بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Eý, oglym, akmak bilen dostlaşmakdan gaça dur. Saňa peýda berjek bolsa, zyýany ýeter. Gysganç bilen dost bolmakdan saklan. Oňa mätäç bolan wagtyň seniň kömegiňe ylgamaz. Erbet kişi bilen hem dost bolmakdan saklan. Ol seni az baha satar gider. Ýalançy bilen hem dost bolma. Sebäbi, ol salgyma meňzär, daşdakyny ýakyn görkezer, ýakyndakyny daş görkezer.

Başy » Kitaplar » Düzjeli Mehmet » DINIŇ ADYNDAN YNSANYŇ JANYNA KAST EDILERMI?

Bularyň biri şeýle ýagdaýda bolup geçipdi.

Mehmet, men we ýene bir başga myhmanym bilen bilelikde çaý içip otyrdyk. Myhman mowzuk bilen baglanyşykly şeýle bir sorag sorap:

— Eger din we dini duýgular ynsany kämilleşdirip, kämil bir ynsan ýagdaýyna getirýän bolsa, diniň adyndan birnäçe gyrgynçylyklar edip, terrorçylykly hereket edýän yslam terrorçylaryna näme diýmeli?

Myhman örän möhüm bir sorag sorapdy. Bu we muňa meňzeş birnäçe sorag, ynsanlaryň köpüsiniň akyllaryny çaşyrýardy.

Yslam bilen terroryň, din bilen gyrgynçylygyň nähili baglanyşygy bolup biler?

— Bu ýerde örän ýalňyş düşündirilýän ýa-da ýalňyş kabul edilýän bir ýagdaý bar — diýdi.

Mehmet menden rugsat alyp:

– Men muny iki nukdaýnazardan ele almak isleýärin: Birinjisi, Kur’anyň ähli aýatlary we pygamberimiziň (a.s.m.) ähli hadyslary seljerilen mahalynda adam öldürmegiň we adamlara zyýan bermegiň iň uly günälerden biridigi äşgär bolýar.

Bir adam yslamyň buýruklaryny hernäçe okap ýerine ýetirse, şol dereje dini abat, kämil hal-hereketli, hak-hukuklary ýerine ýetirýän, ynsanlaryň iň erbedine hem zyýan bermän, ony halas etmäge tagalla eden bir düşünjä eýe bolar. Şeýle bolanda hakyky bir musulman hiç haçan terrorçy bolmaz we hiç hime kast etmez. Munuň Allanyň ýanynda örän uly agyr günädigini biler.

Eger bir adam diniň adyndan bir günä işläp, adam öldürýän bolsa onda onuň hakyky musulman däldigi ýa-da yslamyň buýruklaryndan täsirlenmändigi belli bolýar.

Ikinjisi, döwlet göterimi ýüz göterim möçberde musulman bolan raýatynyň, dini bilim-terbiýesini düzgün-tertipli we ulgamly görnüşde amala aşyrmalydyr.

Eger döwlet raýatynyň dini bilim-terbiýesini ýola goýmasa ýa-da üns bermese, ol boşlugy doldurýan laýyk bolmadyk kişiler dörär. Ýa-da döwlete her hili görnüşde zyýan bermek isleýän adamlar we toparlar döwletiň dine bolan sowuk-salalygy we uzakdygyny erbet niýetlerine ulanmaga başlarlar. Döwlet muňa pursat bermeli däldir.

Pikir edip görüň, bu ýurtda lukmançylyk fakultetleri ýapylsa we lukmanlar döwlet tarapyndan ýetişdirilmese, bu boşlugy doldurjak birnäçe laýyk däl ynsanlar döräp, ynsanlaryň mal-mülküni we janyny erbet niýetlerine ulanarlar. Munuň çäresi we bu erbet niýetli adamlary ýok etmegiň ýollaryny, lukmançylyk fakultetlerini açyp, lukmany ylmy ýollar bilen ýetişdirmekdir.

Dini bilim-terbiýe hem şeýledir. Raýat dinini öwrenmek we çaga-çugasyna öwretmek islär. Bu ikisi okuw ýoly arkaly düzgün-tertipli we yzygiderli görnüşde amala aşyrylmasa, bu iş hünärmenler arkaly ýerine ýetirilmese, bu mowzuk bilen baglanyşykly islegler ýerine ýetirilmese, bu boşlugy dolduran erbet niýetli ynsanlar emele geler.

Mowzugy gysgaça aýdar bolsak, bir musulman hiç haçan diniň adyndan bir adam öldürmez, eger öldürse, men musulman diýmez.

Döwlet musulman raýatynyň dini tälim-terbiýesini beýlekilere goýmaly däl, özi amala aşyrylmalydyr. Şonda bu hili hyýanatçylyklaryň uly möçberde öňi alnar. Muny ýerine ýetirýärkä hem, asyrymyzyň hassalygyna iň gowy görnüşde em edýän we örän täsirli çäreler hödürleýän Risaleý-i Nur kitaplarynyň hödürleýän hakykatlaryny hem göz öňünde tutmalydyr. Çünki Risaleý-i Nur kitaplary bu döwrüň magnawy meselelerine çözgüt getiren bir Kur’an tefsiridir. Meniň we men ýaly müňlerçe zyýanly ýaşlar bu hakykatlar saýasynda watanyna peýdaly bir raýat bolup ýetişerler.

Mehmet sözüni maňa goýman, özi alandygy we jogabyny hem özüniň berendigi üçin biraz utanyp:

–    Dogry dälmi ýoldaş mugallym? – diýip pikirimi sorady. Men hem:

–   Dogry aýdýarsyň. Men hem seniň garaýyşlaryňa goşulýaryn. Örän ýerlikli aýtdyň – diýdim.

Mehmediň soraga beren jogaby we Risaleý-i Nur kitaplary bilen baglanyşykly garaýyşlary örän ajaýypdy. Wakalaryň içinde ýaşan, üýtgeşik garaýyşlary we dürli nukdaýnazarlara göz ýetiren adamyň gelen netijeleri örän dogrudy we kanagatlandyrýardy. Çünki „başdan geçiren biler, bilýän geplär” kadasyna görä, Mehmet gören zadyny, duýýan zatlaryny we başdan geçirenlerini gürrüň berýärdi.

 Mehmet bilen biraz wagt bile oturanymyzda, oňa ýakyn bolmagyň we onuň dostlugyny gazanmagyň uly bir lezzetini başdan geçiripdim.

Ol giden mahaly maňa bir şygyr berip:

—    Ýoldaş mugallym, bu goşgyny men gidenimden soň oka — diýipdi. Men hem onuň aýdyşy ýaly etdim.