بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Kimdir birine zulum-sütem ederin diýip wada etme. Beýle etmek uly günäleriň biridir. Sebäbi sen eden wadaňda durmasaň kezzap bolarsyň. Eger wadaňy berjaý kylsaň günäkär bolup, Allanyň gazabyna duçar bolarsyň.

Başy » Kitaplar » Düzjeli Mehmet » DÜZJELI MEHMET HAKDA ÖRÄN YBRATLY BIR HAT

Düzjeli Mehmediň ýer titremesinde wepat bolmagy mugallymy hökmünde meni nädereje gynandyran bolsa, dostlaryny hem şol dereje gynandyrypdy.

Ýer titremesinde Mehmet we onuň maşgalasy ýogalansoňlar, Mehmediň dostlary gynançlaryny mugallymy hökmünde maňa bildirip, gynançlaryny meniň bilen paýlaşdylar.

Mehmediň weýrançylyklaryň aşagynda şehit bolmagy bilen baglanşykly şeýle bir duýguly we duýgudaşlykly telefonlar we hatlar aldym welin, bulardan hiç bolmasa bir haty bir ybrat güwanamasy hökmünde ýazmak isleýärin.

Men siz bu haty okanyňyzda özüňizi ýene-de bir gezek duýgy siline gark edip, ýene-de bir gezek gözýaşlaryňyzy tutmarsyňyz diýip ynanýaryn:

„Hormatly mugallymym, gymmatly halypam Halyt mugallym! Ömrümde hormat goýan seýrek mugallymlaryň biri hökmünde iň içgin hormatlarym bilen elleriňizden öpýärin. Duýgularymy, gynanjymy we haýranlygymy uzyn bir telefon gepleşigi bilen size beýan edipdim. Ýöne gepleşik boýunça hynçgyryklar içinde nämeler aýdanymy hem kän gowy bilemok. Size aýtjak bolýan duýgularymy we ýatlamalarymy, siziň islegiňiz boýunça beýlekilere hem nusga bolsun diýip ýazýaryn. Bu hatyrany kagyza geçirmek örän agyr iş.

Çünki içimde dörän duýgularymyň öňüne geçip bilmeýarin. Kuwwatym gutarýar, gözýaşlarymy saklap bilemok. Eger Alla ynsany beýle bir hatyrany başdan geçirdýän bolsa, möhüm dersler we ybratlar üçin bolmaly diýip pikir edýärin.

Düzjeli Mehmet wakasy diňe Düzjeli Mehmediň toba hekaýaty we wepat boluşy däldir. Ol hadysa şeýle ybratly, täsirli we şeýle bir ýakyp-ýandyrjydyr welin, kim ony diňlän bolsa, gören bolsa, hadysanyň ýakynynda bolan bolsa, çydap bilmändir we özünden gidipdir.

Ýoldaş mugallym siz bilýärsiňiz, men Mehmediň synp ýoldaşy. Bir partada bile oturdyk, ýagny ony tanaýan, göz ýetiren we onuň toba etmegine şaýat bolan dostlarynyň biri hem mendim.

Düzjeli Mehmet bir Bolgariýadan gelen bosgundy. Güýçli we kuwwatly gurluşy bardy. Örän açyk sözlidi. Gep çekmezdi, göni patyladyýady. Sözüň doly manysynda ateistdi. Ynanç meselesinde hiç zady ýokdy.

Allanyň, diniň ýokdugyny hatda gerek hem däldigini açyk öňe sürerdi. Biz oňa düşündirjek bolanymyzda hem: „Güýç ulanmaga baş urmaň, meni kanagatlandyryň” diýip, bizi utandyrýardy. Köp okaýardy, bilimlidi we medeniýetlii, aýratyn hem pelsepe kitaplary bilen gyzyklanýardy.

Onuň imansyz we dinsiz bolup ýetişmeginde käbir mugallymlar we synp dostlary täsir bolupdyrlar. Ýöne ol örän mert, dogry sözli we örän akylly bir dostdy. Ep-esli tanaýanlary bardy. Garaýyşlaryny daş-töweregine hem ýaýradardy. Men onuň bilen birnäçe gezek dawalaşypdym.

Ýoldaş mugallym bilşiňiz ýaly men hem işleýärin, hem-de okaýryn. Okuwa bir näçe ýyl giç başladym. Men Mehmetden ýaş taýdan ulurakdym. Şonuň üçinem ol maňa hormat goýýardy. Sizi hem örän gowy görýärdim. Her pursatda „Mugallym boljak adam, pikirini aýtjak adam we ylmy çekeleşik etjek adam Halyt mugallym ýaly bolmaly” diýip, sizi hem has gowy görýändigini aýdardy. Ilkinji sapaklarda Mehmedi goldaýşyňyza we ony buýsandyryşyňyza kän bir düşünmedik. Onuň gödek çykyşlaryny, inkärlerini we imansyz garaýyşlaryna näme üçin hiç zat diýmändigiňizi, näme üçin degmeýändigiňizi we näme üçin ony dymdyrmandygyňyza soňra bilip galdyk. Munyň ýörite bir usuldygyny soň bilip galdyk. Ony buýsandyryp, öňürti dostluk gurduňyz, soň hem dogry zatlary aýdyp, netijýde dine we jemgyýete gaýtaryp berdiňiz.

Düzjeli Mehmediň toba etmegi esasanam biziň synpymyza täsir edipdi. Ýadyňyza düşýän bolsa birnäçe gyzlar ýaglyk dakyndylar, käbir oglanlar namaza başladylar. Aýratyn hem ynançlysyran bolup, ýaşaýyşlary kän bir dogry bolmadyk dostlarymyz bu wakadan täsirlendiler.

Düzjeli Mehmet hadysasyny maňa tarap bolan bir tarapy bar. Meniň esasan muny siziň bilen paýlaşmak isleýärin. Ömrümiň uly ýatlamasy bu bolupdy.

Ýoldaş mugallym men okuwa giran mahalym, täze öýlenipdim. Aýalym hem meniň ýaly işleýärdi. Meniň dine ynanjym bardygy üçin, aýalymyň hem ybadatlaryny ýerini ýetirmegini isleýärdim. Ýöne aýalym hiç Allanyň emirlerinden we ybadata ýakynlaşmaýardy. Şonuň üçinem öýümidze ilkinji günden başlap, düşünüşmesizlik ýüze çykyp ugrady. Bir näçe gezek aýrylyşjak bolduk. Her gezek maşgala ojagymyň halas bolmagy üçin Alladan her namazyň yzyndan ýalbarýardym.

Ine, düzjeli Mehmet hadysasy, biziň öýmüze hem Hydyr ata ýaly bolup geldi. Ynanylmajak bir waka başdan geçirdik.

Aýalym bilen bilelikde 2000-nji ýylyň Aprel (Gurbansoltan) aýynyň 29-na şenbe (ruh) güni seýilgähe çykyp biraz gezelenç etmegi ýüregimize düwüpdik. Seýilgähe barýarkak, ýolda gazet alaýyn diýip, bir gazet dükanyna girdim.

Biziň synpymyzda ýadyňyza düşýän bolsa Hilmi Düzgün atly bir talyp bardy. Onuň bilen gabatlaşdym. Elinde siziň „Täze bir durmuş” atly täze çykan bir kitabyňyz bardy. Ol maňa:

—Jemil bu kitapda Halyt mugallym, Mehmediň durmuş ýoluny gürrüň berýär. Örän täsirlendim —diýdi. Men Mehmet diýende örän tolgundym:

—    Okan bolsaň maňa-da ber, men hem okaýyn —diýdim.

Kitaby aldym, gazeti almagy hem tolgunmadan ýaňa unudypdyryn. Aýalymyň ýanyma geldi. Aýalyma täsir etsin diýip birnäçe gezek Düzjeli Mehmet barada gürrüň berdim, ýöne ol gyzyklanmaýardy.

Kitaby elimden aldy, öňürti siziň ömür beýanyňyz bilen tanyşdy. Siziň möhüm işleri başarýan mugallymdygyňyza göz ýetirensoň, Düzjeli Mehmet bölümine geçdi. Men hem oňa degip:

— Sesli oka, bile diňläli. Men hem gyzyklanýaryn, bilmeýän köp zatlarym bar — diýdim. Aýalym sesli okap başlady. Men hem ony diňleýärdim, hem-de içimden „Ýa Rebbim! Aýalyma hem täsir etdir, onuň hem gözüni aç, onuň hem imanyna we ynanjyna güýç kuwwat ber —diýip ýalbardym.

Düzjeli Mehmet hadysasy şeýle bir ybratly dersler bilen doludy welin, täsirlenmezlik mümkin däldi? Aýalym bilen birlikde hadysalyň yzynda süýrenmäge başladyk. Men aýalyma seredýärdim, onuň gözleri ýaşly, ol maňa seredýärdi, meniň gözlerim ýaşly.

Ilkinji gezek aýalymyň imany bir wakanyň öňünde täsirlenendigi görýärdim. Begenjimden ýaňa Alla ýalbarmaga dowam edýärdim.

Nädip begenmäýin? Nähili bagytly bolmaýyn! Onuň Allanyň emirlerini ýerine ýetirmegini, ybadatlaryny ýerine ýetirmegini şeýle bir isleýärdim welin, beýan etmek mümkin däldi. Ýöne garşy çykmasyn diýip, kän bir zat diýmedim. Wakany öz içinden öz-özümden netijelendirmegini isledim.

Beýik Alla dileglerimi kabul etdi.

Düzjeli Mehmet özüni we ahyretini halas edip, şehit bolmak bilen çäklenmedi, biziň öýmüziň rahatlygyny we bagtlylygyny hem halas etdi.

Ikinji gün, ýagny 2000-nji Aprel (Gurbansoltan) aýynyň 30-na, irden ilkinji gezek aýalym:

—Tur Jemil, azan çekilýär — diýip, meni ukudan oýardy. Men turup täret aldym, yzyndan özi hem geldi. Hiç garaşmadyk we umyt etmedik bir ýagdaýymda:

—Jemil men hem namaz okajak —diýdi we täret almaga gitdi.

Eý Beýik Allam! Bu nähili bir uly duýgy, nähili beýan edip bolmajak bagt. Begenjimden ýaňa elim-aýagym sandyrady. Kreslanyň üstünde oturyp, aglamaga başladym.

 Ýa Rebbim! Bizlere hemme mahal bagt bilen aglamagy nesip et. Ýyllardyr, öýümize gelen agzalaçylyk, Düzjeli Mehmediň ybratly we duýguly durmuşynyň täsiri bilen bagta we asudalyga öwürldi.

Mugallym, sizlere ençeme dogalar edýaris, Mehmede hem rehmetler dileýäris. Ol ýaşady, şehit boldy gitdi, ýöne yzynda goýup giden ýatlamalary ynsanlara täsir etmegi we olara hem ýaşaýyşlarynyň üýtgetmäge dowam edýär.

Ýoldaş mugallym, eger mümkin bolsa, bir dynç güni sizi hökman bir myhmançylyga çagyrmak isleýäris. Bize wagt tapyp, myhman bolsaňyz örän şat bolarys.

Elleriňizden öpýärin, aýalym bilen birlikde haýyr dileg-dogalaryňyza garaşýarys.

 

Jemil Akdaş.

01.05.2000.