بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Utanç donuny geýen adamyň hiç haçan aýby görünmez.

Başy » Kitaplar » Soltan Sanjara bagyşlanan nesihatlardan parçalar » Mähriban we rehimli Allanyň ady bilen

Bu yslam alymy, halka ýol görkeziji, ynsanlaryň ýagşysy, gaýgy-gussalary dep ediji Muhammet ibn Muhammet ibn Muhammet el-Gazaly el-Tusynyň (goý, Alla onuň mübärek ruhuny şat etsin!) Soltan Sanjar (Alla onuň şan-şöhratyny artdyrsyn!) üçin ýazan kitabydyr. Bu kitabyň ýazylmagyna sebäp bolan zat şudur: Soltan Sanjar Aşyr aýynyň onuna Muhammet Gazalynyň ýanyna ilçi iberip, ondan: «Biz onuň didaryny görmegiň arzuwyndadyrys. Ol biziň ýanymyza gelse, onuň bilen söhbetdeş bolmaklygy we hiç bolmanda, onuň bilen bir pursatlyk sogap işde şärik bolmaklygy isleýäris» diýen habar ýollady.
Yslam alymy oňa: «Bu islegliniň isleginiň delili däldir» diýip jogap iberdi we ony öz ýanyna çagyrdy. Yslam alymyndan çakylyk alan Soltan Sanjar saklanmazdan, derrew atyna atlanyp, onuň ýanyna gitdi.
Ol şol gün tä agşama çenli onuň söhbetinde boldy. Olar bile bolan pursatlary ähli wagtlaryny Hudaýa ybadat etmeklige bagyş etdiler. Soltan Sanjar yzyna gaýtmakçy bolanda, oňa:
– Meniň şoňa eýermegim üçin, maňa bir nesihat ber – diýdi. Şonda şyh:
– Nesihat haçanda, bagtyýar üzeňňiňiz köşgüňize ýetende, şonuň yzyndan iberiler – diýdi.
Şondan soň Gazaly bu kitaby düzüp, Soltan Sanjara ýollady. Soltan Sanjar bu kitaby hemişe uly höwes bilen okaýardy we ony hiç haçan özünden uzaklaşdyrmaýardy. Has dogrusyny Alla gowy bilýändir.
 

Mähriban hem rehimli Allanyň ady bilen

Älemleriň Perwerdigäri bolan Alla hamdy-sena bolsun! Ahyretdäki belent derejeler takwa kişiler üçindir. Onuň ilçisi Muhammede we onuň päk nesline salawat bolsun!
Bilgin, eý, yslam patyşasy! Beýik Alla saňa sansyz nygmatlary eçilendir. Seniň oňa şükür etmegiň wajypdyr. Kim Hudaýyň nygmatlaryna şükür etmese, ol nygmatlaryň ýok bolmak, elden gitmek howpy dörär. Ol kyýamatda azaba, görgä we ezýete sezewar bolar. Ahyrsoňy ýitip gitjek nygmatlaryň akyl-parasat eýeleriniň ýanynda hiç bir gadyr-gymmaty ýokdur.
Ömür hernäçe uzyn hem bolsa, ahyr bir gün soňlanmak bilen bolýar. Nuh pygamber müň ýyl ýaşady we onuň ölenine bäş müň ýyl bolup geçdi. Diýmek, gadyr-gymmat – diňe baky galjak nygmatdadyr. Ol nygmat bolsa imandyr. Hudaýtagala her kime iman bagyş edendir. Şol iman tohumynyň köki zemin jümmüşine, şahasy asman jylawyna ýetip duran bir daragt bolup ýetişmegi üçin, tabynlyk suwy bilen suwar. Allatagala şeýle diýýär: («Eý, ynsanlar) Allanyň ýagşy söze (ýagny iman kelemesine) nähili mysal getirenini görüň. Ol söz, göýä bir asyl daragta meňzeş bolup, Perwerdigäriň isleg-eradasy miwe berer»[1]
Iman daragtynyň şahasy hem köki bolmasa, imanyň ýok bolmak howpy ýüze çykar.
Bilgin, eý yslam patyşasy! Allatagala saňa bu nygmaty eçilendir. Iman tohumyny seniň ol päk gursagyňda we eziz kalbyňda ornaşdyrandyr. Ol tohumy idetmekligi seniň öz üstüňe ýükländir.
Bilgin, iman daragtynyň on sany köki we on sany şahasy bardyr. Onuň köki – kalbyň ynançlarydyr, şahasy – ten hereketleridir. Yslam patyşasy bu daragty ösdürip, kemala getirmelidir. Şonuň üçin hökümdara bu daragtyň on sany köküni we on sany şahasyny beýan etmek wajypdyr. Bu bagt dili senaly men pakyryň paýyna düşdi. Nesip bolsa, bu işe hepdäniň ahyret sogaby berilýän juma gününde – beýik Allatagala ybadat edilýän güni girişeris. Ol gün mömin musulmanlaryň baýramçylyk güni bolan Anna günüdir. Anna gününde şeýle bir sagat bolup, ol sagatda dil bilen doga-sena aýdylar, köňül bilen Allatagala golaýlaşylar. Şeýlelikde, ol kişiniň hajatlary bitiriler, dilegleri kabul ediler. Eger sende bir gul bar bolsa, sen hem oňa: «Hepdede ýekeje gün maňa hyzmat et. Onsoň men seniň alty günlük günäňi geçeýin» diýseň, ol hem muňa razy bolsa, onda seniň ýanyňda ol bendäniň ahwaly niçik bolardy? Ýogsa, ol seniň Ýaradanyň hem däl, bendäňem. Diňe erk-ygtyýarda saňa garaşly bolan gul. Hakykatdan, seniň özüň Beýik Allanyň Ýaradany we Onuň bendesisiň. Onda näme üçin sen özüňe rowa görýän zadyňy öz bendeleriňe rowa görmeýärsiň?
Anna güni agşamy roza tutmaklyk (agyz beklemek) niýet ediler. Anna gününde säher bilen gusul ediler (ýuwunylar). Üç sypatdaky – halal, päk-tämiz we ýüpek matadan bolmadyk eşikler geýiler. Ertir namazyna jemagat bilen bile durular. Namazda otyrkaň, tä gün dogýança eliňe tesbi alnyp, Hudaýa şükür ediler, hamdy-sena aýdylar. Müň gezek: «Lä ilähä illallah Muhammeder-Resulallah» (Alladan başga hiç bir Hudaý ýokdur, Muhammet hem onuň ilçisidir) diýip aýdylar. Guşluk wagty dört rekat namaz okalar. Anna gününde bu namazyň sogaby has uludyr. Namazdan soňra islendik ýagdaýda hemişe: «Eý, Perwerdigärim! Muhammede we Muhammediň nesil-neberesine alkyş bolsun!» diýip aýdylar. Soňra: «Perwerdigärim Allatagaladan günämi ötmegini dileýärin we toba edýärin» diýip aýdylar. Birinji günde Hudaý ýoluna eliňden gelen sadakaňy bagyş etseň, Hudaý şol günüň we şol hepdäniň ýaramazlyklaryny seniň başyňdan sowar. Rozanyň, namazyň, sadakanyň we alkyş-doganyň bereketi ol hepdäniň galan günlerinde seniň işiňe päsgel bermez.


[1] Gurhanyň 14-nji («Ybraýym») sürеsiniň 24-nji aýaty.