بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Hatim al-Asama rahmetullah aýdypdyr: «Kimde-kim dört zady başga dört zat üçin terk etse, jenneti tapar: 1) ukyny gabyr üçin; 2) tekepbirligi Kyýamat Gününde guraljak terezi üçin; 3) dynjy Syrat köprüsi üçin; 4) nebis isleglerini jennet üçin».

Başy » Kitaplar » Düzjeli Mehmet » MEHMEDIŇ ÝER TITREMESINDEN BIR GÜN ÖŇÜRTI ÝAZAN HATY

Meni umytlandyrýan, begendirýän we gynanjymy unutdyrýan, onuň maňa ýazyp iberen hatydy.

Öýüme gelsem, merhum Mehmediň haty gelipdir.

Üns bilen we arassa haty bilen ýazypdyr.

Salam we dogalar bilen başlaýan bir hat. Bu haty ybrat bolsun diýip hödürlemek isleýärin:

„Eziz, hormatly we gymmatbaha mugallymym!

Iň çyn we ýürekden dogalarym bilen elleriňizden öpüp, örän gowy tanaýan bir talybyňyz uzynrak bir hat hödürlemek isleýär. Siziň özüňiz hem öňden bäri bir hat ýazyp öz durmuşymy öz ellerim bilen ýazmagymy isleýärdiňiz.

Mugallym, kim bilýär, belki hem bu iň soňky gürrüňimiz bolar ýa-da soňum başlangyjy bolar.

Şonuň üçinme içimi döküp, biraz rahatlamak isleýärin. Şeýdip, sen öň hem gowy tanaýan okuwçyňy has hem gowy tanarsyň. Men hem siziň haýyşyňyzy ýerine ýetiren hasaplanaryn.

Öň hem size aýdyşym ýaly, biz Bolgariýadan göçüp gelen bosgun. Bolgariýada Kyrjaalyda ýaşaýardyk. Bolgariýanyň kommunist partiýasy türkleriň atlaryny üýtgetmekleri üçin 1985-nji ýyldan başlap gysyş görkezip ugraýar. Türk milletinden bolan raýatlara zulum edilýärdi. Halk muňa jydap bilmedi. Merhum Turgut Ozalyň howandarlygynda 1989-nji ýylda Ata Watanymyza göçdük. Men şol mahal on bir ýaşymdadym. Öň türkçe okandygym üçin meni başlangyç mekdebiň dördünji synpyndan okuwa başlatdylar. Kakam bal bilen iş salyşýardy we bal söwdasy bilen meşgullanýardy. Şonuň üçinem esasan Çorluda we Stambulda ýaşadyk. Soňky dört ýyldan bäri tomsuna Düzjede ýaşaýarys. Ýöne men bu ýerde köp ýaşamasam hem Düzjäni gowy görýärin. Her tomsuna Düzjede birki aý bolýardym we bu gysga kanikulda özümi rahat duýýardym. Munuň üçin maňa Düzjeli Mehmet diýilmegini halaýaryn. Men orta mekdebi Çorluda, liseýi bolsa Stambulda okadym. Çorluda we Stambulda ýaşan ýerimiz baýlaryň ýaşan ýerleridi. Ýanymdaky dostlarym hem biperwaý, adatdan daşary, garagol we ähli kadalara garşy çykýan çagalardy. Olar mümkinçilikleri has giňdigi üçin göwün islän zatlaryny alyp bilýärdiler. Islän zatlary hem ýerine ýetirlensoň, jogapkärsiz we läliksiredilen ýaşaýyş düşünjeleri bardy.

Aýratyn hem orta mekdepdekäk käbir mugallymlar, diniň we dindarlaryň garşysyna yzygiderli gürrü ederdiler. Diniň modasy geçen bir ynançdygyny, ahyret we hasap ýaly ynanjyň ýokdygyny, ynsanyň bu durmuşda isleýşi ýaly ýaşamagy we erkin ömür sürmeginiň gerekdigini aýdýardylar. Şol mahal din sapaklaryndan okadýan bir mugallymymyz bardy, ýöne örän gowşakdy we ejiz gelýärdi. Biziň soraýan soraglarymyza jogap bermeýärdi, beýleki mugallymlaryň „inkär” bilen baglanyşykly aýdaýan zatlaryna hem jogap berip bilmeýärdi. Belki ol ýagdaýda gysyş aşagynda galyp gorkýan bolmagy hem mümkindi.

Şeýdip ruhumda bir boşluk we bir ynançsyzlyk döremäge başlady. Ejem we kakam bu ýagdaýa garşy çykýardylar, emma kim olary diňleýärdi. „Mugallymymyz has gowy bilýär” diýýärdik. Maşgalam Bolgariýdan gelendigi üçin, dini duýgular taýdan güýçli bir duýgularymyz hem ýokdy. Biz din we dini gymmatlyklardan boşduk.

Liseýe gelenimizde bu ýagdaý has hem ösdi. Daş-töweregimizde „kadasyz ýaşlyk” atly bir topar bardy. Bu topar biperwaý, durmuşa garşy çykýan, kada-kanunlara tabyn bolmaýan, çyn zatlara ähmiýet bermeýän, inkärçi we baý toparyň çagalarydy.

Eşikleri, özlerini alyp baryşlary, gatnaşyklary düýbünden adatdan daşarydy we üns çekijidi. Meniň maşgalam örän gurply bolmasa-da, men hem olar ýaly ýaşaýardym. Şonuň üçinem ejem we kakam bilen yzygiderli oňuşmaýardym. Ejem meniň bu halyma gaty gynanýardy we aglaýardy. Kakam bilen hiç oňuşmaýardyk. Meni bir näçe gezek öýden kowdy, sowalga bermedi. Ýöne onda-da men „kada-kanunsyz ýaşlyk” düşünjesinden dänmeýärdim. Sebäbi jogapkärsiz we hasapsyz ýaşamak meniň göwnüme ýaraýardy.

Liseýiň iň soňky synpyna gelenimizde, bu toparyň ýolbaşçysydym, käbir derslere çala okap, käbirlerini hem mugallymlara haýbat atyp geçýärdim.

Meniň bu ýerde göz ýetiren iň möhüm mowzugym şudy: kada-kanunsyz ýaşlar, şeýle biperwaý, dargan, ynançsyz we günäkär bolmaklaryna garamazdan, medeni, batyr, döwrebap we zamana ýaşlary hökmünde garalyp olara degilmeýärdi. Ýogsam her hili nyzam kynçylygyny çykarýardyk.

Dinine wepaly, daş-töweregine ýagşy duýgular we nusgalyk hal-hereketleri bolan ýaşlara dessine garşy çykylyp, yzagalak, köne pikirli, dünýewilige garşy çykýan ýaly sözler bilen kemsidilýärdi. Ýogsam bular döwleti, milleti bizden müň esse köp söýýärdiler. Dogry, şol mahal biziň göwnümize ýaraýardy.

Liseýi gutaranymdan soň kakam meniň öňümde şeýle şert goýup: „Ýa uniwersiňete girersiň, ýa-da hiç hili sowalga we pula garaşma” diýdi.

Seretsem, iş dogrudan hem çynlakaý, sowalganyň kesilmegi hem-de daş-töweregimi üýtgedip, başgaçarak ýagdaýda güýmenerin diýip, bir aýlap okadym we uniwersitete girdim.

Hudaýa ýüzde müň şükür, Alla uniwesitete girmegim bilen, bu erbet ýaşaýşymyň soňuny taýýarlapdy.

Men okuwa geler-gelmez, özüm ýaly ýa-da maňa ýakyn pikirdeşler bilen bilelikde bir topar emele getiripdik. Niýetimiz okuwdan kowulýançak käbir başdan geçirmeler amala aşyrmakdy. Çünki meniň ruhumda şeýle bir boşluk bardy welin, hüjüm etmekden, kimdir biriniň göwnüne degmekden, kadalary äsgermezlikden, ters we halanmaýan hal-hereketleri ýerine ýetirmekden çäksiz lezzet alýardym.

Kimdir biriniň biziň ýazgarmagy biziň piňimize-de däldi. Biziň ýeke-täk maksadymyz, kada-kanunsyz, päsgelçiliksiz we isleýşimiz ýaly ýaşamakdy. Şu ýerde ýene-de bir hakykatyň aşagyny çyzmak isleýärin. Ýaşaýşyň rahatlygy we lezzeti üçin edýän bu samsyk hereketlerimiz bilen asylýetinde hiç hili lezzet almaýardyk, diňe özümizi aldaýardyk. Çünki iň içgysgynç durmuş maksatymyz we biderek bolan durmuşdyr. Näme etjekdigini, nirä giňjekdigini, nädip ýaşajakdygyny bilmezlik ýaly ynsany derde sokýan we närahat edýän başga bir zat ýokdur.

Alla saklasyn, Allany, dini we ahyreti inkär etsek-de, onda-da içinden basyp ýatyryp bilmeýän we öňüni alyp bilmeýän bir ynanç uçgunjygy bardy. Ýöne ol uçgunjygy eşitmezlige we duýmazlyga synanşýardym. Aslyýetinde men kellämdäki käbir soraglary käbir mugallymlardan we ymamlardan soraýardym. Olar meniň isleýşim ýaly jogap berip, meni ganagatlandyrmansoňlar, ynançsyzlygym we inkärçiligim has-da artypdy. „Diýmek ýok, eger bolsady aklyma we logika laýyk jogap bererdiler” diýýärdim.

Siziň bilen tanyşmagymyz ömrümiň öwrülişiginde ilkinji ädim bolupdy. Maňa iň esasy täsir edýän gödek, ters we biperwaý hal-hereketlerine garşy çykman, mylaýym we ýumşak bir usul bilen jogap bermegiňizi. Ine, şol mahal öz içimden haýa edip, gaty utanypdym.

Pikirlerimi we garaýyşlarymy belli edýärkäm meni soňuna çenli diňlemegiňiz, maňa üns bermegiňiz, içimden size bolsan ajaýyp söýgi we hoşnyýetlilik bagyny ornaşdyrypdy. Çünki gödek manysyz hal-hereketlerim zerarly, ol güne çenli hiç bir mugallym maňa beýle hoşnyýetli seretmändi we meniň adam hasabynda görmändi. Şonuň üçinem üýtgeşik bir hereket bilen garşylaşýardym. Siziň bilen tanyşyp, gürrüňlerimize goşulanymda kelläme, kalbyma we iç dünýäme üýtgeşik, manyly we başgaça bir dünýä dolupdy. Ol bir ajaýyp älemdi. Üstesine-de siz ilkinji gürrüňimizde şeýle ajaýyp bir giriş aýtdyňyz, ony hiç unutmaýaryn:

„Bütin älem jahan içindäki ähli zat bilen bilelikde ynsana ýardam edýär, ynsany ýaşatmaga synanyşýar we ynsanyň barlygyny goldaýar. Bir adamy hasapsyz ýere beren bu guýjyň maksady näme bolup biler?”

Mysallar bilen bezän bu kiçijik bölegiňiz, beýnime bir ýyldyrym ýaly düşüpdi. Göýä ilkinji gezek munuň ýaly zat eşidýärdim ýa-da ilkinji gezek bir ynsany görüp bilýärdim.

Yzyndan hem şu setirleri okapdyňyz:

„Ynsan ýüpi bokurdagyna daňylyp, islän ýeriňizde otlamak üçin öz peýwagtyna goýberilen däldir, belki ähli amallarynyň suratlary alnyp, ýazylar we ähli işleriniň netijeleri hasap üçin bellige alnar” (Sözler).

Bu sözler meniň durmuşyma bir jogapdy. Ynsanyň başynyň boş bolmajakdygyny we soňunda bir hasaba geljekdigini, manydyr-mysal bilen düşündirýän bu bent, ikinji gezek meni sarsdyrypdy.

Ine, öwrülmegimiň başlangyjy şeýle bolupdy. Sizden alan kitaplarym, maňa bolan mähirliligiňiz we mylaýymlyklaryňyz köňlümi eýeledi. Üstesine-de men siziň ýanyňyza ilkinji gezek gelen mahallarymyz, meni ýeriňizden turup garşy almagyňyz, ýeriňizden turup gapa çenli ugratmagyňyz, öz eliňiz bilen çaý bermegiňiz meni size we aýdýan zatlaryňyza baglaýan zatlardy. Gürrüňiňizdäki güler ýüzli halyňyz we mähirli usullaryňyz meniň ünsümi özüne çekýärdi. Çünki meniň dünýämde ýaşaýan durmuşumda bular ýokdy.

„Özüni gözleýän adam” atly kitabyňyz maňa täsir eden iň möhüm we ähmiýetli bir kitapdy. Ol kitapda özümi we kellämde üýşüp giden bir näçe soragyň jogabyny tapdym. Bu kitaby her bir ýaş ýigit hökman okamaly we hatda surata düşürip ähli ýaşlara görkezmeli.

Risaleý-i Nur kitaplaryny okanymda hem doly manyda bir hakykaty tapdym. Men bir bende meniň ýaradyjym bar, edýän işlerim üçin hasap bermeli, bu örän möhüm netije. Men ylmy, mantyky we akly deliller bilen ony şeýle bir kelläme guýdym welin, öňki geçen biderek ömrüme nälet okamaga başladym. Meni bu ýagdaýa getiren mugallymlara, dostlaryma we daş-töweregime gaharlandym. Çünki bizi heläk edipdiler.

Emma Alla bende bolmak we oňa tabyn bolmak ýaly ynsana rahatlyk we lezzet berýän başga zat ýokdur. Oňa sejde etmek, oňa ýalbarmak, ondan islemek, oňa sygynmak beýan edip bolmajak rahat ýaşaýyş berýärdi. Munuň ýaly rahat ýaşaýyş üçin nirelere sygynyp, kimlerden medede garaşypdyk.

Men şuňa gowy edip göz ýetiripdim, ýagny maşgalanyň, jemgyýetiň we döwletiň düzgün-tertibi, asudalygy ynsanlaryň ynanjyna, tabynlygyna, ahyrete bolan imanyna baglydyr. Eden iň kiçijik ýalňyşlarynyň hasabyny bermäge ynanan ynsanlar kime zyýan berip bilerler?

Haýsy kanuny depeläp bilerler? Kime ýarag çeýnäp, kimiň ganyny döküp bilerler? Kimi ynjadyp bilerler?.

Eger jemgyýetde düşünişmesizlik, dawa-jenjel, zulum we çaknyşyk bar bolsa, ynsanlar gullugyny, dünýä näme üçin gelendiklerini we hasaby kime berjekdiklerini unudypdyrlar diýmekdir. Ynsany we jemgyýeti başga hili gözegçilige almak mümkinmi? Muňa men öz durmuşymdan mysal alyp örän gowy göz ýetirýärin. Iň uly gözegçilik we asudalyk ynsanyň içindäki gözegçi we garawuldyr.

Älem-jahan ynsan üçin ýaradylypydr, älemiň içindäki milliardlarça nygmatlar ynsan üçin döredilýär, ähli zat ynsana hyzmat edýär, ýöne ynsan munça çykdajynyň öňünde näme etmeli? Wezipesi nähili bolmaly? Nädip ýaşamaly? Ýaşaýşy nähili garamaly? Gatnaşyklary, hal-hereketleri we wezipeleri nähili bolmaly? Ine, ýaşlyga bular düşündürilmeli we bu meseleler ele alynmaly, bular ynsanyň nähili bir gymmatdygyny we amanatdygyny, bu hasabyny kime we nädip bermelidigini biler ýaly düşündürilmeli.

Meniň okan we peýdalanan kitaplarymyň içinde Risaleý-i Nur kitaplary mowzuga bu nukdaýnazardan seredýär we ynanç gymmatlyklaryny bu usul bilen ele alýar. Şonuň üçinem köp okalýan bir Kur’an tewsiridir...

Hudaýa şükür, ýaradanymy tanadym, wezipelerime göz ýetirdim, dünýäniň panylygyny bildim. Bir hasap ýerine we bir hasap gününe çaltlyk bilen ýakynlaşýandygymy gördüm. Munuň üçin ömür gysga, etmeli işler köp, bir sekunt hem boş geçmeli däl. Her wagt öňümize çykjak bolan bir ölüm hakykaty bilen ýüzbe-ýüz. Ölümiň menden islän zatlaryny oňa taýýarlanar ýaly örän gowy bilmegim gerek. Mundan has uly wezipe ýokdur.

Öňler ölümden örän gorkýardym. Kimdir biri ölümden gürrüň gozgaýar-ka, ol ýerden daşlaşardym. Göýä gaçmak bilen ölümden gaçmak mümkin ýaly...

Indi, ölümi has söýýärin. Çünki başda pygamberimiz (a.s.m.) bolmak bilen müňlerçe mübärek ynsanlara meni gowuşdyrjak bolan ölümden näme üçin gorkaýyn? Çünki Bediguzzaman hezretleriniň aýdyşy ýaly „Ölüm bir biletdir, bir mekan üýtgetmedir we ynsany dost-ýarlara gowuşdyrýar”. Mundan has gözel bir araçy bolup bilermi?

Hormatly mugallym! Hatym gaty uzyn boldy. Şu sözlerim we şu arzuwym bilen gutarýaryn. „Men Alla, ahyrete, Kur’ana we Pygamberimize (a.s.m.) ynanýaryn, ynam bildirýärin. Meniň bu imanyma şaýat boluň, mugallym. Bu haty, ahyretde Allanyň huzurynda imanyma şaýat bolarsyň diýip ýazdym. Meni utandyrma.

Allatagala bizi Jennet-i Aglada, müňlerçe mübärek we hormatly ynsanlar bilen bilelikde jemlesin!

Razy boluň! Hormat goýmak bilen elleriňizden öpýärin.

    Talybyňyz Düzjeli Mehmet.

11.11.1999.