بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Hasan Allatagalanyň: «Eý Taňrymyz! Bize şu dünýäde ýagşylyk, ahyretde hem ýagşylyk ber!» diýen sözi jähetinden: «Șu dünýädäki ýagşylyk ylym we ybadatdyr, ahyretdäki ýagşylyk bolsa jennetdir» diýdi.

Başy » Kitaplar » Düzjeli Mehmet » JOGAPLAR HAS TÄSIRLIDI

   Bize gije kofesini getiren öý hanymy:

— Gürrüňiňiz has gyzykly, ýöne myhmanymyzy hem köp ýadatdyň Ýene az wagtdan ertir namazynyň azany okalar. Biraz dynç alyp, soň ýene başga bir wagtda dowam etdirseňiz — diýip, ýene-de ara girdi.

 Mehmet bu sözlere nähili gararka diýip, geň galyp Mehmede seretdim.

 Mehmet hiç gypynç etmezden:

— Ýok gelneje, men-ä ýadamok. Bu gürrüňiň näme manylary berýändigini bilmek üçin şu mahal iç dünýämden çykýan sesi eşitmek gerek. Ömrümde köp isläp, dil ýarmaga we soramaga gorkan mowzuklarym açyldy bu gije... Bu gije ömrümiň ýa soňy, ýa başlangyjy bolar. Bilmeýärin, bir ýerden bir ýerlere tarap barýaryn. Bu ýol nirä baryp ýeter, ol barada hem oýlanýaryn.

 Men köp sorag berdim, dogrudan hem täsir ediji jogaplar aldym. Heniz bulary gözden geçirip, doly görnüşde netijelendirmedim. Munuň ýaly möhüm we ähmiýetli mowzuklar barada birnäçe hepde gowja pikirlenerin. Pikirlenmek üçin wagt gerek — diýdi.

 Bu aýdylanlar örän dogrudy. Onuň zehini, düşünjesi we kabul ediş güýji ajaýypdy. Jogap berýärkä, netijäniň nirä baryp ýetjekdigine heniz işiň öňünden göz ýetirýärdi. Bu hem ikitaraplaýyn gürrüňdeşligi aňsatlaşdyrýardy.

 Gije kofesini içip bolanymyzdan soň, ol sorag bermegi dowam etdi. Soraglaryň jogaplaryny bolsa esasan Risaleý-i Nur kitaplaryndan açyp okadyk. Ol örän täsirlenýärdi. Aýratyn hem Risaleý-i Nur kitaplarynyň düşündirişine geň galyp:

— Näme üçin bu kitaplar halka düşündirilmeýär, okuwlarda ders kitaby hökmünde okadylmaýar — diýip, gynanç bilen aýdýardy.

 Şol gije köp zat, ýöne örän möhüm zatlar barada aýdylypdy. Ol hemme zat barada sorap çykypdy:

 „Näme üçin perişdeleri görmeýäris? Näme üçin Ysa pygamber kakasyz dünýä inipdir? Näme üçin musulman ülkeleri yza galyp, günbatar hristiýan ülkeleri öňe gitdi? Din ylym bilen çapraz gelýärmi? Durmuş bir arkalaşmamy ýa-da çekeleşmemi? Ölen adamyň ruhy başga bedene ýene-de girip bilermi? Gabyr älemi we ahyret nähili?” ýaly ýene-de birnäçe sorag...

 Biz mümkin boldugyça bu soraglaryň jogaplaryny başda Risaleý-i Nur eserleri bolmak bilen, birnäçe çeşme kitaplardan peýdalanyp okadyk. Men bu gürrüňdeşlik mahaly Mehmediň üýtgeşik bir tarapyna göz ýetirdim.

Mehmet soraglary kynçylyk döretmek we kyn ýagdaýa salmak üçin däl-de, öwrenmek we bilmek maksady bilen soraýardy. Bu bolsa gürrüňiň has hem gyzykly we lezzetli bolmagyna sebäp bolýardy. Ol eşiden jogabyndan kanagatlanmadyk ýagdaýynda:

— Ýoldaş mugallym! Bu jogap meni kanagatlandyrmady — diýip, hakykatyň tarapdarydygyny äşgär edýärdi.

 Gürrüňimiziň soňunda Mehmet jurnal stolunyň üstünde duran Risaleý-i Nur kitaplaryny eline alyp, olara göz gezdirdi.

Birdenem, maňa garap: —Bu kitaplaryň awtory, döwlete garşy çykan adammy? —diýip sorady.

 Men Mehmediň näme diýmekçi bolýandygyna düşündim we oňa:

— Ýok. Adamlaryň köpüsi ýaly sen hem Said Nursi bilen döwlete garşy çykan Şeýh Saidi bulaşdyrýarsyň?

 Said Nursi döwlete garşy çykmaýşy ýaly, döwlete garşy çykan Şeýh Saidiň gozgalaňyny ýatyrmak üçin köp tagalla etdi: „Ýarag daşardaky duşmana çenelýändir. Içerde dogan-dogana garşy ulanmaz Bu niýetiňizden däniň” diýip olara duýduryş beripdir.

 Said Nursi watanyň halas bolmagy üçin meýletiň partizançylyk toparynyň ýolbaşçy bolýar. Ruslar we ermeniler bilen söweşip, ruslara ýesir düşýär. Ýesirlikden gaýdyp gelensoň, Mustafa Kemal tarapyndan Ankara çagyrylýar we mejlisde söz sözläp, agzybirlige we jebislige çagyrýar — diýdim.

 Mehmet gynançly äheň bilen:

— Ýoldaş mugallym, men ýene-de bir ýalňyşymy gördüm. Diýmek Şeýh Said bilen Said Nursini bulaşdyrýan ekenik — diýdi. Men kellämi ýaýkap:

— Hawa. Taryhymyzda bulaşdyrylan köp zatlar bar. Men taryhçylar bulary biri-birlerinden aýyl-saýyl eder diýip ynanýaryn — diýdim.

Mehmet kitaplar bilen baglanyşykly:

— Risaleý-i Nur kitaplary esasan iman mowzuklaryndan gürrüň gozgaýarmy? — diýip sorady. Men hem degişip:

— Ine, bu soragyňa welin, jogap berjek däl — diýdim.

— Näme üçin?

— Okap, özüň jogabyny tap.

— Bolýar mugallym. Dogrudan hem okajak. Men okamaga şu mahaldan başlap höwes döredi.

 Men oňa okamagy üçin iki sany kitap berdim. Bir Bediguzzaman Said Nursiniň „Asaý-y Musa” atly kitaby. Beýlekisi hem „Özüni gözleýän adam”. Men oňa:

— Häirlikçe bulary oka, soň ýene-de gürrüňleşeris — diýdim.

 Mehmet dodaklaryndaky emele gelen mylaýym ýylgyryş bilen maňa öwrülip:

— Ýoldaş mugallym, ynanaýyň, men ömrümiň iň lezzetli we iň manyly gijesini başdan geçirýärin. Bu ýagdaý meniň durmuşymda aýratyn bir ýer döretdi. Hiç bolmanda üýtgeşik dünýäleriň bardygyny gördüm. Ilkinji gezek bir maşgala ojagynyň ynsany şeýle derejede rahatladandygynyň, gizlin we jadylaýjy bir bagtlylyk döredendiginiň şaýady boldum — diýdi.

 Şol hepdäniň dynç günleri şuňa meňzeş gürrüňler bilen geçipdi. Mehmet özi üçin bu dynç gününiň unudylmaz gündügini aýtsa-da, aslynda meniň üçin hem ýatdan çykmajak bir dynç güni bolupdy.

 Bu sebäp bilen men şu ýagdaýa ýene bir gezek göz ýetiripdim. Ýagny ýaşlaryň pikirsizlikden halas bolmaklary we jemgyýetiň asyda durmuşda ýaşamagy we döwletiň bikanunçylyk zerarly başynyň derde girmezligi üçin, bilim-terbiýe maksatnamasyny täzeden gözden geçirmelidi. Kyn ýagdaýa salýan ýaş ýigide, talyba berilmeli iň möhüm bilim-terbiýäniň ynsanyň maksadyny düşündirmek, näme üçin ýaşaýandygyny öwretmek, bir hasabyň bardygyny kellesine salmakdyr. Eger bu iş amala aşyrylsa, ýaşlaryň we jemgyýetimň birnäçe kynçylygy öz-özünden çözülerdi. Çünki ynançsyz, näme üçin ýaşaýandygyny bilmeýän we haýsydyr bir hasabyň bardygyna ynanmaýan ynsanyň erbet iş etmezligi we zeper ýetirmezligi üçin hiç hili sebäp ýok.

Kimden gorkup, kimden çekinip özüni düzeltsin? Ýagny ynsanyň içindäki öz-özüňi gözegçilik ulgamy nädip işläp başlamaly? Muny Alla gorkusy we eden işleriniň hasabyny berjekdigine ynanmakdan başga näme zat üpjün edip biler? Şol gije bu we şuňa meňzeş mowzuklar yzygiderli kellämden çykmady.

 Dynç günleri öýüme myhman bolan Mehmet bilen uniwersitete gaýdyp gelenimizde, ýene-de üstünde durjak zatlarymyzyň heniz köpdügini bilýärdik.