بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Utanjy ýok ynsanyň kalby ölýändir.

Başy » Kitaplar » Çaryýarlaryň nesihatlary » Möminleriň emiri Abu Bekr Syddygyň pähimlerinden dostuň dosta peşgeşi

Beýik Allanyň ady bilen!

Şek-şübhesiz delilleri, egsilmez nygmatlary dogry we hak ýoly görkezmek üçin Muhammet alaýhyssalamy pygamber edip ýollan Beýik Alla öwgüler bolsun. Onuň päk niýetli pygamberi Muhammede, asylly maşgalasyna we onuň ýagşy ahlakly egindeşlerine salawatlar bolsun!

Muhammet ibn Muhammet Omary Reşide Allanyň ýagşy gylyk-häsiýetli edip ýaradan ynsanlarynyň ýene-de biri "Möminleriň emiri Abu bekr Syddygyň pähimlerinden dostuň dosta peşgeşi" atly bu kitabyny tamamlamakda Beýik Alla ýardamçy bolsun! Goý bu kitap Allanyň ýagşyzada bendesiniň pähimine pähim goşup, paýhasyny has-da zyýada etsin! Goý bu kitap Allanyň ýagşyzada bendesine döwlet we dini işlerinde ýardamçy bolsun! Goý Beýik Alla ony, onuň synmaz döwletini görüner görünmez bela-beterden gorap öz penasynda aman saklasyn! Goý Allanyň ýagşyzada bendesiniň dostlary şat, duşmanlary mat bolsun!

Her bir miwe getirmeli daragtyň ahyr-owwal miwe getirşi kimin her bir pähim-paýhas hem ynsanyň kalbynda orun tapyp, onuň hüý-häsiýetine täsir edýär. Nesihatlar halk içinde uly abraýdan peýdalanýan, halkyň söýgüsidir hormatyna mynasyp bolan ynsan tarapyndan aýdylsa ol has-da täsirli bolup, nesihat edilýän ynsanyň kalbynda öçmejek yz galdyrar. Muhammet alaýhyssalamdan soň yslam döwletleriniň hökümdarlygyna gelen Abu Bekr Syddyk, Omar ibn Hattap, Osman ibn Affan we Aly ibn Abu Talyp dagylar hut şeýle hormatdan we abraýdan peýdalanan ynsanlardyr. Goý Allatagala olaryň ählisinden razy bolsun we jennetiň iň sapaly ýerinden jaý bersin!

Men [Reşideddin Watwat] Allanyň ýagşy zada bendesiniň Muhammet alaýhyssalamyň we onuň dört çaryýarynyň dört ýoluny dowam etdirip, olaryň guran döwletiniň serhedini giňeldip, yslam döwletleriniň ählisini daşky duşmanlardan jan aýaman goraýandygy üçin bu kitaby ýazyp oňa peşgeş bermegi makul bildim. "Möminleriň emiri Abu bekr Syddygyň pähimlerinden dostuň dosta peşgeşi" atly bu kitapda aýdylýan nesihatlary Allanyň ýagşyzada bendesiniň pederleri ýaşlykdan onuň gulagyna guýup, ony päk yslam terbiýesinde kämillige ýetirendirler. Goý Allatagala olaryň ählisine rehmet etsin!

Her bir nesihatyň ahyry ýagşy amala ýazýandyr. Goý Allatagala bizi nesihaty kabul edýänlerden edip ýaratsyn. Goý, Beýik Alla bizi ýagşy umytlardan jyda etmän, işlerimizi rowaç eýlesin!

 

Möminleriň emiri, musulmanlaryň ymamy ilkinji Halypa Abu Bekr Syddygyň pähimleri

* * *

Akylly, alym adama ezýet berjek bolsaň, ony samsyk, nadan adam bilen söhbetdeş edäýmelidir.

* * *

Başga adamlara zyýany ýetmeýän bolsa onda akylly adamyň mekirligi, samsyk adamyň bolsa samsyklygy, has gowudyr.

* * *

Yhlassyz edilen toba kezzaplaryň tobasydyr.

* * *

Samsyk adamyň ýalňyşlyklaryny akylly sapak edinmelidir.

* * *

Günä işi höwes bilen etmek iki günädir.

* * *

Geçirimli adam uzak ýaşaýandyr.

* * *

Eger kalbyňa dynçlyk, başyňa rahatlyk isleseň, gürläniňde gürleýän zadyňa gowy akyl ýetirip gürle ýa-da dym.

* * *

Mömin diline berk bolmaly. Onuň ähli ybadatyny biderek etjek zat onuň dilidir.

* * *

Eger kimdir biri owadan gürleýändigine buýsansa, sen az sözlüligiňe ýa-da dymmalygyňa buýsan.

* * *

Eý, Allam! Saňa ybadat etmekden güýmejek zatlardan özüň gora.

* * *

Şeýtana iň ýigrenji görünýän kişi ýagşy häsiýetli alymdyr. Alym gürlese, ylymly gürleýär. Dymsa ýagşy häsiýeti bilen dymýar. Şeýtan: "Alymyň dymmagy maňa onuň gürlemeginden agyr degýär' diýipdir.

* * *

Adam Allanyň şekiliniň nähilidigini biljek bolman, onuň bardygyna, ýeke-täkdigine ynanmalydyr we oňa ybadat etmelidir.

* * *

Adamyň kalbynda hakykat orun tutanda, ol ýagşy işler eder we jennete girer. Adamyň kalbynda ýalançylyk orun tutanda, ol ýaman we günä işleri eder, dowzahdan özüne mekan tutunar.

* * *

Allatagala Muhammet alaýhyssalamy misli nur saçýan aý ýaly ýaratdy.

* * *

Mejlisde köp gürlegen dil, adamy pes eder.

* * *

Eý halaýyk! Ýanyp duran ody öçürmäge çalyşyň, ýagny namaz okap, haýyr işler edip dowzahdan daşlaşyň.

* * *

Eý, Allam! Senden geçirimlilik etmegiňi dileýärin. Gapyl bolmakdan özüň gora. Ýüregime ýagşy niýetleri guý. Senden başga Hudaý ýokdur.

* * *

Duşmançylyk miras geçýändir.

* * *

Allatagala haram iýip ýaşan bedene jenneti haram etdi.

* * *

Eger erbet işler köpelse, diýmek seniň hak, haýyr işleriň azalandyr.

* * *

Diliňi diňe dogry sözlemäge endik etdir.

* * *

Iň ýagşy amal adyllykdyr. Ol ähli haýyr işleriň seresidir. Adyllyk edýänem, adyllyk edilýänem ýagşy işiň başyny tutýan adamlardyr. Zulum iň erbet işdir. Ol ýaman işleriň seresidir. Zulum edýänem, zulum etmäge ýardam berýänem ýaman işleriň başyny tutýan adamlardyr.

* * *

Ajy günleri süýjä öwürýän sabyrdyr, takatlylykdyr.

* * *

Aç wagty nahara topulýan, dok wagty haýallaýan adamdan häzir boluň.

* * *

Myhmana ýagşy hyzmat edýän adam ene-atasyndan iň gowy terbiýe alan kişidir.

* * *

Adamlaryň ähli göreşleriniň, bäsdeşlikleriniň aňyrsynda bir bähbit ýatandyr.

* * *

Tamakinçiligiň soňy heläkçilige eltýändir.

* * *

Kim Allany tanasa ony söýer, kime bu dünýäniň syrlary aýan bolsa, ol ybadata berler.

* * *

Hökümdar ynsapsyz bolsa, ýurt harap bolar.

* * *

Diňe söz bilen däl-de, iş ýüzünde-de adyl bolmalydyr

* * *

Allanyň ýanynda iň üstün bolan ynsan hakykatyň içine çümen, dogruçyllygy ýaýradýan we öz dogry garaýyşlary bilen ýyrtyklary ýamaýan kişidir.

* * *

Kararyň maslahatdan soň, ylalaşygyň çekeleşikden soň bolsun.

* * *

Kimde üç zat, ýagny zulum, sözüňde durmazlyk we mekirlik bar bolsa ol adamdan gowulyga garaşmaň.

* * *

Kim ylymdan bir zat öwrense, onuň bilen amal etsin ýa-da etmesin, onuň bu öwrenen ylmy müň rekat namaz okamakdan haýyrlydyr.

* * *

Ýagşy amallar ynsanyň kalbynda döremegi mümkin bolan ýaman niýetleri ýok eder.

* * *

Ruhy ejizlik ynsanyň akylynyň gandalydyr. Ruhy ejiz ynsan akyly özüne ýaran tutunyp bilmez.

* * *

Ynsan diňe Allanyň Beýikligine, ýeke-täkligine we ähli janly-jandaryň, külli älemiň ýaradyjysydygyna göz ýetirende özüniň kimdigine göz ýetirer.

* * *

Ölümiňi ýatla, onuň gaşyňa geljegini unutma. Diňe şeýle etseň ömürlik, baky ýaşaýyşa ýetersiň.

* * *

Sabyr-takatlylyk ynsana kynçylyk getirmez. Emma gyssanmaçlyk hem hiç hili peýda getirmez.

* * *

Ölümiň öňisyrasynda bolup geçýän zatlar örän agyrdyr. Emma ölümden soňky hadysalar has gorkunçdyr.

* * *

Gaýgy-gamly halatda we kynçylyga düşeniňizde Muhammet alaýhyssalamy we onuň başyndan geçiren günlerini ýatla. Şeýle etseň seniň gaýgy-gamyňdan nam-nyşan galmaz.

* * *

Eger sizden! «Haýsy günä işleriň jezasy tiz bildirer?» diýip, sorasalar onda: «Garyndaşlar bilen araňy üzmek we aşa tamakinçilik» diýip jogap beriň.

* * *

Eger baýlyk ondan peýdalanyp bilmeýäniň elinde, gylyç ony ulanyp bilmeýän esgerde we pikir ony gündelik durmuşynda ulanmaýan ynsanda bolsa bu dünýäniň işleriniň bulaşandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

* * *

Guş miweli daragta gonup, daragtyň miwesinden iýse-de soňra özüne nämäniň garaşýandygyndan bihabardyr.

* * *

Allatagala ynsana nämäni wada etse, wadasynda tapyldy. Sebäbi Alla ähli zady özüne erk etdirip bilse-de bendesiniň kalbynda ybadata bolan söýgini döretmek isledi.

* * *

Allatagala ynsana dogry ýol salgy berdi. Emma pyssy-pujurlygy terk edip, haýyr-yhsan etmegi onuň öz erkinde goýdy.

* * *

Bela gelende sabyr edip çydagyn. Sebäbi indiki bela-beteriň ýanynda megerem bu bela ýönekeýje oýun kimindir.

* * *

Melhemiň ýara şypa boluşy kimin dilegdir doga hem bela-beteri gaýtarar.

* * *

Kalby päk ynsanyň sözi-de, gözi-de, ýüzi-de päk, arassa we nurana bolar.

* * *

Mekir, näkes we azgyn bilen ýoldaş bolan we şolardan özüne dost tutunan kişi olardaky gylyk-häsiýeti alar we şol adamlaryň hatarynda görüler.

* * *

Geçirimlilik, ötünç soranyňda ýa-da gazaplananyňda sözünde degişme bolmasyn. Geçirimlilik eden adamyňa şol bir günäsi üçin täzeden gazaplanma. Kimdir birine haýbat atanyňda kalbyňda gorky saklama.

* * *

Kimdir birine zulum-sütem ederin diýip wada etme. Beýle etmek uly günäleriň biridir. Sebäbi sen eden wadaňda durmasaň kezzap bolarsyň. Eger wadaňy berjaý kylsaň günäkär bolup, Allanyň gazabyna duçar bolarsyň.

* * *

Bilgin, kimdir birine haýbatyňy bildirmek üçin gaty ses bilen gygyrmak hökman däldir.

* * *

Eger haýyr-yhsan işlerden galanyňy duýsaň onuň yzyndan ýetmäge çalyş. Eger şer işleriň seniň yzyndan ýetenini duýsaň onda yzyňa seretmän ondan gaçmaga çalyş.

* * *

Allatagalanyň hemme zady görüp, hemme zady bilýändigini hergiz ýadyňdan çykarmagyn.

* * *

Eger kimdir biri musulman doganyna ýardam berse ýa-da onuň üçin doga kylsa ol kişi Allanyň mähir-muhabbetine duçar bolar we Allatagala oňa rehim eder.

* * *

Dogruçyllyk — salamat, kezzaplykdyr, ýalançylyk bolsa hyýanatdyr.

* * *

Namazyňy okap bolsaň, nepiliňi ýerine ýetir. Nepili okap bolsaň haýyr-yhsan edip, sadaka ber. Umuman edýän sogap işleriň zynjyr kimin yzy üzülmesin.

* * *

Ýene haram iş etmezlik üçin 70 gezek halallygy dilemek hem uly sogapdyr.

* * *

Haram işleri, pyssy-pujurlygy ýigrenýän ynsan Allanyň ýagşyzada bendeleriniň biridir.

* * *

Allatagala seniň daş keşbiňi görüşi kimin seniň kalbyň jümmişinde gizlin saklaýan syrlaryňy hem bilýändir.

* * *

Nadanlykdan daşda durgyn. Sebäbi Allatagalanyň iň ýigrenýän zatlarynyň biri nadanlyk we onuň tarapdarlarydyr.

* * *

Diňe Allatagala sygynyp, ähli hajatyny ondan dileýän ynsan, Allatagala iň ýakyn adamlaryň biridir.

* * *

Köp gürleýän adam sözüniň köp bölegini ýadyndan çykarar, bulaşdyrar we utançly ýagdaýa düşer. Her bir sözüňi oýlanyp ölçerip-döküp, az gürläniň ýagşydyr.

* * *

Özüň, gylyk-häsiýetiň ýagşy bolsa, il hem seniň bilen ýagşy gatnaşykda bolar.

* * *

Içiňdäki syrlary, pynhanlyklary ýat kese aýan etme, şonda gizlin duşman gazanmarsyň.

* * *

Kimdir birinden maslahat soranyňda ondan hiç bir zady gizlemegin. Bolmasa seniň peýdaly nesihatdan jyda bolmagyň ahmaldyr.

* * *

Islendik ynsanda şöhwete aýşy-eşrete isleg bardyr. Eger ynsan oňa sähelçe maýyl bolsa onda ol kem-kemden aýşy-eşretiň guluna öwrüler.

* * *

Ynsan näçe Alladan daş boldugyça kalby şonça-da zuluma we pyssy-pujurlyga endik eder.

* * *

Ynsan daşky keşbi bilen gözel bolmaga çalyşman eýsem gylyk-häsiýeti we adamkärçiligi bilen gözel bolmaga çalyşmalydyr.

* * *

Hiç bir ynsanyň göwnüne degmegin. Sebäbi wagt geçse-de kalba salnan yza ömürlik galar.

* * *

Akyl, paýhas we synçylyk seni köp bela-beterden halas eder, başyňy aman saklar. Gyssanmaçlyk we nadanlyk başa bela getirip, ony pyssy-pujurlyga gönükdirer we il arasynda masgara eder.

* * *

Siziň ejiziňiz meniň üçin güýçlidir. Sebäbi onuň hakyny alyp berýänçäm men ondan ejizdirin. Siziň güýçliňiz menden ejizdir. Sebäbi men ondan halkyň hakyny alyp bermelidirin.

* * *

Kä halat kalbyň owazyna diňşirgen. Sebäbi päk kalpdan çykýan owaz päk ýoly salgy berer.

* * *

Ynsanyň pikiri we hereketi haýaldyr. Emma ol näçe haýal hereket etse-de her zadyň ahyrynyň boluşy kimin ynsan ömrüniň hem ahyry bardyr. Maksadyňyza ýetmek üçin tizden-tiz haýyr-yhsan işlerini edip, ajaly başyňy dik tutup garşy alyň. Sogap iş edýän adamyň bu dünýädäki ömri gysga-da bolsa, bakydaky ömri ebedidir. Onuň bu dünýäde eden sogap işleriniň ýatlamasy hem ebedidir.

* * *

Kyýamat güni ynsanyň sogap işleriniň terezä goýuljagy hakdyr. Möminler bu musulmanyň terezisiniň agyr gelmegini dilärler. Soňra onuň günä işleri terezä goýlar. Möminler bu gezek onuň terezisiniň ýeňil gelmegini dilärler.

* * *

Allatagala parz namazyny ýerine ýetirmeýän kişiniň nepil namazyny kabul etmez.

* * *

Şu 4 sany ähmiýetli zady berjaý edýän kişi ýagny günäkär toba edende begenýän, ýolundan azaşana kömek edýän, kyn ýagdaýa düşen ynsan üçin doga kylýan we päk ýürekden Alla ybadat edýän kişi hakyky mömindir.

* * *

Eger kimdir biri pyssy-pujurlyga, aýşy-eşrete berlip bu dünýädäki borçlaryny unutsa, onda ol adamyň duran ýerinde kellesini alsaň onuň üçin haýyrly bolar.

* * *

Eger men ýagşy işler etsem, onda ýerli-ýerden maňa ýardam beriň. Eger men ýaman işe baş goşjak bolsam, onda meniň ýoluma böwet bolup, meni dogry ýola salyň.

* * *

Allatagala özüne yhlas etmeýän, we ybadat kylmaýan kowumy halamaýar.

* * *

Ynsan köp pyssy-pujurlygy diňe Allatagala onuň gözüni açandan soň görüp, şonuň näderejede erbetligine göz ýetirýär.

* * *

Siz maňa, meniň Allatagala we onuň Resulyna tagat kylyşym kimin tagat kylyň. Şonda men hem size Muhammet alaýhyssalamyň Allatagala tagat edişi kimin tagat ederin.

* * *

Kim Allatagalanyň we onuň Resulynyň dinine uýsa, onda ol dogry ýol saýlap aldygydyr. Kim Allatagala we onuň Resulynyň garşysyna gitse, onda ol dogry ýolun ýitirip, hak ýoldan daşa düşer.

* * *

Ýagşy işler edip, ýaman-şer işlerden daşda duran ynsanyň işleri rowaç bolup, maksat-myradyna ýeter, Allatagalanyň razylygyny gazanar.

* * *

Ynsan aýşy-eşretden, tamakinçilikden we gahar-gazapdan daşda dursa, durmuşda uly üstünlikler gazanyp, il içinde çäksiz abraýa eýe bolar.

* * *

Zulum edilene ýardam beriň. Sebäbi zulum edilen adam ejizdir. Ejiz ynsan bolsa hemişe kömege mätäçdir.

* * *

Gedemlikden we gopbamsylykdan daşda duruň. Toprakdan ýaradylyp, ertir ýene-de şoňa dolanyp barjagyna gözi ýetip duran, etiniň mör-möjeklere huruş boljagyny bilýän, bu gün diri bolsa-da, ertir öljegine aň ýetirýän ynsana gedemlik etmek laýyk däldir.

* * *

Sabyrly boluň, sebäbi ähli işleriň şow almagy sabyr-takata baglydyr.

* * *

Allatagalanyň we onuň resuly Muhammediň wada eden zadyna ýetmäge çalşyň, ýagny haýyr işler edip, şer işden gaça duruň.

* * *

Şer iş edip jennete we haýyr iş edip dowzaha düşerin öýtmegin.

* * *

Şer işe kalbyňdan ýer bermän onuň öýüni ýumurmaga çalyş. Eger sen oňa kalbyňda ornaşmaga ýol berseň ol seniň öýüňi ýumrar.

* * *

Ýerine ýetirip biljek zadyňy wada etgin. Başarmajak işiňi wada etmek ýalan sözlemekdir.

* * *

Bir söz sözläniňde näme aýdýanyňa we haýsy ýerde, näwagt gürleýäniňe üns bergin.

* * *

Namaz okap oturan adam duşmanyň bolsa-da, ol namazyny tamamlaýança oňa ezt bermegin.

* * *

Nätanyş öýden kömege çagyrýan ses eşitseň ol öý nätanyş diýip öwrülip gitmän ol ýere kömege bargyn.

* * *

Ynsan akylyny özüne dost tutunmasa ýolundan azaşar we il içinde abraýdan jyda düşer.

* * *

Eger kimdir birinden maslahat sorasaň, onuň sözüne gulak goýgun. Eger onuň sözüni diňlemejek bolsaň, onda ilki maslahat soramagyn.

* * *

Eger Allatagalanyň maňa akyly kem berendigini sähelçe duýan bolsam, onda sogap gazanmak üçin jyhada çykardym.

* * *

Duşmanyňy paş edýän aýbyny bilseň-de, ol aýby tä ölýänçäň gizlin saklagyn. Kimdir biriniň aýbyny aýdyp ondan üstün bolmak mert kişiniň işi däldir.

* * *

Serkerde we ymam halkyň öňüne düşýän adamlardyr. Şonuň üçin olar özüniň hüý-häsiýeti, ahlagy we özüne seredişi bilen adamlara görelde bolmalydyrlar.

* * *

Serhediňi giňeltmek we uly ýeňişler gazanmak isleseň esgerleriň göwnüni tap we olaryň arasynda abraý gazan.

* * *

Durmuşyň kynçylygyndan gaçmaň. Emma özüňize kynçylyk döretmäge-de çalyşmaň. Durmuşyň kynçylygy saňa durmuşyň süýji, lezzetli taraplaryny aýan eder.

* * *

Adamlara zulum etmegin. Allanyň ýanyna dolanyp barmalydygyňy hergiz ýadyňda saklagyn. Ynsana nähak zulum eden Allanyň gazabyna duçar bolar.

* * *

Alla ynanyp, diňe ondan kömek soragyn. Allatagala seni lapykeç etmez.

* * *

Ynsan howpsuzlygy, ýagny onuň sag-salamat durmuşda ýaşamagy iň uly eşretdir.

* * *

Ylymly, düşünjeli we paýhasly adamlaryň söhbetdeşligi iň lezzetli söhbetdeşlikdir.

* * *

Haýyr-yhsan edeniňde: "Şu sogap meniň ömrümde iň soňky we şonuň netijesinde ahyretim belli bolýar" diýip pikir et.

* * *

Adamlary öz tarapyňa ýagşy ahlagyň bilen çekgin. Emma haýyr işe gönükdirmek üçin olary maly-dünýä bilen hem öz tarapyňa çekmek aýyp däldir.

* * *

Zalymlar kyýamat güni özlerine nämeleriň garaşýandygyna we Allatagalanyň bardygyna göz ýetirerler. Emma ol gün olaryň ahmyry giç bolar.

* * *

Watan, ar-namys üçin janyňy gurban edenleriň jesedini ýuwmaň. Ol diňe gan däl-de eýsem watana bolan söýgüdir.

* * *

Hökümdar hökümdarlyga geçmezden öň özüne nähili gatnaşyk edilmegini isleýän bolsa hökümdarlyga gelenden soň adamlar bilen hem şonuň ýaly gatnaşyk etsin.

* * *

Ynsan Allatagala näçe yhlas edip ybadat etse-de, ony adam edip ýaradanynyň öwezini dolup bilmez.

* * *

Allatagala ýeke-täk we şäriksizdir. Ähli haýyr we şer işler Alladan gelýändir. Ynsan Alladan haýyr gelende şükür, şer gelende sabyr etmelidir.

* * *

Diňe nämedir bir zada şaýat bolanyňda gürlegin. Başga wagt dymgyn. Dymmaklyk ynsanyň başyny köp külpetden aman saklar.

* * *

Şaýatlyk edeniňde ýakyn adamlaryňa zyýan hem bolsa dogry sözlegin. Sebäbi Allatagala ähli zatlara şaýatdyr.

* * *

Allatagala ybadat edip, onuň salgy beren ýoly bilen ýöregin. Sebäbi sen ony görmeseň hem ol seni görýändir we seniň ähli hereketleriňi dolandyrýandyr.

* * *

Eger kim Muhammede ybadat edýän bolsa onda Muhammediň bu dünýäden ötendigini özüne ybrat edinip, diňe Alla ybadat etsin. Sebäbi islendik adamyň başynda ölüm bardyr. Alla bolsa hemişe diridir we bakydyr. Ybadat diňe Beýik Alla, ýagny älem-jahany we külli janly-jandary ýaradana edilmelidir.

* * *

Ynsan hem Allanyň ýaradan beýleki jandarlary kimindir. Emma Alla ynsany olardan tapawutlandyrmak üçin oňa akyl nygmatyny peşgeş berdi.

* * *

Bu dünýäde we ahyretde zalym Allanyň gazabyna, zulum edilen bolsa Allanyň ýalkawuna duçar bolar.

* * *

Musulman nädereje akylly bolsa-da, akylyna we zehinine daýanyp Allanyň emrinden we onuň kitabyndan daşa düşmesin. Ynsanyň akyly bilen Allanyň akyly deň däldir.

* * *

Daň bilen turup, Alla ybadat edip, haýyr-yhsan etmegi kalbyna düwen ynsan Allanyň penasynda aman gezer.

* * *

Men [Abu Bekr] Muhammet alaýhyssalamyň yztutarydyryn. Menden soň hem Resulyllanyň yztutarlary halypalyga geçer. Olaryň ählisi hem yslamyň tuguny beýikde parladyp, musulmanlaryň bähbitlerini gorarlar we yslam dinini dünýä ýaýyp, döwletimiziň çäklerini duşmandan gorarlar.

* * *

Men [Abu Bekr Syddyk] hem ýalňyşyp ýa-da säwlik goýberip bilerin. Emma siz meni bu säwlikler ýa-da ýalňyşlar üçin köteklemän maňa olary düzetmegi ündäň.

* * *

Gylyç ýönekeý demir hem bolsa ondan kimse üçin gyrmyzy ganyň ysy, kimse üçin bolsa parahatçylygyň hoşboý ysy geler.

* * *

Haýyr-yhsan etmek üçin hiç haçan ir däldir. Sebäbi ajal ynsanyň ökjesinde kimindir. Islendik wagt ol panydan baka göç edip biler.

* * *

Ylym eýelerine deňizdäki ähli balyklar, ýer ýüzündäki guşlar, suw we gury ýer jandarlary, öý haýwanlary baş eger.

Sebäbi ylym kalplary nadanlykdan halas edýän nur, gözleri garaňkylykdan halas edýän aýdyňlykdyr. Bedenleri ejizlikden halas edýän güýçdür.

* * *

Ylymsyz ybadat edýän ybadathon, göýä yzyny üzmän aýlanyp duran degirmen eşegi ýalydyr.

* * *

Baýlygyň belli bir mesgeni ýokdur.

* * *

Kim çagalykdan ylym almasa, ulalanda ylym sungaty bilen abraý gazanyp bilmez.

* * *

Eý, halaýyk! Päk ýürekli boluň, şeýtseňiz, ýerde sylanarsyňyz, asmanda bolsa jaýyňyz jennet bolar.

* * *

Egin-eşik adamy görk-görmekli görkezýändir. Adamyň garypdygyny ýa-da baýdygyny onuň geýen egin-eşigi boýunça kesgitleýändirler.

* * *

Aýşy-eşret, şöhwet köp adamlar üçin duzakdyr. Oňa düşen aňsat-aňsat sypyp bilýän däldir.

* * *

Gürläniňde diliňe, geýneniňde bolsa lybasyňa üns ber. Sebäbi adamyň gürlän sözi boýunça onuň kimdigini we egin-eşigi boýunça onuň nähili adamdygyny bilmek bolýar.

* * *

Ýürekden Allatagala ybadat etmek we bu dünýäniň aýşy-eşretinden daşda durmak iň lezzetli zatdyr.

* * *

Hassanyň halyny soramaly, onuň göwnüni tapmaly.

* * *

Adam üç zatdan, ýagny garyplykdan, keselden we dowzahdan daşda bolsa gowudyr.

* * *

Käbir adamlaryň keselden gorkup, nahar saýlap iýmekleri, emma dowzahdan gorkman günä iş etmekleri, meniň üçin geň.

* * *

Baý adam üçin baýlykdan jyda düşmek iň agyr jezadyr.

* * *

Kim özüni baýlykdan daşda saklasa, diýmek şol adamyň öz dinini, ar-namysyny goradygydyr.

* * *

Baýlygy söýýän adam onuň lolysyna öwrüler.

* * *

Musulman sogap işler hakynda köp gürläp, baýlygy hakynda az gürlese ýagşydyr.

* * *

Iň baý adam eli hünärli adamdyr.

* * *

Eý, Allam! Sen maňa özümden hem beletsiň. Men bolsa özüme özgelere görä beletdirin. Eý, Allam! Özgeleriň bilmeýän zady üçin meniň günämi geç, bularyň aýdýan zady üçin maňa we bulara ezýet berme!

* * *

Biderek oýun-degişmeden, süwümsiz gülküden daşda duruň. Ol iki gapy ýalydyr. Eger-de sen degişme gapysyndan girseň, çykaňda, uruş-sögüş gapysyndan çykmaly bolarsyň.

* * *

Adamlary oýundyr degişmeden, gülküden saklaň! Sebäbi köp gülmeklik akmaklyga eltýändir.

* * *

Eý, Allam! Eger meniň eden günä işlerim, sogap işlerimden köp bolsa, sogap işlerim günä işlerimden agdyklyk edýänçä, meniň janymy alma!

* * *

Diňe akyly ýerindäki adam hemişe ölümini ýatlap, günä işlerden saklanyp gezýändir.

* * *

Merhumy ugratmak sogapdyr, jynaza namazyna durmak sünnetdir, bu ýagdaýlary görüp kalbyňa galpyldy, gorky aralaşmagy parzdyr.

* * *

Alla ybadat ediň we näçe haýyr-yhsan etseňiz-de, onuň rehmet etmegini diläň.

* * *

Sabyr-takat imanyň ýarysydyr.

* * *

Alla ynanmak kämil imandyr.

* * *

Musulman musulman doganyny maly we ruhy taýdan goldamalydyr, oňa mätäç halynda ýardam bermelidir.

* * *

Allatagala Özüne ybadat we bendelerine haýyr-yhsan edýänler bilendir.

* * *

Hökümdar hazynadaky malyndan raýatlaryna sadaka paýlamalydyr. Haýyr-yhsan edýän hökümdar Alla ýakyn adamlaryň biridir.

* * *

Raýatlar soltanyna gulak goýmalydyr. Sebäbi soltanlyk soltana Alla tarapyn berlip, ol Allanyň ýerdäki eminidir.

* * *

Alla sygynyp, diňe ondan ýardam soragyn. Ynsana Alladan başga penakär we ýardamçy boljak ýokdur.

* * *

Beýik Allanyň ýardamy bilen«Möminleriň emiri Abu Bekr Syddygyň pähimlerinden dostuň dosta peşgeşi» atly kitap 895-nji (1489-1490 milady) hijri ýylynyň Oraza aýynyň ortasynda tamam boldy.