بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Hikmetler ummanyndan:

Ali (r.a.) aýdypdyr: «Din we bu dünýe özleriniň barlyklaryny bes ýetmezler, egerde dört görnüşli adamlar barkalar: 1) özlerine berilen ryzkdan gysganmaýan baýlar barka; 2) alan ylymlaryna amal edýän alymlar barka; 3) bilmeýän zatlarynda tekebirlik etmeýän nadanlar barka; 4) bu dünýe üçin bakyýeti satmaýan garyplar barka».

Başy » Kitaplar » Soltan Sanjara bagyşlanan nesihatlardan parçalar » IMAN DARAGTYNYŇ SUWLANÝAN SAKASY BOLAN IKI ÇEŞME

Iman daragtynyň kökleri we şahalary mä­lim bolandan soň, ol agajyň ondan suw içýän iki sany ylym-bilim çeşmesini öw­ren­mek zerurdyr.
Birinji çeşme – dünýäni tanamak, ýagny dünýä näme we adamzadyň dünýä näme üçin iberilendigine akyl ýetirmekdir.
Bilgin, eý, yslam soltany! Dünýä karargäh däl-de, bir menzilgähdir, düşelgedir, gonal­gadyr. Ömrüňden geçip barýan her bir ýylyň edil syýahatçynyň bir günde geçýän menzili kimindir. Her bir güni syýahatçynyň geçýän bir parsahlyk ýoly, her bir demi onuň bir ädimi ýalydyr.
Seniň alýan her bir demiň seni ahyrete barha golaýlaşdyrýandyr. Bu dünýä bir köpri my­sa­lyndadyr. Kim köpriniň üstündekä saraý gurmak, ymarat galdyrmak bilen meşgul bolsa we şonuň bilen ömrüni geçirip, bu dünýäniň menzilgähdi­gi­ni unutsa, ol adam biakyldyr.  
Akylly adam şeýle bolar: ol dünýä menzilgähinde ahyret azygynyň aladasyndan başga hiç zat bilen meşgul bolmaz. Dünýä nygmatlaryndan diňe özüne ýeterlik muk­daryny alyp, şonuň bilen kanagat eder. Dür­li nygmatlardan gereginden artyk top­lanan zatlar seniň başyňdan hasrat tohumy bolup iner we ölüm howply zäher bolar. Ölüm pillesi jan tabşyrmak saňa gaty kyn düşer. «Halala hasap bar, ha­rama – azap». Bu dana sözüň birinji böle­gin­de mal-baýlygyň halal ýol bilen ýygnalan wagtyndaky ýagdaý beýan edilýär, ikinji bö­leginde bolsa mal-baýlygyň haramlyk bilen toplananda, ol kişiniň öz ahyretiniň aza­byny bu hasratdan hem beter agyrlaşdyr­jak­dygy aýdylýar.
Dünýäniň birnäçe günlük mähnetine sabyr edip, muşakgatlaryna döz gelseň, ebedi patyşalyk taparsyň. Bu diňe akylly hem özüne erk edip bilýän adamlara başardýandyr.


* * *

Bilgin, eý, yslam soltany! Dünýäniň he­zilligi birnäçe günlükdir. Ol hem gaýgy-hasrat, jebir-jepa bilen garylandyr. Şol birnäçe günlük sabyrdan baky rahatlyk we ebedi patyşalyk hasyl bolýandyr. Hemişelik rahatlyk üçin, bir­näçe günlük sabyr – akylly, parasatly kişi üçin aňsat bolar.
Bir magşugy bolan aşyk kişä şeýle diýip ýüzlenýärler: «Eger şu gije magşu­gyň ýanyna gelseň, ony soňra gaýdyp hiç haçan görmersiň. Eger şu agşam sabyr etseň, hiç bir ünjüsiz-gaýgysyz, howpsuz-hatarsyz ony saňa müň gijelik tabşyrýarys». Eger onuň aşyklygy şeýle güýçli bolsa, bir gijelik sabyr onuň geljekki müň gijesi üçin aňsat bolar.
Dünýäniň müddeti ahyretiň müňden bir müddetiçe-de ýokdur. Asla onuň bilen deňeş­di­rerligi hem ýokdur. Ol – ahyret bir çäk­siz­likdir. Onuň dowamlylygy aňa-da syg­ma­ýar. Dünýäniň ahwalaty, gurluşy hakda bir aýratyn kitap ýazdyk, ýöne häzir dünýäniň ahwalatyny on sany mysal arkaly beýan et­mek bilen çäklenýäris. Indi bolsa olary aýtmaga başlaýarys.

Birinji mysal

Pygamberimiz (oňa Allanyň salawaty bol­sun!) aýtdy: «Dünýäden heder ediň, ol Ha­rut we Marutdan hem jadygöýräkdir. Onuň il­kinji jadygöýlügi şeýledir: ol özüni saňa görkezer. Sen ol ymykly oturymlydyr we özüň bilen bile bir ýerde bolar öýdersiň. Çünki, oňa seretseň, ol oturymly bolup görner, emma göçüp-gonup ýörendir. Hemişe senden gaçýandyr, ýöne ýuwaşlyk bilen assa-assa, nepes-nepes hereket edýändir. Dünýä­niň mysaly bir kölege kimindir, seretseň welin, oturymly ýaly bolup görünýär, özi bolsa şol hereket edip gidip barýandyr. Adam ömri hem edil şonuň ýaly dowam edip barýandyr we ýuwaş-ýuwaşdan her pursatda azalyp, kemelip barýandyr. Dünýä ýaly ol hem senden gaçýandyr, saňa «hoş gal» diýýändir, sen bolsa ondan gapyl hem bihabarsyň.
 


Ikinji mysal


Dünýäniň indiki jadygöýlügi şeýledir: seni bendi etmek üçin, özüni saňa dost hök­münde görkezer. Seniň bilen oňuşjakdygy­ny we başga hiç kimiň ýanyna gitmejekdigi­ni saňa ynandyrar. Haçanda, sen bir ýerde jaýlaşykly oturanyňda, ol duýdansyz seniň ýanyňdan turar-da gider. Soňra birdenem seniň duşmanyňa öwrüler oturyberer. Dünýäniň mysaly edil erkekleri aşyk etmek üçin özü­ne çekýän, soňra öýüne äkidip, heläk ed­ýän ahlaksyz, bozuk we jenaýatkär bir aýala meňzeýändir.
Isa alaýhyssalam dünýä­ni bir garry aýalyň sypatynda görüpdir. Ol aýaldan:
– Näçe adamyň bardy? – diýip sorapdyr.
Aýal:
– Köplüginden ýaňa sanap soňuna çykyp bolmaýar – diýipdir.
Isa:
– Olar öldülermi ýa-da saňa talak berdilermi? – diýipdir.
Aýal:
– Ýok. Olaryň ählisini men öldürdim – diýipdir.
Bu jogaby eşiden Isa:
– Men bu akmaklara geň galýan. Beýlekiler bilen näme edendigiňi görseler-de, seniň nähili adamdygyňy bilseler-de, ýene-de saňa meýil edýärlermi, mundan sapak alma­ýar­larmy? – diýdi.
 

Üçünji mysal

Dünýäniň indiki jadygöýlügi şundan yba­ratdyr: onuň owadan daşky keşbi bar­dyr. Ol ähli gam-gussalaryny, bela-beterlerini örter-de, bassyr-bussur eder, tapan-tupan bezeg serişdeleri bilen özüne aňrybaşy zynat berer. Soňra özüni ýakyn-u alysdaky adamlara göz eder. Ol na­dan adamlar onuň daşky keşbine seredip, topalaň turuzarlar we to­ra düşerler, garaklaryny gapdyrarlar. Dünýäniň mysalyny şunuň ýaly aýalyň sypatynda gör­mek bolar: bir betgelşik garry aýal ýü­zü­ni örtüp, owadan eşikleri geýip, özüniň daş­ky keşbine aşa owadanlyk, gözellik ber­ýär. Da­şyndan gören adamlar onuň üs­tün­de to­pa­laň turuzýarlar, haçanda, çadyryny sypy­ran­la­rynda, onuň masgaraçylyklaryny görüp, puşman edýärler.
Habarda şeýle berilýär: Dünýäni gök, pi­şik gözli, dişleri daşyna sommalyp, aňňaryp çy­kyp duran bir betgelşik garry aýalyň sypa­tyn­da kyýamatyň gapysyndan getirýärler. Adam­lar muny görüp:
– Mundan Alla saklasyn! Beýle ryswa­çy­lyk we betnyşanlyk nämedir?! – diýişýär­ler. Şonda olara:
– Bu siziň üstünde gabanjaňlyk edip, biri-biriňiz bilen duşmançylyk, gyrlyşyk eden ol dünýäňiz. Siz bu sebäpli nähak ganlary dökdüňiz, biri-biriňiz bilen garyndaşlyk aragatnaşygyňyzy kesdiňiz. Şeýdibem, oňa özüňizi aldatdyňyz – diýýärler. Şol wagt dünýäni dowzahyň içine alyp gelýärler. Ol şonda:
– Eý, Hudaý! Hany meniň dostlarym?! diýip gygyrar. Şondan soň dünýäniň dostlaryny hem dowzahyň içine alyp gelerler – diýýär.

 Dördünji mysal

Bu dünýäniň mysalyny başlangyjy – sallançak, ahyry – gabyr bolan syýahat­çy­nyň geçýän ýoly diýip düşünmelidir. Bu iki­siniň aralygy bolsa birnäçe çäklije menzildir. Bu barada şeýle diýilýär: Syýahatçynyň her ýyly bir menzil, her aýy bir parsah, her güni bir mil, her nepesi bir ädim ýalydyr. Ol yzygiderli dowam edip barýandyr. Kimsäniň bu ýoldan bir parsagy galandyr, kimsäniňki mundanam azrakdyr, ýene biriniňki bolsa mundan köpräkdir, em­ma ol mundan bihabar, göýä, bu ýerde hemişe­lik galjak ýaly, hiç zatdan habarsyz arkaýyn gaýşaryp oturan­dyr.
 

Bäşinji mysal

Bilgin, bu dünýädäkileriň mysalasy şu­nuň ýalydyr: olar bu dünýäniň lezzetini alan­soňlar, dünýäniň gaýgy-gussasyny, rys­waçy­lygyny ahyretde  görerler. Kim süýji, ýagly, lezzetli tagamlary köp iýse, onuň aş­gazany zaýa bolar. Şol wagt öz aşgazanyndan erbet, ýakymsyz ys çykaryp, içini boşadar hem-de bu zatlary görüp, erbet utanar, lezzet geçdi, masgaraçylyk galdy diýip, ol bu zatlara aşgazany zaýa bolandan soň puşman eder. Ýöne mundan soňky puşmanyň ne peýdasy bar? Tagam näçe ýakymly boldugyça, onuň löderesi şonça-da ýakymsyzdyr, aňkap du­randyr. Şonuň ýaly-da, dünýä bilen ülpet bol­magyň lezzeti näçe hezil bolsa-da, onuň ahyry gaty howpludyr. Bu howp jan tab­şyr­maly wagtyň aýan bolýandyr. Köp mal-baý­ly­gy, bagy-bossanlygy, kenizleri, gulamlary, altyn-kümüşleri bar bolan kişiniň jan beren pursatynda, bu zatlardan aýrylýan­dy­gyna gynanyp çekýän jebir-jepasy bu zat­la­ry az bolan adamyňkydan has agyr bolýan­dyr. Ol jebir-jepa, azap-görgi, ölmek bilen ýok bolup gidýän däldir, gaýtam, has köpel­ýän­dir. Çünki, şol baýlyklary gowy görmek – kalbyň, ruhuň häsiýeti. Kalp, ruh bolsa he­mişe öz ýerinde bolýandyr, hiç haçan ölýän däldir.
 

 
Altynjy mysal 


Bilgin, eý, yslam soltany! Dünýäniň işle­ri örän gysgajyk bolup görünýändir. Adam­lar özleriniň bu dünýedäki wezipeleri uzaga çeker diýip pikir ederler, emma dünýäniň bir işinden ýüz işiň emele gelýän pursat­lary hem bolýar. Ine, şeýlelikde, adamyň tutuş ömri şoňa sarp bolýandyr. Hezreti Isa pygamber alaýhyssalam aýtdy: «Dünýä üçin hars urýanyň mysaly deňiz suwundan her­näçe içse-de, ganman, tä heläk bolýança içýän, ýöne şonda-da teşneligi aýrylmaýan, suwsuzlygy ganmaýan teşnä meňzeýär».
Pygamber aýtdy: «Deňiz suwuna girip, öl bolmazlyk hiç kime mümkin däldir, dünýä işine çörňeşip, hapalanmazlyk hiç kime başardýan däldir».


Ýedinji mysal


Bu dünýäniň gapysyndan gelen kişiniň mysaly hemişe işi myhmanlar üçin niýet­le­nen owadan otagynda myhman kabul etmek bolan öý eýesiniň ýanyna myhman bolup gelen adama meňzeýär. Ol öý eýesi myhmanlary topar-topar edip, öz öýüne çagyrýar. Soňra al­tyndan we göwherden doly tylla tabagy we içinde hoşboý ysly ud hem bohur[1] bolan kümüş mejmeri[2] olaryň öňünde goýýar. Bu topardaky adamlar tabagy we mejmeri in­diki geljek topar üçin, öz ýerinde goýýarlar. Diýmek, öý eýesiniň däbini bilýän we akyly ýerinde bolan adamlar udy we bohury oduň üstünde goýýarlar, hoşboý ysdan lezzet alýar­lar. Tabak bilen mejmeri hoşallyk bilen ýerinde goýýarlar we öý eýesine minnetdarlyk bildirip, turup gidýärler.
Akmak we nadan kişi bolsa bu tabak bilen mejmeri gaýdanda ýany bilen alyp gaýtmak üçin, özüne berlendir öýder we gaýdan wagty, bu gaplary alyp galjak bolsalar, ol gy­nanç­dan ýaňa, dady-perýat edip bagyrar. Bu dünýä öteg­çi­ler üçin bir ýoldur. Olar bu ýolda ahyret azyklaryny gazanmalydyrlar, ýöne bu ýer­dä­ki baýlyklara göz gyzdyrmaly däldirler.
 

 

Sekizinji mysal

Bu dünýä adamlarynyň mysaly, ýagny ola­ryň dünýä işlerine başagaý bolup, ahyret­le­rini ýatdan çykaryşlary, gämide sapara gi­den bir kowumyň mysalyny ýatladýar. Gämi­de barýan bu kowum Jezirä ýetenlerinde, aýak ýoly we täret kylmak üçin, gämiden düşýär­ler. Gämiçi olara ýüzlenip: «Hiç kim täret­den we namazdan başga zat bilen güýmenip, köp eglenmesin. Gämi tiz ugrajakdyr» diýip jar çekýär.
Soňra olar Jezirede çar ýana pytraýarlar. Akylly topar ýeňil täret alyp, derrew yzla­ryna dolanyp gelýärler. Gelseler, gämi boş. Olar oňat we göwnejaý ýerden orun alýarlar.
Beýleki topar Jeziräniň geň-ajaýyp ýerin­de galyp, oňa täzeden syn etmäge durýar­lar. Ol ýerdäki owadan gülleri, hoş owazly guşlary, dürli reňkli we nagyşlanan ownuk daşlary synlap, ep-esli wagt aňk bolup durýarlar. Olar dolanyp gelenle­rin­de, gämide giň ýer tapman, darajyk we ga­raňky ýerde oturýarlar we eden hereketleriniň ejirini çekmeli bolýarlar.
Üçünji topar ol ýerdäki geň-enaýy zat­la­ry synlamak bilen kanagat etmeýärler. Olar şol ownuk daşlary çöpläp, öz ýanlary bilen alyp gelýärler. Gelseler, gämide arkaýyn oturar ýaly ýer tapman, bir darajyk ýerde gys­lyşyp oturýarlar, ýüklerini bolsa gerdenle­rinde goýýarlar.
Iki günden soň, bu ownuk daşlaryň reňki üýtgäp, garalyp ugraýar we ondan erbet ys aň­kap başlaýar. Olar daşlara ýer tapman, zyň­maly bolýarlar we muňa köp puşman edýärler. Çünki, olar biderek ýüküň agramyny we eji­rini gerdenlerinde çekmeli bolýarlar.
Beýleki bir topar Jeziräniň täsinlikle­rine geň hem haýran galyp, gämiden uzaklaş­ýarlar we gämi ugraýança şolara tomaşa edýär­ler. Gämiçiniň jar çekmesini hem eşitme­ýär­ler. Şeýlelikde, Jezirede galýarlar. Ola­ryň birnäçesi açlykdan, ýene birnäçesi ýyrtyjy hem ýabany haýwanlaryň ellerinden heläk bolýarlar.  
Ine, şu görşümiz ýaly, birinji topar dün­ýäden heder edýän möminleriň mysaly­dyr. Olar ýaşamak üçin zerur bolan ujyp­syz­ja zatlar bilen kanagat edýärler. Ahyrky topar Hudaýy we ahyreti ýatdan çykarýan ka­pyrlaryň mysalydyr. Olaryň hemmesi bu dün­ýäniň aldaw toruna düşdüler. «Bu dün­ýä­ni ahyretden hem gowy görüp, oňa bil bag­lanlar ....»[3] Ortaky iki topar günäkärleriň mysalynda bolup, olar iman aslyny saklasa­lar-da, dünýäden el çekmediklerdir.
Bir topar adamlar derwüşlikden, terki­dün­ýälikden lezzet alýarlar, ýene bir toparla­ry dürli nygmatlary toplamakdan lezzet al­ýar­lar. Ine, şeýdibem, öz ýüklerini agrald­ýar­lar.
 

 Dokuzynjy mysal

Abu Hüreýre şeýle rowaýat aýdýar:
«Bir gün pygamber (oňa Allanyň salamy bol­sun!) maňa şeýle diýdi:
– Eý, Abu Hüreýre, eger isleseň, dünýäni we dünýädäki bar bolan zatlary saňa görke­zeýin.
Men:
– Görkez, eý, Allanyň ilçisi! – diýdim.
Soňra ol elimden tutup, meni bir üýşmek bolup ýatan dersiň ýanyna alyp gitdi. Ol ýerde adamlaryň üýşmek bolup ýatan zyňylan kelleleri bar eken. Ol kellelerden diňe çüýrän süňkler galypdyr. Köne ýyrtyk-ýirik hyrkalar adam nejasat­larynyň arasynda dargaşyp ýatyrdy. Soňra pygamber aýtdy:
– Eý, Abu Hüreýre, seniň bu görýän kelle­le­riň hemmesi siz ýaly adamlaryň kellele­ridi. Bu kelleleriň hemmesi arzuw-hyýaldan, harsydünýälikden püre-pürdi. Şeýle-de, edil siziň ýaly uzak ýaşamagy arzuw edipdi­ler. Ymaratlar gurmaga, mal-baýlyk toplama­ga çalşypdylar. Bu gün bolsa olar seniň görüp durşuň ýaly, ýalaňaç süňkler bolup gal­dy­lar. Bu ýyrtyk hyrkalar olaryň bezenip, beslenen wagtlarynda, eginlerine geýen eşik­leri. Häzir köwsarlaýan ýel olary tozadyp, ne­jasatyň içine aýlap urýar. Bu ýatanlar olaryň ýükçüleri bolup hyzmat eden atlaryň, düele­riň, ýabylaryň we beýleki mallaryň süňkle­ri. Bu adamlar bularyň üstüne münüp, bütin älemi aýlanypdylar. Bu nejasatlar olaryň aldaw-hile bilen ele salan we biri-birinden ogurlyk edip alan ýakymly tagamlarydy. Ine, şeýdibem, olar özlerinden aňkap du­ran, ysyndan ýaňa hiç kimiň golaýynda du­rup bilmeýän şunuň ýaly ryswaçylygy gal­dyr­dylar. Diýmek, dünýäniň ahwalynyň hem­mesi, ine, seniň şu görşüň ýaly. Eger her kim bu dünýäniň agysyna aglasa, ol ýerlik­lidir.
Bu gürrüňlerden soňra Abu Hüreýre ellerini ýüzüne tutup aglady. Muny görüp, ol ýerdäki sahabalaryň hem hemmesi möňňürip aglamaga başladylar we edil şu ýeriň özünde bu dünýeden ýüz öwürdiler».
 

Onunjy mysal

Bu dünýäniň keşbini ýene bir mysalda görmek bolar.


 Isa pygamberiň (Alla onuň ruhuny şat etsin!) döwründe üç sany adam ýol bilen barýar eken. Olar bir hazynanyň üstünden baryp­dyr­lar. Ýoldaşlaryň her biri baýlyga eýe bolmak üçin, öz ýanyndan beýleki ýoldaşyny heläk etmeklik niýetine münüpdirler. Şu bet niýet bilen olar: «Birimiz gidip, iýer-içer ýaly bir zat getireli» diýşip hile gurnapdyrlar. Soňra ýoldaşlaryň ikisi galyp, beýleki bi­ri­ni iýer-içer ýaly zat getirmek üçin ugra­dyp­dyrlar. Ol kişi gidip, tagam satyn alyp­dyr. Ol öz ýanyndan: «Ol ikisi iýip öler ýaly, men bu tagama zäher goşaýyn, on­soň hazyna öz-özünden meniň elime geçer» diýip, göwün ýüwürdipdir we şu niýet bilen hem tagama zäher goşupdyr. Yzda galan beýle­ki ikisi: «Bu adam öwrülip gelende, getiren tagamyny alaly-da, özüni öldüreli. Şeýle­lik­de, hazyna biziň ikimiziňki bolar» di­ýip dilleşipdirler. Giden kişi zäherli tagam bilen dolanyp gelende, ýaňky ikisi ony öldüripdirler. Onuň getiren tagamyny iýensoňlar, sähel salymdan bularyň ikisi-de ölüpdir. Şeý­lelikde, hazyna öňküsi ýaly, öz ýerinde ga­lypdyr. Tötänlikden ol ýerden geçende, bu läş bolup ýatanlara Isa pygam­be­riň gözi düşüpdir. Ol öz yzyna eýeriji­lerine garap: «Ine, dünýe! Bularyň üçüsinem nähili heläk edendigine bir syn ediň. Onuň özi bularyň üçüsindenem galandyr. Ol üç kişi dünýäniň şumlugy zerarly ölüp gitdiler. Dat, dün­ýäni dünýeden gözleýänleriň gününe!».
Ikinji çeşme – soňky demiň barada pikir etmekdir
Bilgin! Adamlar iki topar bolýandyrlar. Olaryň birinjisi – dünýäniň hal-ýagdaýyna, wagtyna, ýagny dünýäniň bir ötegçidigine üns bermeýän, diňe uzak ýaşamagyň arzuwy bilen ýatyp-turýan kişilerdir. Olar näme isleseler, şony etmek bilen göwünlerini kanagatlandyrýarlar, hiç haçan soňky demlerini ýada salmaýarlar, ol hakda pikir-alada hem etmeýärler. Bular barypýatan akmak kişilerdir.
Ikinjisi – bu dünýäde nähili bolmaly­dygy, imanyňy o dünýä nähili sag-salamat eltmelidigi, bu dünýäden özüň bilen nämele­ri äkidip bolýandygy, nämeleri äkidip bol­ma­ýan­dygy barada oýlanyp, hemişe özleriniň soňky demle­riniň aladasy bilen ýatyp-turýan akylly adam­lardyr. Bular barada pikir etmek ähli adamlara wajypdyr. Bu esasanam, elpe-şelpelik, bolelinlik üpjünçiligi hemmeleriňkiden artyk bolan soltanlara, patyşalara we welaýat eýelerine has-da wajypdyr. Olarda san-sajaksyz mülk, ekerançylyk ýerleri, saraýlar, düşekler, gulamlar, kenizekler, atlar, goýun-guzylar we şuňa meňzeşler bardyr. Bular ahyrete golaýlaşdyrýan soňky demlerinde bu zutlaryň ählisi bilen hoşlaşyp, öz ýanlary bilen diňe bu dünýede eden ýagşy amallaryny äkidip bilerler.
Beýikligi beýgelmiş Belent Allatagalanyň ýanynda bir gulam bardyr. Onuň ady Ezraýyldyr. Hiç bir ýaradylan ondan sypyp bilmez. Para-peşgeş, mertebe-dereje, hormat-sylag, rehim-şepagat ýaly zatlar hiç bir kişiniň saraýdyr öýüniň gapysyndan yzyna dönüp gaýtmaz, baran ýerinde ýer alar. Patyşanyň ähli emeldarlary, wezir-wekilleri öz haklary ýa-da para hökmünde altyn-kümüş we iýip-içer ýaly zatlary alarlar, emma bu wekil, ilçi jandan başga hiç zat almaz. Ähli wekillerden şepagat dileseň ýa-da haýyş etseň, peýdasy deger, emma bu ilçiniň ýaňky zatlara hiç hili nepi degmez. Ähli wekiller bir gün, bir sagat möhlet bererler, emma bu ilçi ýekeje dem hem möhlet bermez. Onuň geň-ajaýyp häsiýetleri örän köpdür. Biz onuň geň-taň hal-ah­wal­laryny düşündirmek üçin, bäş sany heka­ýaty aýdyp bereris.
Birinji hekaýat
Bu hekaýat jöhitleriň ulamasy, soňra mu­sul­man bolan Wähäb ibn Monebbä degişli. Ol şeýle rowaýat aýdýar:
«Beýik patyşalaryň hatarynda bolan bir patyşa bolupdy. Ol bir gün özüniň patyşa­lygyny hem beýikligini halka göz, äleme jar etmek üçin, dabaraly hem haýbatly ýagdaýda atyna atlanmak we äh­li emirlerini, leşger ýolbaşçylaryny hem özi bilen atlandyrmak isledi. Soňra özüne gym­mat­baha, haýbatly eşikleri getirmeklerini buýurdy. Göze gelüwli, aňrybaşy owadan eşikleri alyp gel­diler. Geýdi. Başga hiç ýerde tapylgysyz meşhur atlary, oňat ýük ulag­laryny onuň ýanyna idip getirdiler. Ol äh­li ýarag-esbap bilen kämil üpjün edilen, bi­li jöwherler bilen bezelen sap zer çekili bir belli aty saýlady. Soňra atyň üstüne mündi. Ol leşgeriň ortarasynda uly haýbat bilen atyny sürüp barýardy. Şol wagt bir ýerden Iblis peýda boldy. Ol agzyny onuň burnunyň üstüne goýdy. Patyşa burnunda öwüs­ýän gopbamsylyk ýeliniň meçewi bilen öz ýanyndan: «Jahanda meniň ýaly kim bar­ka?!» diýýärdi. Şeýle badyhowalyk bilen ýeli murtunda ýykyp, atyny säpjedip barýar­dy. Tekepbirlikden we ulumsylykdan ýaňa, hiç kimiň ýüzüne-de seretmeýärdi. Şol wagt eg­ni köne-küşül, hapa eşikli bir adam öňüni kesip, oňa salam berdi. Patyşa göwnüýetmez­lik edip, oňa jogap gaýtarmady. Ol adam eli­ni uzatdy-da, onuň atynyň uýanyny tutdy. Patyşa:
– Eliňi çek, sen at uýanyny tutar ýaly kim bolupsyň?! – diýip gygyrdy.
Derwüş adam:
– Meniň saňa bir hajatym bar – diýdi.
Patyşa:
– Atdan düşýänçäm sabyr et – diýdi.
Ol:
– Edil şu wagtyň özünde isleýän – diýdi.
Patyşa:
– Näme üçindigini aýt – diýdi.
Ol:
– Bu bir syr. Muny seniň gulagyňdan baş­ga ýere aýdyp bilmerin – diýdi.
Patyşa:
– Aýt – diýdi.
Ol kellesini patyşanyň gulagynyň ýany­na ýetirip, ýuwaşjadan:
– Men ajal perişdesi. Seniň janyňy almak üçin geldim  – diýdi.
Patyşa bu sözleri eşidenden, sandyrap gitdi. Soňra:
– Öýüme baryp, aýalym, çagalarym bilen hoşlaşar ýaly, maňa bir möhlet ber – diýdi.
Ol:
– Ýok, sen indi hiç haçan öýüňi, aýalyňy we çagalaryňy görmersiň. Seniň ömrüň sa­nal­gysy gutardy – diýdi-de, onuň ýanyna bardy. Atyň üstünde onuň janyny aldy. Ol ýykyldy we jan berdi. (Eý, Allam! Yslam patyşasyny nägehan (duýdansyz pursatdaky) ölümden Özüň goraweri!)
Leşgerden gykylyk-galmagal gopdy. Gulamlar ol derwüşiň üstüne gygyrmaga başladylar. Ezra­ýyl bolsa eýýäm ol ýerden gaýyp bolupdy.
Soňra Ezraýyl ol ýerden seniň Hudaýyňyň halan bendelerinden bolan bir dostunyň ýanyna geldi. Oňa salam berdi. Ol güler ýüz bilen onuň jogabyny berdi. Ezraýyl oňa:
– Meniň saňa bir syrym bar – diýdi.
Ol:
– Gulagym sende, aýdyber – diýdi.
Ezraýyl onuň gulagyna:
– Men ölüm perişdesidirin – diýdi.
Ol:
– Salam! Hudaýa şükür! Seniň gelmegiňe köp garaşdym. Uzak wagtlap ýitirim bolduň. Seniň kimin dostuň huzuryna gowuşmak üçin intizar bolşum ýaly, hiç haçan hiç kimiň ýoluna beýle intizar nazarymy diken däldirin – diýdi.
Ezraýyl:
– Häzir näme hajatyň we pişäň bar bolsa aýt – diý­di.
Ol:
– Meniň Allatagalanyň didaryny isle­mek­den başga hiç hili kärim hem, pişäm hem ýok – diýdi.
Ezraýyl:
– Sen janyňy nähili edip almagymy is­le­ýäň? Maňa janyňy seniň öz isleýşiň ýaly almagy buýurdylar – diýdi.
Ol:
– Beýle bolsa, täret kylyp, namaza durýan­çam garaş. Sejde üçin başymy goýanymda, ja­nymy al – diýdi.
Ezraýyl edil aýdyşy ýaly edip, ony Al­la­nyň rehmetine gowşurdy».
Ikinji hekaýat
Köp mal-baýlyk düýrüp, ýygşyran bir adam hakda şeýle hekaýat aýdýarlar:
«Ol adam rahat oturmak, gowy iýip-içmek, arkaýyn ýaşamak üçin, Allatagalanyň dünýe­däki döreden zerur zatlarynyň ähli görnü­şini edinmek isläpdir. Soňra bu nygmatla­ryň hemmesini toplapdyr. Ol bir belent, şa tagtly, kaşaň köşk gurdurypdyr. Oňa iki sany mäkäm derweze goýdurypdyr. Çakgan gulamlary oňa gözegçi edip belläpdir.
Bir gün ol hyzmatkärlerine süýji tagam taýýarlamak­lygy buýrupdyr. Soňra öz nökerlerini we kowu­myny öz öňünde nahar iýmek üçin çagyryp­dyr. Özi kürsüsine geçip oturdy. Nökerlerinden we ýakynlaryndan bolan birgiden adamlar gelip, saçak başynda jaýlaşdylar hem-de süýji tagamlardan iýmäge başladylar. Şol wagt ýaňky adam tir­segine söýenip, öz-özi bilen gürleşdi:
– Dünýä nygmatlarynyň hemmesini topladym. Indi bolsa rahatlyk hem arkaýynlyk bilen hezil edip iýip-içip, dünýäniň hözirini görüp otyryn!
Ol heniz şu pikirinden el çekmänkä, nan dileýän derwüş sypatyndaky sal-sal eşik­li, boýnundan bir torba asylgy bir adam köşgüň daşyndan geldi. Ol köşgüň gapysynyň daşynda pyrlandy. Onuň derwe­zä­ni batly hem haýbatly kakyşyndan, köşk yranyp, tagt ýerinden gozganyp gitdi. Ähli adamlar sandyrap başladylar. Habaryny sorasalar, derwüş sypatly adam bulardan bir bölejik nan diledi. Gulamlaryň we derwezebanlaryň hemmesi ýerlerinden bö­küp turdular-da, onuň üstüne gygyrmaga baş­la­dylar:
– Bu nähili samsyklykdyr, eý, gymmat jan­ly derwüş. Naharymyzy iýýänçäk, biraz sabyr et. Soňra saňa-da iýer ýaly galan-gaçanlaryny bereris.
Ol adam aýtdy:
– Baryň-da, hojaýynyňyza aýdyň. Goý, ol daşary çyksyn. Meniň onuň bilen bir wajyp işim bar.
Olar aýtdylar:
– Şu ýerden garaňy saýla, eý, gedaý! Ho­ja­ýynymyzy ýanyňa çagyrar ýaly, sen kimmişiň, niräň itimişiň?
Ol adam aýtdy:
– Siz oňa aýdyň! Meniň ýanyma gelmekden boýun gaçyrar ýaly, ol kimmişin?
Olar baryp, bu habary ýetirenlerinde, ol adam olara:
– Näme üçin onuň üstüne gygyrmadyňyz? Näme üçin ony kemsitmediňiz? – diýdi.
Derwüş ýene bir gezek derwezäniň agzyna gelip, öňki gezekkiden hem batly haýbat bilen derwezäni kakdy. Bu sese hemmeler ýerlerinden böküp, ör turdular. Soňra gulamlar taýakmydyr, ýaragmydyr – ellerine ilen zatlar bilen oňa tarap okdu­ryl­dylar. Ahyry derwüş gaty ses bilen olaryň üstüne gygyryp:
– Biraz köşeşiň, men Ezraýyldyryn – diýdi.
Adamlar bu sözi eşidenlerinden, el-aýak­laryny ýitirip, sandyramaga başladylar, dilleri gürlemekden galdy.
Soňra olar bu ýagdaýy öz hojaýynlaryna habar berip, oňa:
– Ezraýyl saňa bu düýrüp-ýygşyran mal-baýlyklaryňy näme etmekçi bolsaň et. Indi seniň gitmeli wagtyň boldy diýýär – diýip aýtdylar.
Ol adam aýtdy:
– Goý, ol meniň deregime başga birini al­syn!
Bu habary Ezraýyla aýtdylar. Ezraýyl aýtdy:
– Ýok, almaryn. Men diňe seniň üçin, se­niň düýren bu baýlyklaryňyň hemmesini sen­den jyda düşürmek üçin geldim.
Ol adam janyna dert bolan ähli mal-baýlygyny orta üýşürdi. Dünýäniň derdi-hasratyndan ýaňa, ah çekdi we uludan dem alyp, şeýle diýdi:
– Eý, mal-baýlyk, saňa Hudaýyň näleti bolsun! Sen meniň gözlerimi gapdyň. Allatagala ybadat etmeklikden sakladyň. Sen meni ele almak we perýada ýetirmek islän ekeniň. Bu gün bela hem hasrat bolup başymdan indiň. Men indi elim boşja, gury gitmeli boldum. Sen meniň duşmanym bolup galdyň.
Soňra Beýik Allatagala onuň bilen gürleşmek üçin, baýlyga dil berdi. Baýlyk ol adama garap, şeýle diýdi:
– Sen maňa aýdan gargyşlaryňy özüňe-de aýt. Seniň Hudaýyň meni-de, seni-de toprakdan ýaratdy. «Seni o dünýäde ele alýançam, ahyret ýolundaky borjuňy gazanarsyň, derwüşlere zekat, sadaka berersiň, metjit, köpri, saraý­lar gurmaga sarp edersiň» diýip, meni seniň eliňe ber­di. Sen bolsa meni gorap sakladyň. Aram-aram bet pygyllaryň üçin peýdalandyň. Şu günki günde bizi duşmanlaryňa öwürmek üçin, pis işlere bulaşdyň. Sen bizi has­rata we günä işlere iteklediň. Ýogsa, meniň ne günäm bardy?
Soňra nan iýip ýetişmänkä, Ezraýyl ol ada­myň janyny aldy. Ol kürsüsinden baş­aşak ýykyldy we jan berdi.
Seniň Hudaýyň yslam patyşasyny il içinde ýagşy at-abraýly edip, mertebe-derejesini beýgeltsin we patyşalygyny dowamly etsin!
Üçünji hekaýat

Ýezit Rakkaşy şeýle hekaýat aýdýar:
«Ysraýyl ogullarynda belli zalymlardan bolan bir sütemkär bolupdy. Ol bir gün pa­tyşalyk tagtynda otyrka, saraýynyň gapy­syn­dan haýbatly we gorkunç sypatly bir kişiniň girendigini gördi. Ol gorkudan hem ürküden ýaňa, böküp ýerinden turdy we on­dan:
– Meniň öýüme rugsatsyz girer ýaly, sen kimsiň? – diýip sorady.
Ol:
– Meni hiç bir hajyp saklap bilmez. Öýünde bolmak üçin, men hiç bir patyşadan hiç hili rugsatdyr gör­kez­me islämok. Hiç bir patyşanyň ölümin­den çekinemok. Hiç bir boýun towlaýjy za­lym meniň elimden sypyp bilmez – diýdi.
Bulary eşidenden, ýaňky adam lerzana gelip, onuň aýagyna ýykyldy. Endamy sandyrap başlady we ondan:
– Sen Ezraýylmy? – diýip sorady.
Ezraýyl:
– Hawa – diýdi.
Ol:
– Hudaýyň haky üçin, bir gün möhlet ber­seň, men toba edeýin we ötünç diläýin! Ha­zynamda goýan mal-baýlyklary eýelerine gaýtaryp bereýin – diýdi.
Ezraýyl:
– Beýle möhlet berip bilmerin. Çünki, seniň bu dünýedäki ýaşamaly günleriň sanalgydy. Ondan hiç zat galmady – diýdi.
Ol:
– Onda bir sagat möhlet ber – diýdi.
Ezraýyl:
– Ýaşamaly sagadyňam sanalan. Olaryň hemmesi geçip gitdi. Sen olardan gapyl bol­duň. Indi hiç sagadam, hiç bir demem galan däldir – diýdi.
Ol:
– Häzir sen meniň ýanyma näme isleg bi­len geldiň, meni o dünýä äkitjekmi? – diýdi.
Ezraýyl:
– Seniň eden işiňden başga hiç zat al­nyňa gelmez – diýdi.
Ol:
– Men bu dünýede hiç hili ýagşy iş etmändim – diý­di.
Ezraýyl:
– Onda sen Allanyň gazabyna duçar bo­lar­syň, jaýyň bolsa dowzah bolar – diýdi-de, onuň janyny aldy. Ol diňarkan gaýtdy. Köşkde gykylyk-gopgun turdy. Eger adamlar oňa o dünýäde näme ediljegini, nämäniň ga­raş­ýandygyny bilen bolsadylar, onda ahy-nalalaryny has hem artdyrardylar».
Dördünji hekaýat
Şeýle rowaýat aýdýarlar:
«Bir gün jan alyjy Ezraýyl Süleýman ibn Dawudyň (oňa Allanyň salamy bolsun!) ýanyna gelýär. Ol onuň ýakynlaryndan we gulamlaryndan bolan bir kişiniň ýüzüne haýbat bilen ýiti-ýiti seredýär-de, çykyp gidýär. Ezraýyl gidenden soň, gulam Süleýmana ýüzlenip:
– Eý, Allanyň ilçisi! Meniň ýüzüme ýi­ti çiňerilip sereden kişi kimkä? – diýip soraýar.
Ol:
– Ezraýyl – diýip, jogap gaýtarýar.
Gulam:
– Maňa şeýle bir içgin seredişinden, «ol meniň janymy almaga gelendir» diýip gorkýan. Sen meni şu sagadyň özünde onuň elinden halas etsene! – diýip ýalbarýar.
Pygamber:
– Men seni nädip halas edeýin? – diýýär.
Gulam:
– Ol meni gaýdyp tapmaz ýaly, sen ýele me­ni edil şu sagadyň özünde Hindistan topra­gy­na äkitmegi buýur – diýýär.
Süleýman ýele ony edil şu wagtyň, şu pur­satyň özünde Hindistana eltmegi buýurýar.
Soňra Ezraýyl ýene-de Süleýmanyň ýanyna dolanyp gelýär. Süleýman ondan:
– Ne sebäpden pylan kişiniň ýüzüne gaty siňe-siňe seretdiňiz? – diýip soraýar.
Onda Ezraýyl:
– Geň galyp seretdim. Maňa onuň janyny Hindistan topragynda almaklyk barada seniň Hudaýyňdan perman boldy. Ol Hindistandan uzakda bolupdy. Soňra men tötänlikden Hindistana gitdim we ony şol ýerden tapyp, janyny aldym – diýýär».
Bäşinji hekaýat
Şeýle rowaýat edýärler:
«Zülkarneýn Isgender Rumy dünýäniň şaý-esbabyndan hiç hili zady bolmadyk bir kowuma duşupdyr. Ola­ryň gabyrlary edil gapylarynyň agzyn­da bolupdyr. Her haýsy özi üçin aýratyn bir gör gazyp goýan eken. Her gün görleriň ýanyna ba­ryp, bütin gün şol görleriň arasynda zyýarat we yba­dat eder ekenler. Aýda ýekeje gün agyzlaryny açyp, galan günlerde roza tutupdyrlar. Olaryň gök otdan başga hiç hili naharlary, iýmitleri bolmandyr. Uýat ýerleriniň örtükleri hem gök otdan eken. Zülkarneýn ýanlaryna baryp, olaryň hal-ahwallaryna syn edipdir. Ýaşaýyşlaryna gaty geň galypdyr. Soňra Zül­kar­neýn  bir adam iberip, olaryň patyşa­syny öz ýanyna çagyrypdyr, emma ol gelmändir. Pa­tyşa: «Ýanyna barar ýaly, meniň oňa hiç hili zerurlygym ýa-da mätäçligim ýok» diýipdir.
Soňra Zülkarneýniň özi onuň ýanyna gidipdir we patyşa garap, şeýle diýipdir:
– Men sizde altyndan, kümüşden, dünýä nygmatlaryndan hiç zat görmeýärin, hiç hi­li mal-baýlyk ýygnamaýarsyňyz, hiç zady­ňyz hem ýok. Allatagalanyň ýaşaýyş üçin döreden nygmatlarynyň hiç birisini peýdalanmaýarsyňyz. Munuň sebäbi nämedir?
Patyşa oňa şeýle diýipdir:
– Çünki, hiç kim hiç haçan dünýeden we dünýä nygmatlaryndan doýan däldir.
Zülkarneýn aýdypdyr:
– Öýleriňiziň gapysynyň agzynda gabyr­lar gazmagyňyzyň sebäbi nämedir?
Patyşa aýdypdyr:
– Haçanda olara gözümiz düşende, ol ga­byr­lar kalbymyzda derrew ölüm duýgusyny oýaryp, bize dünýäniň bir sowuk zatdygyny ýatladýar. Onsoň biz Hudaýa ybadat etmäge meşgul bolýa­rys. Ine, biz bu gabyrlary şu maksat bi­len gazdyk.
Zülkarneýn aýdypdyr:
– Ot iýmegiňiziň sebäbi nämedir?
Patyşa aýdypdyr:
– Öz garnymyzy janly-jandarlaryň gab­ry etmegi ýigrenýänligimiz üçin. Çünki, taga­myň lezzeti bokurdaga barýançadyr.
Soňra ol elini uzatdy-da, bir adamyň kelle­çanagyny alyp, Zülkarneýniň öňünde goýdy we oňa garap, şeýle diýdi:
– Eý, Zülkarneýn! Sen munuň kimiň kel­le­sidigini bilýärmiň?
Zülkarneýn:
– Aýt, eşideli! – diýdi.
Ol aýtdy:
– Bu dünýä patyşalaryndan bolan bir patyşady. Ol zulum etmek, dünýä baýlygyny ýygyp-düýrmek bilen meşgul boldy. Raýaty­na agyr jebir-sütemler etdi. Onuň Allanyň bendelerine eden jebir-sütemleri çenden aşyp, ýetjek derejelere ýetdi. Onsoň Beýik hem Be­lent Allatagala onuň janyny alyp, dowzaha ugratdy. Bu şol patyşanyň kellesi.
Soňra elini uzadyp, başga bir kelleçana­gy eline aldy. Ony ortada goýup:
– Munuň kimiň kellesidigini bilýär­miň? – diýdi.
Zülkarneýn:
– Aýt – diýdi.
Ol söze başlady:
– Bu adyl, ýagşy niýetli, ýukaýürek, mähir­li patyşalardan bolan bir patyşanyň kel­le­si. Ol raýatyna adyllyk etdi, rehim-şepagatlylyk bilen garady. Ejizleriň dadyna ýetişip, zalymlaryň temmisini berdi. Dünýeden gaýtmaly wagty, Allatagalanyň Ezraýyl atly ilçisi gelende, ol hiç bir kynçylyksyz, aňsatlyk bilen janyny tabşyrdy. Nesip bolsa, ol Allatagalanyň rehmetine we ýagty behişte gowşar.
Patyşa bulary aýtdy-da, elini Zülkar­neý­niň kellesiniň üstünde goýup, şeýle diý­di:
– Eý, Zülkarneýn, sen öz kelläň bu iki­sin­den haýsysy ýaly bolar diýip pikir edýäň? Ajal atly belanyň haçan ýakaňdan tutjakdygyny, imanyň o dünýä sag-salamat gitjekmi ýa-da ýok, ony Alladan başga hiç kim bilýän däldir. Sen şonuň üçin, özüňde gapyllyga ýol berme.
Zülkarneýn ep-esli wagt dymyp durdy. Soňra zar-zar aglap, ony bir gyra çek­di we şeýle diýdi:
– Meniň bilen söhbetdeş bolmaga we me­niň wezirligime meýliň barmy? Eger bar bolsa, aýt, men şolar bilen birlikde öz mülkümiň hem ýarysyny saňa bereýin.
Patyşa aýtdy:
– Ýok.
Zülkarneýn aýtdy:
– Näme üçin?
Patyşa aýtdy:
– Çünki, ýygyp-düýren mal-mülküň sebäp­li, ähli halk seniň duşmanyňdyr. Derwüş­li­gim we kanagatlylygym üçin bolsa olar meniň dostumdyrlar.
Soňra Zülkarneýin onuň bilen hoşlaşdy. Onuň gürrüňleriniň täsiri bilen ähli mal-mülküni, patyşalygyny terk etdi. Mal-baýlykdan ýüregini sowadyp, buza dönderdi. Şundan soňra özüniň ähli pikirini, güýç-kuwwatyny ahyret azygyny gazanmaklyga gönükdirdi».
 

* * *
Indi iň soňky demiň ahwaly baradaky he­kaýaty beýan ederis.
Eý, yslam patyşasy! Gapyllykda ýatan adamlar ölüm gürrüňini diňlemegi halamaýarlar. Çünki, olar bu dünýä özleri üçin ýürekgysgynç bir zat bolar di­ýip gorkýarlar.
Habarda şeýle getirilýär: kim ölüm we gabrystanlyk hakda näçe köp ýatlasa, gabyr onuň üçin behiştiň çemenzarlyklaryndan bolan bir lälezarlyga öwrüler. Eger kim gapyl bolsa we bulary ýatlamasa, onuň gabry dowzah gowaklaryndan bolan bir gowaga öw­rü­ler.
Bir gün pygamberimiz (oňa Allanyň sa­la­my bolsun!) kapyrlaryň urşunda wepat bolan şehitleriň sypatlary hakda gürrüň berýär­di. Şonda Äşe (goý, ondan Alla razy bolsun!) şeý­le diýdi:
– Eý, Allanyň ilçisi! Heý, şehit bol­man, şehitlik sogabyny gazanyp biljek adam bolarmy?
Pygamber aýtdy:
– Eger kim bir günde ýigrimi gezek öz ölümi hakda ýatlasa, günäleri ýuwlup, sogap gazanar we oňa şe­hit­lik derejesi berler.
Pygamber alaýhyssalam aýtdy: «Ölümiňiz barada köpräk ýatlaň. Şeýtseňiz, günäleriňiz ýuwlar, dünýä babatda ýüregiňiz sowuk we dok bolar».
Pygamber alaýhyssalamdan:
– Iň kiçijik we iň akylly adamlar kim­ler? – diýip sorapdyrlar.
Ol:
– Ölümi hakda köp ýatlan we onuň gamyny etmek bilen köp meşgul bolanlar – iň kiçi we iň akylly kişilerdir. Olar dünýäniň hormatyna, ahyretiň nygmatyna eýe bolarlar – diýdi.
Eger kim dünýäni edil meniň aýdyşym ýaly tutsa we soňky deme, ölüm hakdaky piki­re öz kalbyndan orun berse, dünýäniň işi onuň üçin aňsat bolar. Iman daragty kök urar, şahalary pajarlap başlar. Syrat köprüsinden hiç bir muşakgatsyz, aňsatlyk bilen geçer. Iman şek-şübhesiz sag-salamatlyk bilen Allatagalanyň ýanyna ba­rar. Enşalla!
* * *
Belentligi beýgelmiş Beýik Allatagala dünýäni we ahyreti öz bolşunda, hakyky keş­binde görer ýaly, yslam patyşasyna röw­şen göz bersin! Ol ahyret dünýesi üçin azap çeksin. Allanyň bendelerine ýagşylyk et­sin! Çünki, ýüz müňlerçe halaýyk onuň raýa­ty­dyr. Eger patyşa halkyna adalatlylyk et­se, olaryň ählisi onuň şepagatçysy, ta­rap­darlary bolarlar. Köp sanly şepagatçy raýaty bolan kişi kyýamatda gynalmadan, ejir­den hem jezadan halas bolar. Eger zulum etse, olaryň hemmesi onuň duşmany bo­lar­lar. Köp sanly duşman halaýygy, raýaty bo­lan kişiniň kyýamat güni işi howply we hatarly bolar. Şepagatçy bolmaly adamlar duşmana öwrül­se, işi müşgil bolar.
Alla iň dogry ýola gönükdiriji we ugrukdyryjydyr. Ol öz jeberutynyň[4] dergähine barmak isleýänlere (muşdak bolanlara) ylham we towpyk berijidir. Dünýä zynatlaryndan ýüz öwrüp, oňa bütin süňňüň-durkuň bilen berilmelidir. Din ýolunda yhlas edip, tüýs mynasybyna ybadat edip boýun sunmalydyr. Ondan özge zada gabak galdyrmaly däldir. Din ýoluna öýkünijilere däl-de, päk ýürekli möminleriň edebine (ýoluna) eýermelidir, ynsyň-jynsyň ýagşysy – Muhammet alaýhyssalama eýermelidir. Onuň buýruklaryna tabyn bolup, gadagan eden zatlaryndan saklanmalydyr. Ine, şonda bu zatlar Allanyň huzuryna päk kalp bilen baranlardan başga, ne mal-baýlygyň, ne ogul-gyzyň haýry degýän gününde, size ýeterlik güwälik bolar.
 

[1] Ud wе bohur – dürli hoşboý ysly tütеdilýän ösümliklеr.
[2] Mеjmеr – ysly çöplеr salnyp ýakylýan enjam.
[3] Bu jümlе Gurhanyň 10-njy («Юnus») sürеsiniň 7-nji aýatyndan wе 16-njy («Balary») sürеsiniň 107-nji aýatyndan alnan. Bu aýatlarda dünýäni ahyrеtdеn hеm gowy görüp, oňa bil baglanyň jaýynyň jähеnnеm boljakdygy aýdylýar.
[4] Jеbеrut – Allatagalanyň çäksiz güýç-gudraty bolan bеýik älеminiň biri.