بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Kä adam Allatagaladan nämedir bir zat dilemek üçin ybadat edýär. Bu ybadat söwdagärleriň ybadatydyr. Kä adam özüniň Allatagalanyň sadyk guludygyny bildirmek üçin ybadat edýär. Bu gullaryň, hyzmatkärleriň ybadatydyr. Kä adam bolsa Allatagalanyň eden işlerine şükür edip ybadat edýär. Bu ybadat Allatagalanyň azat bendeleriniň edýän ybadatydyr.

Başy » Kitaplar » Düzjeli Mehmet » "DÜZGÜN-TERTIPSIZ ÝAŞLYK" PELSEPESI

Men Mehmedi artykmaç ýadatmazlyk üçin mowzugy üýtgedim. Bu açyk sözli, mert we biraz biperwaý ýaş ýigidi has ýakyndan tanamak isledim. Ol özi we maşgalasy barada hem biraz gürrüň berdi. Onuň bir gyz we bir oglan dogany bar eken. Maddy ýagdaýlarynyň hem gowudygyny aýtdy.

Men mowzugy has hem aýdyňlaşdyrmak üçin:

— Mehmet! Seniň maşgala we maddy kynçylygyň ýokdugy belli. Bu „düzgün-tertipsizlik” pelpesini nireden öwrendiň? — diýip soradym. Ol örän möhüm we örän manyly bir mowzuga girişýän ýaly pikirini jemläp:

— Ýoldaş mugallym! Men kitaby köp okaýaryn, köp gezýärin we adamlar bilen ýakyndan gatnaşmagy gowy görýärin. Aýratyn hem üýtgeşik we bilinmeýän zatlara gyzyklanma bildirýärin.

Men düzgün-tertipli, ornaşan, meýilnamaly we üýtgewsiz durmuşy halamaýaryn. Men ýaşaýan durmuşymyň kada-kanunlaryny özüm goýmaly ýa-da maňa päsgel boljak her dürli kada-kanuny aýyryp bilmelidirin.

Pikirime, garaýyşlaryma, ýörelgelerime päsgel bolýan ähli zat meniň pikirimçe erbet zatdyr. Isleleýşim ýaly gezmek, geýinmek, ýaşamak isleýärin — diýip jogap berdi.

Men soramak isläp, göwnüne degmejek bolup soramadyk bu mowzugymy göýä pikirlerimi okaýan ýaly özi gozgady:

— Ýoldaş mugallym! Bu aýdan zatlarymdan soň, meniň ynanjymyň nähilidigini hem bilmekçi bolýarsyňyz öýdýän — diýdi. Men ýylgyryp:

— Hawa — diýdim. Ol maňa:

— Onda men muny size anyk görnüşde aýtmak isleýärin. Başlangyç we orta mekdepde okaýarkam meniň dini we dine degişli zatlara uly gyzyklanma bildirýärdim. Mugallymlarymyň we dostlarymyň maslahat beren kitaplaryny okanymdan soň, unsüm başga zatlara sowuldy — diýip gürrüň berdi. Men:

— Nähili zatlara? — diýip soradym. Ol:

— Materializm we darwinizm bilen gyzyklanyp başladym. Bu mowzukda köp zatlary gözden geçirdim.

— Ýeri onsoň, nähili netijä geldiň? — diýip soradym. Ol birazajyk batyrgaýlyk bilen:

— Din we Alla bilen baglanyşykly zatlaryň we garaýyşlarynyň döwrümizden örän yza galýandygyna ynanýaryn. Birnäçe asyr mundan ozal ýüze çykan ýaşaýyş ýoly bilen kosmos döwrüni ýaşamak maňa görä bolup biljek zat däl.

Adamlar islän zatlaryna ynanyp bilerler. Dogrudanam men olara hormat goýýaryn. Sebäbi meniň ejem we kakam hem namaz okaýarlar. Ýöne men onuň ýaly zatlara ynanmaýaryn.

Meniň üçin ýeke-täk bolan ýol kada-kanunsyz, açyk we päsgelsiz durmuş ýoludyr. Ýaňy hem aýdyşym ýaly erkin we gerekli ýerinde kadalary özümiň goýup bilýän ýolum.

—Ýeri onsoň bu mümkinmi?

— Mümkin bolmasa hem, hiç bolmanda beýle bolmagyny arzuw edýärin.

— Dinden we Alladan gaça durmagyň sebäbi, seniň ýaşaýşyňa päsgel boljak käbir kada-kanunlary goýandygy üçinmi?

— Hawa. Sebäbi dinler ynsanlaryň doly lezzet we keýp almaklaryna böwet bolýarlar. Adamlaryň doly lezzet we keýp almagy we göwnüniň isleýşi ýaly ýaşamagy üçin dinden we diniň kada-kanunlaryndan halas bolmagy zerur. Hatda bular barada pikir hem etmeli däldir.

— Ýagny bu zatlar barada pikirlenmek hem saňa zyýan berýärmi?

— Elbetde.

— Ýeri onsoň, saňa zyýan berýän bu pikirlerden nädip halas bolmakçy bolýarsyň?

— Bu mowzuk barada hiç hili pikirlenmän. Sebäbi, ýaşaýan durmuşymda ýekeje kada-kanun bolsa hem ynjalykdan gaçýaryn, meniň ýaşaýyş lezzetime päsgel bolýar.

— Ýagny aklaňy dymdyrmakçy bolýarsyň, şeýlemi?

— Hawa, şeýle diýseň hem bolar.

— Dym, diýeniň bilen akyl dymýarmy?

Ol maňa jogap bermejek bolup mowzugy üýtgetmek isledi. Ýöne men soragymy gaýtaladym. Soraglarymy dowam etdirdim.

— Bolýar, eger beýle düşünjäň bar bolsa, näme üçin kada-kanunly, düzgün-tertipli, jogapkärçiligiň artýan we yzygiderli okamaly ýer bolan uniwersitete girdiň? — diýdim.

Ol bu soraga jogap bermekçi bolanda aljyrap:

— Muny men islemedim. Kakam eger men uniwersitete girmesem, ogullygyndan aýyrjakdygyny we sowalga üçin pul bermejekdigini anyk aýdansoň, mejbur boldum — diýdi. Men:

— Ýagny seniň niýetiň okuwda däl-de kakaňdan pul almak, şeýlemi? — diýip ýylgyrdym. Ol hem ýylgyryp:

— Şeýleräk diýseň hem bolar — diýdi.

Belki soraglardan bizar bolup ýa-da jogap bermekde kynçylyk çekýän mowzuklarynyň açylýandygy üçin birden ýerinden turdy, elini uzadyp:

— Ýoldaş mugallym, meniň gitmeli wagtym boldy. Örän şat boldum. Siziň ýanyňyza ýene-de köp gelerin. Siň meniň üçin bu iç gysganç ýerde umyt nurusyňyz — diýip, çykyp gitdi.

Onuň sözlerinde ryýagärlik ýokdy. Pkirinde näme bar bolsa şony aýdýardy. Şonuň üçinem ynamdar we tutanýerli bir ýigitdi.

Bu hyjywly, ukyply, mert we içiňe girip barýan ýigidiň bibaş, ynançsyz we rehimsiz bir durmuşyň penjesinde nirä tarap barýandygyny özi hem bilmän, tutanýerlilik we kejirlik bilen ýoluny dowam etdirmegi meni gaty gynandyrypdy.

Dindar bir maşgaladan, inkäçi bir çaga... Bilim-terbiýe ulgamynyň egri, garym-gatym we garaňky gurluşyndan başga hili näme garaşyp bolar?

Dogrudan hem gaty gynanypdym. Düzjeli Mehmet we oňa meňzeş ýene-de birnäçe ýaşlar halas edilmelidi. Bu jogapkärsiz durmuş düşünjesiniň içinde kemala gelen ynsanlar döwletiň, jemgyýetiň we maşgalanyň başyna bela bolýardylar. Şonuň üçinem ýarylýan bombalardan, öçen ojaklardan we aglaýan enelerden uly netijeler çykarylmalydy.

Mowzuk bilen baglanyşykly Bediguzzaman Said Nursiniň „Muhakemat” atly eserindäki şu sözler ýadyma düşdi:

„Her bir adam hak ýaradylyşy esasynda doglar. Hakykaty (dogryny) gözleýärkä kämahal eline batyl (ýalňyş) düşer, hakdyr öýder, goýnunda saklar”.

Iň uly ýalňyşy dogry hasaplap özüne durmuş pelsepesi edinen adamlary habarly etmek, habarly edýänlere goldaw bermek jemgyýetiň asudalygy üçin örän möhüm bir wezipedir. Bu möhüm wezipäniň ýerine ýetirilmegine meniň hem goşandymyň bolmagy üçin, Alla agala doga-dileg edip otagymdan çykdym.