بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Abu Bekr as-Syddykdan (r.a.) habar berilýär: «Bäş sany tümlük bar we olaryň içinde bäş sany çyra bar: 1) bu dünýä bolan söýgi – tümlükdir, onuň çyrasy bolsa – takwalykdyr; 2) günä – tümlükdir, çyrasy – tobadyr; 3) gabyr – tümlükdir, onuň çyrasy imandyr; 4) ahyriýet – tümlükdir, onuň çyrasy bolsa – haýyrly amallardyr; 5) Syrat köprüsi – tümlükdir, onuň çyrasy bolsa – akydadyr (ýakyn)».

Başy » Kitaplar » Soltan Sanjara bagyşlanan nesihatlardan parçalar » IMAN KÖKÜNIŇ YNANÇ ESASLARYNYŇ BAŞLANMAGY

1. Allatagalanyň barlygy hakda

Bilgin, eý, patyşa! Sen bir Ýaradylansyň! Seni ähli halaýygy ýaradan Beýik Alla Ýaradandyr. Alla birdir. Onuň hiç zada we hiç kime mätäçligi ýokdur. Ol taýsyzdyr (Onuň taýy ýokdur). Hemişe bolar. Onuň barlygynyň başlangyjy ýokdur. Şeýle hem Onuň barlygynyň soňy-da ýokdur. Onuň barlygy ezelde-de, ebedilikde-de wajypdyr. Onuň ýanynda ölüme hiç hili ýol ýokdur. Beýik Alla seniň hiç bir zadyňa mätäç däldir. Oňa mätäç bolmadyk hiç zat ýokdur. Bar bolan zatlaryň ählisi Onuň bilendir.

2. Allatagalanyň päkligi hakda

 Haktagalada hiç hili şekil, ten, göwre ýokdur. Ony hiç bir göwrä ýerleşdirip bolmaýar. Onuň ýanynda nähili, neneňsi diýen sypatlara orun bolup bilmez. Çünki, Ol hiç bir zada meňzemeýändir. Adamyň pikir-hyýalyna, aňyna, göz öňüne gelýän näçe, nähili diýen garaýyşlaryň hemmesinden Seniň Hudaýyň juda päkdir. Bularyň ählisi ýaradylanlaryň sypatlarydyr. Ol adamdaky hiç bir sypat bilen sypatlanan däldir. Ol diňe bir ýerde gozganman duran däldir. Ol diňe bir ýere baglanan we bir ýerde mekan tutan däldir. Älemdäki ähli zatlar Arşyň[1] astyndadyr. Arş onuň gudratynyň astyndadyr. Şeýle-de Arş Oňa tabyn, boýun egiji we gulluk edijidir. Arş Ony göteriji däldir, gaýtam, Arş we Arşy göterijiler Onuň lutfy-yhsanynyň, gudratynyň gorap hem göterip duran zadydyr. Ol häzir hem asylky sypatyndadyr. Arşy ýaradandan soň hem Arşa mätäç bolmady. Ondan soňra-da öňküligine galdy. Oňa we sypatlaryna hiç haçan üýtgeme ýokdur. Ol ähli ýaradylanlaryň sypatlaryndan päk hem päkizedir. Beýik Allany şu sypatlary arkaly bu jahanda tanamalydyrys, o jahanda görmelidiris. Şeýle-de bu jahanda Ony şeksiz-şübhesiz tanamalydyrys. 
 

3. Allatagalanyň gudraty we başarnygy hakda

Seniň Hudaýyňyň kämilligine we başarjaňlygyna şek ýetirip biljek zat ýokdur. Gudraty we başarjaňlygy aňrybaşy derejede bolup, Onuň ýanynda nogsan­ly­ga, peslige we ejizlige hiç hili orundyr ýol bolup bilmez. Ol islän zadyny eder. Ýedi Asman, ýedi gat Ýer, Arş, Kürs[2] we ähli barlyklar Onuň gudrat­ly gysymynda tabyn hem boýun egijidir.

4. Allatagalanyň ylmy hakda

 
Seniň Hudaýyň danadyr. Hemme zady biliji­dir. Onuň ylmy ähli zatlary gurşawyna gurşap alan­dyr. Asmanyň çür depesinden ýedi gat Zeminiň jümmüşine çen­li bolan zatlar Onuň biliminden syp­yp bilmez.
Çägesöw çöl­lük­däki sansyz çäge bölejikleri, ýagyş-ýagmyr damjajyklary, derekleriň ýapraklary, ýürek­le­riň sedalary, howadaky tozgajyklar we as­man jisimleri Onuň ylymdaky açyşlary­dyr.
 

5. Allatagalanyň islegi we erki hakda

 
Bütin älemdäki zatlaryň ählisi Allataga­la­nyň islegi we erki bilen bolýandyr. Onuň islegi, erki, buýruk-permany we hökümi bolmaz­dan, az-köp, uly-kiçi, haýyr-şer, peý­da-zyýan, köplük-azlyk, nogsan-üstünlik, azap-rahatlyk, saglyk-ýarawsyzlyk ýaly zatlaryň hiç biri bolmaz. Eger älemi gurşap duran ähli zatlar birleşip, älemiň birje zerrejigini ýerinden gozgajak bolsalar, ýa butnatman ýerin­de saklajak bolsalar, ýa köpeltjek ýa-da azaltjak bolsalar, Onuň eradasy bolmazdan, olaryň ählisi ejiz bolarlar we bu işiň hötdesinden gelip bilmezler. Seniň Hudaýyň näme islese, şolam bolar. Bar, bolan we indiki boljak zatlaryň hemmesi Onuň takdyry bilendir.
 

6. Allatagalanyň görüjiligi we eşidijiligi hakda

 
Seniň Hudaýyň danalygy we her bir zady bilgirligi ýaly, eşidiji we görüjidir. Ol her bir zady görýändir we eşidýändir. Alla­nyň eşidijiliginiň ýanynda uzaklygyň we ýakynlygyň, görüjiligi­niň ýanynda ýagtylygyň we garaňkylygyň par­hy bolmaz. Ol görmek üçin göze, eşitmek üçin gulaga mätäç däldir. Bilmek üçin pikirlenmäge we serişdä mätäç däldir. Ol hereket etmek üçin hem serişdä we gurala mätäçlik çekmez.
 

7. Allatagalanyň sözleýjiligi hakda

 
Allatagalanyň buýruk-permany ähli halk üçin ýörgünlidir we wajypdyr. Allanyň ha­ba­ry haýsy zat barada aýdylan bolsa-da, rastdyr we dürsdir. Onuň wadalarydyr duýduryşlary hakdyr. Şeýle-de, Ol Beýik hem Päk – Dana, Görüji, Eşidiji we Sözleýjidir. Ol Musa bilen söz sözleşdi. Onuň sypaty gadymy hem müdimidir. Sözlemek üçin agza, dile we dodaga mätäç däl­dir.
Gurhan, Töwrat, Injil, Zebur – ählisi  – Onuň sözle­ridir. Onuň sözi – Onuň sypatydyr. Adamyň sözi ses we harpdan hasyl bolýandyr. Allatagala sözlemek üçin sese we harpa mätäç däldir. Ol bularyň hemmesinden päk hem sapdyr.
 

8. Allatagalanyň hereketi hakda 

 
Älemdäki ähli zatlar Allatagalanyň ýara­da­nydyr. Ýaradylanlardan hiç birisiniň Oňa ilteşigi bolmaz. Ýaradylanlardan: gaýgy-rahatlyk, saglyk-näsaglyk, baýlyk-derwüşlik, danalyk-akmaklyk we ejizlik hem tutanýerlilik ýaly zatlaryň ählisi Onuň adyl­lyk bilen ýaradanlarydyr. Seniň Hudaýyň hiç kime zulum edýän däldir. Älemdäki bar bolan ähli zatlar Hudaýtagalanyň ygtyýaryndadyr. Ol ähli zatlaryň hojaýynydyr. Hiç kim Onuň ýaradan zatlaryna nä­hili, näme üçin diýen soraglary bermäge milt edip bilmez. Onuň her bir edýän işine seretmekden, boýun, kaýyl we razy bolmakdan başga çäre ýokdur. 

9. Ahyretiň beýany hakda

Seniň Hudaýyň älemi jan we göwre görnüşde ýaratdy. Özleriniň ahyret azyklaryny bu älemden almaklary üçin, göwräni adamlaryň janynyň menzilgähi etdi. Her jana göwrede bolmak, ýaşamak üçin, belli bir möhleti kesgitledi. Ol möhletde artyklyk ýa kemlik diýen zat ýokdur. Haçanda ajal gelende, ruh tenden jyda düşer. Merhumy topraga duwlanlarynda, Müňker we Nekir hem gelip ýetişerler. Onsoň ýene-de merhuma jan hem göwräni gaýdyp bererler. Müňker-Nekir oňa Hudaý we Onuň pygamberleri hakda sowal bererler. Eger dymsalar, oňa gabyrda azap çekdirerler we gabryny ýylandyr içýan bilen doldurarlar. Eger gowy jogap berse, onuň gabryny behişt bossanlyklaryndan bolan bir bossanlyga öwürerler. Kyýamatda ruhy göwrä bererler hem-de ählisini turuzarlar. Her kim namada ýazy­lan öz işlerini görenlerinde, bu dünýede eden işleri­niň ählisini ýatlaryna salarlar. Onuň taga­tynyň we günäsiniň mukdaryny şol işe laýyk bolan terezide mälim ederler. Ol terezi bu dünýädäki terezilerden düýpgöter üýtgeşikdir. Bu üýtgeşik täsin terezi her kimiň ýagşy-ýaman işlerini, amallaryny ölçäp deňeşdirer we her haýsynyň eden işine görä hakyny berer. Ondan soňra hemmeleri saçyň taryndan inçejik, gy­lyçdan hem ýiti bolan Syrat köprüsinde duruzarlar. Eger kim-de kim bu dünýäde göni ýoluň üstünde dogry ýörän bolsa, Syratdan kyýamata sag-salamat baryp düşer. Kim-de kim bu jahanda bu zatlaryň tersine hereket eden bolsa, dowzaha ba­ryp düşer. Syratda hemmeleri saklarlar we eden işleriniň ählisi barada hasabat sorarlar. Bir topa­ry hasap soramazdan, behişte alyp giderler. Bir topardan aňsatlyk bilen, ýene bir topar­dan kynçylyk, agyrlyk bilen hasap sorar­lar. Ahyrsoňunda, kapyrlary dowzaha ibererler. Şeýle-de musulman topalaňçylaryny hem dowzaha ýollarlar. Ol ýerde olaryň her haýsynyň eden günälerine görä jeza bererler, birnäçeleri bolsa jezalandyrylmaz. Py­gamberleriň, ulamalaryň we dindarlaryň tarapyny tutanlaryň günäleri geçiler we dowzah odundan halas bolarlar. Elbetde, hiç bir kapyra hiç bir kişi rehim edip bilmez. Kapyrlar babatda edilen rehim-şepagatlar hiç haçan kabul bolmaz. Olaryň jaýy ebedilik dowzahdan başga hiç ýer bolup bilmez. Haktagala ozaldan birnäçe adamyň ebedi betbagt, birnäçe adamyň ebedi bagtly boljakdyklaryny Bilijidir.  
 

10. Allatagalanyň pygamberleri hakda

Bilgin, eý, hökümdar! Allatagala adamza­dyň işleriniň we hereketleriniň käbiri­niň betbagtlyga, käbiriniň bolsa bagtyýar­ly­ga sebäp bolmagyny ýazgyt edipdir. Adam­zat olary öz-özünden bilip-bilmez. Taňry özü­niň pazly-keremi, rehmeti bilen periş­de­leri ýaradyp, olara ezeli günde bagtyýarlyk höküm edilen kişileri, ýagny pygamberleri bu syrdan habarly etmekligi buýurdy. Py­gam­berlere habar berip, halkyň bagtyýarlyga we betbagtlyga eltýän ýoluny äşgär ederleri ýaly, şeýle hem hiç kim seniň Hudaýyňdan şi­kaýat edip bilmez ýaly, olary halkyň arasyna iberdi. Bularyň hemmesinden soňra, biziň il­çimiz Muhammet Mustapany (oňa beýik Al­lanyň salamy bolsun!) halkyň içine iber­di. Al­la­tagala jynlardan we ynsanlardan başlap, ýaradylanlaryň barçasyna Onuň yzyna eýer­mek­ligi buýurdy. Onuň ýaranlarydyr sa­habalaryny (goý, olardan Alla razy bolsun!) başga pygamberleriň ýaranla­ryn­dan we sahabalaryndan iň oňat edip saýlady.
 

[1] Arş – еdi gat asman gutarandan soňky bеýiklik. Asmanyň dokuzynjy gaty.
[2] Kürs – еdi gat asmandan ýokarda, Arşdan aşakda еrlеşýän sеkizinji gat asman. Ähli barlyklaryň ýazgytlar kitaby (Lowhul mahfuz) hеm şol еrdе saklanýar.