بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Aýalyň erkegi gabanmagy küpürdir. Erkegiň aýaly gabanmagy imandyr.

Başy » Kitaplar » Soltan Sanjara bagyşlanan nesihatlardan parçalar » IMAN DARAGTYNYŇ ŞAHALARY

Bilgin, eý, yslam patyşa! Ylymdan we ynamdan başlap, kalpda bar bolan zatlaryň ählisi iman kökleridir, tabynlykdan, adyllykdan başlap, bedeniň ýedi agzasynyň ýerine ýetir­ýän zatlarynyň hemmesi iman şahalarydyr. Şaha solup, başlary süllerse, onuň sebäbi köküň ýara­mazlygyndandyr. Imanyň şahasynyň amallary Seniň Hudaýyňyň halamajak her bir haram zadyndan gaçmakdan we Onuň her bir parz eden zadyny berjaý etmekden yba­rat­dyr.
Bu iki bölümden durýandyr. Birinjisi, sen bilen seniň Hudaýyňyň arasyndaky gatna­şyk­dyr. Bu gatnaşyk namaz-rozany berjaý etmek we haram iýmekden hem haram iş etmekden daşda dur­mak ýaly zatlary öz içine alýandyr.
Ikinjisi, sen bilen halkyň arasyndaky gatnaşykdyr. Bu gatnaşyk adalatdan, ýagny seniň öz golastyňdaky raýatyňa adalatly, ezilenlere we ejizlere ynsaply garama­gyň­dan ybarat­dyr.
Özüň bilen öz Hudaýyňyň arasyndaky gatna­şyk­da şeýle hereket et: garamagyňdaky­la­ryň özüňe neneňsi tabyn bolmagyny rowa gör­ýän bolsaň, sen özüň bilen Haktagalanyň arasyndaky her bir zady edil şonuň ýaly tabynlykda we görnüşde berjaý et. Ine, sen şonda Hakyň razylygyny gazanyp bilersiň.
Özüň bilen halkyň arasyndaky gatnaşygy şeýle görnüşde berjaý et: sen özüňi raýat, başga birini hem soltan hökmünde göz öňüňe getirip gör. Şonda onuň seniň bilen nähili gatnaşyk etmegini isleýän bolsaň, soltanlyk wagtyňda öz garamagyňdaky ejiz hem ezilen halk bilen hem şeýle gatnaşyk etmegi ýola goý.
Bilgin, halka zulum edilmegi bilen baglanyşykly zatlara kyýamatda hiç hili gözýumujylyk etmezler. Bu örän hatarly ýagdaýdyr. Bu howp­dan halkyna adyllyk eden, raýatlaryndan we ejizlerden zalymlaryň hem bigäneleriň ellerini çekdiren, ezilenleriň aryny alyp, arkalaryny tutan, zalymlary we sütemkärleri özüne tabyn eden we ejizleriň erbet gargyş-dogalaryndan aman bolmany başaran soltandan başga hiç bir kişi halas bolup bilmez. Eger şeý­le bolsa, kyýamatda adyllygy we adalat­ly­lygy senden nähili görnüşde sorajak­dyk­laryny bilmegiň üçin, iň gowusy, geliň, adyllygyň usullaryny seljereliň. Raýata adyl­lyk we adalatlylyk etmegiň görnüşleri iman daragtynyň on şahasyny düzýändir.

1. Patyşalygyň gadyryny bilmek we onuň howpuny duýmak hakda

Yslam patyşasy ilkinji nobatda öz patyşalygynyň gadyryny bilmelidir. Şeýle hem, onuň how­punam ýatdan çykarmaly däldir. Çünki, paty­şa­lyk bir uly nygmatdyr. Kim oňa şükür edip, patyşalygy hakyky bolmalysy ýaly ýöretse, hiç ýerde tapylma­jak, aňrybaşy bagtyýarlyga eýe bolar. Munuň tersine, bu işde şükür etmän, günälere ýol berse, kapyrlygyň bäri ýanyndaky betbagtlyga uçrar.
Bu nygmatyň gadyrynyň uludygynyň delili şudur: Py­gam­berimiz aýtdy: «Adyl soltanyň bir gün­lük adyllygy altmyş ýyllyk ybadatdan has artykdyr». Ol (oňa Allanyň salamy bolsun!) ýene-de aýtdy: «Kyýamatyň gopan we Arşyň saýasyndan baş­ga hiç hili saýadyr penagähiň galmadyk güni ýedi kişi Ol saýanyň aşagynda jaý tapar. Olaryň birinjisi, öz garamagyndaky raýatyna adyl­lyk eden we ejizi zalymyň elinden halas eden soltan. Ikinjisi, Seniň Hudaýyňa yba­dat etmäge çykan, öz ömrüni Oňa tabyn bolmaga bagyş edip, haramdyr ýaramazlyklardan daşda duran ýaş juwan. Üçünjisi, özi bazar­da otursa-da, kalbyny metjide baglan kişi. Dördünjisi, Allanyň razylygy üçin, biri-biri bilen dost bolan iki kişi. Bäşin­ji­si, çola ýerde Hudaýy ýatlap, gözlerinden boýur-boýur gözýaş akdyran kişi. Altynjy, görk-görmekli aýal öz ýanyna çagyranda, oňa: «Men seniň Hudaýyňdan gorkýan» diýmegi we onuň üstüne özüniň içiňden geçip barýan ot-ýalynly pis sözlerini pürkmegi başaran adam. Ýedinji, sag eli bilen beren sadaka­syn­dan çep eliniň habary bolmaýan, ýagny beren sadakasynyň gürrüňini edip, diline çolamaýan kişi». Pygamberimiz (oňa Allanyň salawaty bol­sun!) aýdýar: «Bendeleriniň içinde seniň Hudaýyňa iň ýakyn we iň eziz kişi – adyl soltandyr. Bendeleriniň içinde Hudaýtagala iň duş­man we iň ýaramaz kişi bolsa zalym soltan­dyr».
Ol ýene-de aýtdy: «Bilgin, Hudaý (Janym elinde bolan Hudaýtagala kasam!) meni halka dogry hem göni ýoly görkezmegim üçin ugradandyr. Adyl soltanyň her bir güni asmana tutuş raýatynyň amaly­na barabar amal äkidýändir. Onuň her bir namazy ýetmiş müň namaza barabar gelýän­dir».
Patyşalyk bagyş edilen kişi ýurduň we patyşalygyň gadyryny bilmelidir. Eýsem, Allatagala bir kişä patyşalyk ýa-da sol­tanlyk derejesini bagyş etse, ol kişi üçin, şondan aňyrda başga uly nygmat bo­lup bilermi? Onuň bir sagatlyk ömri özge kişiniň tutuş ömrüne barabar gelýändir.
Patyşalygyň has howply tarapy barada Ibn Apbas[1] (goý, Alla ondan razy bolsun!) şeýle diýýär: «Bir gün pygamberimiz (oňa Alla­nyň salamy bolsun!) gelip, Käbäniň gapysy­nyň daşyna halka aýlady. Ol ýerde kuraýyş­lar­dan bolan bir kowum bardy. Pygamberi­miz aýtdy: «Eý, kuraýyş jenaplary, raýaty­ňyz we golastyňyzdakylar babatda üç sany işi berjaý ediň. Olar şulardan ybaratdyr: birinjisi, olar sizden rehmet isleseler, rehmet ediň. Ikinjisi, olar sizden höküm et­me­giňizi isleseler, adyllyk ediň. Üçün­ji­si, näme aýdyp-diýseler, talap etseler, şonam berjaý ediň. Bu borçlary berjaý etmedik kişä Allanyň, perişdeleriň we ähli adamlaryň näleti bolsun! Hudaý ol ki­şiniň parzyny we sünnetini kabul etme­sin!».
Pygamberimiz aýtdy: «Eger kimde-kim iki duşmanyň arasynda araçy hökmünde hö­küm edip, zulum etse,  oňa Hudaýyň näleti bolsun!».
Pygamberimiz (oňa salam bolsun!) ýene-de aýtdy: «Kyýamat güni seniň Hudaýyň üç kesiň ýü­züne seretmez:
Birinjisi, zalym soltan.
Ikinjisi, zynakeş.
Üçünjisi, haýa­syz, tekepbir, ýalançy gedaý».
Pygamberimiz (oňa Allanyň salamy we salawaty bolsun!) sahabalara aýtdy: «Şeýle bir gün gelip ýeter. Şonda şol gün gündogar we günbatar taraplardan Size ýeňiş gapyla­ry­ny açar. Ol sebitleriň ähli ulamalary ýalynly otda ýanyp köerler. Bu otdan diňe seniň Hudaýyňdan tisginip, Onuň üçin terkidünýälik ýoluny pişe edinen we amanada hyýanat etmeýän kişiler halas bolup bilerler».
Ýene-de pygamberimiz (oňa salam bolsun!) aýtdy: «Seniň Hudaýyň bir emirine bir kowumy ynansa, ol hem bu ynama ikilik edip, olara hyýanat etse, amanat ýoluny tutmasa, şeýle hem, nesihatlara-da gulak asmasa, Seniň Hudaýyň oňa özüniň behiştini haram eder».
Pygamberimiz aýtdy: «Eger bir kişä mu­sul­manlara hökümdarlyk etmeklik derejesi be­rilse, ol hem olara öz maşgalalaryna sere­dişi ýaly seretmese, onda öz jany dowzaha oklanan diýip düşünäýsin».
Pygamberimiz aýtdy: «Kyýamat güni iki kişi meniň şepagatymdan mahrum bolar: birinjisi, zalym soltan, ikinjisi, dinde çäkden geçip, hetdenaşmalar edýän ýol­dan çykan azgyn kişi».
Pygamberimiz aýtdy: «Kyýamat gününde iň agyr azap-görgi – zalym soltanyňky we ýoldan çykan bozgagyňky bolar».
Pygamberimiz ýene-de aýtdy: «Hudaýtagala adamlaryň bäş sany toparyny islese, bu jahanda özüniň gahar-gazabyna we azabyna duçar eder, islese-de, olary öz gaharyna bu jahanda du­çar eder. Bolmasa-da, olaryň barjak ýeri ýalyn­ly dowzahdan başga hiç ýer bolmaz. Bularyň birinjisi, öz raýatynyň hakyny iýen, olara ynsaply gara­madyk we zulum-sütem etmek bilen meşgulla­nan patyşa, ikinjisi, güýçli bilen ejize deň göz bilen seretmeýän, adalatsyz­lyk bilen günäli kişiniň arkasyny tutup söz sözleýän kowum ýolbaşçysy, üçünjisi, öz aýaly­dyr perzendine Hudaýtagala tabyn bol­maklygy düşündirmeýän, din düz­gün­lerini öwretmeýän we olara iýdirýän höreginiň haram-halaldygyndan heder etmeýän ki­şi, dördünji, bir günlükçini hakyna tu­tup, ol işini tamamlanda, onuň hakyny ber­män saklaýan kişi, bäşinji, aýalynyň mäh­ri­ne[2] zulum eden kişi».
 

* * *
 
Pygamberimiz (oňa Allanyň salamy we salawaty bolsun!) aýtdy: «Kyýamat güni hö­küm­darlary alyp gelerler. Seniň Hudaýyň olardan:
– Siz meniň goýunlarymyň çopanlary we ýurtlarymyň hazynadarlary bolduňyz. Ýöne näme sebäpli golastyňyzdaky raýatlar sizden şeýle bir aýylganç heder etdiler? Nä­me üçin siz olara me­niň bellän jezamdan hem has ýokary jeza ber­di­ňiz we şallak urduňyz? – diýip sorar.
Olar:
– Eý, Allam! Olar Size şirk ýetirdiler. Şo­nuň gahary bilen şeýle etdik – diýerler.
Ol:
– Näme üçin siziň gaharyňyz meniň gaha­rym­dan hem gazaply bolmaly? – diýer.
Ýene başga birinden:
– Näme üçin käbirine meniň buýranym­dan has ýeňil jeza berdiňiz? – diýip sorar.
Ol kişi:
– Eý, Allam! Men oňa dözmezlik edip, rehmet etdim – di­ýip aýdar.
Alla:
– Näme üçin seniň rehmetiň meniňkiden hem artygrak boldy? – diýip aýdar. Soňra Alladan:
– Artdyranam, kemeldenem tutuň. Olaryň ikisini-de dowzahyň bular üçin bina edilen künjeklerinde ýerleş­di­riň – diýen perman geler.
Omar (goý, ondan Alla razy bolsun!) aýtdy:
«Waý, Zemin patyşasynyň Asman Paty­şa­sy bilen ýüzbe-ýüz boljak gününe! Eger Zemin patyşasy adalatly bolup, hak-hukuk­lary hak eýesine gowşuryp, dogan-garyndaş­larynyň arkasyny tutman, Alladan başga hiç zatdan çekinmän we hiç kimden tama etmän, höküm etse, Allatagalanyň kitabyny özüne ýörelge edinip, ähli işlerde şoňa esas­lanyp hereket etse, ol Asman Patyşa­synyň öňünde jebirden azatdyr».
Hüzeýfe (goý, ondan Alla razy bolsun!) aýtdy:
– Men hernäçe ýagşy bolsa-da, hiç bir hökümdara hiç haçan sena aýtmaýaryn – diý­di. Ondan:
– Näme üçin? – diýip soradylar. Ol: «Py­gamberimizden (oňa Allanyň salamy we salawaty bolsun!) şeýle gürrüňi eşitdim» diýip, söze başlady: «Kyýamat güni adyldyr zalym – ähli hökümdarlary alyp gelerler. Ählisini getirip, Syrat köp­rüsiniň üstünde saklarlar. Şol wagt seniň Hudaýyňdan:
– Olaryň içinden hökümdarlykda jebir-sütem edeni, para alany ýa-da günäkäri etmi­şin­den artyk jezalandyrany dowzaha eltip taşla – diýen perman geler.
Bu adamlar Syrat köprüsinden agdarylyp, dowzahyň ýetmiş ýyldan hem çykyp bolmajak çuňlugyna zyňylyp düşerler».
 
* * *
 
Dawut (oňa salam bolsun!) baradaky habarda şeýle getirilýär:
«Dawut pygamber (oňa Allanyň salamy bolsun!) wagtal-wagtal özüni tanatmajak bolup, başga sypata girip, daşary çykýardy we ýol ugrunda, bazarlarda gezim edip aýlanýardy. Ol öňünden çykan adamlardan:
– Siziň hökümdaryňyz Dawut nähili adam, zalymmy ýa adyl? Siz ondan razymy ýa-da ýok? – diýen sowallar bilen Dawudyň nähili adamdygy barada sora­ýardy. Bir gün Jebraýyl (oňa salam bolsun!) adam sypatyna girip, onuň ýanyna geldi. Ol Jebraýyldan Dawudyň nähili adamdygyny sorady. Jebraýyl muňa: «Eger iýjek çöre­gi­ni döwlet gaznasyndan alman, öz eli bilen gazanyp iýsedi, onda Dawut gowy adam bo­lar­dy» diýip jogap gaýtardy. Bu sözlerden soň Dawut mähraba ýüzlenip, kybla bakdy. Başyny seždä goýup, zar-zar aglaýardy we «Eý, Allam! Öz çöregimi özüm işläp gazanar ýaly, maňa bir pişe öw­retsene!» diýip, Hudaýa ýalbarýardy. Allatagala haýyşyny kabul edip, oňa sowut ýasamak kärini öwretdi. Şondan soň Dawut öz höregini özi gazanyp iýdi.
 
* * *

 
Hezreti Omar her gije aýlanyp görmek üçin daşary çykýardy we ýurdundaky gözüne ilen ýet­mezçiliklerini düzetmek ugrunda çalyş­ýardy. Ol şeýle diýýärdi:
– Eger bir semiz goýny Fyratyň kena­ryn­da goragsyz goýsalar, kyýamat güni men­den ol hakda soralar diýip gorkýaryn.
Hezreti Omar ahyret howpundan heder edip, yzygiderli öz-özüne şunuň ýaly sowallar bilen ýüzlener eken.
Omaryň ogly Abdylla Omar Hattap ölenden soň, ony düýşünde görmegi we hal-ýagdaýyny soraşmagy arzuwlap, hemişe oňat dogalar eder eken. Onuň bu arzuwy on iki ýyldan soň hasyl bolýar. Abdylla ony düýşünde görýär. Ol ýuwnup, bedenine mata oranyp duran sypatynda Abdyllanyň ýanyna gelýär. Abdylla oňa:
– Eý, möminleriň emiri! Sen Allatagalany neneňsi ýagdaýda gör­düň? Ol saňa nähili ýagşylyk etdi? – diý­ýär.
Ol:
– Eý, Abdylla, siziň ýanyňyzdan gaýdanyma näçe ýyl boldy? – diýip soraýar.
Abdylla:
– On iki ýyl – diýýär.
Omar:
– Menden şunça wagt hasap-hesip soraldy. Eger Allatagala maňa rehim-şepagat etmedik bolsa, meniň ýagdaýym agyr bolardy – diýýär.
Özüniň hökümdarlyk eden şunça döwründe eline bir gezek hem gamçy almadyk hezreti Omaryň hal-ýagdaýy şunuň ýaly bolýan bolsa, beýleki patyşalaryň, soltanlaryň, emirleriň we hökümdarlaryň ýagdaýlary neneňsi bolarka? 
Hekaýat: Aýtmaklaryna görä, Büzürgmehr Omaryň nähili adam­dygyny we onuň neneňsi gylyk-häsiýe­tiniň bardygyny bilmek üçin, ol ýere bir ilçi iberýär. Ilçi Medinä ýetip, ol ýeriň ýaşaý­jylaryndan:
– Siziň patyşaňyz nirede? – diýip so­randa, oňa:
– Biziň patyşamyz ýok-da, emirimiz bardyr. Häzir ol şäher derwezesinden daşary çykdy – diýip aýtdylar.
Büzürgmehriň ilçisi Omary gözläp, şäheriň derwezesinden daş çykanda, günüň astynda gyzgyn çägäniň içinde ýere ýazylyp, arkaýyn uklap ýatan Oma­ry gördi. Ol dürresini kellesiniň aşagyn­da goýupdyr. Maňlaýyndan syrygyp akýan der­den ýaňa ýeriň ýüzi öl-myžžyk bolupdyr. Bu ýagdaýy synlan ilçiniň ýüreginde elhenç gorky peýda bolup, ol öz ýanyndan şeýle diý­di: «Uklap ýatyşy şunuň ýaly bolsa, onuň haýbatyndan ähli älem patyşalary biynja­lyk bolarlar».
Soňra ýene şeýle diýdi: «Eý, Omar! Sen adalatlylyk etdiň. Şonuň üçinem bagtyýar ýagdaýda uklap ýatyrsyň! Biziň patyşalarymyz jebir-sütem edýärler. Olar şol sebäpli-de hemişe özlerinden gorkup gezýärler. Men hak diniň Muhammediň (Oňa Allanyň salamy bolsun!) dinidigine güwä geçýärin. Eger men ilçi hökmünde gelmedik bolsam, edil häziriň özün­de musulman bolardym. Ýöne mundan soň­ra özüm elinje, öz aýagym bilen gelip, mu­sulman bolaryn».
Diýmek, patyşalygyň howpy şundan yba­rat­dyr. Onuň beýany gaty uzakdyr. Hökümdar hemişe alymlar bilen ýakyn gatnaşykda bolmalydyr. Alymlar bolsa ony ýaramaz işlerden saklap, dogry ýoly görkezmelidirler. Adalatlylygyň tärlerini öwretmelidirler. Ine, şeýle edilse, hökümdar hemişe salamat bolar.

2. Patyşalaryň alymlara ýakyn durmagy 

Patyşa hemişe dindar ulamalaryň dida­ry­ny görmäge teşne, olaryň öwüt-nesihat­la­ryny diňlemegiň arzuwynda bolmaly. Dünýe maly üçin hars urýan, her hili ýalynjaňlyk bilen patyşanyň şatlygyny gazanjak bol­ýan, onuň elindäki zadyna hiledir mekirlik bilen eýe boljak bolýan ulamalardan gaça dur­ma­lydyr.
Dindar alym – patyşadan hiç zat tama­kin bolmaýan ynsaply kişidir.
Şakyk Balhy bir gün Harun Reşidiň ýanyna gel­di.
Harun oňa:
– Maňa bir pendi-nesihat ber – diýdi.
Ol aýtdy:
– Seniň Hudaýyň seni Syddygyň[3] ornunda oturdandyr. Şonuň üçin senden edil onuňky ýaly dogrulygy we gönüligi talap eder. Alla­tagala seni Farugyň[4] ornunda oturdandyr. Şonuň üçin seniň edil Faruk ýaly bolup, hak bilen nähakyň arasyny açmaklygyňy, ýagny adyllygy islär. Allatagala seni Osmanyň ornunda oturdandyr. Şonuň üçin senden edil Osmanyňky ýaly, haýalylyk we keremlilik is­lär. Şeýle hem Allatagala seni Alynyň ornunda oturdandyr. Şonuň üçinem senden edil onuňky ýaly, ylymlylyk islär.
Harun:
– Pendi-nesihatyňy ýene-de dowam etdir – diýdi.
Ol aýtdy:
– Allatagalanyň dowzah diýlip atlandy­ryl­ýan bir öýi bardyr. Ol seni şol öýüň gapyçysy edip goýandyr we saňa üç sany zat: döwlet gaznasyny, gylyç we gamçy berendir. Allatagala bulary bermek bilen saňa: «Şu üç zat bilen halky dowzah odundan gora! Gaşyňa gelen mätäç bendeden bu baýlygyňy gysganma. Eger kim-de kim seniň Hudaýyňyň buýruklaryna garşy gidip, boýunegmezlik etse, oňa şu gamçyny çalmak bilen edep ber. Eger kim bir kişini nähak ýere öldürse, onuň aryny kyýamata goýman, şu gylyç bilen bu dünýede alyp ber. Bu aýdylanlary berjaý etmeseň, sen dowzahdakylaryň ýolbaşçysy bolarsyň, beý­lekiler bolsa seniň yzyň bilen bararlar».
Harun:
– Pendiňi köpelt-de, ýene dowam etdir – diýdi.
Ol aýtdy:
– Sen bir çeşmesiň, beýleki emeldarlar bolsa akar suwdur. Eger gözbaş dury bolsa, akarlaryň bulançaklygynyň zyýany ýokdur. Eger gözbaş bulançak bolsa, akarlaryň durulygyndan ne peýda?
Hekaýat: Harun Reşit Apbasy ýanyna alyp, Fuzaýyl Aýazyň ýanyna gitdi. Olar gapynyň agzyna ýeten­lerinde, şol wagt Fuzaýyl Gurhan oka­ýar­dy. Ol Gurhandan şu aýata ýetipdi: «Belki, ýamanlygy – günäleri kesp eden kimseler Bi­ziň olary-da iman getiren we ýagşy amallar eden kimseler ýaly etmegimizi we durmuş­la­ry­ny hem, wepatlaryny hem (ýagny dünýä­le­ri­ni hem, ahyretlerini hem möminler bi­len) barabar eder öýdüp oýlandylar! Olar ne­neňsi erbet (nädogry) netijä gelýärler?!»[5].
Harun:
– Eger pent-nesihat talap etsem, maňa şu aýatyň özi hem ýeterlikdir – diýýär. Soňra Ap­basa gapyny kakmaklygy buýurýar. Apbas gapyny kakyp:
– Eý, Fuzaýyl, gapyny aç, bu möminleriň emiridir – diýýär.
Ol:
– Möminleriň emiriniň meniň bilen näme işi bar? – diýýär.
Apbas ýene:
– Möminleriň emirine boýun bol-da, gapyny aç – diýýär.
Şol wagt gijedi. Fuzaýyl gapyny açdy. Garaňkylykda Harunyň eli­ Fuzaýlyň eline degdi. Fu­zaýyl:
– Bu ýumşajyk el Allanyň azabyndan azat bolmasa, gör, nähili, betbagtlyk! Eý, mö­minleriň emiri, häzirden oňat gamyňy gör. Seniň Hudaýyň kyýamat güni garamagyňdaky ähli halkyň hakyny senden talap etjekdir – diý­ýär.
Apbas:
– Bes et, möminleriň emirini öldürdiň – diýýär.
Soňra Harun müň dinary Fuzaýylyň öňünde goýup:
–  Bu maňa ejemiň mira­syn­dan ýeten halal puldur – diýýär.  
Fuzaýyl oňa:
– Meniň saňa aýtjak zadym, bu hereket­le­riňden el çek. Maňa berjek bu zatlaryňy mä­täç­lere ber! – diýýär.
 

* * *
 
Omar Abdyleziz Muhammet ibn Kagbulku­raza:
– Maňa adyllygyň sypatlaryny sanap ber – diýdi.
Ol aýtdy:
– Garamagyňdaky musulman kişi senden kiçi bolsa, sen oňa ata bol. Senden uly bol­sa, sen oňa ogul bol. Eger ol seniň bilen deň-duş bolsa, sen oňa dogan bol. Her kese eden günäsine görä jeza ber. Zynhar, hiç bir kişä ýekeje gamçy hem urmagyn. Eger uraýsaň, seniň jaýyň dowzah bolar.
 
* * *
 
Aýtmaklaryna görä, takwalardan biri öz döwründäki bir halypa­nyň ýanyna barýar. Halypa oňa:
– Maňa bir pendi-nesihat ber – diýýär.
Takwa söze başlaýar:
– Men Çyna sapara gidipdim. Çyn paty­şa­synyň gulagy ker bolan eken. Ol zar-zar aglap: «Men eşitmekden galdym diýip agla­mok, zulum edileniň biri gapyma gelip, per­ýat etse, onuň perýadyny eşitmerin diýip aglaýaryn. Ýöne gözümiň ýerindedigine şükür edýärin. Indi men: «Meniň gapyma sütem görüp, şikaýat bilen gelen kişi gyzyl lybas geýinsin» diýip jar çekdirerin» diýdi. Şundan soň ol her gün piliň üstüne münüp, şähere aýlanmaga çyk­dy. Egnine gyzyl eşik geýen adamy görse, ýanyna çagyryp, onuň arzy şikaýatyny diň­le­di, ýagdaýlary bilen tanyş boldy we oňa adalatlylyk etdi.
Eý, möminleriň emiri! Ol bir kapyr ki­şi bolsa-da, onuň Hudaýyň bendelerine ed­ýän rehim-şepagaty ine, şunuň ýalydyr. Sen bir musulman we pygamber neslinden bolan adam­syň. Şeýle-de bolsa, sen Hudaýyň bendeleri bolan öz garamagyňdaky raýatlaryňa neneňsi rehim-şepagat edýändigiňe bir syn et!
 
* * *
 
Abu Kylaba Omar Abdyleziziň ýanyna bar­dy. Omar oňa:
– Maňa bir pent ber! – diýdi.
Ol aýtdy:
– Adam Atanyň döwründen tä şu güne çen­li senden başga hiç bir halypa galmandyr.
Omar aýtdy:
– Sözüňi artdyr!
Ol aýtdy:
– Ölmek islän ilkinji halypa sen bolarsyň.
Omar aýtdy:
– Ýene-de artdyr.
Ol aýtdy:
– Eger Hudaý senlik bolsa, nämeden gork­ýarsyň, eger senlik bolmasa, sen kime penala­nar­syň?
Omar aýtdy:
– Ine, şu aýdanyň ýeterlik.
 
* * *
 
Süleýman ibn Abdylmälik halypady. Bir gün ol: «Bu dünýäde, gör, näçe bolelinlik, elpe-şelpelik etdim. Indi meniň ýagdaýym kyýa­mat­da nähili bolarka?» diýip öz ýanyndan pikir etdi. Soňra zamananyň takwasy hem alymy Abu Ha­zymyň ýanyna bir kişini ýollap: «Näme bilen agzyny açýan bolsa, şondan maňa-da birazajyk ibersin» diýdi. Abu Hazym biraz kepegi gow­rup, oňa ýollady. Sü­leý­man muny görüp aglamaga başlady. Soňra hiç zat iýip-içmezden, üç günläp yzygiderli roza tutdy. Üçünji gün agşam şol kepek bilen agzyny açdy. «Ol şol gije aýaly bi­len ýanaşypdyr. Şol ýanaşykdan Abdyleziz dünýä indi. Abdylezizden Omar ibn Abdyl­eziz dünýä indi. Ol bolsa älemiň ýeke-tägi, adyllykda Omar Hattap ýaly bolup ýetişdi» diýip aýdýarlar. Ýene-de bu barada: «Bularyň hemmesi şol tagamy iýen pursatyndaky päk niýetiniň bereketinden hasyl boldy» diýip­dirler.
 
* * *
 
Omar ibn Abdylezizden:
– Seniň toba etmegiňe näme sebäp boldy? – diýip soradylar.
Ol muňa şeýle jogap berdi:
– Men bir gün bir gulamy urup durdum. Şonda ol gulamyň: «Säher bilen kyýamat gop­jak gününiň agşamyny ýadyňa sal!» diýen sözleri meniň kalbymda uly gorkudyr howsala döretdi.
 
* * *
 
Akyldarlaryň biri Harun Reşidiň Ara­fat­da gyzgyn daşyň üstünde aýagy ýalaňaç, ba­şy açyk durandygyny gördi. Ol elini ýoka­ry galdyryp: «Eý, Allam! Sen-Sensiň, me­nem – men. Meniň kärim – hemişe ömrümiň her sagadynda günä iş etmek. Seniň işiň – hemişe ýalkaw etmek. Men biçäräňe bir rehmet et!» diýip ýalbarýardy.
 
* * *

 
Omar Abdyleziz Abu Hazyma: «Maňa pent ber» diýdi.
Abu Hazym aýtdy: «Ýerde ýat-da, ölümi ba­şyň aşagynda goý. Ajalyň seni nähili ýagdaýda görmegini islese, sen şonuň ýaly bol. Rowa görýän zadyňy özüňe ýakyn tut. Rowa görmeýän zadyňdan özüňi daşda sakla. Aja­lyň özi saňa ýakyndyr».
Diýmek, welaýat eýesi we patyşalar bu ma­nylardan dogry netije çykarmalydyrlar we şunuň ýaly pentler boýunça hereket etmelidirler. Alymlary özlerine ýakynlaşdyrmalydyrlar. Olara nesihat berýän alymlar hem şular ýaly täsirli, netijeli hem many alarlykly pent-nesihat bermelidirler. Olaryň pent-nesihatlary adalatlylygy, hakykaty ündemelidir. Zuluma şärik bolmakdan daşda bolup, dünýäniň birnäçe ajaýyp, geň-taň meselelerini we durmuşyň gürrüňdir wakalaryny öz içine almalydyr.
 

3. Patyşalaryň öz adalatlylygyny özgelere nusga etmegi hakda

Patyşa zulum etmeli däldir. Şeýle-de ol özüniň gulamlary­nyň we hyzmatkärleriniň zulum-sütem etmegine hem ýol bermeli däldir. Çünki, ol kyýamat güni olaryň eden zulum-sütemleri üçin hem özüniň jogap bermeli boljakdygyny oňat bilmelidir.
Möminleriň emiri Omar Hattap öz emeldary Abu Musa Eşgara şeýle mazmunly hat ýazyp ýollaýar: «Raýat eýelerinden iň bagtlysy – raýatlary bagtly bolan kişidir. Raýat eýelerinden iň betbagty – raýatlary betbagt bolan kişidir. Şonuň üçin, seresap bol, geleňsizlige we biperwaýlyga özüňi aldadaýma. Eger ýalňyşsaň, emeldarlaryň hem seniň yzyňa eýerip, bu ýoly ýörelge edinerler. Şunlukda, seniň mysalyň bir otluk meýdana girip, gerk-gäbe doýan, soňra semiz görlüp, öldürilip iýilýän düýä meňzär».
Töwratda şeýle diýilýär: «Bir emelda­rynyň raýatlara eden zulumyny görse-de, görmezlige salyp, göz­ýumujylyk etse we onuň bu hereketlerini garawsyz goýsa, onda bu soltanyň özüniň zulum etdigi bolar. Ol zulumyň günäsi soltanyň gerdenine ýüklener».
Adyl diýip – zulum-sütemden, şöhwetden özüni daşda saklaýan we gahary özüne golaýlaşdyrmaýan adama aýdylýar. Akmak diýip – özüniň dinini we ahyretini bigaýratlyk bilen başga dünýä satan kişä aýdylýar. Zalym diýip – öz hökümdaryny dowzaha ibermek we özüniň bet niýet-pygyllaryna ýetmek üçin, zulum-sütemi hökümdarynyň gözüniň alnynda bezeg hökmünde goýan kişä aýdylýar. Eýsem, seniň heläk hem betbagt bolmagyň ugrunda elinde baryny edip, çyrpynyp hars urýan kişiden uly we howply duşman bolup bilermi?!
Bu ýaramaz häsiýetlerdir endikleriň hötdesinden diňe zulum-şöhwetden özüni gorap bilýän, gahary özünden daşda tutýan kişi gelip biler. Bularyň hemmesini bolsa diňe akylyň kömegi bilen amala aşyryp bolar.
Akyl perişdeleriň jöwheridir. Şöhwetdir gahar-gazap bolsa Iblisiň leşgerindendir. Adalat güneşini ilki öz gursagynda şöhlelendirmeli. Şonda adalat nury ilki bilen maşgalaňa, ýakyn-ýaranlaryňa, emeldarlaryňa we soňra raýatyňa ýeter. Eger kim güneşsiz, şöhle gözlese, bu onuň mümkin bolmadyk zady talap etdigidir.
Bilgin we ägä bolgun, eý, yslam soltany! Adyllyk kämil akyldan gözbaş alýandyr. Kä­mil akyl bolsa her bir zady asyl bolşunda görüp, her bir zadyň hakykatyna, özenine, änigine-şänigine ýetip, daşky keşbe aldan­mazlykdyr. Eger onuň maksady datly tagam iýmek bolsa, onda ol adam şekilindäki haýwandyr. Açgöz­lük edip iýmek haýwanlara mahsusdyr. Eger onuň maksady owadan ýüpek eşik geýmek bol­sa, onda ol erkek kişiniň şekilindäki aýal­dyr. Çünki, bezenmek aýal işidir. Eger onuň maksady adamlara gaharyny pürküp, özüni görkezmek bolsa, onda ol adam sypatyndaky ýyr­ty­jy haýwandyr. Çünki, gaharlanmak ýyrty­jy­laryň işidir. Eger onuň maksady adam­la­ry özüne gulluk etdirmek bolsa, onda ol akylly kişiniň sypatyndaky akmakdyr. Akylly-başly adam öz gullugyndaky hyzmatkärleriň hojaýyny üçin hyzmat etmän, öz gara garynlarynyň ýesiridiklerine we bet şöhwetleri üçin hyzmat edýändiklerine oňat düşüner. Muňa delil hökmünde şeýle mysaly getir­mek bolar:
Haçanda, hyzmatkärler hökümdarlygyň baş­ga birine beriljekdigini eşitseler, derrew öz hökümdarlaryndan ýüz öwrüp, indiki hökümdarlyk beriljek ada­myň ýanyna okdurylyp barmany hiç zatça görmezler. Olar ni­rede özleri üçin nep bardygyny bilseler, derrew şol ýeriň hyzmatyny saýlap alarlar. Hakykatda olar diňe öz-özleriniň hyzmatyny ederler. Her bir işiň suratyny däl-de, hakykatyny we ruhuny bilýän adam – akylly adamdyr. Kim muňa şeýle düşünmese, ol akyl eýesi däldir. Akyly bolmadykda – adyllyk ýokdur. Adyl bolmadygyň bolsa jaýy dowzahdyr. Şu sebäpli ähli bagtyýarlyklaryň özeni akyl­dyr.
 


4. Patyşalaryň gahar-gazapdan daş durmagy hakda

Men-menlik, tekepbirlik edýän soltana üstünlik, ýeňiş hem şowlulyk nesip edýän däldir. Tekepbirlikden gahar üstün çykýandyr we ol üstün çykandan soňra hökümdary soňy ölüm bilen gutarýan ar alyşa çagyrýandyr. Haçanda, tekepbirlik asgyn gelip, ýeňlişe ýan berende, geçirimlilik tarapa ýykgyn etmelidir (ýönelmelidir). Çünki, bu häsiýeti özüne pişe edinen pygamberlere, welilere we sahabalara meňzär. Gahar-gazaby özüne pişe edinen ýyrtyjy şire meňzär. Ondan haýwanlaryň ysy geler.
Hekaýat: Aýtmaklaryna görä, Abu Japar özüniň bir hyzmatkäriniň üstüne gazap bilen gygyrýar. Şol wagt Mübärek ibn Fazala häzir bolýar. Ol:
– Eý, möminleriň emiri, ilki menden Al­la­nyň resulynyň aýdan bir sözüni eşit – diýýär.
Abu Japar:
– Aýt – diýýär.
Ol:
– Hasan Basrynyň rowaýat etmegine görä, Allanyň resuly (s.a.w.) şeýle diýipdir: «Kyýamat güni hemmeleri giň sähra üýşüren wagtlary, jarçy jar çekip: «Kim Allanyň razylygy üçin, bir kişiniň günäsini bagyşlap, geçirimlilik eden bolsa, ýerinden tursun» diýer. Şonda diňe günä geçenler ýerlerinden turarlar» – diýýär.
Abu Japar:
– Ondan eliňizi çekiň, men onuň günäsini geçdim – diýýär.
Patyşalary gahar-gazaba öjükdirýän zat olaryň garşysyna gitmeklik we olara dil uzatmaklyk ýaly zatlardyr. Şeý­le ýagdaýda olar Isa pygamberiň Ýahýa ibn Zekerýa pygambere aýdan sözüni ýada salmalydyrlar. Ol şeýle diýipdir: «Eger kim saňa dogry söz aýtsa, şükür et! Eger ýalan söz aýtsa, has köp şükür et! Çünki, seniň amallar diwa­nyňda hiç bir kynçylyksyz sogap amaly ýazylar, ýagny ol kişiniň ybadatynyň sogabyny seniň sogap diwanyňa geçirerler».
Bir gezek pygamberimiz Muhammet alaý­hys­salamyň ýanynda bir adamy güýçlülikde magtap, arşa çykarypdyrlar . Pygamberimiz:
– Ol nähili güýçli? – diýip sorapdyr.
Olar:
– Ol göreşde tutluşyp, güýç synanyşan adamlarynyň ählisini agdarýar, hiç birini aman sypdyrmaýar – diýipdirler.
Resulalla olara:
– Güýçli – göreşde adam ýykýan däl-de, ga­harynyň öňünde gylyjyny keserdip goýup bilýän adamdyr – diýipdir. 
 

* * *
 
Pygamberimiz (oňa Allanyň salamy bol­sun!) aýtdy: «Üç sany zadyň hötdesinden gel­megi başaran kişiniň imany kämil bolar: gahary gelende, ony ýuwdup bilýän, şatlanan pursatynda, ynsabyny ýitirmeýän, güýç-kuw­wata, hökümdarlyga eýe bolanda, öz ha­kyn­dan artyk almaýan kişi».
 
* * *
 
Omar Hattap (goý, ondan Alla razy bolsun!) aýtdy: «Bir-ä kynçylykda, birem üle­şikde synap görmedik bolsaň, hiç ki­şiniň häsiýetiniň gowulygyna we ynsaplylygyna kepil geçme!
 
* * *
 
Aly ibn Hüseýin Zeýnelabydyn (ondan Alla razy bolsun!) bir gün metjide bardy. Şonda bir kişi oňa ýaramaz sözler aýdyp sö­gündi. Alynyň gulamlary ol kişini urma­ga başladylar. Şol wagt Aly olara:
– Ondan eliňizi çekiň! – diýdi.
Soňra ol kişä garap:
– Seniň men barada bilýän zadyňdan bil­meýän zadyň köpdür. Meniň bitirip biljek zadymdan heý bir dilegiň barmy? Eger bar bolsa, aýt, ony ýerine ýetireýin – diýdi.
Ol kişiniň utançdan ýaňa ýüzi gyzaryp gitdi. Aly öz egnindäki eşigini çykaryp, oňa berdi. Soňra ýene müň dirhem çykaryp ber­di. Ol kişi muny görüp aglamaga başla­dy hem-de:
– Megerem, bu sahawatly kişi – pygamberiň per­zendinden başga hiç kim bolup bilmese gerek – diýdi.
 
* * *
 
Zeýnelabydyndan şeýle rowaýat edýärler: Ol bir gün gulamyny çagyryp, iki gezek gy­gyrýar, emma ol muňa jogap bermeýär. Onsoň Zeýnelabydyn onuň ýanyna baryp, oňa:
– Näme meniň sesimi eşitmediňmi? – diýýär.
Gulamy:
– Eşitdim – diýýär.
Zeýnelabydyn:
– Onda näme üçin jogap bermediň? – di­ýip soraýar.
Gulamy:
– Seniň ýagşy häsiýetiňiň meni ynjyt­majakdygyndan arkaýyndym we meniň üstüme gaharyňy pürkmejekdigiňi bilýärdim – diýip jogap gaýtarýar.
Bu jogaby eşiden Zeýnelabydyn:
– Hudaýa şükür, meniň gulamym menden ar­ka­ýyn eken – diýýär.
 
* * *
 
Zeýnelabydynyň bir gulamy bar eken. Gu­lam bir gün bir hata bilen onuň goýnunyň aýagyny döwýär. Zeýnelabydyn ondan:
– Näme üçin beýle etdiň? – diýip soraýar.
Gulamy oňa:
– Seniň gaharyňy getirmek üçin, bilgeş­leýin etdim – diýip jogap berýär.
Bu jogaby eşiden Zeýnelabydyn:
– Meniň häzir saňa däl-de, saňa bu zat­lary öwreden kişä, ýagny Iblise gaharym gel­ýär – diýýär. Soňra ol «Taňra sygynan güýç-kuwwat tapar» diýýär-de, gulamy azat edýär.
 
* * *
 
Bir adam Zeýnelabydyna kemsidiji söz­ler aýtdy. Zeýnelabydyn oňa şeýle diýdi:
– Eý, juwan adam! Men bilen dowza­hyň arasynda bir daşly ýol bardyr. Eger men ondan geçip bilsem, seniň bu sözleriňden gor­kup duramok. Eger ondan geçip bilmesem, onda bu meniň seniň aýdan sözleriňden hem ýara­maz­ boldugymdyr.
 
* * *
 
Pygamberimiz (oňa Allanyň salamy we salawaty bolsun!) aýtdy: «Meniň ymmatymdan bolan şeýle bir kişiler bardyr, olar özleriniň ýumşak we ge­çirimli häsiýetleri bilen gündiz oraza­ly, gije namazly bolan kişiniň derejesi­ne eýe bolarlar. Ýene bir kişi bardyr: ol kişi öz öýünden başga hiç ýere hökümdarlyk etme­se-de, onuň ady zalymlar depderine ýazylar».
Ýene-de pygamberimiz Muhammet: «Dowzahda bir gapy bolup, ol gapydan diňe gaharyny şerigatyň makullamadyk işlerine pürken adam girer» diýýär.
 
* * *
 
Iblis hakdaky rowaýatda şeýle diýilýär: «Bir gün Iblis Musa alaýhyssalamyň ýanyna gelip, oňa şeýle diýdi:
– Maňa öz Hudaýyňdan bir hajatymy di­läp berseň, saňa üç sany zady öwredeýin.
Musa sorady:
– Ol üç zat haýsylar bolup biler?
Iblis aýtdy:
– Birinji, gyzmalykdan heder et. Gyzmalyk – bu bisabyrlykdyr. Men ony edil çagalaryň top oýnaýşy kimin oýnaýaryn. Ikinji, aýallardan heder et. Men adamlary azdyrmak üçin, aýallar ýaly başga hiç hili ynamdar duzak guran däldirin. Üçün­ji, bahyllykdan heder et. Kim bahyl­ bolsa, men onuň dinini we dünýä­sini harap ederin.
 
* * *
 
Pygamberimiz (oňa Allanyň salamy bol­sun!) aýtdy: «Kim gaharyny ýuwdup, gazabyny kowup bilse, seniň Hudaýyň onuň kalbyny asudalykdan hem rahatlykdan püre-pür eder. Eger kim sabyr, çydamlylyk donuny geýen bolsa, seniň Hudaýyň ony keramat lybasy bilen bezär».
Ýene-de pygamberimiz aýtdy: «Waý, gaharlanan çagy, seniň Hudaýyňy ýatdan çykaran kişileriň halyna!».
 
* * *
 
Bir kişi pygamberimize (oňa Allanyň sa­lamy bolsun!) aýtdy:
– Şonuň bilen behişte barar ýaly, maňa bir hünär öwret!
Pygamberimiz aýtdy:
– Hiç haçan gahara ýol berme, şon­da seniň jaýyň behiştde bolar we ikindi namazyndan soň, ýetmiş gezek «Alla, günämi geçewer» diýip, ýalkaw dile. Şon­da seniň ýetmiş ýyllyk günäň geçiler.
Ol aýtdy:
– Meniň ýetmiş ýyllyk günäm ýok.
Pygamberimiz aýtdy:
– Onda kakaň günäsiniň geçilmegini dile! Şonda onuň günäsi geçiler.
 
* * *

 
Abdylla Mesgut şeýle rowaýat edýär:
«Bir gün pygamberimiz (oňa Allanyň sa­la­my bolsun!) ýaranlarynyň arasynda olja paýlaýardy. Şonda bir kişi: «Bu paýlaşyk ne Hudaý üçindir, ne-de bu paýlaşykda adalat bardyr» diýdi. Men onuň bu sözlerini pygamberimize ýetirdim. Pygamberimiziň muňa gaty gahary geldi we ýüzi gyzaryp gitdi. Soňra ol: «Hudaýtagala doganym Musa rehmet edewersin, ony mundan ar­tyk ynjytmawersin» diýen sözlerden başga hiç zat aýtmady we sabyr etdi».
Habarlardan we hekaýatlardan getirilen şu gürrüňleriň özi hem hökümdara many alarlyk hem ýeterlik nesihat bolup biler. Iman esasy aslynda bar bolsa, şu aýdylanlaryň özem tä­sir alarlykdyr. Eger täsir etmese, bu onuň ýüreginiň imandan boşlugynyň we ondan di­ňe bir at nyşan galandygynyň alamatydyr.
Bir emeldar zerurlyk bolmazdan, her ýylda musulmanlardan ep-esli mal-baýlyk toplap, olary saklamak üçin, başga biriniň garamagyna ber­se, kyýamat güni bu zatlar emeldardan ta­lap ediler. Ol baýlyklaryň renç­dir azaby we musulmanlaryň gargyşlary emeldara siňer. Bu bolsa aňrybaşy gaflatlykdyr we musulmançylyga sygmaýan zatdyr.


5. Patyşalaryň özüne rowa görmedik zady raýatlaryna hem rowa görmezligi hakda

Hökümdar: «Ody özüňe bas, ötmese – kesekä» diýlen nakyly ýörelge edinmelidir. Ol şonda raýat hökmünde özüne rowa gör­medik zadyny hiç bir musulmana hem rowa görmez. Eger özüne unamadyk zadyny özge musulmanlara unaýsa, bu onuň hökümdarlyga hyýanat hem ikilik etdigi bolar.
 
* * *
 
Bedr güni pygamberimiz saýada otyrdy. Şol wagt Jebraýyl gelip:
– Sen saýada, sahabalaryň bolsa günüň as­tynda otyrlar. Bu näme üçin beýle bolýar? – diýip käýindi.
Şonda pygamberimiz saýadan aýrylyp, şeý­le diýdi:
– Kim dowzahdan halas bolup, behişte düş­mek islese, ölüm halatynda: «Lä-ilähä illallah» kelemesini ýatlamalydyr, özüne una­madyk zadyny özgelere-de unamaly däl­dir.
Pygamberimiz ýene-de aýtdy:
– Säher bilen oýananda, kalbynda Allata­galadan başga pikiri bolan kişi Allanyň halan adamsy däldir. Musulmanlaryň işin­den we olara ýardam bermekden daşda bolan adam musulmanlardan däldir.
 

6. Halkyň hajatlaryny bitirmek hakda

Hökümdar öz dergähiniň öňündäki hajat eýelerini, arzy-hal aýtmaga gelenleri ejiz saýmaly däldir. Olaryň hajatlaryny bitir­mez­likden geljek bu howpdan heder etme­li­dir. Çünki, musulmanlarda ýekeje hajat hem bar bolsa, patyşa üçin hiç bir nepil ybada­tyň[6] zerurlygy ýokdur. Hajaty bitir­mek – ähli nepillerden haýyrlydyr.
Bir gün Omar Abdyleziz tä öýle namazyna çenli halkyň hajatyny bitirmek işi bilen güm­ra boldy. Soňra ýadap, bir sagat dynç al­mak üçin öýüne girdi. Şol wagt ogly oňa ga­rap:
– Sen ne beýle arkaýyn! «Duýdansyz ajal ýakamdan tutup, dergähimiň agzynda duran kişi­niň hajatyny bitirip ýetişmän, kyýa­mat güni onuň öňünde günäkär bolaýmaýyn» diýip gorkaňokmy? – diýdi.
Omar:
– Sen dogry aýdýaň – diýip, ör turdy we derrew yzyna çykyp, hajat eýeleriniň hajatlaryny bitirmek, ezilenlere hossarlyk etmek ýaly işler bilen meşgullanyp başlady.
 

7. Ähli zatda kanagatlylyk hakda

Hökümdar hiç haçan şöhwet bilen meşgul bolmagy endik edinmeli däldir. Ol ýagşy, göze gelüwli eşikleri geýer, ýakymly tagamla­ry iýer. Ähli zatlarda kanagatly bolar. Kana­gatsyz bolup, adyllyk etmek mümkin däldir.
Omar Hattap (goý, ondan Alla razy bolsun!) bir musulman kişiden:
– Heý, meniň halanmaýan hereketim hakda bir zat eşitmediňmi? – diýip sorady.
Ol:
– Hawa, eşitdim. Saçagyňda hurşluk üçin, iki sany çörek goýýan ekeniň. Iki sa­ny köýnegiň bolup, olaryň biri her gündizki, beýlekisi her gijeki geýýän köýnegiň ekeniň – diýip jogap berdi.
Omar:
– Mundan başga-da barmy? – diýdi.
Ol:
– Ýok – diýdi.
Omar:
– Eý, Allam! Bu ikisi-de bolmadyk bol­sa­dy! – diýdi.
 

8. Her bir işde mylaýym bolmak hakda

Ähli işlerde mylaýym hem ýumşak bolmaly, mylaýymlyk bilen berjaý etmeli. Pygamber alaýhyssalam aýtdy: «Eger kim öz raýaty bilen ýumşak hem mylaýym gatnaşyk etmese, kyýamatda onuň özüne hem myla­ýym­lyk etmezler. Kim özüniň raýatyna gyňyrlyk bilen garasa, seniň Hudaýyň hem oňa gyňyrlyk bilen sereder».
Pygamberimiz doga edip, ýene-de şeýle diýdi: «Eý, Alla! Raýaty bilen mylakatly gatnaşyk eden häkime Sen hem mylakatly­lyk et! Gödeklik edene Sen hem gazaplylyk et!».
Ol ýene-de aýtdy: «Häkimlik – häkimligiň borjuny ýerine ýetirýän kişi üçin gowy zat­dyr. Häkimlik – häkimligiň borjuny öde­me­ýän kişi üçin erbet zatdyr».
 

* * *

 
Halypalardan bolan Heşam ibn Abdylmä­lik alymlardan bolan Abu Hazymdan sorady:
– Halypalyk işinde günäden halas bol­magyň çäresi nämedir?
Ol aýtdy:
– Alýan her bir dirhemiňi halal ýerden al. Berýän dirhemiňi hakly ýere ber.
Heşam ibn Abdylmälik sorady:
– Muny kim edip biler?
Abu Hazym aýtdy:
– Dowzahy ýigrenýän we behişte umydy bolan adam edip biler.
 

9. Raýatlaryň razylygyny gazanmak hakda

Hökümdar şerigata laýyklykda, ähli raýat­laryň razylygyny gazanmak üçin, tagalla baryny etmelidir. Pygamber alaýhyssalam sahabalara ýüzlenip, şeýle diýdi: «Sizi go­wy görýänleri siz hem gowy görseňiz, bu meniň ymmatymyň iň gowusydyr. Sizi duş­man saýany siz hem duşman saýsaňyz, size nälet okaýana siz hem nälet okasaňyz, bu me­niň ymmatymyň iň ýaramazydyr».
Hökümdar öz gaşyna gelip, özüne hamdy-sena aýdýan kişini görende, ähli raýatlar özünden razydyr öýdüp, men-menlik etmeli däldir. Çünki, olaryň hemmesi gorkudan bolýan zatlardyr. Hökümdar ýagşy aňtamak we halkdan özüniň hem ýurdunyň ahwallary barada soramak üçin, ynamdar adamlaryny halkyň içine goýbermelidir. Şeýle etse, öz kemçiligini we bärden gaýtmalaryny halkyň agzyndan eşidip biler. Şu düzgüni ýörelge edinmese, özüni dowzah oduna oklar.
 

10. Allatagalanyň närazylygyna galmazlyk hakda

Hökümdar şerigata ters gelýän zatlarda hiç kimiň razylygyny gazanjak bolmaly däl­dir.
Möminleri emiri Omar Hattap (goý, ondan Alla razy bolsun!) şeýle aýdýar: «Her gün ir bilen turanymda, halkyň bir bölegi menden närazy bolýarlar, ýene bir bölegi bolsa razy bolýarlar». Halkyň razylygyny gazanjak bolup, Allatagalanyň närazylygyna galan – barypýatan akmak kişidir».
 

* * *
 
Mugawyýe Äşä (ondan Alla razy bolsun!): «Maňa bir gysgajyk pendi-nesihat bersene!» diýip, hat ýazypdyr.  Äşe oňa pygamber alaýhyssalamdan eşiden zadyny beýan edip, şeýle ýazypdyr: «Kim Haktagalanyň razyly­gy­ny halky hoş etmekden gözlese, seniň Hudaýyň ol adamdan razy bolar. Şeýle-de, Alla halky hem şol adamdan razy eder. Eger kim halkyň hoşlugyny Hudaýyň halamajak işlerinden gözlese, Haktagala ondan närazy bolar. Halky hem ol adamdan bizar we närazy eder».
 
 

[1] Ibn Apbas – Muhammеt pygambеriň agasy Apbasyň ogly Abdylla.
[2] Mähr – öýlеnýän kişiniň aýalynyň hut özünе bеrmеgi äht edеn galyňy.
[3] Syddyk – hеzrеti Abu Bеkriň lakamy.
[4] Faruk – hеzrеti Omaryň lakamy.
[5] Gurhanyň 45-nji («Dyza çöküjilеr») sürеsiniň 21-nji aýaty.
[6] Nеpil ybadaty – parz bolmadyk, mеýlеtin еrinе еtiril­ýän ybadat.