بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Günä işlerden daşda duran adama ölümden gorkmagyň hajaty ýokdur.

Başy » Kitaplar » Mertebeler we kemlikler

REÝHAN HOREZMI

  ريحان الخوارزمي

Mertebeler we kemlikler

المناقب و المثالب

MÄHRIBAN WE REHIMLI ALLANYŇ ADY BILEN!

 

Şyh, kazy, alym, ymam, dini direldiji, Yslamyň kämilligi, akyldarlaryň täji, alymlaryň şerapatlysy Abulwepa Hibetulla Reýhan ibn Abdylwahyt ibn Muhammet Horezminiň eseri

 

Ýaradylan barça zadyň keşplerini dürli hili, ýollaryny gapma-garşy ýaradan, munuň üçin ne meňzeşinden we deňinden, ne ýardamçydan we ýarandan kömek soran Hudaýa şükürler bolsun. Ýagşy dogalar älemleriň eýesi Alla üçindir. Pygamberimiz Muhammede we onuň päkize neberesine tükeniksiz alkyş bolgaý.

Köp ýagşy zatlary öz içine alýandygy üçin bu kitapda — akyldarlaryň bossanynda — nazarym eglendi, onuň maňzyňa batýan sözlerini we manylaryny gyzykly sandym, dür dänelerini we hünjülerini ajaýyp bildim. Munuň salgylanylýan kitaplaryň biridigine, edebi maksatlaryň aglabasynyň bolsa ahyrsoňunda şuňa dolanyp gelýändigine göz ýetirdim. Ýöne şu bölümdäki bir manyny isleýän talyp, öz arzyly matlabyna ýetmek üçin, köp kitabyň gatyny açmaly boljak, ähli ýazgylary okamaga bolsa wagt azlyk edýär. Şonuň üçin men bölümleriň içindäki mysallary-gunçalary hem sanlar bilen tertiplemegi, olaryň gizlin mazmunyny aýdyňlaşdyryp, ähli ugurlardan söz açmagy makul bildim. Maksadyma ýetmek üçin ony mümkin boldugyça doly we kämil görnüşinde ýeňilleşdirdim. Üstünlik we şowlulyk Allanyň elindedir.

Kitabyň bölümleriniň sanawy:

  1. 1-nji bölüm: Akylyň we akyllylaryň hormaty.
  2. 2-nji bölüm: Akylyň we akyllylaryň sypaty.
  3. 3-nji bölüm: Mylaýymlyk we çydamlylyk.
  4. 4-nji bölüm: Tanymal adamlaryň derejesi. Paýhasly adamlary sylamak üçin nämeler etmeli?
  5. 5-nji bölüm: Gahar-gazabyň ýaramazlygy.
  6. 6-njy bölüm: Iň gözel gylyklar.
  7. 7-nji bölüm: Ýagşylygyň derejesi we haýyr işe höwes.
  8. 8-nji bölüm: Ýagşy gylyk we mylaýym häsiýet.
  9. 9-njy bölüm: Gaýratlylyk we ony ulanmak.
  10. 10-njy bölüm: Ýaşlyk.
  11. 11-nji bölüm: Hökümdarlyk we jomartlyk.
  12. 12-nji bölüm: Duýgudaşlygyň täsiri.
  13. 13-nji bölüm: Pukaralary we dilegçileri äsgermezligiň ýaramazlygy.
  14. 14-nji bölüm: Dilegçilik peslikdir.
  15. 15-nji bölüm: Gadyrbilmezlere ýagşylyk etmek.
  16. 16-njy bölüm: Ähli işde ortatap bolmak. Okgunlylyk we perwaýsyzlyk.
  17. 17-nji bölüm: Myhman çagyrmagyň hormaty.
  18. 18-nji bölüm: Asylly adamlary we myhmanlary hezzetlemek.
  19. 19-njy bölüm: Itleriň üýrmegi we oduň ýalkymy myhmanlara ýolsalgydyr
  20. 20-nji bölüm: Ýasama hezzetiň gelşiksizligi.
  21. 21-nji bölüm: Myhman almakdan ýüz öwürmek we garasöýmezlik
  22. 22-nji bölüm: Goňşy hormaty we haky.
  23. 23-nji bölüm: Mätäçlige uçranyňda arkadaglar.
  24. 24-nji bölüm: Sowgat-serpaýlar bilen haýyşyňy bitirmek.
  25. 25-nji bölüm: Hoşamaýlyk we sypaýyçylyk bilen dileg etmek.
  26. 26-njy bölüm: Serişde we şepagat. Mätäç bendeleriň olara baglylygy.
  27. 27-nji bölüm: Sypaýyçylyk bilen dileg edeniňde hoşamaý sözlülik.
  28. 28-nji bölüm: Wadadan dänmek we ony yza çekmek.
  29. 29-njy bölüm: Wadany ýagşy söz bilen talap etmek.
  30. 30-njy bölüm: Haýyşy bitirýänleriň öwgüsi.
  31. 31-nji bölüm: Dileg edilen adamyň tersligi, bahana tapmagy we gyňyrlygy.
  32. 32-nji bölüm: Päk niýet we hoşamaý söz bilen ýüz öwürmek
  33. 33-nji bölüm: Sahylygyň we jomartlygyň öwgüsi.
  34. 34-nji bölüm: Sahylar we jomartlar.
  35. 35-nji bölüm: Jomartlaryň işleri.
  36. 36-njy bölüm: Jomartlaryň artykmaçlygy.
  37. 37-nji bölüm: Ýagşylyga we sowgada alkyş-şükür.
  38. 38-nji bölüm: Waspnamalar.
  39. 39-njy bölüm: Buýsanç.
  40. 40-njy bölüm: Bahyllyk we bahyllar.
  41. 41-nji bölüm: Haramzadalyk.
  42. 42-nji bölüm: Pisler.
  43. 43-nji bölüm: Kowumdaşlyga dil ýetirmezlik.
  44. 44-nji bölüm: Gödek degişme.
  45. 45-nji bölüm: Perwaýsyzlyk we ýaltalyk.
  46. 46-njy bölüm: Ýaşaýyş serişdeleri we ony gazanmaga höwes.
  47. 47-nji bölüm: Tygşytlylyk. Güzeranyňy ýagşy dolandyrmak.
  48. 48-nji bölüm: Baýlyk - belentlikdir, garyplyk - peslik.
  49. 49-njy bölüm: Hantama bolan kişiňden tama çykmazlygy.
  50. 50-nji bölüm: Şygrynda bergidarlykdan zeýrenip, garyplygynyň syryny açanlar.
  51. 51-nji bölüm: Ýoksullyk sebäpli ýagşy işleri edip bilmeýänler.
  52. 52-nji bölüm: Ýazgydyň öňünde ähli zat ejizdir.
  53. 53-nji bölüm: Ýagşylaryň azalyp, ýamanlaryň agdyk bolmagy.
  54. 54-nji bölüm: Dogruçyllyk we ýalançylyk.
  55. 55-nji bölüm: Ýalan kasam edýänler.
  56. 56-njy bölüm: Şöhratparazlyk.
  57. 57-nji bölüm: Perzentler we atalar.
  58. 58-nji bölüm: Hukuklary äsgermezlik we diýen etmezlik.
  59. 59-njy bölüm: Garyndaşlyk gatnaşygy we olaryň ezýetine çydamlylyk.
  60. 60-njy bölüm: Perzent terbiýesi we ene-atanyň derejesi.
  61. 61-nji bölüm: Hojaýynlaryň we garyndaşlaryň arasynda ýüze çykýan duşmançylyk.
  62. 62-nji bölüm: Durmuş çarkandaklarynda garyndaş peýdasy.
  63. 63-nji bölüm: Takwalyk we dindarlyk.
  64. 64-nji bölüm: Arassa ahlaklylyk we gözüňi saklamaklyk.
  65. 65-nji bölüm: Utanç-haýa we binamyslyk.
  66. 66-njy bölüm: Pespällik we gedemlik.
  67. 67-nji bölüm: Goh-galmagaldan gaýra durmak we asudalygy küýsemek.
  68. 68-nji bölüm: Göriplik.
  69. 69-njy bölüm: Gybat we içigaralyk.
  70. 70-nji bölüm: Ýaranjaňlyk we ikiýüzlilik.
  71. 71-nji bölüm: Arabozarlyk we gep gezdirmek.
  72. 72-nji bölüm: Degişmek we ýasamalykdan gaçmak.
  73. 73-nji bölüm: Ýerliksiz degişme.
  74. 74-nji bölüm: Iki ýüzli karylar.
  75. 75-nji bölüm: Şadyýanlyga umyt.
  76. 76-njy bölüm: Durmuş külpetlerine sabyrly bolmak.
  77. 77-nji bölüm: Haýynlyk we dönüklik.
  78. 78-nji bölüm: Nadanlyk we akmaklyk.
  79. 79-80 gysgaldyldy