بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

«Ymmatymdan kim kyrk hadysy adamlaryň aňyna ýetirse, Allatagala ony kyýamat güni fakyh alym ýaly garşylar»

Başy » Kitaplar » Türkmenistandaky Ewliýäler (gysgaldylan) » NESAI (Rahmetullahi aleýh)

Hadys we fykyh alymydyr. Lakamy Ebu Abdurrahmandyr. Ady Ahmed bin Şuaýb bin Ali bin Sinan bin Bahr bin Dinardyr. Meşhur ady Imamy Nesaidir. Asly Horasanyň Nesa(Nusay)şäherindedir. 214-nji (m.830) ýylda Nesa şäherinde doguldy. 303-nji (m.915) ýylda Palestinanyň Remle şäherinde wepat etdi. Mekgede ölendigi ýa-da harijiler tarapyndan şehid edilenligi hakynda-da maglumatlar bardyr. Hadys ylmynda ymamlyk mertebesine eýedi. Ýagny;üçýüzmüňden (300.000) köpräk hadysy şerifi rowaýatlary bilen birlikde ýatdan bilýärdi. "Sünen-i sagyr" atly eseri, "Kütüb-i sitte" diýlip at berilen 6 hadys kitabyndan biridir. Hadys ylmyndaky rumuzy (bellik) sin (s) harpydyr.

Ylym öwrenmäne Horasanda başlady. Yrak, Şam, Hijaz, (Mekge we Medine) we Jeziredäki (Mezopatamiýa) alymlardan ylym öwrendi. Müsürde ýaşamana başlady. Onbäş ýaşyndaka Kuteýbe bin Saidiň talyby boldy we bir ýyl iki aý onuň ýanynda ýaşady. Ishak bin Rahaweýh, Hişam bin Ammar, Isa bin Hammad, Hüseýin Mensur Sülemi, Amr bin Zürare, Muhammed bin Nasri Merwezi, Süweýd bin Nasr, Ebu Kureýb, Muhammed bin Rafii, Alibin Hujr, Ebu Ýezid Jermi, Ebu Dawud Süleýman Eşas, Ýunus bin Abdilala, Muhammed bin Beşar, Muhammed bin Geýlan we ýene birnäçe alymlardan ylym öwrendi. Olaryň birnäçe-sinden hadysy şerif diňledi we özünden soňkylara aýdyp berdi.

Hadys ylymynda öz döwrüniň iň uly alymydy. Fykyh ylmynda-da Müsüriň iň üstün alymydy. Haramlardan gaça durmakda we köp ybadat etmekde deňi-taýy ýokdy. Gürlände Allahü tealanyň razylygyny gazanmak üçin gürlär, bir iş eden wagty ýene Onuň razylygy üçin ederdi. Imamy Nesai rawylaryň hadysy şerif rowaýat edip bilmeleri üçin, Buhari we Müslimden has agyr şertler goýardy. Jerh we tadiline (hadys rawylaryna bil baglap boljakdygy ýa-da bolmajakdygy hakyndaky pikirleri) bütin alymlar bil baglaýardylar.

Imamy Nesai hezretlerinden;Ebu Bişr Dülabi,Ebu Ali Nişapuri, Hamza bin Muhammed Kesasi,Ebu Bekr Ahmed bin Ishak, Muhammed bin Abdullah bin Haýuýe, Ebul-Kasym Taberani, Fakyh Ebu Jafer Tahawi ýene birnäçe alym ylym öwrenip, hadysy şerif rowaýat etdiler.

Imamy Nesainiň üstünligi hakynda birnäçe uly alymyň aýdan sözleri bardyr. Horasanyň hafyzy ady bilen meşhur bolan Ebu Ali Nişapuri şeýle diýýär: (Ebu Abdurrahman Nesainiň hadys ymamylygyna hiç kim garşy çykyp bilmez). Fakih Mensur we Ebu Jafer Tahawi bolsa: (Nesai musulmanlaryň ymamlaryndan biridir) diýipdirler. Ebu Bekr ibni Haddad Imamy Nesaiden başga hiç bir adamdan hadysy şerif rowaýat etmändir we şeýle diýipdir: (Allah bilen meniň aramdaky delil Nesaidir. Men ondan razydyryn). Ebul-Hasen Dare Kutni: (Nesai asrynyň iň uly alymydyr) diýýär. Hafyz Muhammed bin Muzaffer-de, öz hojalarynyň: (O döwürde Müsürde gije-gündiz Nesainiň ybadat etmekde gaýratlydygyndan söz edilerdi. Emir bilen birlikde jihada giderdi. Söweşlerde gahrymanlyk görkezerdi. Musulmanlaryň öz janlaryny Allah üçin nähili pida edendiklerini görkezýän wakalary kitaplaryna ýazardy diýip gürrüň berendiklerini aňladýar).

Imamy Nesai hezretleri başda "Sünen-i kebir" atly eserinde, hadysy şerifleriň gözbaşlary we toplanmalary hakynda maglumat berip, şertlere uýan hadysy şerifleriýazdy. Şol wagtyň hakiminden biriniň kitabyndaky hadysy şerifleriň ählisiniň dogrulygyna doly göz ýetirdiňmi?) diýip sorady. Bundan soňra hadysy şerifleri saýlady we "Sünen-i kebiri" gysgaldyp täzeden ýazdy. Rowaýat eden rawilere alymlar tarapyndan garşy çykylan hadysy şerifleriň hiç birini kitabyna ýazmady. Özü tarapyndan "Müstena" diýip at berilen bu kitabynyn ýörgünli ady "Sünen-i sagyr"dyr. Bu eser häzirki zamanda "Sünen-i Nesai" diýlip atlandyrylýar. Bu eser, meşhur alty hadys kitabynyň biridir. Musulmanlaryň baştäji boldy. Has soňralar çap edilip başlandy we peýdalanmak aňsatlaşdyryldy.

Nesai ömrüniň ahyrlarynda Şama gitdi. O ýerde hezreti Alini ýamanlaýan harijiler bilen gabatlaşdy. Bu sebäplide, hezreti Alini we Ehl-i beýt-i Nebewini öwüp kitap ýazdy. "Kitab-ül-hasais fi fadl-i Ali bin EbiTalib we ehl-i beýt" atly bu eserinde ulanan hadysy şerifleriniň köpüsini Ahmed bin Hanbel hezretleriniň rowaýatlaryndan aldy. Bu kitabyny näme üçin ýazandygyny bilmeýän käbir adamlar: ("Şeýhaýn"yň (Hezreti Ebu Bekir we hezreti Ömer ”radyýallahü anh”) üstünliklerini näme üçin ýazmadyň?) diýip soradylar. Nesai hezretleri bu sorag sebäpli "Fedail-üs-Sahabe" atly Eshaby kiramyň (radyýallahü anhüm) üstünliklerini we faziletlerini aňladýan kitabyny ýazdy. "Müsned-i Ali", "Müsned-i Malik" we "Duafa wel-metrükin" atly eserleri onuň iň gymmat bahaly eserleridir. Soňkysy bolsa çap edilipdir.

Imamy Nesai hezretleriň "Sünen-i sagyr" atly kitabynda rowaýat eden käbir hadysy şerifleri:

(Besmele [Bismillah]bilen başlanmadyk möhüm işlere, haýyr we bereket ýokdyr).

(Size bir sowgat berilen wagty, onyň garşylygynda sizem şonuň ýaly bir sowgat beriň. Eger sowgat bermäne gurbuňyz çatmaýan bolsa, berilen sowgada ýeter ýaly dogaediň).

(Allahü teala bu dini, ahyryýetden nesibsizler bilen[kapyr we ş. m.]hem güýçlendirer).

(Iman taýdan iň faziletli mü’min kimdir?) diýip soradylar. Resulullah(sallallahü aleýhi we sellem): (Ahlakly bolanydyr) diýdi.

(Paýyş sözler aýtmakdan gaça duruň. Çünki Allahü teala hapa sözleri we paýyş gürrüňleri söýmez).

(Eshabyma gowulyk ediň. Soňra olaryň yzyna eýerenlere (Tabiyne)hormat goýuň. Soňra ýalançylyk köpeler. Hatda adam, and içmesi islenmänkä and içer. Şaýatlyk etmesi islenmänkä şaýatlyk eder).

(Ýyrtyjy we aç iki gurduň bir goýun sürüsine beren zyýany, şan-şöhrat, dünýä maly we wezipe söýgüsiniň musulman adamyň dinine beren zyýanyndan köp däldir).

(Allahü teala üç dürli adamy halamaz. Bular, garranlygyna seretmezden zyna edenler, beren zadyny minnet eden husytlar we ulumsy garyplardyr).

(Gysgançlyk bilen iman bir ýürege ýerleşmez).

(Üç zatdan uzak duranlar ölen wagty Jennede giderler. Bu zatlar, ulumsylyk, bergi we azynlykdyr).

(Iň üstün imanly mü’min, gowy ahlakly we maşgalasyna garşy merhemetli mümindir).

(Arş-y azamyň töwereginde nurdan kürsüler bardyr. Bu kürsülere oturjaklaryň egin-başlary we ýüzleri nur ýaly parlar. Bular Pygamberem däl, şehidlerem däldirler. Pygamber we şehidler o adamlar ýaly nurdan kürsülerde oturmak islärler).Resulullaha(sallallahü aleýhi we sellem): (Bular kimler) diýip soralanda, Resuli ekrem (sallallahü aleýhi we sellem): (Olar Allah üçin bir-birini söýenler, Allah üçin duşuşyp oturanlar, Allah üçin bir-birini zyýarat edenlerdir) buýurdy.

(Gören ýagşylyklaryny gizläp, gören ýamanlyklaryny äşgär edýän erbet goňşudan Allah gorasyn).

(Içiňizden biri asgyran wagty "Elhamdülillah" diýsin. Ýanyndaky "Ýerhamükellah" diýsin. Asgyranam "Ýagfirullahü li we leküm" diýsin).

(Ýoksullara berilen bir sadaka, mahremlere (garyndaşlara) berilen bolsa iki sadakadyr).

(Eneňe, ataňa, uýaňa, iniňe we nobatyna görä beýleki ýakynlaryňa gowulyk et).

(Bir kowum içinde baş galdyranlary ýola getirip biljekler bar bolupda, baş galdyrma göz ýumsalar, Allahü teala, ýakyndaählisine birden azap iberer).

(Oraza tutan käbirleriniň, tutan orazalaryndan, açlyk we suwsuzlykdan başga gören peýdalary ýokdur).

(Saňa Arş-y azamyň aşagynda we Jennet hazynalaryndan biri bolan bir amaly öwredeýinmi? O "Lä hawle wela kuwwete illa billah" sözüdir. Bir gul bunu aýdan wagty Allahü teala "Gulum yslam boldy we teslîm [boýun]boldy" diýer).

(Azan[ezan]bilen ikamet arasynda edilen doga-dilegler kabul ediler).

(Juma günlerinde meniň üçin salewaty köp getiriň).

(Dowamly toba eden adama, Allahü teala her kynçylykdan bir çykyş, her darlyga bir giňlik berer we garaşmaýan ýerinden oňa ryzyk berer).

(Gije turup we maşgalasynyda turuzyp bileje namaz okanlar. Är-aýal zikredenlerden (ýatlanlar) hasaplanarlar).

(Ýüpek we altyn, ummatymyň erkeklerine haram, zenanlaryna halaldyr).

(Käbirleriniň okan namazlaryndan nesibelerine düşen diňe ýadowlyk we zähmetdir).

(Namaz okan saga-sola seretmedigiçe, Allahü tealada oňa sereder).

(Kyýamat güni çagajyga "Jennede gir" diýiler. Çagajyk Jennediň gapysynyň öňünde durar we "Diňe enem-atam bilen Jennede girerin" diýip durar. Şonda "Ene-atasynam onuň bilen bile Jennede salyň" diýiler).

(Birini eklemegi mejbur bolan adam, bu wezipesini ýerine ýetirmese, bu günä oňa ýeter).

(Üç adama nebsiňiz agyrsyn: "Sowatsyzlaryň arasyndaky alyma, baý bolup garyp galana we kowmunyň içinde abraýlyka soňradan biabraý bolana).

(Allahü tealanyň bu ummata kömek etmesiniň sebäbi, diňe güýçsüzleriň doga-dileg, yhlas we ybadatlarydyr).

(Ölüleriňizi diňe gowulyk bilen ýatlaň. Eger olar Jennetlik bolsalar, olar hakynda erbet sözler aýtmak bilen günä gazanarsyňyz. Jähennemlik bolsalar, o ýagdaýlary olara ýeter).

(Allahü teala diňe gowy niýet bilen we Onuň razylylygyn almak üçin ýerine ýetirilen amallary (ybadat) kabul eder).

(Men size çaga üçin ata ýalydyryn).Ene-ata nähili öz çagasyny dünýäde otdan goraýan bolsa, Pygamberimizem (sallallahü aleýhi we sellem) ummatyny ahyryýetde otdan gorar.

(Mü’miniň öldürilmesi Allah gatynda (onuň gözünde) dünýäniň ýok bolmasyndan has uly bir işdir (jenaýatdyr).

(Allahü tealanyň ýanynda (oňa görä) ybadatlaryň iň gowysy wagtynda okalan namazlardyr. Ondan soňra ene-ata boýun egmekdir. Ondan soňra Hak ýolunda jihad etmekdir).

(Dul aýalyň, garybyň işlerine kömek eden bir musulman;Allah ýolunda jihad eden ýaly ýa-da gijelerine namaz okap, gündizlerine oraza tutan ýalydyr).

(Şuny biliň! Siziň ähliňize, mirasçylaryňyzyň emlägi öz emlägiňizden gowy görünýändir. Ýaşaýarkaň hallalyk bilen sarpedenleriň seniň emlägiňdir. Yzyňda galdyranlaryň bolsa mirasçylaryň emlägidir).

(Allahü teala öz gullaryna bäş wagt namazy parz etdi. Allahü teala, bütin edep-ekramyny doly berjaý edip o namazlary okanlary Jennede ibermäne söz berendir).

1) Tabakat-üş-Şafiýýe, tom-3, sah. 14.

2) Tezkiret-ül-huffaz, tom-2, sah. 698.

3) Wefeýat-ül-aýan, tom-1, sah. 77.

4) Tehzib-üt-tehzib, tom-1, sah. 36.

5) Şezerat-üz-zeheb, tom-2, sah. 239.

6) Sünen-i Nesai.

7) "Türkiýe" gazeti, "Yslam Alymlar Ensiklopediýasy", tom-4, sah. 260.