hem ondan ýüz öwrüp, ony depelemäge çaliş­ýarlar.
 
* * *
 
Hiç haçan gazaplanmagyn! Sebäbi gazapla­nan adam akyl jylawyny elden giderýändir. Gahar-gazap haýwana mahsusdyr. Ynsana bolsa ondan tapawutlylykda akyl we sabyr-takat­lylyk berlendir.
 
* * *
 
Ata-babalaryňa eden ýagşy işlerine guwa­nyp, olaryň at-abraýyny zyýada etmäge ça­lyş­mak hem haýyr-yhsanyň bir görnüşidir.
 
* * *
 
Söýgi iň uly güýje eýedir. Akyl ynsany köp zatdan gorasa-da, söýginiň öňünde baş egip, oňa doly tabyn bolýandyr.
 
* * *
 
Hökümdar nämedir bir zatda ýalňyşýan hem bolsa, seniňki ýalňyş diýme-de, onuň etmek­çi bolýan zadyny amala aşyrmagyň dürli ýollarynyň bardygyny aýdyp, ol ýollary sy­patlandyr. Olardan haýsy hem bolsa birini saýlap almak hökümdara baglydyr.
 
* * *
 
Hökümdar etjek işlerini oýlanyp, ölçe­rip-döküp etmelidir. Çünki, raýatlarynyň ykbaly onuň elindedir. Onuň her bir per­many adyllyga ýugrulan bolmalydyr. Ol müň­lerçe ynsanyň içinden Allatagalanyň saýlap alan ynsanydyr. Onuň her bir çöz­güdiniň ýa-da ýalňyşynyň aňyrsynda ynsan ykbaly, ýagny onuň raýatlarynyň ykbaly ýatandyr.
 
* * *
 
Hökümdaryň adyl ýa-da zalym bolmagy köplenç onuň daş-töweregindäki adamlara-da bagly bolýar. Ýanyndakylar oňa dogry masla­hat berseler, ol adyllygyň ýoluny tutar. Eger onuň ýanyndakylar ýaramaz maslahat berseler, ol zulum eder.
 
* * *
 
Hiç haçan hökümdaryň ýigrenýän adamyna golaýlaşma, ondan daşda durmaga çalyş! Se­bäbi seniň hem bu ýigrenje şärik bolmagyň ahmal.
 
* * *
 
Hökümdaryň mejlisinde seniň duşmanyň bolup, ol hem seni gürletmek islese, diňe hö­kümdar ejaza berse gürlegin, bolmasa-da ag­zy­ňa suw alan kimin dymgyn! Sen höküm­dar­dan gürlemäge ejaza soranyňda, oňa seniň diliň soltan mejlisinde diňe öwgüdir sena aýtmakdan we hökümdaryň eden haýyr-yhsan işlerini ýatlamakdan başga zatlara endik etmändigiňi aýt. Soňra oňa baş egip, özüň doly boýun bolýandygyňy bildirip, onuň ejazasyna garaş. Duşmanyň töhmetinden se­ni diňe Alla we hökümdaryň parasat­lylygy halas edip biler.
 
* * *
 
Eger dost tutunsaň, dogry sözlüden dost tutun. Sen şer iş edeniňde saňa ýaran bolýan dost däl-de, seni şer işlerden saklap, ha­ýyr işe gönükdirýän adam saňa hakyky dostdur. Şeýle dostuň bolsa onuň gadyryny bilgin we ondan aýrylmagyn!
 
* * *
 
Söýgi päk ýürekde dörän arassa duýgudyr. Söýgi ornaşan ýürek başga muşakgaty gö­ter­mez. Sebäbi iň uly muşakgatlaryň biri söýgüdir. Söýgi nä derejede päk hem bolsa ol akyl bilen aýşy-eşretiň ortasynda duran­dyr. Emma köplenç akyl hem ondan ejiz gelýändir. Ol ynsany ukudan, akyl-huşdan we tagamdan jyda düşürip, rahatlygyny elin­den alýandyr. Hökümdar üçin iň uly howplaryň biri söýgüdir. Hökümi elinden alnan adam höküm edip bilmez. Ol söýgä berlip, raýatlarynyň hal-ahwalyndan gapyl galar.
 
* * *
 
Söýgi keseldir, onuň degen adamy bolsa has­sadyr. Bu derdiň dermany ýokdur. Söýgi derdine ulaşany diňe sabyr-takatlylyk kö­şeşdirip biler.
 
* * *
 
Hökümdarlyk Alla tarapyndan berlen nyg­matdyr. Bu nygmat berlen ynsan özünden öňki adyllyk bilen höküm süren, raýatlary­nyň razylygyny gazanan hökümdarlardan gö­relde alyp, zalymlaryň akybetiniň nähili bolandygyny bilmelidir.
 
* * *
 
Güýç-kuwwatyňa buýsanma, sebäbi senden hem güýçlüräkler bardyr. Onsoňam her bir zadyň möwriti bardyr.
 
* * *
 
Eger hökümdar saňa wezipe ynansa, sen oňa kakaňa hyzmat edişiň ýaly hyzmat et! Hiç haçan oňa haýynlyk etmegin! Hökümdarlaryň iň ýigrenýän zady haýynlykdyr.
 
* * *
 
Ogul nesil dowamydyr. Oňa hökümdaryňa seredişiň ýaly seret we ýagşy terbiýe ber. Ogul atasynyň abraýyny zyýada edip hem ýa-da ata-babasynyň jemlän abraýyndan jyda edip hem bilýändir.
 
* * *
 
Hökümdaryň hyzmatyndakaň haram baýlyk jemleme. Ol hemme zady görýändir. Sen ol baýlygy özüň gaýdyp bermeseň-de, barybir ol senden bu baýlygy alar. Sebäbi seniň gazanan baýlygyň garyplaryň gözýaşy we da­ban azabydyr.
 
* * *
 
Syýasat inçe ýoldur. Ol akyly, danalygy, parasaty, mekirligi, batyrlygy we ähli beý­leki ylymlary özünde saklaýandyr. Syýasat­çy hökümdar ýurduny aman saklamagy we hiç bir ýitgi etmän ýa-da az ýitgi bilen ýur­dunyň çägini giňeltmegi başarar.
 
* * *
 
Akylyň iň ýokarky gatlagy syýasatdyr.
 
* * *
 
Ynsanda bar bolan gylyk-häsiýetleriň iň erbedi bahyllykdyr. Eger kimdir biriniň kalbynda bahyllyk orun alsa, diýmek, ol adam hiç zatdan gaýtmaz.
 
* * *
 
Bir gezek ýalan sözläp, özüniň sözüne ynanylandygyna göz ýetiren adam ýene we ýene bu kesbine dolanyp geler.
 
* * *
 
Içigaralyk ähli erbet gylyk-häsiýetleriň naýbaşysydyr. Bu gylyk gorkaklygy, za­lym­lygy we gysgançlygy özüne boýun etmegi başarýar. Emma şonda-da sahy adamyň ýanyn­da onuň ýüregi ejiz geler.
 
* * *
 
Ynsan her hili ýagdaýa düşüp biler. Eger birden sen duşmanyň tabynlygynda işle­me­li bolsaň, onda ilki bilen ikiňiziň ara­ňyzdaky duşmançylygy ýatlatjak zatlardan daşda dur. Eger kelläňe erbet pikir gelse, ony içiňden çykarman sakla! Sebäbi seniň halyň deňizde tupana düşen gäminiň haly ýalydyr. Her bir sözüňi ölçerip-döküp, soň­ra daşyňa çykar. Emma iň gowusy başyňy aman sypdyryp, wezipeden boýun gaçyryp ondan daşlaşmakdyr.
 
* * *
 
Akylly adam duşmanynyň ölümine şat­lan­maly däldir. Tebigatyň kanunyna laýyk­lykda, ol öleni bilen hökman onuň ornuna baş­ga biri geler. Onsoň hem iň ýakyn dostuň-da seniň kemçiligiňi ýüzüňe aýtmaz. Emma duşmanyň welin, gözüni gyrpman seniň aýp­laryňy saňa äşgär eder. Şonuň üçin hem duşmanyň ölümine şatlanman gynanma­ly­dyr.
 
* * *
 
Hakykaty hiç zat bilen ýaşyryp saklap bolmaz. Güýçli ýel gelip, çägäniň aşagynda­ky baýlyklaryň üstüni açyşy ýaly, gün­le­riň birinde hakykatyň hem üsti açylýar.
 
* * *
 
Eger hökümdar özüniň adynyň müdimi ýaşa­magyny islese, onda ilki bilen ýurduň kada-kanunyny doly we dogry berjaý etsin we garyp-gasaryň halyndan habar alyp, olara ýardam bersin.
 
* * *
 
Hökümdaryň ýanynda özüňi akylly saýmak, boýnuňa syrtmak asmakdyr.
 
* * *
 
Ynsan gözellikleriniň biri dile çeper­lik­dir. Ol adamy kyn ýagdaýlardan alyp çy­kyp, uly ýeňişlere eltip bilýändir.
 
* * *
 
Ynsan köňli ýagşy gatnaşyklar bilen awlanýandyr. Ýolbaşçy wezipelere adamlaryň göwnüni tapyp bilýänler mynasypdyr.
 
* * *
 
Iň hormatly kärleriň biri adamlara ylym bermekdir. Beýik şahslaryň hem il­kin­ji mugallymy bardyr. Diýmek, olaryň şeýle derejä ýetmeginiň esasyny goýýan onuň ylym atasydyr.
 
* * *
 
Adamlaryň razylygyny gazanmak üçin ýag­şy işler et we olar bilen ýagşy gat­naşykda bol! Diniň kada-kanunlaryny berjaý edip, haýyr-yhsan bilen meşgul bolsaň, Allanyň razylygyny gazanarsyň.
 
* * *
 
Heý, adam kimdir birine mätäç bolman ýaşap bilermi? Ýok, garyp adam baýa, ylymsyz mugallyma, güýçsiz bolsa medetkäre mätäçdir. Ähli zady ýetik adamlar hem mätäçlik çek­ýän­dirler. Olar Alladan bagta mätäçdirler. Se­bäbi olaryň mätäçlik çekýän zatlaryny diňe Alla berip biler.
 
* * *
 
Wagty sarpaly tut! Ähli ýitirilen zadyň öwezini dolup bolar. Emma wagtyň öwezini-de dolup bolmaz, yzyna-da dolap bolmaz.
 
* * *
 
Hiç haçan birine hile bilen duzak gurma! Bu duzaga seniň özüň düşmegiň hem ahmal.
 
* * *
 
Hökümdaryň iň ýakyn we ynamdar adamy onuň weziri bolmalydyr. Hökümdaryň weziri öz wezipesini wepalylyk we danalyk bilen ýerine ýetiren halatynda hökümdaryň işi ýeň­leýändir. Wezir köşk emeldarlary bilen gereginden artyk duşuşmaly däldir. Sebäbi onuň emeldarlar bilen birigip, hökümdary tagtdan agdarmakdan aýplanmagy mümkin.
 
* * *
 
Eger sen kimdir birine ýardam bermekçi bolsaň, oňa pul bermegin! Sen onuň kalbynda tamakinçilik duýgusyny we ýaltalyk oýarar­syň. Eger sen oňa bir iş ynanyp, ol ony ýerine ýetirenden soň hakyny töleseň, onda seniň bu adama uly ýardam etdigiň bolar.
 
* * *
 
Hiç haçan hökümdaryň mejlisinde sebäp­siz gülmegin. Seniň gülkiň maşgalaň ýasyna öwrülmegi ahmaldyr.
 
* * *
 
Ähli işiň başy maksat tutunmakdan baş­laýar. Maksatsyz adam gözi kör bolan adam kimin ederini bilmez.
 
* * *
 
Nadana nesihat etmek ýönekeý demri al­tyna öwürjek bolmak kimin biderek wagt ýi­tirmekdir. Nadan nesihatdan öň ylym öwre­dilmegine mätäçdir.
 
* * *
 
Baý wagtyň garybyň üstünden gülmegin! Gije bilen gündiziň ýerini çalşyp durmagy saňa ybrat bolsun. Ykbal oýny kändir, gün­leriň birinde onuň bilen seniň ýeriň ça­lyş­magy-da mümkindir.
 
* * *
 
Kimdir birinden üstün çykmak üçin ol adamyň aýbyny gözlemegin! Aýp gözlemek ejiz adamyň we namardyň işidir.
 
* * *
 
Adamyň umydyny elinden almagyn. Me­gerem, umyt onuň ýeke-täk baýlygydyr.
 
* * *
 
Adam gündelik durmuşynda her gün ajal bilen ýüzbe-ýüz bolup, bagtyň bir ädim ýaky­nyndan geçýändir. Emma olaryň her haýsy­sy­nyň bellenilen möwriti bardyr.
 
* * *
 
Eger kimdir biri saňa içigaralyk edýän bolsa, diýmek seniň ondan artyk tarapyň bardyr.
 
* * *
 
Eger seniň duşmanyň senden ötünç so­rasa, onda ol duşman däldir. Sebäbi diňe ýolundan gaýdyp, eden işine ökünýän adam ötünç sorap biler.
 
* * *
 
Kişi syryny saklap, ony ile paş et­mezlik hem mertligiň bir görnüşidir.
 
* * *
 
Erbet pikirden, zanny ýamanlykdan diňe sabyr-takatlylyk halas edip biler.
 
* * *
 
Sabyr-takatly adam utançly bolup, ýüzi gyzarmaly bolmaz. Ol zalymlaryň zulumyna, rehimsizleriň adylsyzlygyna döz gelip, kyn ýagdaýda aljyraman, sagdyn pikirine daýanýandyr. Sabyrly adam ulynyň hem, ki­çi­niň hem göwnüni tapýar. Ol iň çykgynsyz ýagdaýda-da ruhdan düşmän, ujypsyzja müm­kin­çiligi ulanyp, kynçylykdan baş alyp çykar.
 
* * *
 
Ýagşy habar getirýän öwgä mynasypdyr. Se­bäbi ol kimdir biriniň gamly köňlüni şatlandyrýar. Ýaman habar ýaýradýan we kimdir biriniň syryny paş edýän bolsa, sögünje we köteklenmäge mynasypdyr. Sebäbi ol adam­laryň asudalygyny, rahatlygyny elin­den alyp, olaryň kalbyna gaýgy-gam ornaş­dyr­ýandyr.
 
* * *
 
Akylly adam hökümdaryň işine goşulma­ly däldir. Ol şeýle etmegi başarsa, mal-dünýä, at-abraý gazanar we uzak wagt höküm­da­ryň ynanan wezipesinde oňa gulluk eder.
 
* * *
 
Özüniň açgözlügini, nebsini ýeňip, kim­dir birine ýardam berip, eden ýardamyna de­rek hiç bir zat islemeýän adam sahy adam­dyr.
 
* * *
 
Käbir adamlar kimdir biriniň özüne yna­nan gürrüňini başgalara gürrüň berende lezzet alýarlar. Emma şol syry saklan adam asuda, rahat ýaşar we gykylykdyr jedelden daşda bolar we durmuşdan, ýaşaýyşdan lez­zet alar. Bu lezzet kimdir biriniň syryny paş edip alnan lezzetden has lezzetlidir.
 
* * *
 
Ýaşaýşy, durmuşy, özi hakyndaky ýagşy ýatlama çalşyp bilýän adam edermendir. Ýag­şy ýatlamany dirilige we ýaşaýşa çalyşýan adam bolsa gorkakdyr.
 
* * *
 
Ýagşy işleri etmegi ýüregiňe düwmek – seni ýagşyzadalara haýran galyp seretmekden jyda eder. Sebäbi şonda seniň özüň hem ola­ryň hataryna goşularsyň we olaryň hormatyna mynasyp bolarsyň. Olara seniň niýetiň äşgär bolanda, olaryň saňa bolan gatnaşygy üýtgär. Olar saňa ýardam berip, nogsanlyklardan daşlaşmakda güýç-kuwwa­ty­ny aýamazlar. Sebäbi nogsanlyklardan doly saklanmadyk ýagşyzadalaryň hataryna goşu­lyp bilmez.  
 
* * *
 
Eger kimdir birine höküm çykarmaly bol­saň, onda höküm çykarýan adam bilen dost­lugyňy ýa-da duşmançylygyňy ýadyňdan çy­kar. Sebäbi bu iki zat seniň dogry we adyl höküm çykarmagyňa päsgel berer.
 
* * *
 
Hökümdara alymlardan daşlaşmak howplu­dyr. Onuň daşyny nadanlar gurşap alan ha­latynda döwlet, onuň kada-kanuny we raýat­la­ry howp astynda galýarlar. Ylymly adam ilkinji nobatda il-ýurt bähbitli maslahat berip, hökümdary nogsanlyklardan goramaga çalyşar. Nadan nämedir bir zat maslahat berse, ol hökümdary urgy astynda goýar we öz bähbidini arar.
 
* * *
 
Ynsan ynanç bilen ýaşamalydyr. Ynam­syz adam ertir günüň dogjagyna, geljege we hatda Alla-da ynanmaz. Ol bu gün üçin ýaşar we onuň ähli hereketi bir gün üçin niýet­le­nedir.
 
* * *
 
Їedelleşmek gahar-gazabyň ilkinji bas­gan­çagydyr.
 
* * *
 
Gahar-gazaba münmegin, ol seniň erkiňi eliňden alyp, kelläňi göçürýändir. Gazap do­nuny geýeniňde rehimdarlyk lybasynyň hem bardygyny ýadyňdan çykarmagyn.
 
* * *
 
Adamlar bilen ýagşy gatnaşykda bolgun. Sebäbi uly-uly üstünlikler hem ýagşy gat­naşyklar bilen gazanylýandyr.
 
* * *
 
Zannyýamanlykdan, gara, erbet pikirler­den daşda dur. Şer iş we masgaraçylyk bir zynjyr bolsa, onuň ilkinji halkasy zan­ny­ýamanlykdyr. Gara pikir ynsany şer işe, ol bolsa masgaraçylyga eltýändir. 
 
* * *
 
Ýaş ýigit ýazyga ýol berende, oňa jeza bermän nesihat ber. Sebäbi seniň oňa jeza bermegiň, onuň geljekde haýsy ýoly saýlap almagyna itergi berer. ŸÝalňyşmaýan adam ýokdur. Ýaş, durmuş tejribesi ýok adamyň ýalňyşmagy bolsa, bu dünýäde häli-şindi gabat gelip durýandyr.  
 
* * *
 
Çaga uly adamlara görä şatlananda, tüýs ýüregi bilen şatlanýandyr. Döwletiň kanun­lary hem ähli raýatlara şol çaganyň şat­ly­gy kimin şatlyk getirmelidir. Ol kimdir biriniň bähbidini goraman, ähli raýatlaryň bähbini goramalydyr.
 
* * *
 
Şatlyk we gaýgy ynsana Alla tarapyn berlen duýgulardyr. Olaryň nä wagt geljegi ynsanyň özüne bagly däldir. Ynsan kalby sähel zada şatlanyp, sähel zatda-da gama bat­ýan­dyr. Käbirleri aýdym-sazdan lezzet alyp şatlansa, käbiri edil şol aýdymy diňläp, gama batyp biler.
 
* * *
 
Ynsanyň ähli häsiýetleriniň jübüti bar­dyr. Ýagşylygyň ýanynda ýamanlyk, adalatyň ýanynda zulum, gaharyň ýanynda bolsa rehim­darlyk bardyr. Ynsan ýagşy gylyk-häsiýet­leriň tarapyny tutanda, ol ynsanlygyna galýandyr. Eger ol ýaman gylyk-häsiýetleriň tarapyny tutsa, onda ol haýwan ýaly jan­dar­dyr. Sebäbi ynsan bilen haýwanyň tapawudy akyladyr. Şonuň üçin hem akylly jandara ynsan diýilýändir.
 
* * *
 
Sahy adamyň artykmaçlygy ol dostunyň baýlygyna göz gyzdyrmaz we özi-de baýlyk jem­lejek bolmaz. Umuman akylly adam baý­lyk jemlemekden daşda durar. Sebäbi baý­lyk jemlemek nebisjeňlige elter. Nebis bolsa ynsany rahatlykdan we asuda ýaşa­ýyş­dan jyda düşürer. Adamlaryň hemmesine sa­hy bolmak başartmaz. Sahylyk üçin baýly­gyň çenden aşa bolmagy hökman däl-de, yn­sa­nyň kalby päk bolup, kimdir biriniň kynçylygyny görüp başarmalydyr. Sahy­lyk pes adamlara mahsus däldir. Sebäbi pes adamlaryň aýrylmaz häsiýetleriniň biri ba­hyllykdyr. Sahylyk bilen bahyllyk bolsa bir kalpda orun tutmaz.
 
* * *
 
Eger ýurduň hökümdary sahy bolsa, diýmek ol ýurduň raýatlarynyň bagty çüwdügidir. Hö­kümdar ýurduň ylymly we abraýly adam­la­ryna halat-serpaý edip, olaryň kynçy­lyk­la­ryny gözden salmaly däldir. Sebäbi hö­küm­daryň başyna kynçylyk inende, olar hökümdara ýardam bererler.
 
* * *
Nämedir bir zadyň başyna baranyňda, il­ki bilen ýüregiňde ol işe yhlasyň bar­dygy ýa-da ýoklugy hakynda ýagşy pikir et. Sebäbi yhlassyz ýürek miwe bermeýän daragt kimindir. Seniň hem wagtyňy bihuda geçir­megiň mümkin.
 
* * *
 
Hökümdar ýurduň ylymly adamlaryny aýap saklamalydyr. Sebäbi daýhançylyk etmäni her kes başarar. Emma ylym we zehin belli-belli adamlara berilýändir. Ýurtda alymla­ryň köpelmegi ylymyň ösmegine getirer. Ylymyň ösmegi bolsa ýurduň abraýynyň zyýada bolmagyna we raýatlaryň ýaşaýşynyň has gowulaşmagyna getirer. Adyl höküm­dar­laryň iň ýakyn ýarany ylym eýeleri bol­ýandyr.
 
* * *
 
Özüňi güýçli saýyp, gözsüz batyrlyk etme. Sebäbi güýçliniň garşysyna güýç bilen çyk­man, hiledir mekirlik we al bilen çykýandyrlar. Mekirlige garşy diňe me­kir­lik ulanylanda ýeňiş gazanmak mümkin.   
 
* * *
 
Her bir mylakatly ýylgyryp seredýän adam dost däldir. Mylakatly ýylgyryşyň we süýji sözleriň aňyrsynda köplenç nä­hilidir bir bähbit ýatandyr. Emma sen beýle adamy özüňe gaty ýakynlaşdyrma, ýöne daş­laş­dyrma hem. Sebäbi olary özüňe ýakyn­laş­dyran halatyňda, olar içki pikirini amala aşyrmagy mümkin. Daşlaşdyran ýagdaýyňda bolsa, saňa duşman bolmagy mümkin.
 
* * *
 
Nätanyş ýerleri özüňe tabyn edeňde, ilki bilen ol ýeriň abraýly adamlaryny we ýaşu­lu­laryny özüňe tabyn et. Sebäbi köpçülik ýaşu­lularyň sözüni diňleýändir we olaryň yzyna eýerýändirler. Olara halat-serpaý et we köşk mejlislerine çagyr. Bu ýagdaý seniň raýatlar bilen ýakynlaşmagyň we özüňi tanat­magyň üçin gerekdir.
 
* * *
 
Eger sen hökümdaryň wezipesinden daş­laş­saň hem şol wezipede endik eden endik­leriňden daşlaşma. Hökümdaryň salamyna baryp, onuň bilen ýagşy gatnaşykda bol. Şeýle etseň, seniň şol wezipede toplan tejribäň ýene-de gerek bolmagy mümkin.
 
* * *
 
Pikiri, düşünjesi bolmadyk adam gul­dur. Azat adam pikirlenmäni, ýagşy-ýamany, dost-duşmany tapawutlandyryp bilmegi ba­şar­malydyr. Adamlaryň arasyndaky gatlak­lar ilki dörände, olaryň akylyna, pikirine laýyklykda döreýär. Akylly adamlar dur­muşda özüni nähili alyp barmalydygyny bilip, baýlyk jemläpdirler we ýokary gat­lagy emele getiripdirler. Orta gatlak orta pikirli adamlaryň gatlagydyr. Olar dur­muş­da özüni alyp barmany bilerler. Emma beýlekileri özüne tabyn hem etmez baýlyga-da kowalaşmaz. Aşaky gatlak pikirsiz, aň-düşünjesiz adamlaryň gatlagydyr. Olar ýokary gatlagyň adamlaryna hyzmat ederler we olaryň tabynlygynda bolarlar.
 
* * *
 
Hökümdar kimdir birini öz ýanyna wezipä alanda, onuň aslyna seretmelidir. Adam maş­galada terbiýelenip, gylyk-häsiýeti onuň terbiýe alan maşgalasyna mahsusdyr. Şeýle-de ynsanyň köp häsiýetleri nesilden-nesle geçýändir. Eger kimdir biriniň özi gowy bolup, asly erbet adamlardan bolsa, ol hakynda netijä gelmäge howlukmaň. Sebäbi onuň damarynda akyp duran gandaky häsiýet­ler bu gün bolmasa ertir özüniň bardygyny habar berer.
 
* * *
 
Hökümdar ýalandan ýylgyrýan we gereginden artyk ýagşy görünmek isleýän adamdan howa­tyr etmelidir. Onuň adam sypaty gara niýe­tiň daşyna örtülen bolmagy mümkindir. Beý­le adamlar hökümdaryň ýanynda özüni yh­lasly işleýän görkezip, onuň ynamyna gir­mäge çalyşýandyrlar. Olar hökümdaryň ga­pyl wagtyny gözläp gezerler. Ol wagt ýetip gelendigini bilen mahaly bolsa, hiç zatdan heder etmezler.
 
* * *
 
  Baý adamlar bilen gatnaşyk etmäň. Olar size işi düşende dyza çöküp ýalbarmakdan hem gaýtmazlar. Emma garybyň oňa işi düşende welin, ýardam bermejek bolup ant içip ýalan sözlär. Olaryň toplan baýlygy garyplaryň daban azaby we ganly gözýaşydyr. Baýlaryň toplan baýlygynda garyplaryň hem paýy bardyr. Allatagala baýlara maly-dünýäsinden zekat bermegi parz etdi. Şol zekat hem garyplaryň paýydyr.
 
* * *
 
Ýagşy bilen ýamanyň, ýalan bilen dogry sözüň, ylym bilen nadanlygyň nämedigini biljek bolsaň, alymlaryň sözüne gulak goý. Alym bilen gürleşmek, pikir alyşmak lez­zetdir.
 
* * *
 
Eger kimdir birinden üstün çykmak is­leseň, onuň aýbyny gözlemän, özüňdäki aýp­lardan saplan. Kişi aýbyny gözlemek pes­lik­dir. Sen kimdir biriniň aýbyny gözläp sarp eden wagtyňy haýyr-yhsan işlere sarp etseň, bir adamy masgara etmäge derek, Alla­nyň we birnäçe adamyň razylygyny gaza­narsyň.  
 
* * *
 
Dogry sözlülik päk kalpda orun tutýandyr. Dogry sözli adamlar adamlaryň arasynda uly abraýdan peýdalanýandyrlar. Emma ola­ryň ýekeje ýalan sözi süýji nahara zäk taş­lananda, naharyň tagamynyň ajy bolşy ki­min, dogry sözli adyny ýitirip, hormatdan jyda düşürýär. Ol indi ýitiren merte­besini hiç haçan dolap bilmeýär.
 
* * *
 
Hökümdar tagta geçip, ýurdy dolandyryp başlamazdan öň, ilki bilen daşyna pikir­deş­lerini we dogry sözli adamlary jemläp, wezipeleri şolara ynanmalydyr. Pikirdeş adamlarda biri-birine gapma-garşylyk ýüze çykmaz. Dogry sözli adamlar bolsa ikilik etmez. Şeýle adamlar bilen daşy gurşalan hökümdar tagtyndan jyda düşmekden gork­man, bar üns-aladasyny raýatlarynyň müşgil işlerine gönükdirip biler.
 
* * *
 
Akyl haýyr-yhsan işleriň çeşmesidir. Ynsan akylyna we düşünjesine daýanyp, şer işlerden daşda durup, haýyr-yhsan iş­leriň başyny tutýandyr. Aňly diýip, agy-garany saýgaryp bilýän adama diýilýändir. Erbet işleri edýän adam hem akylly bolup biler. Emma olara akylly diýmän, mekir ýa-da hilegär diýilýändir.
 
* * *
 
Ýagşy iş etmekçi bolýanyň pikirdeşi we ýarany ýaman, şer işleri etmekçi bolýanyň pikirdeşlerinden we ýaranlaryndan köp esse azdyr. Sebäbi bina galdyrmakdan, ony ýumur­magyň ýeňil bolşy kimin, haýyr-yhsan etmekden şer iş etmeklik has ýeňildir. Emma haýyr-yhsan eden adamyň abraýy zyýada we müdimidir.  
 
* * *
 
Pikiriňi diňe özüňe pikirdeş we gol­dajak adamlaryň arasynda aýt. Şeýle etseň kelläňdäki pikiriň amala aşmagy we seniň özüň aman gezmegiň mümkin. Ynsan pikiri onuň edýän işleriniň we hereketleriniň çeşmesidir. Onuň her bir etjek işi pi­kirde döräp, beden bolsa ony ýerine ýetir­jidir.
 
* * *
 
Eger kimdir biri saňa ýagşylyk edip, deregine senden hiç zada mätäç bolmasa, onda derrew başardygyňdan onuň ýagşylygyna ýag­şy­lyk bilen jogap ber we borçlulygy boý­nuňdan aýyr. Sebäbi borçlulyk uzaga çekse, ol seni saňa ýagşylyk eden adama ruhy taý­dan gul eder. Ruhy taýdan bergidar bolmak bolsa, maddy taýdan bergidar bolmakdan has erbetdir.
 
* * *
 
Ynsan özüniň daşky keşbi bilen gözel bolman, içki dünýäsi bilen gözel bolma­ly­dyr. Içki dünýäniň gözelligine bolsa kal­byň päkligi we ýagşy pikirde bolmaklyk girýändir.
 
* * *
 
Ynsan ýaradylanda oňa az-owlak haýyr-yh­san we şer iş berilýär. Olaryň haýsydyr birini saýlap almak we kämilleşdirmek yn­sanyň özüne baglydyr.
 
* * *
 
Ýurduň ösmegi we onuň duşmanlardan aman bolmagy üçin raýatlaryň bu ýurdy söýmegi hökmandyr. Ýurduny söýýän we şol ýurt üçin baş goýup biljek adamlar hakyky raýat­lar­dyr. Ýurduny tüýs ýürekden söýýän adamlar uly ýeňişler gazanarlar.   
 
* * *
 
Kanun hemme üçin deňdir. Ähli adamlar ony gyşarnyksyz ýerine ýetirmelidirler. We­zipeli adamlar kanuny bozan halatynda kanun mukaddesligini ýitirer.
 
* * *
 
Kanun ýagşy bilen ýamanyň, haýyr bilen şeriň terezisidir.
 
* * *
 
Adamy herekete getirýän we bir işiň başyny tutmaga mejbur edýän zatlaryň biri ynançdyr. Ynsan ynançdan jyda düşse, ru­hy pes bolup, terkidünýälige ýüz urar. Kalbynda ynanç uçgunlary bolan adam üçin, hiç hili müşgüllik bolmaz. Onuň ynanjy oňa güýç-kuwwat berýär we ruhuny belent edýär.
 
* * *
 
Ynsany şer işlerden saklaýan zatlaryň biri onuň utanjydyr. Utanç akylyň haýyr bilen şeriň soňky akybetini ölçerip çy­kar­ýan netijesidir. Ol ynsanyň daşyna örtülen örtük kimindir. Haçanda ol utan­jyn­dan daşlaşsa, haýyr işleri goýup, şe­ri özüne ýaran tutunar.
 
* * *
 
Eger kimdir birine hajat bilen ýüz tutmak isleseň, ilki ýagşy pikir et. Eger sen ýagşy gylyk-häsiýetli adamdan ýardam sorasaň, ol seniň hajatyňy ýerine ýetirer. Eger sen pes adama ýüz tutsaň, ol saňa ýardam bermän, seni utanmaga mejbur eder. Beýle adama ýüz tutanyňdan, duşmanyňa ýüz tuta­nyň hem gowudyr.  
 
* * *
 
Hökümdaryň aýdýan sözi onuň edýän he­reketine laýyk gelmelidir.
 
* * *
 
Wada etmek gury söz hem bolsa, ol ençe hupbatlar bilen ýerine ýetirilýändir.
 
* * *
 
Haýyş hem arassa söýgi kimin, päk kalpdan syzylyp çykýandyr.
 
* * *
 
Haýsy hem bolsa bir döwri söýmek, şol döwrüň hökümdaryny söýmekdir. Sebäbi şol döwrüň ýagşy ýa-da ýaman bolmagy şol döwrüň hökümdary bilen baglydyr.
 
* * *
 
Hökümdar kimdir birine gazaplansa-da, gazaplanýan adamsynyň güýji ýetjek derejede gazaplanmaly. Eger güýji ýetmeginden artyk gazaplansa, hökümdaryň oňa zulum etdigi bolar.
 
* * *
 
Kynçylyga düşene ýardam goluňy uzat. Keç ykbal ýolunda çukurlar kändir. Sen hem şol çukurlaryň birine düşäýseň, saňa-da kimdir biri ýardam goluny uzadar.  
 
* * *
 
Eger hökümdar özüniň mejlisinde kimdir birini köteklese, sen hem köteklenýän Ada­myň arkasyny almak isleseň, onda seni soltanyň gazabyndan halas edip biljek ada­myň bardygy ýa-da ýokdugy hakynda ilki pikir et we ondan soň bu meselä goşul.   
 
* * *
 
Eger kimdir birine baha bermek isleseň, onuň gürleýän gürrüňine görä däl-de, onuň edýän işine görä baha ber.
 
* * *
 
Özüňe buýsanmazlygy başarmak iň uly buý­sançdyr.
 
* * *
 
Eflatundan: «Ynsan asuda, rahat ýaşap bilermi?» diýip soralanda, ol: «Hawa, Özin­den özüni goramagy başaran ynsan rahat ýaşar» diýip, jogap berýär. Ondan: «Ol nä­hili?» diýip soralanda, ol: «Ýalňyş­lyk­lar­dan, şer işlerden daşda durup, az baýlyga kanagat edip, nebsini jylawlamagy başaran adam durmuşda uly üstünlik gazanar» diýip jogap berýär.
 
* * *

Ýene-de Eflatundan: «Käbirleri özleriniň haýbatly sesi bilen hemme zady kiçeltmek ýa-da peseltmek isleýärler. Ol näme üçin beýle bolýarka?» diýip soranlarynda, ol: «Beýle adamlar özleriniň nadanlygyňa bil baglap, haýbatly sesi olar bilen ömürlik galýandyr öýdýärler» diýip jogap berýär.    
 
* * *
 
Ynsan geçen ýagşy günlerini ýatlap, onuň dolanyp gelmegine umyt edip ýaşandan, er­tir­ki geljek gününiň aladasyny edip ýaşa­ny gowudyr.
 
* * *
 
Duşmanyň bilen göreşe gireniňde gazap­lanmagyn. Sebäbi gazabyň tabynlygyna dü­şen, duşmanyň tabynlygyna düşer.
 
* * *
 
Ynsan özüniň isleginiň tabynlygyna düş­meli däldir. Sebäbi ynsanyň käbir is­legleri ony asuda, rahat ýaşaýyşdan jyda düşürip, erbet hala eltýändir.
 
* * *
 
Ähli derdiň dermany bolşy kimin, ähli kyn meseläniň hem çözgüdi bardyr.
 
* * *
 
Ylym hakynda ýa-da ylmyň adyndan gürleýän adam päk göwünli, terbiýeli, erjel we ylmy söýýän adam bolmalydyr.
 
* * *
 
Ylma gyssanmaçlyk bilen ýetip bolmaz. Zehin, aň we yhlas bir ýere jemlenen wagty ylma ýetmek mümkindir.
 
* * *
 
Şol ugurda hereket etmän, başaramok diý­mek ýaltalygyň alamatydyr.
 
* * *
 
Garyplyk, mätäçlik çekýän adam nämedir bir zat islände, ýoluny ýitiren batyl ki­min­dir. Emma garyplygyň hem gowy tarapy bardyr. Ol isleýän hajatyna ýetende alýan lezzetini hiç bir lezzet bilen deňäp bolmaz. Garyp asuda we rahat ýaşap, durmuşdan lezzet alýandyr. Baý adam maddy taýdan baýdyr. Emma ol ruhy taýdan garybyň hem gary­by­dyr.
 
* * *
 
Sen nämedir bir zady söeniňde, sen bilen perwaýsyzlygyň arasyndaky tutulan tuty syrylýar. Ölüm howpy abananda, sen bilen haýyr etmek isleginiň arasyndaky tutulan tuty syrylýar.
 
* * *
 
Sen bilen utanjyň arasyndaky tutylan tutunyň syrylmagy haýasyzlyga, haýasyzlyk bolsa masgara bolmaklyga we adamlaryň gö­zünden düşmeklige eltýär.
 
* * *
 
Azatlyga bolan ymtylyş we isleg ol ada­my azatlyga elter.
 
* * *
 
Ussat mugallym ilki bilen özüniň şä­girt­lerini we okuwçylaryny özüne tabyn et­megi başarmalydyr. Diňe şeýle edende ol üstünlik gazanar we özünden soňky nesle yl­myny galdyrar. Okuwçylaryny diňledip bil­medik mugallymyň bolsa niýeti amala aşmaz. Ol öz işini ýigrenip, ylymdan daş­laşar. Şeýle ýagdaý mugallymy we onuň şägirtlerini erbet hala getirer.
 
* * *
 
Eger hökümdar saňa nädogry ýol salgy berse-de, onuň diýenini derrew berjaý etme. Sebäbi ol seni synap görýän bolmagy-da mümkin. Eger-de ol ýalňyşyp, saňa beýle ýoly salgy berýän bolsa, onda sen onuň diýenini ýerine ýetirme. Haçanda ol özüniň salgy beren ýolunyň ýalňyşdygyna göz ýetirende, ol saňa sag bolsun aýdar we minnetdarlyk bildirer.
 
* * *
 
Wagt biwepa ýoldaşdyr. Ony özüne dost tu­tunan, nurana keşbinden we kuwwatly bede­nin­den jyda düşer. Wagtyň tabynlygyna dü­şen ynsan, özüniň güýç-kuwwatyny ýitirip, ömrüni bihuda geçirendigini duýman galar.   
 
* * *
 
Ynsanyň iň ýagşy gylyk-häsiýetiniň biri utanç-haýadyr. Utanç-haýany özüne ýaran tutu­nan, aýyp işlerden daşda bolar. Utanç-haýa­dan jyda düşen, masgaraçylyga duçar bolar.
 
* * *
 
Eger lybas ynsanyň aýyp ýerlerini ýapýan bolsa, utanç-haýa ony ähli masgaraçylyk­lar­dan gorap saklaýar.
 
* * *
 
Kemala gelen ýurduň hakynda erbet söz aýtmagyn. Sebäbi sen bu ýurduň gujagynda önüp-ösüp, onuň goýnunda bitýän miwedir ta­gamlardan iýip kemala geldiň. Bu gün oňa şyltak atmak, ene-ataňa şyltak atmaga deň­dir.
 
* * *
 
Eger ynsan üçin «Iň mukaddes zat näme» diýip sorasalar, onda säginmän «Watan» di­ýip jogap ber. Watan hem eneň-ataň kimin ezizlikleriň biridir.
 
* * *
 
Dawa, jenjel gözleýän şermende bilen jedelleşmäň. Ol sen ýanyndakaň zat diýmese-de, seniň ýok ýeriňde saňa töhmet atyp, seni masgara etmäge çalşar.
 
* * *
 
Ömrüni dogry işler edip, haýyr-yhsan bi­len meşgul bolan adam ölýän däldir. Onuň ady adamlaryň kalbynda ebedi galar.
 
* * *
 
Eger kimdir biri başga ýurda göçüp barsa, onda ol ýeriň urp-adatyny, dinini we kada-kanunyny sylasyn. Sebäbi diňe ýokarda ag­zalanlary berjaý eden adam bu ýeri özüne ýurt tutunyp biler.
 
* * *
 
Ynsanyň iň gizlin häsiýetleri hem ol sapara çykanda äşgär bolýandyr.
 
* * *
 
Ynha şeýdip, Allanyň ýardamy bilen «Parasatly sözler» atly kitap tamam boldy. Bu kitap 860-njy ýylyň şow­wal aýynda, Bagdatda musulman kätip Ýakut Mustagsymy tarapyndan göçürülip gutaryl­dy. Goý, Beýik Allatagala öwgüler, onuň pygamberi Muham­mede bolsa salawatlar bol­sun!