بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Mömin üçin dogruçyllyk baýlykdan we mirasdan haýyrlydyr.

Başy » Kitaplar » Çaryýarlaryň nesihatlary » Möminleriň emiri Omar Ibn Hattabyň Aýdan pähimlerinden parçalar

Beýik Allanyň ady bilen!

Ynsana çäksiz nygmatlar eçilen, ýagşy kysmat peşgeş beren asly ýagşyzadalardan bolan Muhammet alaýhyssalamy musulman ymmatyna pygamber edip saýlan Beýik Alla öwgüler bolsun! Allanyň iň söýgüli pygamberi Muhammede, maşgalasyna onuň asly ýagşy egindeşlerine çäksiz salawatlar bolsun! Muhammet alaýhyssalamyň päk ýoluny tutan şöhratly ýagşyzadalary bedeni arassa, yslam dinini dinimiz edeni we bu beýik döwletiň çäklerini giňeldip, ony daşky duşmanlardan penakärläni üçin ýene bir gezek Alla öwgüler bolsun!

Goý Beýik Alla biziň päklenen kalplarymyzy gara niýetlerden we Özüniň hak ýolundan azaşmakdan gorasyn. Goý, Perwerdigär bu synmaz yslam döwletiniň binýadyny mundan-da berkleşdirip, ony daşky duşmanlardan mekir-alyndan penalasyn! Goý, bu ýerde höküm sürýän parahatlyk we asudalyk bahary müdimi dowam edip, hazan ýelleri kimin döwlete abanýan howplar ondan aýlanyp geçsin! Allanyň ýagşyzada bendesiniň saýasynda bu döwlet mundan-da pajarlap ösüp, onuň abraýy has-da zyýada bolsun. Goý, bu ýagşyzada ynsan ata-babalarynyň asylly ýoluny dowam etdirip, külli musulmanyň söýgüsine mynasyp bolsun! Goý, onuň wepaly kätibi Reşideddin Watwat hem Allanyň ýagşyzada bendesiniň saýasynda mundan buýana-da oňa wepaly sadyk gul kimin hyzmat etsin! Goý, Beýik Alla Özüniň ýagşyzada bendesiniň kätibini haýyr-yhsan we bu asylzada ynsana gulluk etmekden jyda kylmasyn.

Allanyň ýagşyzada bendesi we onuň päk nesli, asylzada asly nesihata hormat goýan adamlardyr. Olaryň ýaşlykdan eşdeni haýyr-yhsan etmek hakyndaky nesihat we ýagşyzadalar hakyndaky rowaýatlardyr. Bu ynsanyň nesihata şeýle hormat goýýandygyny nazara alyp, oňa Omar ibn Hattabyň dürdäne sözlerini we nesihatlaryny jemläp bermegi ýüregime düwdüm. Goý, «Möminleriň emiri Omar ibn Hattabyň aýdan pähimlerinden parçalar» atly bu kitap Allanyň ýagşyzada bendesiniň paýhasyna paýhas goşsun! Goý, Beýik Alla ony öz penasynda aman saklasyn!

Möminleriň Emiri, Musulmanlaryň Ymamy, Ikinji Halypa Omar Ibn Hattabyň Aýdan Pähimleri

* * *

Meniň haýynlary iki zat, ýagny suw we topragyň üsti bilen tanaýaryn. Eger haýsydyr bir häkim suw çekip ýa-da öý gurup başlasa, onda men onuň mal ýygnandygyny, wezipesini haýynlyk bilen ulanyp başlandygyny bilýärin.

* * *

Ylym ýolbeletdir, beýleki işler oňa tabyndyr. Ylym bagtly bendelere berler, günäkär gullar ondan mahrumdyr.

* * *

Ylym we amal biri-birine baglydyr, göýä ruh bilen bedeniň ýakynlygy ýalydyr. Biri bolmasa, onuň beýlekisinden hem peýdalanyp bolmaýar.

* * *

Adalat ýöredilmeýän ýerde millet mukaddes bolup bilmez.

* * *

Allanyň adyndan ant içmegi äsgermezlik etmäň, Alla hem siziäsgermezlik eder.

* * *

Eger nebis pikiri ýeňse, onda pikir güýçsüz bolar.

* * *

Alymlar bilen oturyşgyn. Sebäbi Allatagala, göýä ýeri asmanyň ýagmyry bilen direldişi kimin, kalplary ylym nury bilen direldýändir.

* * *

Edep bir miweli daragtdyr. Onuň suwy we idegi ýeterlik bolmasa onda ol miwe bermez.

* * *

Her bir zadyň öz görki bardyr. Öýüň görki onuň arassalygy bolsa, adamyň görki onuň lybasydyr.

* * *

Ylmy öwrenip, oňa düşünmeýän we düşünip, oňa amal etmeýän adama haýpyňyz gelsin.

* * *

Ähli bela-beteriň we howpuň gözbaşynda aýşy-eşret, şöhwet durýandyr. Aýşy-eşrete özüni aldyran adam tiz wagtda duşmanynyň guluna öwrülýändir. Onuň ähli diýenlerini iki epilip etmäge taýýar bolýandyr.

* * *

Erkek adamyň egin-eşigine üns bermegi we arassa geýinmegi ony hormata mynasyp edýär.

* * *

Kim-de kim täret alyp, ýüň eşik geýse, Allatagala onuň görejiniň nuruny zyýada eder. Eger kim-de kim zynatly lybas geýip, özünden göwnühoş bolup, tekepbirlik etse, Allatagala ol adamy dowzah oduna ýakar.

* * *

Serhoşluk haramdyr. Aşyk adam hem serhoş ýalydyr. Emma päk aşyklyk aýşy-eşret hem däldir, haram hem däldir.

* * *

Şerap şatlyk çeşmesidir we şer işleriň açarydyr.

* * *

Ähli döwlet işini çetde goýup, raýatlarynyň halyndan habar alman, bir tagtanyň[1] ýüzüne seredip, dümtünip oturan şadyr häkimler meniň üçin geňdir.

* * *

Eger Allatagaladan nämedir bir zat dilejek bolsaň, onda «Eý Allam! Maňa nygmat berseň özüme, bedenime, akylyma ber» diýip dileg et. Seniň beýle diýdigiň özüňe saglyk diledigiňdir. Adamyň jan-saglygyndan uly nygmat ýokdur.

* * *

Özüňize serediň, kadaly iýip-içiň we sowukdan özüňizi goraň. Sebäbi uzak wagtlap özüňizi goranyňyz, ýekeje sagat kesel bolanyňdan gowudyr.

* * *

Açgözlük adamyň ajalydyr. Ýaltalyk, ysgynsyzlyk, şel açmak, içgeçme ýaly keselleriň barysy açgözlükdendir. Adam köp iýende aşgazany dykylýar we bagyr bilen ödüň işlemesini kadadan çykarýar. Adamda kelleagyry döreýär we onuň pis keseli bilen kesellemegine getirýär. Şonuň üçin iýip-içende ortaça we wagtly-wagtynda iýip-iç.

* * *

Dowzahyň odundan gorkman, günä iş edýän adamlar meniň üçin geňdir.

* * *

Eý, nygmat eýeleri! Ähli nygmatyň eýesini ýatlaň!

* * *

Baýlygy söýmek şer işlere elter. Sebäbi baýlyk ähli şer işler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

* * *

Garyp adam baýasa, onda üç häsiýet ýüze çykýar, ýagny köne dostlaryny taşlap, täze dost tutunar, aýalynyň talagyny berer, wepaly hyzmatkärini täze hyzmatkäre çalşar.

* * *

Çagaňa baýlyk gazanmagy öwretmek ony jebir-jepa ýoluna salmakdyr.

* * *

Baýlygy bolup, ony tygşytlylyk, kanagatlylyk bilen isripsiz sowmagy başarýan adam danadyr.

* * *

Garyp hem, baý hem Allanyň öňünde eden işlerine deň derejede jogap berýändir.

* * *

Baýap tekepbirlik etme, ertirki gün nä halda boljagyň bir Alla mälimdir.

* * *

Ýaranjaňlyk edýän adamyň ilkinji ýaragy öwgüdir.

* * *

Ýalandan öwmek şeýtanyň ýoluna gidýän adamlara mahsusdyr. Mömin adam özüni şeýtana oýnadyp, ýalan sözleýän däldir.

* * *

Öwgä üns berip diňledigiň, öwýän adamyň guluna öwrülersiň.

* * *

Adamlary oýundyr degişmeden daşda saklaň. Oýundyr degişme erkek adama mahsus häsiýetleri gidirýändir we adamda gahar-gazap döredýändir.

* * *

Biderek, boş gürrüňler biderek, boş işlere elter.

* * *

Mömin adam wepat bolanda, bu baradaky habary ilki bilen asmandaky perişdeler eşiderler. Olar bu habary biri-birine buşlarlar. Ýer ony öz gujagyna almaga howlugar. Adam ýeriň üstünden alnan toprakdan ýaradylsa-da, soňra onuň goýnuna siňýändir.

* * *

Hammamlar nähili gowy ýerdir, kiri aýyrýar, jähennemi ýadyňa salýar.

* * *

Allatagala öz watanyny söýmek üçin ýurtlary döretdi.

* * *

Eger raýatlar watanyny söýmeseler, onda ýurtlar harap bolardy.

* * *

Musulman doganyň kalbyndaky üç zat, ýagny salam bermegi, mejlislerde ýer bermegi we iň gowy sözler bilen ýüzlenmegi onuň saňa dostlugyny subut edýär.

 

 

* * *

Dostuňdan habardar bol, diňe ynamdar bolana ynan. Ynamdarlyk hem diňe Alladan gorkmak bilen bolýandyr.

* * *

Dostlar köpelse, duşmanlar hem köpeler.

* * *

Hiç haçan mejlisde adamyň ýalňyşyny aýdyjy bolmaň. Ol siziň maslahatyňyza gulak goýmaz, üstesine-de sizi duşman tutunar.

* * *

Samsyk, nadan adama subutnamanyň derkarlygy ýokdur. Subutnamalar onuň üçin gury sözdür.

* * *

Akmaklaryň mejlisi akylyň kesellemegidir.

* * *

Toba gelip, aklyna aýlanan adamlara hormat goýuň, olar erbetlikden ýagşylyga ýüzüni öwren adamlardyr.

* * *

Geçirimlilik etmegiň hem özboluşly lezzeti bardyr.

* * *

Ýalňyz ýaşaýan adam durmuşyň ünjülerinden halasdyr.

* * *

Köpçülikden uzakda bolmak bela-beterlerden we günälerden başyňy aman saklar.

* * *

Kim-de kim ýagşy işler edip, ýaman işden özüni saklajak bolsa, özüne ezýet berip görsün. Eger göwnüne ýaramasa haýyr-sogap işler etsin. Sebäbi dowzahyň ody has ezýetlidir.

* * *

Eý, Allam! Kyýamat gününiň şerinden we namarda mätäç bolmakdan özüň gora.

* * *

Allatagala öwgi, sena aýdýan, oňa zikir edýän dil paýyş sözleri aýtmaly däldir.

* * *

Eger kimdir biri bilen mejlis gurap oturmakçy bolsaňyz onda dindar ýa-da ulamalar we asylzadalar bilen otur. Olaryň mejlisinde erbet gürrüň edilmez.

* * *

Kimdir biri seniň ýanyňa hajat bilen gelse, güler ýüz ber şonda sen onuň hajatyny ýerine ýetirmeseňem ol senden nägile bolmaz. Gülerýüzlülik üstünlik gazanmagyň açarydyr.

* * *

Geçirimlilik etmek Allatagalanyň adama bagyş eden iň gowy häsiýetleriniň biridir. Eger geçirimlilik bolmasa, Allatagalanyň adama beren amanadynyň haçan tabşyryljagy, oňa nämäniň sebäp boljagy bilinmezdi.

* * *

Allatagala ýagşy işler edýän adamy we onuň golaýynda ýaşaýan bir ýüz ýigrimi hojalygy bela-beterden goraýandyr.

* * *

Zenan maşgala akýagyz we uzyn saçly bolsa, onda ol kämil husny-jemala eýedir.

* * *

Eger öldürilýän hem bolsaňyz dogryňyzy sözläň.

* * *

Eý, Allam! Kalbymda bahyllyk duýgusynyň kök urmagyndan Özüň gora.

* * *

Içigara kişi ähli adamlar ýaly bu dünýäniň gaýgy-gam paýlanyşygyndaky öz paýyny hem alýar. Emma şol bir wagtyň özünde beýleki adamlaryň şatlygyna-da gamlanmaly bolýar.

* * *

Eý, musulmanlar! Alladan ant içýärin, özlerini güýçli saýyp, ejiz adamlaryň hakyny iýýänler meniň bilen iş salyşsalar, men ejiziň tarapdarydyryn.

* * *

Adyl soltanyň höküm sürýän ýurdy ýumrulmaz.

* * *

Adyllyk dagyň çür başynda gurlan galadyr. Ony sil hem almaz, manjanyk hem harap eýlemez.

* * *

Raýatlara adyllyk eden soltan Allanyň bereketine ýeter. Onuň döwleti müň ýyllap gülläp öser. Döwletiň gülläp ösmegi onuň şasynyň adyllygyna baglydyr. Hökümdarlar ýaşan ömrüni adyl ýaşasa halkynyň arasynda özlerini rahat duýarlar we panydan baka göç edenlerinde jennete geçerler.

* * *

Azat adamlary adyllyk bilen, duşmanyňy gylyç bilen özüňe boýun edip bolýandyr.

* * *

Bu dünýäsiniň we ahyretiniň amalyny etmän boş gezip ýören adam meniň üçin iň ýigrenji adamdyr.

* * *

Sabyr müşgil işleriň açary we ýeňşiň esasy bölegidir.

* * *

Kynçylyklara döz gelýän adam akyl-paýhasyň eýesidir.

* * *

Alym adamyň ylmy bolmasa, ol beýleki adamlar üçin tümlükdir. Nadan adamyň hünäri bolmasa, onda ol pasyklygyň, pyssy-pujurlygyň ilçisidir.

* * *

Hakykat we dogruçyllyk akyl terezisine ölçerip-dökmäge ýardam berýär.

* * *

Garnyna buýrup bilýän adam iň gowy häsiýetleriň ählisini özünde jemleýändir.

* * *

Adam diňe aklyndan däl, eýsem güman edýän pikirinden hem peýdalananda üstünlik gazanar.

* * *

Zalym adamyň öýünden döwletlilik, bereket göteriler.

* * *

Ar almaklyk zulum işlere we zalymlyga elter.

* * *

Eý, Allanyň bendeleri siziň Allaňyz birdir. Ol adyl işleri gowy görüp, zulum edýänleri ýigrenýändir. Men hem Allanyň halaýan işini edip, ýigrenýän işinden daşda durjak. Kim-de kim meni adalatsyzlykda aýyplasa, goý, ol adam hiç zatdan çekinmän gije bolsun, gündiz bolsun, günüň islendik wagtynda gelip maňa arzyny aýtsyn. Raýatlaryna adyllyk edip, zulum edýänden goramak, olara deň göz bilen seretmek Allanyň emrini ýerine ýetirmekdir.

* * *

Alladan gorkmaýan we oňa ybadat etmeýän adamyň golaýyna-da barmaň. Olardan haýyr işden başga her zada garaşybermelidir.

* * *

Ynsanlar maslahatlaşyp işleriniň dogry we bähbitli bolmagyny gazanarlar.

* * *

Ýaşyňyz gitmezinden öň ylym öwreniň. Ylym ynsanyň iň ýakyn dosty we synmaz daýanjydyr.

* * *

Utanjy ýok ynsanyň kalby ölýändir.

* * *

Bu dünýäde etmeli iş kändir. Bir iş etmekçi bolanyňda onuň ynsana haýyr getirjegini etgin.

* * *

Haýyr iş etmekde abraý bardyr. Emma gyssanmaçlyk gazanyljak abraýdan jyda edip masgaraçylyga eltýändir.

* * *

Tamakinçilikden, gahar-gazapdan we aýşy-eşretden daşda duran adam durmuşda uly-uly üstünlikler gazanar.

* * *

Alla takwalyk edip, ybadat dony bilen zynatlanan adam maly-mülküň yşgyna düşen bilen ýoldaş bolup bilmez.

* * *

Dogry sözlemeýän adamdan haýyr iş eder diýip tama hem etmäň.

* * *

Ýalan sözleýän ynsanyň akybeti pyssy-pujurlykdyr. Pyssy-pujurlygyň akybeti bolsa heläkçilikdir.

* * *

Ynsan mejlisde uly kişi bolup, öýünde ýaş çaga kimin bolmalydyr. Şeýle eden adam mejlisde-de, öýünde-de uly abraýdan peýdalanar.

* * *

Hoşboý ysly güli ysgamak, yzynda ýagşy terbiýe alan ogul galdyrmak we mert duşman bilen ýüzbe-ýüz bolmak ýaly eşretli zat ýokdur.

* * *

Ýüzüňi aşak salyp, sussypes halda gezmek ynsanyň kalbyna gorky salar.

* * *

Ynsanyň kiçijik meselelerini çözüp uly abraý gazanyp bolar. Emma abraý bilen şöhraty hiç haçan garyşdyrmagyn.

* * *

Şu üç sypata eýe bolan kişi ýagny imanly, akylly we adamlaryň göwnüni awlamagy başarýan ynsan uly abraý gazanar.

* * *

Eger kimdir biri bir ýoly tutsa, şol ugurda hem haýyr görmese, onda ýoluny üýtgetsin.

* * *

Öýlenseňiz gyza öýleniň. Sebäbi olaryň söýgüsi güýçli we lezzeti çäksiz bolýandyr.

* * *

Kimde kim özüniň töhmet etmäge ukyplydygyny duýsa, ol tizden-tiz Alla toba edip, kalbynyň päkligini dileg etsin.

* * *

Allatagaladan başga bir bendesine zulum etmegi üçin dileg etmäň. Öz sag-amanlygyňyzy sorap dileg ediň.

* * *

Allatagala päk ýürek bilen sygynyp, ondan ýardam soraýan adamyň dilegi kabul bolar we Allatagala ony öz penasynda aman saklar.

* * *

Eger kimdir biri gopbamsylyk bilen uly derejelere dalaş etse, Alla oňa gazaplanar we ony ýer bilen ýegsan eder.

* * *

Haýyr-yhsan etmekden gapyl galmaň. Sebäbi haýyr-yhsan jennetiň açarydyr.

* * *

Ertir irden haýyr eden agşamlyk onuň hözirini görer.

* * *

Adyl hökümdar Allanyň iň ýagşy görýän ynsanlarynyň biridir. Allanyň iň ýigrenýän ynsany zalym hökümdardyr.

* * *

Araňyzda ýok adamyň gürrüňini etmäň, sebäbi ol gybatdyr. Gybat bolsa Allanyň iň ýigrenýän günäleriniň biridir.

* * *

Eger karynyň Gurhany aýdym ýaly edip aýdyşyny eşitseňiz, onda biliň ol kary maly-dünýäniň aşygydyr.

* * *

Eger kimdir biri hiç bir işi bolmazdan soltanyň ýanyna gelse, onda biliň ol adam ogrudyr.

* * *

Musulman adam size näderejede ýamanlyk etse-de ony ýigrenmän, dogry ýola çagyryň.

Gyzyňyzy erbet gylykly adama durmuşa çykarmaň. Sebäbi olar ol adamyň halaýan zadyny ýigrenip ýaşaýarlar.

* * *

Özüň halamaýan zadyňy başga birine hödürleme. Sebäbi soň şol edeniň özüňe gaýdyp geler.

* * *

Kalby päk we ýumşak häsiýetli adam Alla ýakyn adamlaryň biridir. Şeýle adamlar hak ýoldan gidip, uly abraý gazanarlar.

* * *

Eý, Allam, zenanlarymyza utanç ber we olary şeýtanyň şerinden gora. Erkeklerimiziň kalbyna mertlik guý we olary duşmanyň alyndan gora.

* * *

Musulman doganyna baýlygyny aýaman ýardam berýän adam iň paýhasly adamlaryň biridir.

* * *

Bu gün ýerine ýetirip biljek işiňi ertire goýma.

* * *

Kim şeriň nämedigini bilmese onuň duzagyna düşenini duýman galar.

* * *

Dinaryň öwüşginine guwanman onuň mätäjiň derdine ýaraýandygyny görüp, lezzet almany başar.

* * *

Şer işleri kalby bilen ýigrenmegi başaran ynsan hak ýoluny dogry tutdugydyr.

* * *

Hökümdar tagtyny gowy görüşi kimin raýatlaryny hem gowy görse uly abraý gazanar we ähli işleri rowaç bolar.

* * *

Eger belli netijä gelmek isleseň gyssanmagyn. Bir işiň başyna baranyňda akylyňa daýangyn.

* * *

Köp wada berip, wadaňda durmazlyk we köp ötünç soramaklyk kezzaplyga barabardyr.

* * *

Ynsan durmuşynda ajy we süýji günler bolup biler. Ol islendik halatda-da şol günlerde mynasyp ýaşamagy başarmalydyr.

* * *

Ynsan öz yrsgalyny ýerden gözlemelidir.

* * *

Ýeri harlamaň, ýeri harlan hor bolar.

* * *

Dogry sözlüligi özüne ýaran tutunan rahat, asuda ýaşap, durmuşdan lezzet alar. Bela-beter ol ynsanyň gabadyndan aýlanyp geçer.

* * *

Dogry sözüň üçin ölýän hem bolsaň, dogry sözläp başyňy dik tutup ölgün.

* * *

Asudalygyň ysy islendik atyryň ysyndan hoşboýdyr we lezzetlidir.

* * *

Karzyny beren adam özüni azat duýar.

* * *

Günä işlerden daşda duran adama ölümden gorkmagyň hajaty ýokdur.

* * *

Çaga nähili terbiýe berseň-de alma öz agajyndan uzaga gaçýan däldir.

* * *

Raýatlardan kimdir birine zulum edilip, bu habar maňa ýetende men zulum edene çäre görmesem, onda meniň hem onuň zulumyna şärik boldugymdyr.

* * *

Haýyr-yhsan edip, adamlaryň minnetdarlygyny alýan adam, durmuşda at-abraý we üstünlik gazanar.

* * *

Tamakinlik – garyplyk. Gözidokluk – baýlykdyr.

* * *

Ýeke öz pikirine özi gümra bolar we günäkär şer işlerden daşda galar.

* * *

Ynsanyň her bir aýdan sözüni erbet kabul etmäň. Megerem köp sözleriň aňyrsynda erbet niýet ýokdur.

* * *

Lybasyň zynaty onuň gymmatlylygynda däl-de arassalygyndadyr.

* * *

Eger halypalygyň ýany bilen metjitde azan aýdyp bilýän bolsam, onda azan hem aýdardym.

* * *

Bergisini bermegi başarýan keremli ynsandyr.

* * *

Kimdir biriniň günäsini geçen adam günäsi geçilenden özüne hormata garaşmasyn. Onuň bu eden işi Alla aýandyr we sogaby Alladan tama etsin.

* * *

Kimdir birine ýagşylyk etseň Alla saňa şol ýagşylygy on esse edip gaýtarar. Ýagşylyga derek ýagşylygy diňe Alladan tama etgin.

* * *

Syryny gizläp başarýan adamyň ykbaly onuň öz elindedir.

* * *

Alladan gorkmaýan we ýalan sözleýän dostuň bar bolsa ondan daşlaş. Beýle dostdan mert duşman ýagşydyr.

* * *

Dost tutunmak isleseň Allany tanap, onuň goýan-kada-kanunyna boýun egýän adamy tutungyn.

* * *

Allanyň garşysyna gidip, oňa tagat etmedik heläk bolar.

* * *

Özüňde pynhan saklaýan säwlikleriňi dostuňdan gizlemegin. Goý ol seniň durmuşda goýberen säwlikleriňden aýlanyp geçsin.

* * *

Özüňe degişli bolmadyk zat hakynda soramagyn.

* * *

Şerap ynsanyň akylyny giderip, tamakinçilik duýgusyny oýarýandyr.

* * *

Köp gülýän ynsanyň haýbaty azalar.

* * *

Ähli işiňizde alym adamlara maslahat salyň. Allatagalanyň ýanynda-da alymlaryň derejesi uludyr.

* * *

Kimdir biri bir zada yhlas etse, şol ugurda meşhurlyk gazanar.

* * *

Ölümden gorkup nähilidir bir işi ýigrenmegin. Sebäbi näme etseň hem ölümden gaçyp gutulyp bolmaz.

* * *

Ölüm – bu dünýä bilen ahyretiň arasyndaky penjiredir. Allanyň ýoluny dogry tutan adamlara bu penjireden geçmegiň hiç hili gorkusy ýokdur.

* * *

Köp degişgen adam abraýdan düşer.

* * *

Eý Allam, ejiziň hyýanatyndan we güýçliniň zulumyndan özüň gora.

* * *

Alladan gorkusy azalan adamyň utanjy azalar.

* * *

Ýarym doýan adam heläk bolmaz. Emma aşa doýan adam heläk bolar.

* * *

Akyl bedeni goldamasa diňe güýç bilen üstünlik gazanyp bolmaz.

* * *

Baýlyk gazanmak ynsanyň diňe ugurtapyjylygyna ýa-da akylyna bagly bolman, eýsem Allanyň oňa ýazan ykbalyna-da baglydyr.

* * *

Goşgy diňläň, sebäbi goşgy ynsanda ýagşy häsiýetleri toplaýandyr.

* * *

Kimdir birini tanamak isleseň onuň aslyna seret.

* * *

Ýyldyzlary öwreniň, sebäbi ýyldyz çölde, suwda ýa-da dagda bolanyňyzda azaşsaňyz size dogry ýol salgy berer. Emma oňa ybadat etmäň.

* * *

Siziň hajat bilen ýüz tutýan adamlaryňyzy hem şol bir Alla ýaradandyr. Şonuň üçin hajatyňyz ýerine ýetende Allany hem ýatdan çykarmaň.

* * *

Çagalaryňyz köp bolsun. Olary eklemekden gorkmaň, sebäbi olaryň yrsgalyny Alla berýändir we olaryň haýsysynyň garran çagyňyz sizi eklejegi belli däldir.

* * *

Eger şükürdir sabyr her haýsy bir at bolsa, men olaryň haýsysyny münjegimi bilmezdim.

* * *

Eger erkek aýaly goraýar diýseler hem erkegi aýallaryň arasyna salmaň.

* * *

Aýşy-eşret lezzetlidir. Emma bu aýşy-eşretiň soňy masgaraçylykdyr. Şonuň üçin lezzetden daşda duruň.

* * *

Sözüň köplügi däl-de onuň manylylygy gerekdir.

* * *

Akmak bilen dost bolmakdan ägä bol. Saňa nep getirjek diýip diňe zyýan getirer.

* * *

Ýagşy gylyk ýagşy ýarandyr.

* * *

Yhlas üstünligiň gözbaşydyr.

* * *

Iň haýyrly miras edepdir.

* * *

Hajat bilen gelen adam ýoluny ýitiren düýe kimindir. Onuň hajatyny bitirseň dogry ýola salan ýaly bolarsyň.

* * *

Bir gezek batyl iş edip lezzet alanyňdan müň gezek oňyn edilen haýyr işi ýatlap lezzet alanyň ýagşydyr.

* * *

Şu dünýäde ýagşy adamlara ýaran bolan, ahyretde-de şolar bilen ýaran bolar.

* * *

Şer işiň gözbaşy şer gürrüňlerden başlaýar.

* * *

Boş gezmekden ägä boluň. Sebäbi işsizlik ähli erbetligiň başlangyjydyr.

* * *

Eger kimdir biri bir zat etmekçi bolup, emma oňa ýetip bilmerin diýip umydyny üzse, diýmek ol zat oňa derkar däldir.

* * *

Iş ýadatsa-da ol ynsana zerurdyr. Sebäbi işsiz ynsan zaýalanmak, ýoluny urdurmak bilen bolar.

* * *

Degişgenlik erkege laýyk däldir. Köp degişýän adam agraslygyny ýitirer. Agraslygyny ýitiren erkegiň häsiýeti zenan häsiýetine ýakyn bolar.

* * *

Allatagala size yslam dinini berdi. Indi abraýa, iki dünýäň abatlygyna yslam dini bilen ýetiň. Başga ýerden haýyr görýänler diňe şer taparlar.

* * *

Bir kowum özbaşyna bir dine gulluk edip, olaryň diňe birnäçesi üstünlik gazansa, onda bu dogry ýol däl-de, hak ýoldan azaşmakdyr.

* * *

Öý eýesinden soragsyz öýe girmek iň uly biýedeplikleriň biridir.

* * *

Zähmet çekmän gazanylan baýlykdan gorkgun. Ýeňil gazanylan pul agyr ýitgilere getirer.

* * *

Erbet işlere yhlas edeniňden ýagşy işde tygşytly bolanyň haýyrlydyr.

* * *

Şeýdip «Möminleriň emiri Omar ibn Hattabyň aýdan pähimlerinden parçalar» atly kitap Beýik Allanyň ýardamy bilen tamam boldy. Goý, Alla ähli ýagşyzada ynsanlardan razy bolsun!



[1] Bu �rd� küşt ýa-da narda göz öňünd� tutulýar.